ÝER ELENÝÄ
Söýünhan aga o gün Kur’any, namazy bilen parahat, güýzüň howasam jana ýakymly. Gaýta bir gün öňýany, birine garaşýan ýaly ýüreginde bir duýgy döräpdi. “Ýa, ýomut gardaşlar, goýun sürüp geläýjekmikäler? Aý, indi gelmezler, Ulugberdi kaka oňarmady-da...” Üstünden esli ýyl geçenem bolsa, goýun satmaga gelen Baljan söwdegär ýadyna düşüp, birden uludan dem alanyny duýmady. “Baljan gelse, dünýäň habaryny getiräýýädi-dä, aýp boldy. Gazdyran kärizem elinden gitdi, üzümli haýatlaram. Indi nijesi bir şaýy? Adam geljegini görmeýä-dä...” Söwdegärem gelmedi, gaýýry bir myhmanam. Goja-da rahatlady. Ýer yranjak günem, onluk çyraň tüssesini halaman, ir ýerine geçdi. Kellesini ýassygyna goýandanam uky basdy. Ogly Aşyrberdiň welin, uky gözüne gelenok. Permesi, hasapçysy bilen oturyşlaryna gijäni ýarpydan agdyrdylar. Myhmanlar turmasa düşegine geçip bilmeýän Hurmagül daşaryk çykdy. Gözi gawun paçaklaryna düşüp, olary düýäň öňüne goýaýyn diýdi. Düýä görä kiçiräk nowa birden Hurmagül egilip-egilmänkä düňderildi. Düýe janawerem gazygynyň daşyndan aýlansa-da, gelniň göwnüne zat gelmedi. Nowany düzedip paçakly bedräni egjek bolanda, ol ýene bir bökdi-de düňderildi. Şol barmana-da ýakymsyz ses bilen, jaýlarynyň bir diwarynyň alatozan turuzyp daşyna gaýdanyny görüp elini ýakasyna ýetirdi. Şol wagt dostlaryny ugradyp, daşaryk çykan Aşyrgeldem oň adyny tutup gygyrdy. Öýüne tarap ylgan geliniň aýagynyň aşagynda ýer elenýärdi. Oba uly yzlaşyga, tozana bürendi. Hernä olaryň kepbeden sähel tapawutly palçyk tamynyň iki diwary daşyna ýykylyp, içndäkiler güsürdäp çykdylar. Olary duruzyp ýeke-ýeke sanan Aşyrgeli çagalrynyň biriniň ýetmeýänini görüp, weýran bolan jaýa ylgady. Gelişine öýe kürsäp giren Hurmagül ýaňy bir ýaşan Soltanmyradyny gujaklap çykdy. Aşyrgeldi bir burçda gorkusyna bir gysym bolup, çugutdyryp oturan Baýramgulusynyň elinden çekip, jaýdan çykardy. Hurmagül “Kakaň, kakaň” diýende ýadyna düşen kakasynyň kepbesine tarap ylgap baran Aşyrgeldi bir burçy çala jaýryk atan öýe girdi. Öýde kakasy ýok. Ol garaňky tamda görýýän däldirin öýtdi.
- Kaka...
Jogap bolmady. Garry kakasynyň şu weýýrançylykda nirä gitjegini akylyna sygdyryp bilmedik Aşyrgeldi daşaryk çykdy. Üzümçilige seretdi. Ýykylyp dagy edenem bolsa, sesi geläýjek ýaly. Oňa çenli Hurmagülüň elini kybla tarap uzadýanyny görüp, şo tarapa bakdy. Gojanyň ak köýnegi Aýyň ýagtysyna aýyl-saýyl görünýärdi. Ogly hasasyny tyrkyldadyp, obadan saýlanyp barýan ýaşulyň yzyndan derrew ýetdi.
- Kaka, öýe gideli-dä. Beýläk nirä barýaň?
Oglunyň sowalyna jogap bermegiň ýerine, ýüzüne geň galyp bakan goja, hyrra yzyna öwrüldi-de, onuň yzyna düşüberdi. Aşyrgeldiň soragam jogapsyz galdy. Soň-soňlaram Aşyrgeldi kakasyndan “Şonda nirä barýadyň-aý?” diýip çintgäp sorasa-da, garry oňa “Saşkaň maşyny tamymy süsendir öýtdüm” diýip oňaýypdy. Ýetmişine golaýlan ýaşuly on ýaşly oglanka Gökdepe galasy ýarylandaky tozanam, häzirkinem düşündirip bilmäýärdi. Ol oglunyň yzyndan ýetip, “Öýe gideli” diýýänine ynanyp bilmändi. Garry paýhasy “O biz däl-ä göwnüne gelenini ediberer ýaly...” diýýärdi. Diline welin, ýeke sözem gelenok. Ogluna düşündirjek bolsa, ilki özi düşünmeli. Aklyň ýetmeýän zadyny nädip düşündirjek?! Soň-soňlar agtyk-çowluklary garry atalarynyň kybla tutduryp gidişiniň her kime-de görünýän tarapyny “Kyýamat gopandyr öýdüp, sorag-jogap meýdanyna barşy, ne ogul ýadyna düşýär, ne agtyk” diýip özleriçe ýeke sözlemde düşündirýädiler. Şol wagt olar bu aýdýanlarynyň garry atalarynyň dünýäsiniň ondan birem däldigini syzmasalaram, birhili özlerini has aňly, has paýhasly derejä goýýandyklaryny duýýan ýaly, oňaýsyz dymýadylar.
© Hydyr AMANGELDI