12:59

Ýokardan aýtmasalar

ÝOKARDAN AÝTMASALAR

Kabinetden çykmaýar,
Ýokardan aýtmasalar.
Iş diýip gaş çytmaýar,
Ýokardan aýtmasalar.

Ekjek ýeri aýdylar,
Gitjek ýeri aýdylar,
Ganat-perden aýrylar,
Ýokardan aýtmasalar.

Il gelse-de ýanyna,
Barmaz iliñ ýanyna,
Girmez adam sanyna,
Ýokardan aýtmasalar.

Dosty ýok, deñ-duşy ýok,
Öz akyl, öz huşy ýok,
Edip bilýän işi ýok,
Ýokardan aýtmasalar.

Näler endik bolupdyr,
Işlese wah, bolup dur,
Gürläbilmän gülüp dur,
Ýokardan aýtmasalar.

Robot bolupdyr ylla,
Kelle döwmek hyllalla,
Nädip ýör ol, eý Alla,
Ýokardan aýtmasalar.

Sagdyn göwre syh ýaly,
Maşynynda myh ýaly,
Garşy almaz myhmany,
Ýokardan aýtmasalar.

Añlar zady añlamaz,
Geñlär zady geñlemez.
Aýdym-sazy diñlemez,
Ýokardan aýtmasalar.

Bir plany dolup dur,
Özgeleri galyp dur,
Bolmajysy bolup dur,
Ýokardan aýtmasalar.

Agyr bolsa-da haly,
Öwrenşipdir aýaly,
Indi maksat-hyýaly:
"Pälinden gaýtmasynlar."
Ýogsam... ol ýaşabilmez,
Ýokardan aýtmasalar.

Abdyreşit TAŞOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 280 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Abdyreşit Taşow | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Пьянюгину / Goşgular - 08.01.2023
Söýgi derwezesi / Goşgular - 07.01.2023
Подражание арабскому / Goşgular - 03.02.2023
«Пошутила я – и другу слово молвила…» / Goşgular - 19.01.2023
«Чудный мир волшебной сказки!..» / Goşgular - 09.01.2023
На пятидесятилетие музы 29 января 1889 года / Goşgular - 29.01.2023
Ýanyma gelýäň / Goşgular - 07.01.2023
Talyplyk / Goşgular - 08.01.2023
«Муза, погибаю!.. Глупо и безбожно…» / Goşgular - 19.01.2023
Hat / Goşgular - 04.02.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]