Göz göze kaklyşyk.
Uçgun.
Ýylgyryş.
Köreýän meýiller.
Tanyşlyk.
Söýgi...
Göräýmäge tötänleýin diýjeksiñ,
Emma bu duşuşyk owal Tañrynyñ
Takdyr kitabynyñ bir müñ birinji
Waragynda hozuñ gabygy bilen
Gülälek suwuna garlyp ýasalan
Elwan reñkli syýa bilen ýazylan
Iñ ajaýyp kyssasydyr ömrümiñ.
Bu kyssany ýazyp bolmaz el bilen
Bu kyssany aýdyp bolmaz dil bilen
Goý, iller göwnüniñ gelşine görä
Ikimiziñ günäsini götersin.
A men bolsa dünýäni suw alsa-da
Topugyma saýman günde-günaşa
Ýanyña gatnaryn desse gül bilen.
Ýöne men barybir gepim etjekleñ
Hyzmat edýän hudaýyna sežde etmen
Käte dynç alsam-da kafe-barlarda
Jübüsinde it uwlaýan danalañ
Erni şybyklyja pullysyraýan
Goly brasletli akmaklar bilen
Bilmegem islemän tapawudyny
Hem-de meñ oturan oturgyjymyñ
Bir çüñküne degren bolup sagrysyn
Yzyna gañrylyp geçip gidensoñ
Ütülensoñ galam bilen çyzylan
gaşyn kakyp çola ýere çagyrýan
Jeleplere gözüm gidip seretmen.
Owarrama gitsin, nämäme gerek
Senden başga zadyñ pikrini edip
Ýüregime artyk agram döretmen.
Gadyr goýmasam-da her kime aýry
Adamlary hormatlaýan, sylaýan.
Şerap içmesem-de käte-käteler
Serhoşluga salyp seniñ goýnuñda
Başgalañ ýoluna bent bolmaz ýaly
Biziñ bagtymyza el urjak bolan
Dönükleri paş etmegi halaýan!