02:14 2036-nyñ ýoldaşy Wladimirowiç | |
2036-nyñ ÝOLDAŞY WLADIMIROWIÇ
Publisistika
Dünýädäki her bir sistemanyñ kesgitlemesi bolýar. Korollyk sistemasy, patyşalyk ýa-da respublikan sistema, konstitusion sistema, hemişelik sistema... ýaly. Prezident Putiniñ sistemasy bolsa ne bardy, ne-de bar boljakdy Dogrusyny aýtmaly bolsa, Wladimir Wladimirowiçe baş egýärin. Ol bu ýolda ilkinji rus we belki-de iñ soñkusy bolýan ýoldaşymdyr. Aýylanym bäri ömürlik häkimiýet başynda oturjak Putine we beýleki prezidentlere garşy ýazyp gelendigimi bir ýana goýuñ. Onsoñam "şindizem Fewral festiwallarynda" aýdylýar. Ol her dürli respublikan taryhyñ iñ pähimli "ömürlik häkimiýet başynda oturjak" ýoldaşydyr. 2036-njy ýyla çenli Kremlde oturmagy kepillendiren ýagdaýda. Şol wagt gelende bolsa, gatlaklaryñ erk-eradasyna aralaşyp, has uzak wagtlabam oturyp biler. Ýa premýer-ministr, ýa bolmasa patyşa, ýa partiýanyñ başlygy bolup gelip biler. Emma edil häzirden başlap 2036-njy ýyla çenli. Moskwanyñ 1992-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda oturan rus hökümdaryñ gulagyna pyşyrdamaga het eden adamy tapmagy, halkyñ onuñ biraz ýeke özi wagtlaýyn dynç almalydygyna düşünmegi gerek. Keýpi-sapany halaýanlar ýaly syýasatçylaryñ alnynda-da Fahd Ballanyñ bedewi şiwesinde ýerine ýetirýän aýdymynyñ sözlerinde bolan "ýeterlik dynç almandyklary" ýazylgy. Ýoldaş Wladimirem beýlekileriñ häzir gidip 2036-njy ýyla çenli dynç almagyny, uklamagyny isledi. Munuñ özi halkyñ saýlap alan ýoludy, muny makul bilen halkyñ özüdi. Emma ertirem uzakda däl, 2036-njy ýyl ýakynda. Häzir garşydaşlyk ýa-da kompromasiýa bolmazdan, dan dökmezden dynç alýarlar. 2036 diýdikmi, bu eýýäm 2036-ny añladýar. Dünýädäki her bir sistemanyñ kesgitlemesi bolýar. Korollyk sistemasy, patyşalyk ýa-da respublikan sistema, konstitusion sistema, hemişelik sistema... ýaly. Prezident Putiniñ sistemasy bolsa ne bardy, ne-de bar boljakdy. Ähli imisalalygy bilen ne festiwal, ne oýun, ne metrli, ne-de rifmaly bent bar. Dört ýanyny rahatlatmak we bu ýerdäki hemmeleriñ 2036-ny sazlap hasap-hesip etmegini isleýär. Başga bir zady-da dykgatyñyza ýetireýinmi? Yragyñ rehim etme duýgusynyñ bardygy aýdylýar. Belki-de, onuñ gussasy we rehimi Tigr bilen Ýewfrat derýasynyñ arasyndady. Emma söýgüli şahyryñyzam demir, ot dilini ulanmaga başlady, gan ysly köçelere gadam basdy. Nämüçin? Ruhlanaýdymyka? Gorkunç garyplyk zerarly has beter gorkumy? Durmuşyñ hiç kimsäni erkine goýmaýan tükeniksiz hysyrdylarymy? Güýji we merhemetsizligi beýgelden diñe Günbatar şahyrlaryndaky faşistlerdi. A şahyr welin ýaşap ýören ýurdundan has beýikdi. Meselem, Puşkin şindizem Russiýadan beýikligine galýar. Şahyryñ işi şygyr ýazmakdyr, kimdir birini öwmek ýa-da ýamanlamak däl. Rus dili sowet döwründe ýañsy, sögünç, hapa sözleriñ batgalygyna düşen wagtynda şygryýet bir gyra zyñylypdy. Ýewtuşenko Puşkin kimin beýikligine galdy. Propogandany we ýöntemligi gahar-gazap we ýigrenç prozasy bilen ýazgarsynlar diýip intelligentlere berdi. Edil häzir bolsa muny aslynda aldajy koronawirus ýaly gapyllykda üstüñi basýan sosial mediýa amala aşyrýar. Bu öç Nýu-Ýorkda dostumyz arap kitaphanasynyñ eýesi, şeýhleriñ şeýhi Muhammet el-Mysryny alyp gaçypdy. Muhammedi nädip tapjagyny bilemok. Ol bu durmuşdan şemal kimin geçdi gitdi. Imisalalygy Nýu-Ýorkyñ ähli goh-galmagalyny basýardy. Muhammet pensiýa çykmak üçin Liwana gaýdyp barmaga taýýarlanyp ýördi. Emma ýurtdaky ýagdaýlar zerarly iñ soñky gezek gelişidi. Liwan ony terk eden güni, migrantlykdan gaýdyp gelmeginiñ öñüni alan güni zulum edipdi. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Duşenbe, 06.07.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |