09:15 Abdyrahym Han | |
ABDYRAHYM HAN
Taryhy şahslar
Baýram hanyň ogly Abdyrahym han hem (1556-1626 ý.) kakasy ýaly, «Hanlar hany» derejesini alan harby serkerde, şahyr bolupdyr. Çagalygynda kakasy haýynlyk bilen öldürilensoň, Abdyrahym Ekber şanyň köşgünde önüp-ösýär. Ol Ekber şanyň höküm süren, taryhda «altyn döwür» diýlip atlandyrylan zamanada ýaşapdyr. Abdyrahymyň gowy terbiýe we ylym-bilim almagynda şanyň özi uly alada edipdir. Abdyrahym han arap-pars, türk, hindi we sanskrit dillerini suwara bilipdir, hatda Ýewropa dillerinden hem baş çykarypdyr. Abdyrahym 1573-nji ýylda 17 ýaşynda Ekberiň buýrugy bilen wezipä bellenilip, oňa «Mürze han» derejesi berlipdir. Ol 20 ýaşynda Güjerat welaýatyna häkim bellenýär. 27 ýaşynda goşunda gazanan üstünlikleri üçin «bäşmüňbaşy» diýen harby derejäni alýar. 1590-njy ýylda 34 ýaşynda Mogol köşgüniň uly wezipesiniň biri bolan «wekil» derejesini alýar. Aýratyn hormat goýmagyň alamaty hökmünde Baýram hanyň ogly Abdyrahym han heniz dirikä, oňa kümmet gurlupdyr. R.Gylyjow: «Häzirki döwürde hem Hindistanda her bir medeni çärelerde, ylmy çykyşlarda Abdyrahym hanyň goşgularyndan mysal (sitata) almak, nusga getirmek hindiler üçin iň uly mertebe hasaplanýar» diýip ýazýar. Edebiýatçy alym R.Kürenowyň belleýşi ýaly: «Abdyrahym gorkyny-ürkini bilmeýän serkerde, ukyply goşun ýolbaşçysy, galama ezberlik bilen hötde gelmegi başaran şahyr, alym, terjimeçi, edebiýatçy, «Hanlar hany» adyny göteren belent mertebeli döwlet işgäri bolupdyr. Abdyrahym hanyň hindi we sanskrit dillerindäki şygyrlary mälim. Abdyrahym han Ekber şanyň ähli harby ýörişlerinde ýanynda bolupdyr, köpüsine ýolbaşçylyk edipdir. Ol bütin ömri Mogollar şadöwletiniň bähbidini gorapdyr». «Babyrnama» Ekber şanyň saraýynda üç gezek pars diline terjime edilýär. Şol terjimeleriň içinde has oňat terjime Baýram hanyň ogly Abdyrahym hanyň terjimesidir. 2010-njy ýylyň 24-26-njy maýynda G.Berdimuhamedowyñ Hindistan Respublikasyna ilkinji döwlet saparynyň barşynda Delide ýerleşýän Abdyrahym hanyň kümmedine zyýarat etmegi ata-baba mukaddesliklerimize goýýan sarpasynyň çäksizdiginiň subutnamasy boldy. Jumamyrat GURBANGELDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |