Adalat hakda hekaýat
Bir adam soltanyň ýanyna arz-şikaýata gelip, oňa özüniň duçar bolan bir wakasyny beýan edipdir:
– Men iki müň dinar pulumy agzy boglan haltada şäher kazysyna amanat goýup, özüm sapara gitdim. Yzyma dolanyp gelenimden soň, kaza tabşyran zatlarymy yzyna gaýdyp aldym. Öýe gelip, haltanyň agzyny açsam, dinar pullaryma derek, mis dirhemler çykdy. Men kazydan näme üçin beýle bolýandygyny sorasam, ol: «Sen maňa diňe agzy boglup, möhür basylan haltany tabşyryp gitmediňmi? Men haltany edil öňki görnüşinde hem saňa gaýtaryp berdim» diýýär.
Soltan onuň düşen halyna gaty gynanýar we oňa:
– Arkaýyn bol, seniň puluň aladasyny meniň özüm ederin. Sen ol haltany meniň ýanyma bir getir – diýýär.
Ýaňky adam aýdylyşy ýaly edýär.
Şol gün soltan öýle uky wagty, ol haltany öz öňünde goýýar, ahyry kellesine bir pikir gelýär. Mahmydyň düşekçesiniň üstünden ýazylýan matasynyň (makramasynyň) ujundan pyçak bilen bir gez ýaly kesýär-de, daň säher bilen awa-şikara çykyp gidýär. Köşkde hyzmat edýän ýörite düşekçi hyzmatkär makramanyň ýyrtylan ýerine gözi düşenden, gorkudan ýaňa aglamaga başlaýar. Düşekçihanada işleýän beýleki köpigören garry hyzmatkär näme bolandygyny soraýar. Soltanyň makramasynyň ýyrtylandygyny gören pursadyndan eýmenýändigini aýdýar.
Garry hyzmatkär öňa Ahmet atly ökde ýamaýjyny salgy berýär. Bu makramany onuň ýanyna elt we islän hakyny töle, onuň ussatlyk bilen ýaman ýamasyny iň bir synçynyň hem bilip-bilmejekdigini aýdýar.
Ýamalan makramany soltanyň saraýyna getirip, öňküsi ýaly edip, düşegiň üstünden ýazyp goýýarlar.
Soltan Mahmyt şikardan gaýdyp gelýär. Ýyrtyk makramanyň edil öňküsi ýaly edilip düzedilendigini görýär-de, hyzmatkärine makramany özüniň ýyrtyp gidendigini hem-de ony şeýle ussatlyk bilen kimiň ýamandygyny bilesi gelýändigini aýdýar.
Düşekçi hyzmatkär gidip, ýamaýjyny soltanyň huzuryna alyp gelýär. Ýamaýjy soltanyň ýeke özüniň oturandygyny görüp, ondan gaty gorkýar. Soltan oňa bakyp:
– Gorkma, eý ussat, gel gör, bu makramany sen ýamadyňmy? – diýýär.
Ol:
– Hawa – diýýär.
Soltan:
– Senden ýene bir zat sorajak, çynyňy aýtgyn.
Ýamaýjy:
– Patyşa, dogryňy aýtmakdan başga näme gowy zat bardyr?
Soltan:
– Sen şu ýyl bir gök ýüpek haltany ýamadyňmy?
Ýamaýjy: «Ýamadym» diýip, onuň üçin kazynyň özüne iki dinar hak berendigini-de aýdýar. Soltan Mahmyt düşekçäniň aşagyna elini sokýar-da, ol ýerden hälki haltany çykaryp, ony ýamaýja görkezýär we niresini ýamandygyny soraýar.
Ýamaýjy barmagy bilen basyp:
– Şu ýerini ýamadym – diýip jogap berýär. Mahmyt onuň bu işdäki sünnälik bilen edilen ussatlygyny synlap, ondan:
– Eger gerek bolsa, güwälik berip, kazynyň ýüzüne durup bilermiň? – diýip soraýar.
Ýamaýjy:
– Näme üçin durup bilmerin, elbetde, duraryn? – diýýär.
Soltan kazyny çagyrdyp, ondan bu babatdaky hakykaty soraýar, emma kazy boýun almaýar.
Gaýtam:
– Eý, patyşahy älem, bu nähili gürrüňdir? Maňa beýle iş etdi diýip kim aýdýar? – diýip, sapalak atýar.
Onsoň Soltan Mahmyt:
– Ol kişiniň ikisini hem getiriň – diýip buýruk berýär. Hyzmatkär gidip, haltanyň eýesini we ýamaýjyny öňüne salyp gelýär. Mahmyt kaza ýüzlenip:
– Eý kezzap, ine, gyzylyň eýesi, ine-de, ýamaýjy. Bu ýamaýjy haltanyň, ine şu ýerini ýamapdyr – diýip, ýamalan ýerini görkezýär.
Kazy utançdan we gorkudan ýaňa durky bilen sandyrap başlaýar, mundan artyk söz diýmäge dili barmaýar.
Kazyny soltanyň ýanyndan ýarym öli ýagdaýda alyp çykýarlar we ony nobathananyň gapysynda saklap, ondan gyzyly talap edýärler. Kazy:
– Meniň wekilimi çagyryň – diýýär. Wekil gelýär. Kazy oňa görkezme berýär. Wekil gidip, iki müň dinar Nyşapur tyllasyny alyp gelýär, ählisi ýerber-ýer, olary altynyň eýesine berýärler. Ertesi gün Mahmyt mejlis geçirýär, emeldarlaryndan öz işlerinde adalat talap edýär we bu kazynyň eden hyýanatyny hemmelere aýan edýär. Kazydan ähli pullary alýarlar. Soltan kazyny wezipesinden boşadýar we gaýdyp oňa kazylygy ynanmaýar.
Gözel Muhammedowa,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
Milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.
Halk döredijiligi we rowaýatlar