23:36 Adam alasy içinde / hekaýa | |
ADAM ALASY IÇINDE
Hekaýalar
"Aýagymy ýazdygym bolar-da" diýip, ýola düşenim hem şoldy welin, bir görsem duldegşer goňşym Kowus elini galgadyp, maňa tarap okdurylyp gelýär. Onuň beýle häsiýetine goňşy-golamlar bireýýäm öwrenişip gidipdi. Köçäniň ugrunda tanyş biri gabat geldigi, bes, ýedi arkasyndan habar tutyp, saglyk-amanlyk soraşar. Özem bir aýdan zadyny telim gezek gaýtalar. Garaz, uzak ýola çykaňda tüýs ýoldaş edinäýmeli diýilýänlerden-dä. Ýöne indi biziň köçämizde uzak ýola çykjak galan däl bolaýmasa?!. Kim bilýär, belki bardyram?! - Goňşy... goňşy... äläýt yzyňdan ýagy kowýan ýaly nirä haýdap barýaňaýt?! - Hä, Kowus goňşy, senmidiň asyl ýaňky elini galgadyp gelýän?! Maňa diýen bolýaň welin senem-ä, tüweleme, kimdigiňi saýgaryp ýetişmänkäm, garşymda üstüme abanyp dursuň! Saglykmy beri özi? - Wah, saglyk-la, goňşyjan! Ýöne men senden bir zat soraýjakdym... - Goňşy, özüň bilýäň-ä, jübüt şaýym bolsa, seniň bilen deň paýlaşjagymy! Walla ýöne şu günler jübüde it uwlaýar diýleni boldy how... - Ýoklaý goňşy, maňa ... - Düşünýän-düşünýän, Kowusjan, saňa az owlak gerekdir, ýöne ,, Düýe bir pul, hany şol pul?'', bizem özüň ýaly ýarym gallaç-da... Soňky sözleri diýip-diýmänkäm Kowus Saturn planetasyny ýada salýan sarymtyl şlýapaly başyny ýaýkady-da, ýüzüme alarylyp bakdy. - Ýa soňuna çenli diňle, ýa-da ötägit! Ziňk-ziňk edip, bir arapdan, bir şarapdan çykdyň durduň-aý! Men Kowusy köp wagt bäri tanaýan bolsam-da, oňa beýle agras ýüzli, zoňtar gürrüňli halda henize çenli gabat gelip görmändim. Şonuň üçin ol meniň gözüme düýbünden başga adam bolup göründi. - Beýle bolsa, ber habaryňy, goňşy, iki gulagym sende! - Ine, munyň başga gürrüň! Gepiň keltesi, sen öz goýunlaryňy Peltegiň sürüsine goşupsyň... Maňa gulak assaň-a, häzir çopan goşuna bar-da, hasaplaş Peltek bilen. Soňra bolsa mallaryňy süripjik, özüň bilen alyp gaýt, ... eger iki-ýekesi galan bolsa! Ine saňa gerek bolsa garaşylmadyk sowgat! Ýeri malyňy ynanmazça Peltegiň näme kemi barmyşyn?! Özümiz ýaly gün-güzeranyny zordan dolandyryp ýören maşgalada önüp-ösen. Özem dogup-döräp bar goş-köteli şol egri çopan taýagy bilen aňry-bäri paty-putusy. Ýoklaý, käbir adamlar bir-birine göriplik edýärlerlaý, ýogsam Peltek ýaly sada, dogruçyl çopana munuň ýaly şyltak ýapyp bolarmy?! Onsoňam, goýunlary sürä goşanyma baryp bäş aý töweregi bolup gelýär welin men-ä henize çenli Peltekden zyýan çekmedim. ,, Adam alasy içinde'' diýleni-dä, daşyndan göräýmäge Kowusdan gowy adam ýok ýaly, ýöne göriplik damary ýognasa, tabakdaş dostuňam ýeňsäňden ýiti neşderini urjak eken. - Kowus, malyňy idip alyp gaýdar ýaly Peltek näme edenmişin?! - Aý sen barybir ynanmaýaň!- Kowus çala gülümsiräp, kellesini iki ýana ýaýkady. Neme..., sen sürä näçeräk mal goşupdyň? - Bäş sany goýun... - Onda şol goýunlaryň köpelip, orta hasapdan sekiz-dokuz dagyn bolandyr?! - Hawa-hawa, Peltek bilen jaňlaşanyma bolan bolsa iki hepde bolandyr, hemme zat gowy diýdi... Kowus başyndaky şlýapasyny çykardy-da, maňlaýynda çygjaryp duran derini elýaglygy bilen süpürip aýyrdy. - Gumda galan küýze ýaly takyrap galmajak bolsaň, bolanja malyňa eýe çyk! Peltege ynam baglap, malyňy köpeldip bilmersiň! Biziň-kä bir aýtmak, galanam özüňe bagly! Bolýa onda, ýoluňdan alyp galmaýyn, saglykda görşeli, goňşy! Adam pahyr çig süýt emen-dä, hernäçe ynanmajak bolsam-da öz nebsimden asgyn gelip, guma sary ýola düşdüm. Çopan goşuna ýetenim hem şoldy welin öňümden çoluk çykyp, oňat garşylady. Tüňçe çaýyndan mazaly ganyp, ondan-mundan gürrüň edip otyrkak Peltegiň özi hem çille mesi ýaly bosagadan ätledi. - Salamälik agam, geldiňizmi sag-aman?!- Peltek çylgymly gözlerini maňa tarap aýlap, gol gowşuryp, salam berdi. - Waleýkimsalam çopan, bizem aram-aram mallaryň tabyndan habar tutaly diýip gaýdaýandyrys! - Oňarypsyň agam!- Peltek maňa agam diýip ýüzlense-de, özi menden uly bolmasa, kiçi däldi- Dogrusy, şu günde-ertede özümem sizi çagyraýyn diýip ýördüm. Sürä goşan bäş goýunyň üçüsi dagyn guzlady, tüweleme, ýöne... - Hä, näme boldy?! Çopan assa herekedi bilen käsesine çaý guýdy-da, iki owurtlap, uludan dem aldy. - Onda diňle agam! Birinji goýnuň guzujygy doga gowşak, sowuga çydamsyz boldy. Howa-da näme, çigrek bolansoň, nemedip... uzaga gitmedi... Onsoň ikinji goýnuň guzujygy däninim ers-mers bolup barýardy welin jaryň golaýyndaky joýa gaçyp boýnuny döwdüräýmezmi?!- çopan özüne gahar edýän ýaly ýüzüni egşitdi- Her gezek şol guzujygy ýatlanymda endamym tikenekläp gidýär... Ol, üçünji goýnuň dagyn ekizje guzujygy boldy. Açlykdan ýaňa bez bolan gurtlar otlap ýören sürä alaman edäýmezlermi?! - A how, sen bir çöl adamsy, sürini möjekden goramagyň ugruny-beýlekisini bilýänsiň-ä?! - Wah, adyna gurban bolaýyn, Alabaýym bilen beýleki itlerim salym geçmänkä pälazanlary yza serpikdirdiler, ýöne uly süriniň içinden mojekler ala-böle şol ekizje guzularyň ikisinem tike-tike edipdirler-dä. Walla ynanmarsyň how, ýaňky ekizje guzujyklaryň enesiniň mäläp-mäläp perýat çekişini görenimde bagrym ezilip, agzymdan çykaýjak boldy. Wah, çopan bolsaň şu zeýilli haýwan ýitgileri hem bagyr awusyndan pes bolmajak eken... Men goňşym Kowusyň aýdanlaryny ýadyma salyp, doňup galypdym. Aslynda ömür diýeniň uzak ýaly welin, ol hatda bir adamyň häsiýetini öwrenmäge-de ýetmejek eken. Ine, garşymda ýaşyndan utanman ýalan sözläp oturan Peltek çopana halallyk çoguna ojagyny ýyladyp ýörendir öýderdim, emma... Näme bolsa-da ,, Zeleliň ýaryndan gaýmak hem bir peýda'' diýip, sürä öz goşanja mallarymy ýanym bilen alyp gaýtmagy ýüregime düwdüm. - Peltek çopan, men gowusy süriňe goşanja bäş goýnumy, eger garşy bolmasaň, özüm bilen alyp gideýin... - Dört... goşan goýunlaryň sany dört boldy. - Nädip? - Wah, şol ekizje balalaryny gurda aldyran ene bagryny ýere goýdu-da, soň ýerinden gozganmady... Men aýdara söz tapman, hyrçymy dişläp, içi ýananyň gülküsini edäýdim. 29.10.2018 | |
|
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Kakamyň synaglary / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |