14:55 Adyñ Döwletgeldi boldy / hekaýa | |
ADYŇ DÖWLETGELDI BOLDY
Hekaýalar
Dynç güni şäherden agtygynyň gelenine guşguny göterilip, agtygy bilen mal-garalara göz aýlap, guşdyrnak gök çaýy öňüne alan Ýolmyrat aga dünýäni unudyp gürrüň berýärdi. Sesi ýognap ugranam bolsa bilesigelijiligi kemelmedik agtygy Döwletgeldiniň oba durmuşyna degişli sowallaryna hezil edip jogap berýärdi. Döwletgeldi indi 9-njy synpda okaýardy. Ýaşlyk ýyllarynyň kynçylyklary Ýolmyrat agany ejizletmändir-de, gaýtam birhili çydamlylygy öwredipdir. Şonuň üçin hem oňa öňden tanyş bolmadyk islendik kişi daşyndan seredip, dokuz onlugy tegeländir diýip çak etmez. Ol öz ýaşyndan ýaş görünýärdi. Juda uzak ýörmejek bolsa, hasasynam kän peýdalanmazdy. Häzir welin Ýolmyrat aga agtygynyň ýerlikli sowallaryna jogap berip oturşyna «Tüweleme, akyllyja, düşbüje» diýip, Döwletgeldä öz ýanyndan guwanmak guwanýardy. Döwletgeldi birdenem, Ýolmyrat aganyň asla garaşmaýan sowalyny orta oklady: — Baba, Bitaraplyk näme?! Ýolmyrat aga agtygynyň bu sowalyna sowal bilen jogap berdi: — Näme, mekdepde mollumlaryňyz öwretmeýämi ony?! — Öwredýärler baba. Men mugallymlarymyň öwreden zatlaryny bilýän. Bitaraplygyň haçan alnanynam, BGM-niň ykrar eden ilkinji Bitarap ýurduň raýatydygymyzam bilýän, baba. — Onda näme, Döwletgeldi jan, segseniň onundaky babaňy barlap görjek bolýaňmy?! Hä-kk garagol diýsäni... — Ýok, baba, mugallymymyz bize öýde düzme ýazmagy tabşyrdy. «Türkmen Bitaraplygynyň» milli taraplaryny açmaga ýykgyn edeweriň — diýdi. Tapawutlanan düzmeleri etrap boýunça edebiýatdan olimpiadanyň işlerine baha kesýän eminler toparyna hödürlejek — diýdi. Baba, meniňem edebiýatdan bahalarym zybrym bäşlik. Synanyşyp göresim gelýä. Maňa bir üýtgeşik, gyzykly wakany gürrüň beräý-dä, baba. Ýolmyrat aga bu gezek agtygyna birbada jogap bermedi. Çaýy boşan käsesine çaý guýnup: — Hä-ä, şeý diýsene asyl. Onda Döwletgeldi jan, men saňa öz kakamyň gürrüň beren wakasyny aýdyp bereýin — diýdi. Döwletgeldi eýýäm tutuş durky bilen gulak bolup otyrdy. Ýolmyrat aganyň agtygyny uzak garaşdyrasy gelmedi öýdýän. Uludan demini alyp, bir ardynjyrady-da, söze başlady: «Menem edil seň ýaly soranjaňdym. Bir gün kakamdan haýsy kelläm bilen soranymy bilemok welin, näme üçin adymyň Ýolmyrat ekenligini soraýmanmy. Kakamyň ýüzi üýtgäp gitdi. Öň kakamyň ýüzüniň üýtgänini kän görmämsoň, özümem birhili bolup gitdim. Kakam maňa: «Haý, oglum, oglum. Köne ýaramyň kesmegini gozgadyň-ow. Bolýa, oglum, gürrüň bereýin, muny senem bilip goýsaň gowudyr» diýip, gürrüňini dowam etdi: «Özüň soraýmadyk bolsaň, men muny aýtmasamam, aýtmazdym. Bilýäňmi, oglum. Biz atadan iki dogandyk. Men kakamyň uly ogludym. Hanmyrat bolsa menden kiçidi. Kakam pahyr menem gowy görerdi welin, Hanmyrady gowy göräýşi aýratyndy. Hanmyrat edenli, pälwansypat bolup ýetişdi. Şol gandöküşikli otuzynjy ýyllar diýilýän ýyllaryň ahyrragydy 1935-1936-njy ýyllardy. SSSR diýilýän döwletiň öz demini ýöredip ugran döwrüdi, oglum. Men öýlenipdim. Kakam pahyryň barlyrak, gurplurak hojalygy bardy. Kakam pahyr bolansoň, bar mal-baýlygynyň garamaty maňa galypdy. Hanmyradam myrty taban 17-18 ýaşlaryndaky ýigdekçedi. Men hem ýigit çykan inimi öýermegiň aladasy bilen ýaşaýardym. How-wa.... «Rewolýusiýa» diýlen hiç kimiň düşünmeýän bir syýasatyny öňe sürüp, bar zady tarap-tarapa, bölek-bölege bölüp, iliň agzyny alardyp, üstünden höküm sürmäge gelen, düýbi gan döküşikli çaknyşyklar bilen tutulan döwletiň kalbyma salan ýarasy bitmezdir, oglum. Onuň mekir hem nejis syýasaty biziň hojalygymyza-da öz unudylmaz zyýanyny ýetirdi. Beýle zyýan çeken öýleriň hetdi bar, hasaby ýok — diýip, töweregene garanjaklap, täzeden sözüni dowam etdirdi. Hawa, kakam pahyr muny maňa gorka-gorka gürrüň beripdi, köşegim. Sebäbi o wagtlar imper döwletiniň demi degirmen ýöredýärdi. Garaşsyzlygymyzyň gazanyljakdygyny syzan kakam pahyr welin ony görüp bilmän: «Bä-ä, bi şuralar gitjek däl-ow wagty bilen» diýip gitdi o bende. Menem öwüp arşa çykaryp ýören SSSR-imiz barada kakamdan beýle sözleri eşidýänime, dogrusy, haýran galýardym. Gulagyma ynanasym gelenokdy. Maňa bu zatlary kakam däl-de, gaýry bir ýurtly nätanyş gürrüň berýän ýalydy. Hiç ynanyp bilemokdym. Men oňa soň, kakamyň şo gürrüňinden soň, so-oň göz ýetirdim. Kakam ýene gürrüňini dowam etdirdi. Bilmedim, nämäniň hesibi boldy. Hanmyrat jan «Komsomol boldum» diýdi-de, gyzyltaýaklylaryň hataryna geçdi-de oturyberd-ä. Menem kakamdan galan mallara göz-gulak bolup ýörün, Hanmyradyň toýuna nesip eder-dä diýip. Ýöne nämüçindir «NKWD-çiler» diýip, peýda bolan gaýyş papaklylaryň maňa jyny düşüp başlady. «Mallaryňy kolhoza geçir» diýdiler. Kakam pahyryň nä günlik bilen ýygnan döwleti ahyr ol. Onam ornuna hiç zatsyz kolhoza geçirsem, hojalygy dolamak, Hanmyrat jany öýermek garaňky bolup göründi maňa. «Begmyrat baýyň guýrugy» diýip azar ýamanyny berip ugradylar. Ogly, perzendi, inisi ýa mirasdüşeri diýenok olar. Olar «guýrugy» diýip bir zat tapdylar. Iki gözüňe seredip: «pylanynyň guýrugy» diýseler, ataňy haýwana deňedig-ä olaryň. Guýruk haýwanda bar-a. Kimiň kemsidilip ýöresi gelýä. Menem özüm ýaly horlananlar bilen mallarymy sürdüm-de, çekildim çöle. Ýolda-da sen bolduň, oglum. Şonuň üçin adyňa Ýolmyrat dakylandyr, oglum. Öz öýüňde rahatlyk bermänsoňlar, azar ýamanyny görüp, bir süýji suwly guýynyň golaýynda goş basdyk. «Soňunam görübereris» diýdik. Suw ýaly çaga bilen göçe-göçlük aňsatmy näme?! Emma welin soňuny görmek üçin köp garaşmaly bolmady. Hanmyradyň bolsa, gyzyltaýaklylar bilen bir gitse, şol gidişidir. Bir aýlap, iki aýlap gara bermez. Men onam gaýgy ederdim. Güni tar-turk, atyşyk. Özem öz garagöz türkmenleriň bilen. Birki gezek aýtdymam, jan ýandyryplar aýtdym, teý ynandyryp bilmedim-dä. NKWD-çiler mallaryny sürüp, çöle çykanlar üýşüp, galtaman bolarlar diýip, gyzyltaýaklylary çöle sürmezmi. Ynha, daňa golaý, çölde dikilen çalamydar çatmada seni üşetmejek bolup, düşen günümize düşünmän otyrkak, başlady tark-da-turk. Bizem ýapyşdyk ýaraga. Başymyzy, maşgalamyzy, mallarymyzy gorajak bolduk, bolmady. Daň gowy agaryp, şapak dogýança atyşdyk. Gyzyltaýaklylar köp eken. Maldan geçdik, başymyzy gutarsak razy bolduk. Emma başymyzam gutaryp bilmedik. Mundan artyk atyşmagyň maşgalaňy, göz-guwanjyň saýýan dowamatyňy howp astyna salmakdygyna düşünenimizden soň, gowşadyk. Garaz, baş hiç-le welin, yzyňda nesliň galmajak bolsa bu dünýä geldigiň nä, gelmedigiň nä?! «Ýeriň däldir, aktaýak» diýdik-de, boýun bolduk. Bizi ele saldylar. Olaryň arasynda Hanmyrat janam bolsa nädersiň?! Hanmyrat jan gaýry dilli kemendirine «Bu meň agam ahyryn. Pirberdi agam-a bu. Goýbereýäň-dä» diýip kän ýalbardy. Baý özelend-ow çaga. Etmediler. Kemendir aýgytly sözüni aýtdy: «Bular baý guýruklary. Bulary sürgün etmeli. Partiýaň görkezmesi ol. Daňyň ellerini arkasyna». Menem: «Inim, sözüň ötmeze ýalbaryp, kiçelme-how. Ýolda ogul jigiňem bolandyr. Adyna Ýolmyrat dakdyk. Gelnejeň bilen jigiňe göz-gulak boljak bolawer» diýdim. Ana şonda Hanmyrat durup bilmän baý elewrändir-ä. Birdenem gaharyna ýüregini açaýmazmy. Meni gujaklap: «Aga jan, jan agam, öt günämi. Bagyşla meni. Ilki seň aýdanyňy edip, bulara goşulmadyk bolsam, seň bilen bileje giderdim sürgüne. Içimde ahmyr-a bolmazdy. Indi men seni öz ellerim bilen sürgüne goýbermeli boldummy?!. Içinde seň baryňy bilen bolsam, her zat ederdim welin butaýa gaýtmazdym» diýip, hamsykdy. Kemendir uzak oýlanmady. Ýanyndakylara göz görkezmek isledimi, ýa bar bolup bilşi şomy, bilmedim: «Bize goşulanyna ahmyr edýäne biziň aramyzda ýer ýok. Ynha dönügiň paýy» diýip, gaýyş gabyndaky sapançasyna ýapyşdy. Durup bilmedim. Elim daňylgam bolsa, üstüne topuldym. Emma meni oňa ýetirmediler. Bir «tark» bolanyny bilýän. Gözümi açsam zyndanda ýatan ekenim. Şeýdip, wepa berip, wepa görmedik Hanmyrat janam öz gulluk eden kemendiriniň elinden wepat boldy. Kakamyň bu agyr gürrüňinden soň, men hem ep-esli wagtlap özümi tutup bilmän gezdim. SSSR diýilýän döwlete buýsanjym ýitdi. Ynha, Döwletgeldi jan, indi seň öz adyň barada-da aýdaýyn, köşek. Sen şunam goşaý düzmäňe. Kakam pahyryň görmäge howlugyp giden wakasyndan soň, ýagny bir milletiň bir hojalygyň içindäkileriň agzyny alardyp, höküm sürmäge gelen döwletiň özünden-özi pytrady oturyberdi. Ony görmek nesibämizde bar eken. Garaşsyzlygymyz gazanylanynda men 73 ýaşymdadym, ondan bärem Garaşsyz döwletimiziň düýbi tutulan gününden iki gün soň bolsa sen dünýä indiň. Ýurdumyza garagöz halkymyzy birleşdirjek, tarap-taraplygyň soňuna sogan ekjek döwlet geldi. Seň adyňam babaň dakandyr, Döwletgeldi jan. Şol düýbi tutulan Garaşsyz Türkmenistan dünýäde tarap-tarap bolmagyň üsti bilen uruş-jenjel gözlemegi inkär edýän ýoly — diňe birje tarapy, hemişelik parahatçylygyň tarapyny tutýan ýoly saýlady. Hemişelik Bitaraplyk syýasatyny saýlady. Baky Bitaraplygyň milli tarapy şudur, oglum. Şol wagt bularyň sözüni Döwletgeldiniň mamasynyň sesi böläýdi: — Aýuw, kakasy, buşluk! Düýämiz botlapdyr. Tüweleme Döwletgeldi janyň gadamy düşümli bolaýdy. Döwletgeldi welin döwlet geläýdi. Döwletgeldi babasynyň yzyna düşüp, daşary çykdy. Edil şo wagtam çagyrylan ýaly, obanyň täze medeniýet köşgünden geçäýen ýeriňdäki sport mekdebiniň öňünden Döwletgeldiniň kakasynyň ulagy göründi. Ertir hepdäniň iş güni başlanýardy. Döwletgeldi okuwyna, ejesi bolsa işine ýetişmelidi. Ertir irden gidäýselerem bolman durmazdy welin, Döwletgeldi babasyndan eşiden gürrüňini düzmä geçirmelidi. Ony hökman ýazmalydy. Şonuň üçinem ol: «Eje-e, kakam gelýär, ýör öýe gideli» diýip gygyranyny hem bilmän galdy. Ejesi bilen mamasy öň amatyny tapsa babalarynda bir agşam artykmaç ýatmagyň alajyny gözleýän Döwletgeldä ne döw çalandygyna düşünip bilmän, haýran galyp durdylar. Zyýany ýok. Döwletgeldä babasy düşünýärdi. Şonuň özi ýeterlik ahyryn. Döwletgeldi kakasynyň bir käse çaý içerine-de howlugýardy. Basym ulag ýola düşdi. Aşyrmät GARLYÝEW. | |
|
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Ene keýik / hekaýa - 13.12.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |