22:58 Ak derek / hekaýa | |
AK DEREK
Hekaýalar
Ýolagçy otlusy ugrady. Men küpäme girdim. Onda ýekeje adam otyrdy. - Salawmaleýkim! Dykyz göwreli, çal saç, ýolagçy zordan dodagyny müñküldetdi: - Waleýkimsalam. Bolany. Täze ýolagçynyñ gelmegi onuñ gaşlaryny-da gymyldatmady. Ähtimal, ýekeligi küýseýän bolmaga çemeli. Kiçijik el çemodanymy goýup, ornaşdym, onsoñ otlynyñ aýnasyndan daşary äñetdim. Gyşyñ soñky günleri. Daşarda howa sowuk däl. Otlynyñ "şakgydyk-şak, şakgydyk-şak" edýän sesi gulaga ýakymly eşidilýär. - Kesipdirler. Men ýaltyldap nätanyşa bakdym. Onuñ agzyndan çykan sözi magat eşitdim, emma çl saç adam hiç zat aýtmadyk ýaly doñup otyr. "Be, bu nähili boldaýt, ýa içgilimikä? Aý, ýok, görnüşi-hä salyhatly". Onuñ gabaklary çytyk ýüzli ýolagçyny has tutuk görkezýär. Ukudan ýañy turanyñky ýaly pökgerişip durdy. Bu owadan iner gözleri çym-gyzyl, birhili tukat. Men ýene gürrüñe ýol açmakçy boldum: - Ýaşuly, bir zat diýdiñizmi? - Hä. - Ol ýene oturyşyny üýtgetmedi: - Kesipdirler. - Nämäni? - Ak deregi. - Nirededi, ol agaç? - Aşgabatda. - Siz aşgabatlymy? - Ýok, añyrrakdan bir obadan, ýöne Aşgabada her ýyl şol ak deregi görmäge gelýärdim. Bu hili dymma adam bilen söhbet edişmäge bir ýol açylsa, biwagt böwedi böwsülen sil ýaly bolýanlygy belli. Şeýle pursat geldi. Şol ak deregiñ onuñ ömründe ýitmejek yz goýandygyny duýdum. Hernä taryna kakyp gördüm: - Aşgabatda nä derek ýekemi? Ol ajy ýylgyrdy, onsoñ çilim otlandy. Yhlas bilen bejerilen gelşikli çalaran murtlarynyñ sarymtyl görünmeginiñ sebäbem äşgär boldy. Çilimi köp çekýänligindendir, hatda çilim tutýan barmaklarynyñ ujy saralyşyp dur. Ol jogap bermäge howlukmady. Çilimiñ tüssesinden işdämenlik bilen sorup, ilkinji gezek maña tarap öwrüldi: - Aýdýanyñ dogry, oglum, barybir ol agajyñ ýakyn wagtda kesiljegini bilýärdim, sebäbi, gojalyp, töññä öwrüljekdi. Arman, ömrüniñ soñky minutlaryny sanaýan hassany görmäge ýetişmedik hossara meñzedim. Ol gursagynda gopýan harasata - içki tolgunmasyna bäs gelip bilmän, ony köşeşdirmek isleýän ýaly ýokary turdy, birki ädimledi, şonda sag aýagynyñ azajyk ýempeýänligi bildirdi. Nätanyş ýene-de çilimini gaýta-gaýta sorup, ýerinde jaýlaşdy-da, gürrüñini dowam etdirdi: - Bu urşuñ öñüsyrasy bolupdy. Men rabfagy gutardym, sowatly az bolansoñ, obamyzda açylan mekdebe okuw müdiri edip bellediler, ýöne basym gulluk işi bilen bir aýlyk Aşgabada komandirowka gaýtdym. Ol uludan demini aldy. Aýyñ ýagtysyna aýnadan gögerip görünýän daga seretdi. - Boş wagtym ürç edip kino görerdim. Bir gezek gije gyzykly bir kinodan çykyp gelýärdim. Edil şol deregiñ deñine gelenimde golaýjygymdan: - Dat, kömek ediñ! - diýip, çirkin gygyrýan zenan sesi eşidildi, ikinji gezek bogugrak gaýtalanyp, soñra tapba kesildi. Ikirjiñlenmäge wagtam bolmady. Şol ýere topuldym. Garañkylykda iki sany deşli pyýada agzyny tutan bolmaga çemeli, jyñkyny çykartman, germeçläp, birini has tümlük ýere alyp barýarlar. - Aýrylyñ, näkesler! Duýdansyz çykan sese olar sakga durdular. Onsoñ biri göni maña gaýdyp, alkymyma dykylyp geldi-de: - Janyñdan irdiñmi? - diýip, mañlaýyma doñdurdy. Gözlerimden ýalpa ot çykyp, entedim. Ikinji gezek suñşurmakçy bolanda bilinden aýlap tutdum, sebäbi oba toýlarynda göreş tutanlarynda uly baýragy köplenç men alardym. Ýigit göreş tilsimlerinden bihabar eken, göteräge-de, çagylyñ üstüne hykladyp urdum-da, mañlaýyna gonçly botinka bilen iki gezek mazaly depdim. - Pyçakly barýa! Gyzyñ howsalaly duýduryşyna çakganlyk bilen yzyma öwrüldim. Onýança ikinji ýigit pyçagyny bulady. Sähel saga gyşarmaga ýetişdim, hernä çöregim bitin eken, pyçak goltugymyñ gowalç ýerini sydyrgylap geçdi. Mwn gysyp yzyna goýbermän, iki eliniñ daşyndan mäkäm gujaklap, badagy urdum. Ýigit çiñ arkan ýykyldy. Menem ýüzüniñ çem gelen ýerine depip, galdyrman pyçagyny aldym. Gyz ýanyma gelip, sojap dem alyp durşuna: - Gaçaly, şaýkalary bardyr - diýdi. - Zyýany ýok, meniñem oglamlarym ýetip gelýändir. - Muny olara haýbat üçin aýdyp, ýagtylyga çykanymy kem görmedim. Men gyzyñ yzyna düşdüm, basym ýañky ýigitleriñem dähedem-dessemläp, çagyly jygyldadyp gaçyp barýandyklary bildirdi. Gyz bilen deñleşdim: - Gijelikde nirä howlugyp barýardyñyz? - Keselhana. - Sebäbi? - Joram syrkaw. - Nirede işleýäñiz? - Medsestra, şol barjak keselhanamda. - Sizi elteýin, ýogsam, ýene bir howpa duşmagyñyz mümkin. Ol mahallar şäherde gije ýarymyndan añry jübi kesenler, huliganlar ýek-ýarym duşardy. Häzir weli, juda asudalyk. Ýolagçy ýoldaşym ikinji gezek çilim otlandy. - Yzyny gür bersene. - Howlukma. Hawa, şol wakadan üç-dört gün geçdi. Ol gyza keselhananyñ gapysyndaky bagjagazda duşaýdym. Salamdan soñ sözümiz alyşdy gidiberdi. - Adyñy-da aýtmadyñ. - Soradyñ aýtmadymmy? Aktäç. - Maña bolsa, Gylyç diýýärler. - Bilip dakypdyrlar - Gyz geñsi ýylgyrdy. Orta boýly, ýumurtga ýalyjak ak, tegelek, ýüzli gyzyñ owadan, maýa gözlerini süzgenekledip gyýarak bakmasy ýüregimi çaltlandyrdy. Be, maña näme bolýar-aýt? - Siz beýle derlediñiz-le? Gyza zordan jogap gaýtardym. - Aý, hiç... neme-le... agşam kino giderismi? Gyz gülümjiräp baş atdy. Men jorasynyñ ýagdaýyny soramagy-da unudyp ýatakhanama gaýtdym. Şeýdip ýedi gün kino bileje gatnadyk. Sekizlenji gün şu ak deregiñ ýanyna geldik. Gije aý-aýdyñ süýt ýalydy. Onuñ çil-çil zülpüni ýuwaşja sämäýän şemal oýnaýardy. Aý özüniñ bütin gözelligini gyzyñ ýüzüne bagyşlan ýaly has-da gelşikli görkezýärdi. - Aktäç, şu şemal juda bagtly. Ol gözlerini güldürip maña bakdy, şonda mylaýym dem bilen garyşyp saçyñ müşk ysy burnuma urdy. Birhili başym aýlandy. - Sebäbini aýtsana. - Zülpüñi sypaýar. - Hi-hi-hi - Gyz şirinlik bilen güldi: - Şemal siz ýaly ýöwsel däl, şonuñ üçin... Haýsy gudratyñ maña güýç-kuwwat berenligini bilemok, Aktäji şol deregiñ garañky burçuna çekdim. Ol wagtlar ýaş hem terdi ak derek. Otly haýsydyr bir kiçijik stansiýada säginip, ýoluny dowam etdirdi: - Şol agajy-da golaýda kesipdirler. - Onsoñ, öýlendiñmi Aktäje? - Hawa. Alyp gaýtdym oba. Toý etdik, işe-de ýerleşdi. Emma basym uruş turdy. Men fronta gitdim. Leningradyñ gabawynda söweşdim. Aktäje ýazan hatymyñ jogaby ep-esli eglenip bardy. Ol özüniñ, ejemiñ ýagdaýy barada ýazypdyr. Ikinji hatynda weli, jogaby Kiýewden iberipdir. Onda: "Gylyç jan, bagyşla meni! Ejeñi razy edip, senden idinsiz fronta meýletin gaýtdym. Jogabyna garaşýançam köp eglenjek, soñ mälim ederin diýen netijä geldim. Düşün, Watan ot içinde ahyryn"... ýaly jümleler bardy. Göräýmäge çepiksijedir weli, gör, onda näçe gujur-gaýrat bar. Heýem, beýle maşgala buýsanmazmyñ?!. Soñra iki gezek hat aldym, onsoñ aragatnaşygymyz kesildi. Men Berline çenli söweş ýoluny geçdim. Bir şahyryñ ýazyşy ýaly: "Söweşde ölmän, dolanybam gelinýär ahyry". Özümden uly agam-da sag-aman oba öwrülip geldi. Gylyç aga sönen çilimini otlady. - Çilimi köp çekýäñiz, Gylyç aga. - Ynansañ, uruş döwrüniñ şeýle agyr günlerinde agzyma almadym muny. - Şeýlemi? Nähili öwrendiñiz? - Oña şu ýagdaý sebäp boldy. - Gylyç aganyñ ýüz-gözünden bildirýän gaýgy-hasrat öñküsindenem artdy. Dem almasy kynlaşyp, howa ýetmeýän ýaly, uludan-uludan dem aldy. - Gelip mekdepde mugallymçylygymy dowam etdirdim. Şol biraz ýüregime teselli berýä. Öýde artykmaç iş ýok. Sygry, iki-üç dowaryb ugruna ejem seredýä. Ilki poçta köp gatnadym. Göwnüme bolmasa, Aktäçden hat geläýjek ýaly bolup dur. Soñra poçtalýon oglana köp tabşyrdym: "Hat geläýse buşlagyn" diýip. Gelenok. "Belki, ýaralanyp dagy eglenýändir. Birden gelip, habar etmän, begendirjekdir". Ejem-de, umydygär garaşýa. Tä çigrek düşýänçä, gapymyzyñ ýapylanyny bilemok. Muny ejem tapdy: "Köşegim, çekinip ýa ýaýdanyp durman girsin" diýýä. Ýugrup otyrka hamyr syçrasa, käsesinde şemmi çommalsa dagy çaga ýaly begenip maña görkezýä: "Gelnimiñ özi ýada habar geler". Dogrudanam, bir gezek poçtalýon oglan añyrdan gelşine buşlap gygyrdy: - Haý, Gylyç kaka buşluk, haw! Solmaz eje buşluk, haw! Aktäç gelnejemden hat bar, haw! Ejem ikimiz, agamyñ maşgalalary, goñşy-golam onuñ öñünden ylgadyk: Ejem ýolboýy - Agzyñdan Hudaý eşitsin, guzym. Gelnim diri bolsa, buşlugyna sygrymy bereýin" diýýä. Haty garbap alyp, adresine seretdim. Aktäçden. Ýüregim hut gürsüldäp gursagymdan çykaýjak-çykaýjak bolýa. Aldym, ýöne begenjim uzaga çekmedi. Onda şeýle jümleler bardy: "Gylyç, bagyşla! Bu haty Aktäjiñ frontdaş jorasy Nataşa Sergeýewna Antonowa ýazýar. Onuñ ýüreginde hem dilinde siziñ adyñyzdy. Oderden ýaralylary gämi bilen geçirýärkäk, duýdansyzlykda nemesler bombalady. Saý-sebäp bilen men diri galdym, gijräk ýene bir ofiserem tapyldy. Aktäç "Diri galaýsañ, Nataşa jan, Gylyja hat ýazgyn. Bukjanyñ daşynda menin adymy görkezgin. Üç minutlygam bolsa, adresde adymy görüp begensin" diýip tabşyrdy"... Onsoñ Aktäjiñ poçerkine meñzedip ýazdym. Gylyç! Durmuşyñ her hili oýny bar, mähriban joramyñ diri bolmagam mümkin". Yzyndan öýlerine ~ Kiýewe çagyrypdyr. Ynha, çilimi şol hatdan soñ öwrendim. Hawa, ogul, ejem aýtmyşlaýyn "Muña takdyr" diýerler, ýöne Aktäjiñ ýogalanyna ynanmadym. Ýylgyryp geläýjek ýaly bolup dur. Bir gezek klasda çuñ pikire batypdyryn. Elbetde, Aktäç hakda. Näçe oturanymy bilemok, dogumlyja oglan bolan klaskomyñ sesine özümi duýdum: - Ýoldaş mugallym, tagtada "öý iş" diýip ýazdyñyz-da, bermediñiz. Eýýäm ikinji sapaga girmäge jañ kakyldy. Neressejikler klasdan çykman oturypdyrlar. "Beýle ýagdaýda çagalary sowatsyz goýaýmasam ýagşy" diýip hopukdym. Içimi hümledip gezmegimden ejemem gorkdy öýdýän. Ol: "Oglum, akylyña zeper ýetäýmesin. Sen... gaýtadan öýlenäý... ynha, goñşymyz Akmaral gelin dagy däl. Adamsy frontda ölen, özüñ gowy bilýäñ. Sende göwni-de bar onuñ" diýip, ilki çekinibräk, soñra-da aç-açan köp aýtdy. Ejemiñ aýdýany ugrunda bar. Akmaral bilen garaja öýde bile okadym. Özümizem goñşy. Mekdebe gidende meñ bilen ýoluny bir etjek bolardy. Wagt tapsa, ejemiñ öý işlerine kömekeşerdi. Etl-ganly, görmegeý, daýaw gyz. Onuñ yhlas edişine utanyp, söýjek bolup kän çörñeşdim. Bolanok. Ýoldaşa hormat goýmak duýgusyndan añry geçenok. Tersine, partadaşym Nazar bu ak ýürek gyzy jany-teni bilen söýerdi. Akmaral weli, oña imrigenok. Bir gezek öýde ikiçäkkäk, tamany üzdürmegi berk ýüregime düwdüm: - Akmaral... Onuñ ullakan köşek gözleri umydygärlik bilen maña seretdi: - Aýdaý... - Seni... sizi... söýemok. Gyz çym-gyzyl bolan ýüzüni elleri bilen ýapdy, emma ýaş damjalary barmaklaryñ arasyndan syrykdy. "Zalym sen, Gylyç. Ne gözel, mylaýym gyza beýle gödek aýdaýmak bormy. Hatjagaz ýazyp duýduraýmaly ekeniñ-dä. Bolmanda, Akmaral kimden kemmişin? Asylly hem owadan gyz-a obada. Şumat söýmeseñem, soñ ysnyşarsyñ, ötünç soramak gerek". Başymy galdyrsam, eýýäm ol öýde ýok. "Irde-giçde nalynarsyñ sen, pañkelle Gylyç han, Akmaralyñ yhlasy urar seni"... Şondan soñ, Akmaral ne öýe geldi, ne daşda-içde maña görünjek boldy. Basym Nazaryñ bagty çüwdi. Onuñ ata-enesi Akmarallar bilen guda bolup, toý etdi. Otly ýuwaş-ýuwaşdan badyny gowşadyp saklandy. - Nire bi? - Gazanjyk. - Ugruñ hanjak? - Nebitdagda düşüp, Gyzyletrege gitmeli. - Daş-ow. Onsoñ öýlenmäge pursat bolmadymy Gylyç aga? - Boldy. - Ol ýene çilim otlandy. Otly ýuwaşja öñe garşy süýşüp başlady. - Nazar ot ýalydy, uruşda heläk boldy neresse. Öñem ýañzydandyryn, bir çagaly Akmaral dul galdy. Mekdepde işe ýerleşipdir. Ilki menden gaçgaklap gezdi. Näme üçindir, bir sapar mekdebe ir geldim. Görsem, mugallymlaryñ jaýynda Akmaral otyr. - Salam, Akmaral! - Salam! Ol elindäki kitabyñ gatlaryny açyşdyrdy. Şonda elleriniñ çalaja titreýänligini gördüm. Birden başyny galdyryp, gözlerini göni görejime dikdi. Eý, Alla, o gözler, ýürekdäki syry açyp dur ahyry! - Nazar jan ýaly dostuñdy, Gylyç. Arman, ykbaly keç boldy neressäñ. Eşidýäs, Aktäç hem... - Akmaral ýaşdan dolan gözlerini menden sowdy. - Perişde ýaly gelindi görgüli. - Ol ýene maña garşy öwrüldi. - Dostuñ sarpasyny sakladygyñ bolar, goşumyzy birikdiräýeli. Men henizem sen daş ýüregi söýýän, Gylyç! Edil şol mahal gapy açyldy. Juda hor, ýaşuly okuw müdiri dişsiz, gemmik agzyny açyp, gülümjiräp, baş atyp meni çagyrdy. Onuñ jaýyn bardyk. Müdir dar mañlaýyny çytyp gürrüñe başlady. - Gylyç han, bu taýy aşyklaryñ duşuşyk ýeri däl. Otüki gelnem ugursyz... Mähnet ýumrugymyñ gözleriniñ öñünde galgamagy müdiriñ sözüni soñlatmady: - Şuny görýäñmi? Ýaşululygyñ üçin, bir gezek geçireýin, dil ýetirme, Akmarala haramzada... Gahardan boglup, daş çykdym. Dowulçy hem gybatkeş bi, bujagaz okuw müdiri. Oba ýaýratjagy ikuçsyz... Niçik gudrat eken, başky söýgi, köp mahal geçse-de, ahyr dillendi. Ony aýdyp bileniñ üçin gaýratly sen, Akmaral! Ýöne bagyşla meni, päkize melek! Söýüp bilemok... Men Akmaralyñ gözünin alnyndan sowulmagy müwessa bildim. Basym kolhoza brigadir bolup, işe başladym. Gylyç aga, dymyp, garasöýmez görnüşe geçdi. - Öýlenmediñizmi, Akmarala? - Ýok. - Häzir niçik? - Sallah. Meniñ hut gulaklarym şañlap gitdi. Gobsundym. - Sallah? Şondan soñ, öýlenmäge pursat bolmadymy? - Boldy. - Näme üçin onda... Ol ajy ýylgyrdy: - Garaşýan. - Kime? - Bu sözüñ agzymdan çykanyny duýman galdym. - Aktäje. - Hym. Akmaral durmuşa çykdymy? - Juk. - Şu mahal nirä barýañ? - Bakuwa, frontdaş dostum ogluny öýerýä, çagyrypdyr. Krasnowodskiden uçaryn. Ol ýerinde gyşaryp, indi gürrüñimiz gutardy diýýän manyda añrysyna öwrüldi. Men ýaýdanybrak: - Gylyç aga, ýene bir zat soraýyn-la - diýdim. - Sora, oglum. - Nataşalara gitmediñmi, Aktäjiñ ykbaly bilen gyzyklanmaga? - Dört gezek gitdim, Nataşa-da öýmüze gezmäge geldi. Şundan soñ azar bermezligi ýüregime düwdüm. Garaşmak... bu-da bir mertlik. Men käbir zenanlaryñ henizem uruşdan öwrülmedik adamsyna garaşyp ýörenlerini bilýärin. Hatda obamyzda Soltan aga diýen ýaşulynyñ iki gyzynyñ gara saçlaryna ak gyraw düşüpdir, emma frontda wepat bolan adamlarynyń ojagyny saklap otyrlar. Erkek adamyñ weli, beýle edip biljegini, öz gulaklarym bilen eşitdim. Ýogsam... Şeýle alasarmyk pikirler heniz-henizlerem gursagymdan çykanok. Otly Nebitdagda saklandy. Düşmek bilen boldum. Ýaşuly bärsine öwrüldi. - Ýoluñyz ak bolsun, Gylyç aga! - Sag bol, oglum. Taksiniñ birine münüp, myhman ýerime golaýladym. Güpbe bir zat ýadyma düşdi: "Gylyç aganyñ adresini almaly ahyry! Heýem, beýle adam bilen aragatnaşyk saklaman bormy? - Şofýor, göni yza, wokzala sür! Añk-tañk bolan şofýor buýrugy berjaý etdi. Gelsek, otly eýýäm bat alyp ugrapdyr... | |
|
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||