08:56 Aleksandr Puşkin | |
ALEKSANDR PUŞKIN
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
• PUŞKINIÑ YSLAMA BOLAN GARAÝŞY Soñky ýyllarda geçmişde ýaşap geçen beýik şahslaryñ yslama bolan gyzyklanmasy barada köp gürrüñ gozgalýar. Lew Tolstoý ýaly beýik ýazyjy bilen bir hatarda Aleksandr Puşkiniñ hem yslama bolan ýakynlygy eýýäm birnäçe ýyllar bäri metbugatyñ dilinden düşmän gelýär. Ol musulman bolupdyrmy ýa-da bolmandyrmy? Hakykaty diñe Alla bilýär. Emma A.Puşkiniñ "Gurhandan" täsirlenip goşgular ýazandygy we onuñ yslama meýil edip ýazan eserlerini birnäçe ýyllap bukulyp saklanandygy welin hakykat. Geliñ A.S.Puşkiniñ terjimehaly we döredijilik ýoly barada birentegiñize öñem mälim birnäçe maglumatlar bilen gysgaça tanyşalyñ. • ÖMRI Aleksandr Sergeýewiç Puşkin, 1799-njy ýylda Moskwada dogulýar. Kakasy gelip çykyşy boýunça Sergeý Lwýowiç Puşkin aristokrat maşgaladan bolupdyr. Ejesi Nadežda Osipowna Gannibalyñ atasy Efiýopiýaly Gannibalyñ rus patyşasy Pýotr I-iñ çokundyrylan ogullygydyr. Puşkiniñ ene-atasy ylymly-bilimli adamlar bolupdyr. Puşkin başlangyç bilimi daşary ýurtly mugallymlardan alýar. Ol heniz sekiz ýaşyndaka fransuz we rus dillerinde suwara gürläpdir. On bir yaşynda bolsa, ol fransuzlaryñ erkin pikirli we satiriki ýazyjylaryndan täsirlenip, fransuz dilinde goşgular we poemalar ýazyp başlaýar. Puşkiniñ öýi şol döwrüñ iñ tanymal ýazyjylarynyñ we şahyrlarynyñ iñ bir gelim-gidimli ýerine öwrülýär. Emma olaryñ hiç biri hem rus ertekilerini we halk döredijiliginden tymsallary aýdyp beren enekesi ýaly onda täsir galdyrmandyr. Garry eneke Arinanyñ gürrüñ beren zatlary Puşkiniñ çagalyk döwründe uly yz goýandygy mälimdir. • GOŞGY ÝAZYP BAŞLAMAGY Puşkin on iki ýaşynda rus patyşasy Aleksandryñ Sarskoýe Seloda açan mekdebinde okap başlaýar we ol ýerde alty ýylyny geçirýär. Ol eýýäm şol ýyllardaky ýazan goşgulary bilen şol wagtyñ iñ tanymal şahyry Derjawiniñ ünsüni çekmegi başarýar. Mundan beýläk meşhur şahyr hasaplanyp başlanan Puşkin mekdebi tamamlap Sankt-Peterburga gidýär. Ýazan birnäçe erkin pikirli goşgulary gadagan edilenem bolsa, halk arasynda giñden ýaýraýar. Rus edebiýatynyñ taryhynda şygryýete bolan ýakynlaşma hut Puşkiniñ ady bilen baglanyşyklydyr. Ol rus patyşasy Aleksandr I tarapyndan Kawkaza ugradylýar we ol ýerde “Kawkaz ýesiri” we “Bakjasaraý çüwdürimi” atly ölmez-ýitmez eserlerini ýazýar. Puşkiniñ döredijiliginde ne-hä klassyky şygyryñ yzlary bar, ne-de romantizmiñ täsirleri bar. Ol hakykaty bolşy ýaly ýazmagy isläpdir. Kawkazdan dolanan Puşkiniñ Russiýadaky harby häkimiýete garşy tutumy sebäpli, tutuş dört ýyllap paýtagta girmegi gadagan edilýär we Mihaýlowskoýe obasynda ýaşamaga mejbur bolýar. Hökümet tarapyndan ogluny göz astynda saklamak boýunça jogäpkär bellenen kakasy bu tabşyrygy ýerine ýetitmeli bolupdyr. Ýigrimi dört ýaşyndaky Puşkin bu sürgün döwründe ýedi ýyl soñra ýazyp gutarjak "Ýewgeniý Onegin" romanyny ýazmaga başlaýar. "Syganlar", "Pygamber", "Boris Godunow" atly eserlerini hem sürgün ýyllarynda ýazýar. Uzak wagtlyk sürgünden soñra rus patyşasy Nikolaý I tarapyndan Moskwa çagyrylan ýaş şahyryñ döreden eserleri şol wagtdan başlap patyşa senzurasyndan geçmeli edilýär. Polisiýa güýçleriniñ berk gözegçiligi we söygi gatnaşyklary Puşkiniñ durmuşynyñ aýrylmaz bölegine öwrülýär. • ŞAHSY DURMUŞY Puşkin bir şagalañda Natalýa Gonçarowa atly bir generalyñ gyzyna sataşýar we oña aşyk bolýar. Puşkin Natalýa nikalaşmagy teklip edýär, Natalýa bolsa oña belli jogap bermeýär. Puşkin, bu ýagdaýa juda lapykeç bolýar we Moskwadan çykyp gitmek isleýär. Şeýdibem ol 1829-njy ýylda synçy hökmünde rus goşunyna goşulýar we Osmanly döwletiniñ çäklerine gadam basýar. Soñra ol bu syýahaty barada "Erzuruma syýahat" atly eserini ýazýar, onuñ başga-da birnäçe eserlerinde Erzurumdan alan täsirleri bardyr. Moskwa dolanan Puşkin Natalýa gaýtadan nikalaşmak barada teklip edýär. Ahyrsoñunda ol Natalýanyñ maşgalasyny hem razy edýär. Natalýa şonda-da oña belli jogap bermändir we onuñ şahyra bolan biparhlygy hemişe dowam edipdir. Uzaga çeken yzarlamalardan we gadagançylyklardan bizar-peteñi çyksa-da, ýazmagyny goýmandyr. "Ýewgeniý Onegin", "Zyýapat", "Dubrowskiý" ýaly ýaly eserlerini şol döwürde ýazýar. Gogol bilenem şol wagtlar tanyşýar. Şol sanda Gogola meşhur "Öli janlar" romanynyñ temasyny hem Puşkinin salgy berendigini aýdýarlar. • ÖLÜMI Şol wagtlar Dantes atly bir fransuz peýda bolýar we aýaly Natalýanyñ üstünde düşünişmezlik ýüze çykýar we şahyr Dantesu duele (özara atyşyga) çagyrýar. 27.01.1837-nji ýylda Sankt Peterburgyñ eteginde bir ýerde dueliñ wagty belleşilýär. Puşkiniñ ýanynda Danzas atly dosty bolupdyr. Atyşykda omzundan ýaralanan Dantes Puşkini garnyndan atýar. Iki gün geçenden soñra agyr ýaraly Puşkin öýle uçurlary aradan çykýar. Şahyryñ ýogalandygyny eşidip onuñ gapysyna ýygnanan we "Ýewgeniý Oneginiñ" soñky neşirini hem satyn alyp gutaran halk şahyryñ düşen bu tragiki ýagdaýy üçin hökümete garşy aýaga galmak isleýär. Şol sebäpli hadysalaryñ ýüze çykmagyndan çekinen polisiýa güýçleri gijäniñ içinde şahyryñ tabytyny gizlinlik bilen buthanadan alyp çykýar we Mihaýlowskoýe obasynda jaýlaýarlar. Gogol, “Puşkin adatdan daşary ahwaldyr" diýipdir. Dostoýewskiý bolsa oña has mistiki garap, “Puşkin bize gelejekten habar berýän pygamberimizdir” diýipdir. Puşkin döwrebap rus edebiýatynyñ döremeginde iññän wajyp rol oýnan beýik şahyrdyr. Ol kalssyk Günbatar edebiýatyny rus halk ruhy bilen utgaşdyryp, rus edebiýatynda “realistik akymyñ” başyny başlanlaryñ biridir. Puşkiniñ eserleriniñ aglabasy türkmen diline terjime edildi. • DÖREDEN ESERLERI - "Ruslan we Lýudmila"; – "Ruslan we Lýudmila (1820) (poema); - "Kawkaz ýesiri" (1822); - "Bakjasaraý çüwdürimi" (1824) (şiir) - "Syganlar" (1827); - "Beýik Pýotryñ araby" (1828) - "Poltawa" (1829) - "Kiçi tragediýalar" (1830); - "Boris Godunow" (1825) (dram); - "Pop we ogly Baldanyñ kyssasy" (1830) - "Belkiniñ powestleri" (1831); - "Patyşanyñ tymsaly" (1831); - "Dubrowskiý"; - "Prinsessa we ýedi gahryman" (1833); "Kapitan gyzy" (1833); - "Altyn horaz" (1834); - "Balykçy w tylla ballyk hakynda erteki" (1835); - "Ýewgeniý Onegin" (1825-1832); - "Bürünç atly" (1833); - "Ýemelýan Pugaçýowyñ gozgalañynyñ taryhy" (1834); - "Gawriiliada" - "Gorýuhino obasynyñ taryhy" (tamamlanmadyk); - "Rysaryñ hekaýalary"; - "Müsür gijeleri" (tamamlanmadyk); - "K A.P. Kern – AP. Kerne"; - "Garakçy doganlar" (pýessa); - "Graf Nulin"; - "Gyş agşamy" we başgalar... | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |