16:45 Almalyň oýunda / hekaýa | |
ALMALYŇ OÝUNDA
Hekaýalar
Bu mahal giň giden läle-reýhanlyga bürenen sähralykdan uç-gyraksyz gyrymsy tokaýlygyň içi bilen tebigatyň eçilen görk-gözelliginden ýetdik serpaýyny alan almalyň oýuna barylýan ýol-ýoda boşlaňdy. Hoştap howaly, göwnüňi göteriji, ylhamyňy hyjuwlandyrýan bu ýeriň at-owazasy ulus ile aýandy. Bu jennet mekanynyň onýyllyklara, belki ýüzyllyklara barabar ömri bardy. Diňşirgenip oturan adama, bu ýer dogrudanam özboluşlyja täsin syrjagazlara baýdy. Dagdan şaglap inýän çeşmäniň bulak başynda mesgen tutan halatyň ajap syratly, ululy-kiçili käkilikleň süri-süri bolup parlaýyp asmana galyşyna heýjanlyga örňän telwas ýüregiň joşup-joşup gidýärdi. Tebigatyň ynsana eçilen bu lezzetini deň paýlaşmak üçin göýä göz atuwyňda örboýuna galan syrdaşyňa el bulap, ýanyňa çagyranyňy duýman galýarsyň. Yhlasyňkam şeýle bolupdy. Ol bu ýere geleli bäri henizem gözüniň görýänlerine ynanmaýardy, dag tebigatynyň sahylygyna haýran galyp seredýärdi. Oba bardygy Tawusy hem bu ýerlere gezdirmegiň arzuwyny etdi. Belki, Tawus hem onuň bu teklibi bilen ylalaşar. “Ýo-ok, ol bolmaz, ilden-günden uýalar. Onsoňam, gyz halyna bir ýigdekçe bilen bu ýerlere täk özi gelmäge ol şeýle samsykmy?” diýip, öz sowalyna özi jogap berdi. Bu mahal gyzyl-ýaşyl kebelekler gülden-güle gonuşyp, ine-gana uçuşyp ýördi, kertik-kertik gaýalardan eşidilýän käkilikleň hoştap sesi, ho-ol aşakda bolsa arkasyna kersenini ýükläp, öz peýwagtyna haýsydyr bir işiň peşine düşen pyşbaga synçy üns-nazaryňy özüne çekýärdi. Serçeleriň jurk-jürküldileri-hä öňde bir ýerlerde mekgejöweniň üstünde oňuşman uly goh turuzýan serçeleriň bolşuny ýada salýardy. Garaz, bu ýerde synkeş adamlara synlara zat kändi... Yhlas bu ýere ir säher kakasynyň motoskletini münüp gelipdi. Ýogsam bu aralyk paý-pyýadalap ýöräp geçerden uzagrakdy. Almalyň oýy hakykatdanam alma agaçlarynyň mekany bolup, bu ýeriň ululy-kiçili alma agaçlarynyň sany-sajagy ýokdy. Miwesiniň ululygy welin melleklerde ösdürilip ýetişdirilýän almalara garanda ownuk-uşakdy. Hersi başam barmak ýaly bolşup duran telpek-telpek böwürslenlerdir hoz agaçlarynyň köplügi bolsa bu ýeriň ýene bir aýratynlygydy. Oba adamlarynyň uly-kiçisi şol böwürslenlerden her ýyl gyşlyk mürepbe taýarlardylar.Onuň ujy-gyrasy ýokdy, kändi. Häzir welin olar bişip ýetişerden irdi. Ýogsam, bişdigi bu ýerler eli bedreli, ýüz-gözleri ýaglyk bilen ýapylan gyz-gelinlerden dolardy, olar bilen Tawusam gelerdi. Geçen ýylyň güýzünde-de şeýle bolupdy. Bu ýere Yhlasyň özi hem gelipdi. Onsoň şol günler diýseň hezil geçerdi. Bu ýyl welin Yhlas gelip biljek däldi. Basym şähere ugramalydy. Yhlasa mugallymçylyk ugrundan okuwa girip, talyp bolmak bagty miýesser edipdi. Synpdaş gyzy Tawus welin nämüçindir hiç bir okuwa-da synanyşyp görmändi. Yhlas bolsa onuň sebäbini soramak üçin onuň özi bilen şu gün-erte gürleşmekçi bolup ýördi. Belki ol okuwa täze ýyl gider, belki-de ol öňden höwes bildirýän guşçulyk kärhanasynda işlemäge galar. Yhlasyň bu gün gök maýsaly bu ajaýyp jülgä gelmeginiň özüne ýetik sebäbi bardy. Aslynda Tawus Yhlas bilen eden gürrüňinde almalyň oýy diýlen ýerde üýtgeşik, gündizlerine parça-parça açylyp, gijelerine ýapylýan bir owadan gülüň bitýändigini mamasyndan eşidenligini habar beripdi. Kimde-kim şol güle üç günläp, her säher tagzym etse, göwün maksadyna ýetýärmişin diýýäler diýipdi. Garry mamasynyň adyny Tawus dakmagynda-da şol gül-gunçaly deräň tawus guşy sebäp bolupmyşyn diýdi. Hawa, onuň Yhlasa aýdan sözleri sadaja şulardan ybaratdy. Bolany. “Bar senem almalyň oýundaky güllerden getirip, bagtyňy synap gör!” diýip, ony ýola salan bolsa başga gep!? Şol günüň ertesi Yhlasyň täk özüniň hiç kes örmänkä ur-tut ümdüzine tutduryp gitjegini bilen bolsa-ha, belki onuň ýanynda bu gül hakynda asla dil ýarmasa-da ýarmazdy. Yhlasyň Tawusy ýatlanyndanmy-nämemi, şo pille onuň göz atuwynda gyzyň owadan keşbi peýda boldy. Özi-de, ylla, Yhlasy görmeýän ýaly, taýagatym ýerde ösüp oturan şol täsin gudratly güllerden çemen bogmak bilen müşgüldi. Gyzyň derek boýly, inçe billi, akmeňiz ýüzli nurana keşbinde, çulum-çulum ätleýşinde hakykatdanam tawus guşunyň syratlylygy, kümüşsöw ýelekleriniň owadanlygy duýulýardy. “Tawus peri bilen görkli, bilbil—owazy bilen” diýilmänmi. Ýöne Yhlas tawus guşuna birjigem durmuşda gabat gelmändi. Şonuň üçinem o gezek paýtagtyň gözel künjeginde ýerleşýän janly muzeýinde saklanýan tawus guşlaryny ýöriteläp, ýakynyndan synlap-synlap gaýdypdy. Ol diýseň owadan, syratly guşdy. Ol henizem ho-ol uzagrak bir ýerde “gül ýygnap ýören” Tawusy ýanyna çagyrmak isledi. Haýran galaýmaly, onuň Tawus diýýän gyzy Yhlasy görmedi, asla oňa bakan gabagyny hem galdyraýyn diýmedi. Gaýta gaýra-gaýra çekildi-de, basym gözden ýitdi.”Ýogsa-da, ol gyz Tawus däl bolaýmasyn!? Eger ol hakykatdanam Tawus bolan bolsa, onda onuň bir özüniň bu ýerlerde ne köri bar? Bärik gaýtjak bolsa-ha maňa hökman duýdurardy ahyryn. Belki ol bu gülüň gudratyny menden öň synlamakçy bolandyr.Aý, name diýseňem, öz-ä…”. Ol birgiden sowaly öňünde keserdip goýsa-da, barybir Tawusyň şu ýerdeligine ynandy. Şonuň üçinem Tawusyň giden tarapyna bakan: “Ta-wus! Ta-wus! Bu, men Yhlas!” diýip gygyrdy, özem sesiniň ýetdiginden gygyrdy. Onuň sesi daglara-gaýalara düşdi, gaýdybam öz sözleri gulagyna gelip ýaňlandy. Ol kyn-gyssaga düşdi. Soňam Tawusly pikirlere çümüp barşyna, üýtgeşik gülleriň toplum-toplum bolup ösüp oturan ýerine aýgytly ädim urdy. Ine, şu ýerde-de ylla özüniň gelerine garaşyp duran äpet bir geçi gaplaňyny görüp, sakga durdy. Ne öňe, ne yza, duran ýerinden butnap bilmedi. Gaplaň daýawdy, özem hyrsyz gözlerini ondan birjigem aýyrmaýardy. Yhlas onuň niýetiniň düzüw däldigine bada-bat akyl ýetirdi. Içiňden parran geçip gidýän eýmenç gözlerinde mähir-muhabbetden nam-nyşan görmedi. Yhlasyň öňünde duran ene gaplaňdy. Ýöne ene gaplaňam bolsa, barybir, edil beýleki kowumlary ýaly ýyrtyjydy. Bular ýaly çola ýerde gabat gelen awyny-ha asla sypdyrarly görünmeýärdi. Gylyçdan ýiti dişleri bilen agyz uran ýerini goparyp aljakdy. Hakyt “Göni gelen keýigiň iki gözünden başga aýby ýok” diýlenine bardy. Yhlasyň häzirki düşen ýagdaýy hem şol keýigiň düşen halyna gaty meňzeşdi. Ýöne ol aýgytyň çözgüdi gowulyk bilen gutarypdy. Keýik janawar iki dyzyna çöküp, awça ýalbarma ýalbarýar: “Awçy, atma meni. Umydymy köýdürme. Meniň çülpeje çagajyklam bar. Men bolmasam olar heläk bolar” diýýärdi. Oňa duşan awçynyň hem ýüregi awap, dözümsizlik edip, ony öz ýoluna goýberen bolmaly. Eýse, Yhlas name etsin, ýalbar-ýakar etsinmi? “Meniň garaşýanym bar, meniň aşyk ýüregim bar” diýsinmi? Hany, ol haýwanlaň dilinde gürläp bilýärmi? Gaplaňyňam adam diline düşünmejegi köre-hasa. Soň name boldy?.“Aljyranyň aňy bolmaz” diýlenine bardy, Yhlas gara der bolsa-da, erkini elden bermedi, umydyny üzmedi. Ajal bilen ýüzbe-ýüz duranlygyny bilýärdi. Ahyrynda bu garpyşykly söweşiň kimiň peýdasyna gutarjagy, onuň näçe wagta çekjegi belli däldi. Ýyrtyjy bardy-geldi üstüne topulaýanda, her edip, hesip edip ondan goranmalydy. Oňa yzynda mähriban ejesi, aga-inileri, aşyk gyzy Tawus dagylar garaşýardy ahyryn. Yhlas töwerek-daşyna naýynjar göz gezdirdi. Golaý-goltumda odun-jagrama gaýdan obadaşlarydyr mal yzynda gezip ýören çopan-çoluklara-da gözi düşmedi. Tawusyň “giden” tarapynda-ha adaja şemal öwüsýär diýmeseň, gymyldy-hereket ýokdy. ” Men indi bu çol beýewanda bir aç gaplaňa şam bolup, ýaş başyma ölüp-ýitip gidibermeli bormukam?!” diýip, şo dem içini gepletdi. Geň göräýmeli, gaplaňam oňa ylla oýlanmaga puryja berýän ýaly, lukmasyna howlukman, bolup durşy güýç toplaýana meňzeşdi. Ýamany, Yhlasyň elýeterinde bir bölek daşdyr taýagam ýokdy. Bolaýanda-da ony alyp biljekmi-ýokmy, sähel-mähel hereket etdigi, gaplaň üstüne towusjagy ikuçsyzdy. Hiç kesden haraý bolmajagyna göz ýetiren Yhlasa dine öz güýjüne daýanmakdan başga alaç galmady, barmaklaryny mäkäm ýumdy. Ol indi iki ýyl bäri mekdebiň boksçylar komandasyna gatnaýardy. Uly bir artykmaçlyk görkezmese-de bir gezek ökde boksçy Atageldi synpdaşyny-ha ýeňlişe sezewar edipdi. Ýöne häzirki garşydaşynyň aşa güýçlüligi olaryň çeni-çaky däldi, ol ýaryşda ýeňiş gazanmakçy bolup şöhrata kowalaşýan ynsan ýürekli boksçylaryň hilinden hem däldi, wagşydy, zalymdy, soňuny saýmaýan ýyrtyjydy. Sähel maý berdigiň, egin-eşigiňem, özüňem pers-ala edip taşlamaga taýyndy. Yhlas ykjamlandy,”Indi-hä, topulsaň gerek!” diýýän terzde garşydaşynyň hüjüm ederine garaşdy. Gaplaň bolsa uzyndan düwürtikli dilini daşyna çykaryp, tüýlek dodagyny ýalmap durşuna assa-assadan öňe ädim ogurlaýardy. Ony Yhlas aňýardy. Çünki aralyk öňküsinden-de dem-dem ýygjamlanypdy, bäş ädim, dört ädim, üç, iki … Ine, şo mahalam name boldy diýseňizläň! Yhlasyň çep jübüsindäki el telefony jyňňyrdap ses etdi.Yhlas oňa üns bermedi. Açylmadyk telefon yzyny üzmän jyňňyrdady. Möjek bu sese başyny saga burup durşuna diňşirgedi. Birdenem Yhlasyň sag gapdal jübüsindäki ikinji bir telefon hasam batly ses bilen jyňňyrdady. Garaz, iki telefon iki ýerden jyňňyrdap, birsellem goh etdi. Bu sesler gaplaňa ýaramadyk borly, zudalla gaçyp gitdi. Bolup geçen ýagdaýlara, özüniň düşen halyna äm-säm bolup galan Yhlas duran ýerinde dyzyny epdi. El ýaglygyny çykaryp maňlaý derini syldy. Bu nähili ahwalat? Bu nähili synag? Ol bu bolan zatlara düşünmedi. “Belki ene gaplaňyň oňa ýüregi awandyr. Belki-de, güýjüniň asgyn geljekdigine akyl ýetirendir”. Yhlasyň aýaklary henizem sandyrap durdy. Ol baryp çeşme suwundan yzly-yzyna goşawujyny dolduryp, başyna çekdi. El-ýüzüni ýuwdy. Birneme özüni dürsänden soň, howlukmaç güllerden ýygmaga durdy. Gaplaňyň gaýtadan peýda bolaryndan heder edibem ýol ugrunda goýlan motoskletine bakan ýöneldi. Ine, şu ýerde-de hälki ýagdaý ýene-de gaýtalandy, ylla öňünden dilleşilen ýaly, el telefonlaryň ikisi-de bir wagtda jyňyrdady. Ýogsa-da,Yhlasyň ajal bilen ýüzbe-ýüz duran pursatyndaky jaňlar kimlerden geldikä? Muny bilmek ony eşiden her kes üçin hem gyzykly bolsa gerek. Onda, geliň, biz biraz sabyr edeliň. Yhlasa ony anyklamaga maý bereliň. Ine-de jogap: ilkinji jaň eden käbesi Soltan, soňky jaň edenem Tawus bolup çykdy. Ol jaňlar ýönelige urlan jaňlar bolmaly däldi. Bu işiň içinde başga bir iş bardy. Hiç bolmanda, onuň halyndan habar alan bu iki naçaryň ikisiniň hem gursagynda göterýän ýüreklerini bir-biriniňkä kybapdaş mähir-muhabbetlik, duýgurlylyk eýelän bolmalydy. Bu hökman şeýledir. Çünki Yhlasyň uly howpdan aman-sag galmagyna dine şol jaňlar sebäp boldy ahyryn… Bu mahal Yhlas almalyň oýuny yzda galdyryp, eýýämhaçan oba barýan ýodadan ýola düşüpdi. Goçy ANNASÄHEDOW, ýazyjy. | |
|
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |