12:00 Altynjy palata / hekaýa | |
ALTYNJY PALATA
Hekaýalar
A.Çehowyň eserine wariasiýa – Krowat getirýärler. – Koridordaky sese diň salyp ýatan Garly özbaşyna seslendi. Onuň sözüni gutararyna mähetdel iki sany ak ýekýatly gyz palatanyň gapysyny açyp, krowaty içeri salmaga durdy. Baýjan zöwwe ýerinden galdy: – Bu näme etdigiňiz boldy? – Göreňzokmy, krowat salýarys – diýip, ak ýektaýly owadan gyz Baýjanyň soragyna görä jogap berdi. – Bu dört krowaty az görýäňizmi? Palatany skladdyr öýdýäňizmi? Ynsabam ýok sizde. – Baýjanyň bolşy ýarysy içeri salnan krowaty daşary çykaryp zyňaýarly göründi. Emma beýtmedi, krowaty elleşdirip gördi-de, yzyna öwrüldi. – Uly-uly ýygnaklarda pylança kesellini bejerdik diýip magtanjaksyňyz. Pylança kesellä azar berdik diýip öwüniň siz. Ynsap ýok sizde, ynsap. Horja gyz owadan gyzyň elinden çekip, nämedir bir zatlar diýdi, ikisem sesini çykarman gitdi. Baýjan haşyldap, jozzuk ýüzüni sypap, krowatyna geçdi. Nädendirin diýýän ýaly, Garlynyň ýüzüne äňetdi. Işige ýakyn krowatda ýatan Garahana ýüzlendi. – Bar, krowaty koridora çykar. – Ony koridora çykarsam, meni keselhanadan çykararlar – diýip, şilliň uzyn Garahan burnuna salyp gürledi. – Kesellini sagaltman, keselhanadan çykarmaga haklary ýok bularyň – diýip, Baýjan ýaly çişik kişi – palatadaky dördünji keselli krowatyny durşuna sese öwrüp, aýagyny aşak sallady. – Sen hak-hukugyň gürrüňini edýäň, men bolsa ýeňsämden südenekletjek hakykadyň. Gaharyny getirseň, wraçlar her işem eder. Ömürlik maýyp etselerem, alaç tapmarsyň. Ukol, derman ellerinde olaryň. Sançjak bolup gelenlerinde, ellerindäkini mikroskopyň aşagyna alyp durmuň? Adam öldüren wraça aňry gitse käýinç berýärler. Wessalam. – Hiç kim Garahanyň janykmasyna üns bermedi. – Zat diýmeseň, bu ynsapsyzlar palatany krowatdan doldurjaklar – diýip, Baýjan medsestra gyzlara aýdan sözleriniň palatadaşlaryna nähili täsir edendigini bilmek isleýän ýaly, her kimiň ýüzüne seredip çykdy. – Diňe biziň palatamyzda dört krowat bar, beýleki palatalarda bäş-altydan goýupdyrlar. Dokuzynjyda-ha sekiz krowat dur – diýip, krowatyň getirilýändigini palatadaşlaryna ilki aýdan Garly Baýjany synlady. Onuň bolşy palatadaşyny goldamaýan ýalydy. – Garly jan, bularda ynsap ýok. Zat diýmeseň, edenini edip ýörler. Keselliniň üstüne keselli dykyp ýörmän, iki-üç etažly keselhana gursunlar. Kim şuny gadagan edýär? Hiç kim. Bular kesellileriň rahatlygy hakda oýlananoklar. – Baýjan, dogry aýdýaň. Gaty dogry aýdýaň. – Kakyş lopuş käsesini göterip, Baýjanyň ýanyna bardy. Onuň termosyndan bir käse çaý guýundy. – Guýyber, guýyber. Ine, bu haltajykda daşary ýurt süýjüsindenem bar. Getirip durlar-a. – Bilýän-le. – Kakyş lopuş bir penje süýji, bir käse çaý alyp yzyna öwrüldi. – Ynha, hä diýmänkäk ertirlik getirerler. Şoňa çenli çaý içip, içimizi syraly. – Dostlar kän-le. Getirerler. Guşuň süýdünem tapyp getirerler. – Baýjan Garahana ýüzlendi: – Çykarsana krowaty koridora. – Bir zat diýerler-how. – Kim çykardy diýseler, meni görkez. Baýjan çykardy diý. Kim gelse özüm gürleşerin. Palata nobatçy wraç geldi. Yzynda-da hälki ak ýektaýly medsestralar. – Baýjan, senem bu palatadamy asyl? – diýip nobatçy wraç ýylgyrjaklady. – Gowulaşýaňmy? – Gowulaşmasyna gowulaşmanam duramok welin, rahatlygymyz ýok. Näme, bu palatany keselliden dolduraýjak bolýaňyzmy? Dört krowaty az görýäňizmi? – Size azar berilmez, Baýjan, arkaýyn bolaý. – Nobatçy wraç medsestralaryň üstüne azgyryldy: – Hany, muny altynjy palata geçiriň. – Altynjy palata-da şu – diýip, owadan medsestra gözüni güldürdi. – Ýedinjä geçiriň. Köp gaýtalatmaň! – Ýedinjide owalam ýedi krowat bar. Nobatçy wraç medsestranyň jogabyna gaharlanyp, titir-titir etdi: – Bu-da sekizinji bolar! – Bärde boş ýer kän. Ýedinjide bolsa krowat ýerleşer ýalam ýer ýok – diýip, owadan gyz tekepbirlik etdi. – Gürrüň gutardy. Aýdylanyny ediň. Agyr näsag getirildi. Ol operasiýadan çykýança krowaty taýýar bolmaly. Iki medsestra getiren krowatyny ýene koridioryň ugry bilen şakyrdadyp alyp gitdi. – Garahan, seniň ýaly towşan ýürek adam başga ýokdur. Inspektorlar sende ýürek goýmandyrlar. Ä? He-he. Şofýor bolmanyma şükür. Owadan gyz gapydan boýnuny uzatdy: – Daşary çykmaň. Ýene bäş minutdan obhod boljak. – Owadan gyz birje minut aýak çekseňizläň. Siziň bilen gürrüňimiz bar. Palatanyň ähli çlenleri bolup, sizden bir zat soramak isleýäris – diýip, Baýjan ýylgyrjaklady. – Siz durmuşa çykdyňyzmy ýa indi çykmakçymy? – Ony näme üçin soraýarsyzyň? – Siziň bilen goş birikdiren adamyň nähili ýürekli, edermen adamdygyny bilesimiz gelýär. Eger ol bar bolsa, goý biziň palatamyza gelip gitsin. Oňa seredip hezil etjek. – Siziň meslikden başga keseliňiz ýok. Size pagta ýygdyrmaly. – Kime pagta ýygdyrmaly? – diýip, wraç Aşyr Narlyýewiç birgiden ak halatly wraçly, medsestraly içeri girdi. – Öwlüýägulyýewa. Onda hiç hili kesel ýok. Ýoldaş Aşyr Narlyýewiç, bu adamyň operasiýa edilen ýeri bireýýäm bitişip gitdi. Muny öýüne ugratsaňyzlaň. – Aşyr Narlyýewiç, keselhanada siziň aýdanyňyz bolýarmy ýa bolanok? – Ýeri, ýeri gaharlanmasana, Baýjan. Düýnki işe gelen çagajyk bilenem deň bolup dursuň. – Men çagajyk däl, Aşyr Narlyýewiç… – Owadan medsestra çykdy gitdi. – Terbiýe görmändir – diýip, Kakyş lopuş Baýjana ýuwdunyp seretdi. – Baýjan, ol seniň çagaň ýaly ahyryn. Onuň sözüni göwnüňe alyp ýörme. Giňräk bol. Şu zamanyň ýaşlaryna näbeletmi sen. – Aşyr Narlyýewiç Baýjanyň krowatynyň gyrasynda oturdy. – Näme kem zadyň bar? Gije nähili ukladyň? – Guzy ýaly ýatypdyryn. – Hany, köýnegiňi galdyr, kesilen ýeriňi göreýin. – Bä, bü-ýä bitip gidipdir. Indi seni goýbersegem boljak. – Gyssanýaňyz-ow. – Her kimiň öz bähbidi – diýip, Aşyr Narlyýewiç ýylgyrdy. – O ýumşuzyňy göz öňünde tutýarsyňyzmy? Ony bitdi hasaplaýyň, Aşyr Narlyýewiç. Ýöne indi dogrudanam öýe baraýyn. Bu porsy palatadanam bizar bolupdyryn. Içim gysýar. Meni ertir goýberäýiň. – Ýaraň gowy bişişýänçä ýatybersene. Gyssanýan diýip men degişdim. Haçan barsamam ýumşumy bitirjegiňi bilýän ahyryn. – Ýatybildik-le. Beýleki köriçegesini kesdirenler bir hepdeden çykýar. Meniň ýatanyma on gün boldy şu gün. – Baýjan, sen howlukma. Hemmämiz bile çykarys. Ýene iki-üç gün ýat – diýip, Kakyş lopuş Baýjanyň birden ötägitmeginden howatyrlanýan ýaly, gorkuly seslendi. – Ýatyp bildik-le. Bu gün çagalaryma eşigimi sargaýyn. – Ertir diýseň ertir – diýip, Aşyr Narlyýewiç yzyndaky eli žurnally medsestra pyşyrdap nämedir bir zatlar aýtdy. Garla gözüniň gyýtagyny aýlap, onuň ýanynda säginjek ýaly etdi-de, Kakyş lopuşyň deňinde aýak çekdi. – Köýnegiňizi galdyryň. – Doktor, meni haçan goýberjek? – diýip, özüne üns berilmedigine kemsinen Garly sandyrawuk ses bilen sorady. – Özümiz aýdarys. – Meniňkini görmediňizem-le? Gyralarynda iriň ýygnanypdyr. – Onda nä haçan goýberjek diýýäň? Iriň ýygnanan bolsa entek ýatmaly bolarsyň. – Ol Kakyş lopuşa ýüzlendi: – Başlygyňyz jaň etdi. Ýagdaýyňyzy sorady. Tizräk aýaga galmagyna kömek ediň diýýär. Siz, näme, maňa üns berlenok diýip arz etdiňizmi? – Ýok-la, Aşyr Narlyýewiç – diýip, Kakyş lopuş howsala düşdi. – Siziň ýaraňyz bitibermedi-le?! Ynha, bu ýeri ýene jaýrylypdyr. Işdäňiz nähili? – Oňuşmazça däl. – Oňuşmazça däliňize nähili düşünmeli? – Kesel adamyň işdäsi bolýarmy näme, Aşyr Narlyýewiç. Aç oturmaýyn diýip, berleninden iýen-ä bolýan. – Birinji, ikinji iýiň. Çörek iýmejek boluň. Ýagly-ýüzlüden saklanyň. Gatyk içiň işdäňiziň aldygyndan. – Sag boluň, doktor. Ömrüňiz uzak bolsun. – Aşyr! – diýip, Baýjan ýerinden turdy. – Garahanyňam ýarasyna seretsene. Wraç gelse aýt diýip bizar-petegimi çykardy. Men görer diýsemem rahatlananok. – Garahan Hekimow – diýip, medsestra gyz žurnalyndan okady. – Operasiýadan soň dört gün. – Hökman göreris. Näsaglaryň ýagdaýyny görmek, olary sagaldyp goýbermek biziň mukaddes borjumyz. Onuň üçin hiç kimden haýyş etmegiň geregi ýok, ýoldaş Hekimow – diýip, wraç Garahanyň operasiýa edilen ýerine seredişdirdi. – Saragyny çalyşmaly. Gelenler çykdy gitdi. Palata ýeňil dem aldy. Garlynyň kemligi tutdy. «Kakyş lopuşyň ýanynda oturdy. Ýarasyna seretdi. Maslahat berdi. Baýjanyňkyna-ha sypap bejeräýjek bolýar». Garly uludan demini alyp, aňyrsyna öwrüldi, diwary dyrmalady. – Öwlüýägulyýew! – diýip, goňşy palatada bolan näsag içeri girdi. – Men – diýip, Baýjan garysyna galdy. – Sizi çagyrýarlar. – Geläýsinler palata. – Goýbererlermikän? – Goýbermän bökerlerem. Öwlüýägulyýewiň ýanyna gelipdirler diýäý kim sorasa. Köp wagt geçmänkä ýaňky näsag yzyna öwrülip geldi: – Turup bilýän bolsaň, baraýsana. Goýberenoklar. – Garahan, bar alyp gaýtsana. Düşnüklije edip aýt. Meniň-ä ýerimden turasym gelenok. Öwlüýägulyýewiň ýanyna geldiler diý. Garahanam iş bitirmän geldi: – Öwlüýägulyýew bolman, Hudaýgulyýew bolanda-da, palata kesekini goýberjek däl diýdi. – Kim-aý meniň bilen erjeşýän? – Şo owadan medsestra. – Ynsap ýok eken-aý onda. – Baýjan garry adam ýaly yh-çohlap ýerinden turdy. – Senden almytyny alar-da dynar ol. – Kakyş lopuş ýuwdundy. – Ýa ol seni söýüp ýören bolaýmasyn? Diýýän sözleri näzi bolsa nä bilýäň? – Onuň ýaly söýmek bom-aý. Halys bizar etdi ol. Baýjan ýarym sagat çemesi güýmenip, her eli bir sumkaly içeri girdi. Kakyş lopuş ylgap baryp, onuň sumkasynyň birini aldy: – Sen agyr zat götermeli däl. Bize aýdaýmaly ekeniň-dä. Bileleşip getirerdik. – Wah, agyr zat götermeli däldigimi bilýän. Bilsem nädeýin, ol ynsapsyz yzymdan gelenleri içeri goýbermese. – Bu zatlary tumboçkaňa salmalymy? – diýip, Kakyş sumkaň içindäki kagyza dolangy zatlary dörüşdirdi. – Salyp durmasana. Häzir iýeris. – Baýjan palatadaşlaryna seredip, dabaraly äheňde gürledi. – Ýoldaşlar, hany, turuň. Bu getirilen zatlar bütin keselhana ýetjek. Et buglap getiripdirler. Iýeliň jem bolup. Bu kastrýuldaky näme? – Swejije çorba – diýip, Kakyş lopuş ýuwdundy. – Beýleki zatlaram çykaryşdyr. – Zat kän ýaly-la. Alma-da bar eken. Şundan iki-üç sanysyny alaýyn-la. – Al, al. Ýigitlere-de ber. Gelseňizläň. Iýiň nesip etdiginden. – Sumkalaryny eltip ber, garaşyp durmasynlar. – Kakyş lopuş boşan sumkalary Baýjana uzatdy. – Men buglamany juda gowy görýän. Baýjan sumkalary äkitdi. Kakyş lopuş alty sany gyzyl almany öz tumboçkasyna saldy-da, ýassygyň aşagyndan uly agaç çemçesini çykardy. Çorbanyň etlerini süzüp iýmäge başlady. Ol agzyny şapbyldadyp işdämen iýýärdi. Buglamaň etiniň birini alyp, birini goýdy. Şapbyldysy artdy. Garly Kakyşa ýüzlendi: – Jan dogan, şapbyldatman iýsene. – Süýji bolupdyr. – Noş bolsun süýji bolsa. – Sag bol. Baýjan operasiýa edilen ýerini sypap içeri girdi. Ýylgyrjaklap: – Elim bilen bassamam agyranok. – Ol bir käsä çaý guýundy. – Hany gelseňizläň, ýigitler. Gyz ýaly çekinip dursuňyz. – Medsestra gyzymyz ýalymy? – Garahan öz degişmesinden göwnühoş bolup, «saçak» başyna geldi. – Şony ýatlamasana. Al, iýiber. Wiý, buglama gutardymy? – Azajyk eken ol – diýip, Kakyş lopuş iki almany aldy-da, ýerinden turdy. – Şulary iýjekdirin, Baýjan. – Iýiber, iýiber. Garahan, al senem baryndan. Gutarsa ýene getirerler. Men barkam hiç zadyň aladasyny etmäň. Men sizi hor etmerin. – Baýjan aňyrsyna öwrülip ýatan Garla ýüzlendi. – Garly, men-ä seniň bolşuňa düşünýän däldirin. Näme, bu getirilen tagamlarda awy bardyr öýdýäňmi? Öýkeli ýaly bolup ýatman, goşulsana bize. Hem-ä söweşdeş, hemem keselhanadaş dost ýaly gowy dost bolmazmyş dünýäde. Hemmämizem dertdeş biziň. Ýa seniň bizden göwnüň galdymy? – Ýok, ýok. Men hiç wagtam ir bilen nahar iýemok. Iýesimem gelenok. – Hiç bolmanda şu iki almany iý. Bili bükülen aýal ýarym göwresini içeri salyp, Kakyş lopuşa seredip gürledi: – Baýjan daýy kim bolsa daşary çyksyn. Çagyrýarlar. – Häzir barýan. – Baýjan Garahana gözüni gypyp goýberdi. – Aýtdym-a men geler durarlar diýip. Içerde Kakyş lopuşyň süýjüdip, kütürt-kütürt etdirip alma iýşi eşidildi durdy. Garly onuň çaltrak iýip bolmagyny isledi. Iýip oturan almasyndan näçeräk galanyny görmek üçin başyny galdyrdy. – Näme gerek? – diýip, Kakyş lopuş gorky bilen sorady. – Rahatlyk… – Ýegençäm gelipdir – diýip, Baýjan palatadaşlaryna göz aýlady. Kakyş ýerinden turdy. – Kagyza dolangy zadyň näme? – Bilemok men-ä. Hoz ýaly-la. Kakyş lopuş Baýjanyň elindäki kagyza dolangy hozdan bir penje aldy-da: – Bazaryň hozy eken – diýdi. – Süýjümikän? Iýip göreýin. – Iýip gör. Alyň, ýigitler, sizem. Garyndaşlarym, dostlarym molodes. Getirip durlar. Hormatym, abraýym bar meniň. Kakyş lopuş hozuny alyp krowatynda oturdy. Dişi bilen hoz çakmaga durdy. Arabajygy tigirläp, ertirlik getirdiler. – Maňa gerek däl – diýip, Baýjan haram zat hödürlenýän ýaly gaşlaryny çytdy. – Berlen zatdan ýüz öwürseň, hudaý halamazmyş. – Kakyş öýünden getiren okarasyny süpürişdirdi. Nahar guýýan aýalyň alkymyna dykylyp bardy. – Doktor maňa çorbany etliräk guýduryp iý diýdi. – Doktoryň biz-ä aýdan zady ýok – diýip, nahar guýýan gartaň aýal gözlerini petredip, Kakyşa seretdi. – Ýadyndan çykarandyr. Ýogsam ol hökman aýdardy. Onsoňam doktor maňa Baýjanyň paýynam iýäý diýdi. – Özi iýmese, başga berjek däl. – Berjek däliň bolmaz – diýip, Baýjan gaharlandy. – Öz jübiňden çykýan ýaly, walla. Heý, sizde ynsap barmy? O nähili berjek däl diýip bilýärsiňiz. Iýer ýalam-a däl nahar diýip getirýäniňiz. Onam gysganýaňyzmy? Iýilýänine şükür ediň. Guýuň şu adamyň okarasyna meniňem paýymy! Garahan bilen Garly nahar iýmäge başlady. Garly birki çemçe iýip-iýmän, naýynjarlyk bilen Kakyşa seretdi: – Kakyş, senden ýekeje haýyşym bar… – Jan dogan, menden hiç zat haýyş etme. – Men çydap bilemok, agzyňy şapbyldatma. – Senem şeýdip iýäý… Gapy kakyldy. – Boh-ow, meniň eziz işgärim gelipdir. Murtuňa döneýin, işgärim – diýip, Baýjan titije geýnen, murtluja, garaýagyz ýigidi ör turup garşy aldy. – Başlyk jan, sen bolmasaň, edara edil mazarlyk ýaly. Barasyň gelenok. Gyzygam ýok. Bar gelşigi-gyzygy sen ekeniň. – Dilleriňe döneýin, işgärim. – Başlyk jan, keýwanym saňa nahar bişirip iberdi. Gyzgynjadyr. Şundan nemet. – Titi ýigit getiren zatlaryny nirede goýjagyny bilmän, töweregine garanjaklady. – Goýara ýer ýokmy? – Kakyş lopuş ýerinden turdy. – Häzir tumboçkanyň üstündäki zatlary aýyrýaryn. Nirede duranda näme. Gerek wagty alaýarsyň. – Ol tumboçkanyň üstündäki zatlary özüniňkä geçirdi. Garly naharyny iýip, daş çykdy. Operasiýa edilen ýerini tutup, biraz eglibräk barşyna oturgyçlaryň birinde oturdy. Töweregine göz aýlady. Her kim öz aladasy bilen başagaý. Kim keselhana ýetip gelýär, kim gidip barýar. Oturgyçlaryň boşy ýok. Otyrlar gürleşip. Seredip otursaň, şäherde adam galman, bary keselhana geläýen ýaly. Garla üns berýänem, seredýänem ýok. Özüniň bolup oturyşyna içi gysdy. Kimdir biri bilen ýürekden gürrüň etmek isledi. Kim bilen gürrüň etjek? Wah, işläp ýören wagty derdinişere adam kändi ahyryn! Ýöne ol adamlaryň birem keselhana gara berenok. Ýogsam olar Garlynyň keselhanada ýatandygyny bilýändirler-ä! Ynha, ol işe barar welin, dostlarynyň hersi onuň bilen gadyrly salamlaşar. Keselländigiňi eşitmändiris, ýogsam yzyňdan barardyk diýerler. Ýa işimiz köp boldy diýerler. Ýüregiňde bolsa dostuňa näme bolandygyny eşidibem bolar, yzyndan barmaga wagt tapybam. Ýöne … Wah, Baýjanyňky ýaly, uly iliň işi düşýän ýerde işlemeli eken! Seniň ylmy-barlag institutyňy kim başyna ýapsyn! Hana, Ýazly, doganym diýjeksiň, gara bermän ýör. Keselhana düşen günüm yzymdan şo gelip gidişi. Ondan bärem bir hepde geçipdir. Operasiýa nähili geçdikä, ýagdaýy nähilikä diýip geläýmeli ahyryn! Gelenok. Dogrusy, ol aýagyny agyrdyp on üç gün keselhanada ýatanda, menem yzyndan bir gezek barypdym. Ýazly hem karzymy berdim diýýärmikä?! Garly keselhanada ýatan bir hepdesiniň içinde uly bir açyş eden ýaly boldy: Başyň ýassyga ýetende dosty-ýaryň ýürekdeşligi, halyňdan habar alyp, «Derdiň irsin» diýip gitmegi has zerur gerek eken. Dost diýip gatnaşýan adamlaryňy ýatlap çykýan ekeniň. Olaryň gelerine garaşýan ekeniň… Ol gapdalynda oturandan çilim sorady. Otlandy. Öň çekip ýörmänsoň, ajy tüsse onuň ýüregini bulady. Çilimini zyňyp goýberdi-de, ýerinden turdy. Günortana çenli keselhananyň howlusynyň içinde gezmeleşdirip güýmendi. Soňam uklaryn diýen pikir bilen palatasyna ugrady. – Ýitigimiz geldi – diýip, Baýjan seslendi. – Näme bolýar-how saňa? Her gün ýitäýmäň bar seniň. – Aýlaň-çaýlaň etdim — diýip, Garly sowuk jogap berdi. – Garly, saňa günortanlyk alyp goýdum. Hana, tumboçkanyň üstündedir. Içerin diýseň çaýam bar – diýip, Garahan çäýnegini göterip, Garlynyň ýanyna geldi. – Maňa-da guý – diýip, Kakyş lopuş oturan ýerinden käsesini uzatdy. – Kakyş kim bolmaly? – diýip, horaşaja medsestra palata göz aýlady. – Men, men. – Kakyş lopuş laňňa ýerinden galdy. – Yzyňyzdan aýalyňyz geldi. – Häzir barýan. – Yzyndan aýalynyň gelenine magtanmakçy bolýan ýaly, Kakyş lopuş arçyndy. Palatadaşlaryna howalalyk bilen göz aýlady. Ol on minut çemesi wagt geçensoň dolanyp geldi. Getiren sumkasyny krowatyň üstünde goýup, hüňürdän boldy. – Gelip durlar, gelip durlar. – Ol tumboçkasyndaky kagyza dolangy zatlary sumkasyna saldy. – Berip goýbereýin bulary. Bu ýerde dursa zaýa bolup gitjek. Zaýa bolandan, goý, çagalar iýsin. Aý, şujagaz hozlaram berip goýbereýin-le. Bärde iýilmez. Getirip durlar. Çagalarym juda hozçul meniň. Garly ýüzüni polotense bilen ýapdy. Edilýän gürrüňlere üns bermezlige çalşyp ýatdy. Garaňky gatlyşyberende ony Garahan yralap oýardy: – Yzyňdan gelipdirler. Garly palaw iýip oturan Baýjan bilen Kakyş lopuşa gözi kaklyşandan başyny aşak saldy. Gözlerini owkalaşdyryp, daşary ugrady. Egnini ýygryp duran aýalyny görüp, oňa nebsi agyrdy: – Hazzar sypyndym – diýip, Sadap biraz horlanan adamsyny synlady. – Çagalary sadikden alýançam, nahar bişirýänçäm giç bolup gitdi. – Çagalary kime goýup gaýtdyň? – Kime goýup gaýdaýyn? Özli-özleri. Ulujamyz-a ýykylyp, maňlaýyny çişiripdir. Wah, biz bir mydar ederis-le. Seniň ýagdaýyň nähili? Haçan goýberjek diýdiler? Çagalar «Menem kakamyň ýanyna äkit» diýip, aglaşyp galdylar. Olaryň seni göresi gelýär. – Meniňem göresim gelýär olary. – Garly çagalaryny göz öňüne getiren bolarly, birsalym oýa batdy. Aýalyny ugratdy. Owadan medsestra gyz Garlyny saklady: – Aýtsaňyzlaň, siziň ýanyňyzdaky ulumsy nirede işleýär? – Şonam bileňokmy? Ony şäherimizde tanamaýan ýok ahyryn. Ol uniwermagyň ketdesi. – Tanamok. Baýdygyny bilýän. Özem ol halal adam bolmaly däl. Şeýle adamlary görsem, gaharym gelýär. Aýratynam olar baýlygyna baýrynyp, bir zat etseler ýa diýseler. – Gaharyňyzy saklap bilmeseňiz, işden kowarlar. – Garlynyň diline gelen söz şu boldy. – Eýýäm kowdular. Ertirden başlap, çagalar bölüminde işlemeli. – Ol ýerde gowy işlärsiňiz. – Ol ýerde-de wezipeli adamlaryň, gurpluja adamlaryň çagalaryna seredilişi aýratynmyş. Eşitdim olar hakda-da. – Onda ol ýerde-de işlemek size kyn düşer. Garlynyň yzysüre owadan medsestra içeri girdi. Näsaglara gradusnik paýlap çykdy. Soňundan gelip, olary ýygnap, žurnala belledi. – Ah-ow, mende gyzgyn bar ýaly-la. Häliden bäri mazam ýok meniň. Büý-ä 38-denem geçipdir – diýip, Baýjan geňirgendi. Owadan medsestra onuň gradusnigini silkişdirdi: – 37 diýip ýazaýaryn. Baýjan çykyp giden owadan medsestranyň yzyndan seredip galdy: – Walla, bu nähili adam-aý? Hiç ynsap ýok. – Terbiýe görmändir – diýip, Kakyş lopuş elindäki almany süpürdi. – Şuny işden çykartmasam, Baýjan adymy aýraryn. Walla, para berip işden çykartmalam bolsa bererin. Meniň garşyma gidip gönenen adam ýokdur. Biri gapydan jyklady: – Öwlüýägulyýew barmy? Daşary çykyň, çagyrýarlar. Ýene biri geldi: – Baýjan kaka diýip kim bar? – Men bar. – Baýjan gapa gönükdi. – Yzyňyzdan geldiler. – Adamlar maýmyn ýalydyr. Işiniň düşjegini bilseler, gelerler, baý, gelerler. Ha-ha-ha. Barybir, men olara gerek diýen zatlaryny peýda görmän-ä bermen. – Şu sözüňi dogry aýtdyň. – Garly dillenenini duýman galdy. – Ha-ha-ha. – Baýjan çykdy gitdi. Palata näsaglaryň biri geldi-de, hiç kimiň ýüzüne seretmän howlukmaç gürledi: – Kakyş bilen Garahan Öwlüýägulyýewiň ýanyna barmaly. Ol size daşarda garaşyp dur. Garly Garahan bilen Kakyş lopuşyň çagyrylyp, özüniň çagyrylmadygyna geň galdy. Bu kemsindirmemikän?! Garly özüniň näme üçin çagyrylmandygyna derrew düşündi: Garahan bilen Kakyş lopuşyň hersi bir sumka göterip içeri girdi. – Bizi gul ýaly görýär-eý ol – diýip, Kakyş lopuş hüňürdedi. – «Şulary palata eltiň» diýýär. Özem başga biri bilen gürleşen bolup dur. Bize buýrar ýaly kimmiş ol? Ýokary bilimem ýok onuň. Sumka göteriň diýjegini bilen bolsam gitmezdim. Arabasyny uzakda tigirlesin. Men onuň guly däl. – Ýarawlygy ýok onuň, gyzgyny bar – diýip, Garahan getiren zatlaryny sumkadan çykarmaga durdy. – Onuň gyzgyny bilen, ýarawlygy bilen meniň işim ýok. Meni äsgermezçilik etmesin. Abraýly trestiň naçalniginiň orunbasary halyma men onuň ýüküni çekmen. – Kakyş lopuş getiren zatlaryny bir-birden barlaşdyryp çykdy. Iki sany gutaby, üç-dört nary alyp, öz tumboçkasyna saldy. – Meniň salkyn saýamda hezil ediň, ýigitler. Ertirem öýe gaýtjak. Geliň şu gün jem bolup, agzybirlikde naharlanalyň. Çaý içeliň. – Baýjan garnyny sypalap, ýerine geçdi. – Şunyň dogry pikir – diýip, Kakyş lopuş Baýjanyň tumboçkasynyň ýanyna geldi. – Ertir gaýtsaň, zatlaryňam äkitjekmi? – Ertire hiç zat galdyrmarys, Kakyş. Arkaýyn bolaý. Sen çäýnekleri çaýkaşdyryp gel. Garahan, senem çaý goýar ýaly suw getir. Garly ikimizem iýip-içiljek zatlary taýýarlaly. – Getir çäýnegiňi. – Kakyş lopuş Baýjanyň çäýnegini çaýkaşdyrmaga gitdi. Çäýnekleri ýuwup, içeri girişine geplemäge başlady: – Baýjan, ertir gaýtjak diýdiň-ow. Sensiz nädip günümiz geçerkä? Saňa halys öwrenişäýipdiris. Gyzykly-gyzykly gürrüňleriňi diňläp hezil edýäs. Keselhanadan çykanymyzdan soňam-a seni tapmasak bolmaz. Barsak tanaman durma-how. – Haçan barsaňyz meniň uniwermagym siziň üçin açyk. Baryberiň. Ýöne jübiňiz pully baryň. Ha-ha-ha. Mendenem gaty görmäň. Puluňa gerek zadyňam tapyp bilseňem telpegiňi göge oklaýmaly bu zamanda. – Bararys, saglyk bolsa. – Kakyş lopuş Baýjanyň gapdalyna baryp oturdy. – Baýjan, çaý içip bolamyzdan soň ikimiz keselhananyň howlusynda gezelenç etmäge gideli. Gije Garlynyň ukusy tutmady. Dostlary birin-birin göz öňüne geldi. Olar bilen hyýalynda hal-ahwal soraşdy. Yzyndan gelmeýändikleri üçin olara närazylygyny aýtdy. Garly nähilidir bir ses eşidip diňşirgendi. Kitirt-kitirt. Şap-şap… – Syçan bar – diýip, Garly garysyna galdy. – Hüşt! – Dogrudanam syçan bar. Menem kitirdisini eşidip ýatyryn. – Garahan krowatyny jygyldatdy. – Çyrany ýakaýaly – diýip, Garly ýerinden turdy. – Çyrany ýakyp durmaň, kitirdedýän syçan däl, men – diýip, Kakyş lopuş güňleç seslendi. – Halys ajykdym. Ýürekselik edinip ýatyryn. – Walla, sizde ynsap ýok. Gije uky bereňzok – diýip, Baýjan ukudan oýananyna gaharlandy. Kitirt-kitirt. Şap-şap... 1987 ý. Osman ÖDE | |
|
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |