18:56 Amerikan akademiýasy | |
AMERIKAN AKADEMIÝASY
Publisistika
Akademiýa eger bir zatdan jogapkär tutuljak bolsa, olam Ysraýyl "kabinetindäki" ganhor bandany we gyrgynçy hökümeti duruzmakdaky şowsuzlygydyr. Kolumbiýa uniwersitetiniñ kampusynda Ysraýylyñ Gazadaky uruşyny protest etmek maksady bilen gurlan Gaza Raýdaşlyk lagerinden bir pursat / Fotosurat: AP Jo Baýden halkara kada-kanunlaryñ gadagan eden zadyny - ýokary okuw jaýynyñ umumyýaşaýyş jaýyna hüjüm edendigi üçin özünkini dogry etmegiñ gamyny iýýär. Bu, Londondaky ýa Pariždäki köpçülikleýin halk çykyşlary ýaly däl. Bäri ABŞ-nyñ ýokary okuw jaýy. Bu okuw jaýy ABŞ-ny dünýäniñ iñ öñdebaryjy ýurtlarynyñ birine öwürdi. Hytaýda, Russiýada, Hindistanda ýokary okuw jaýy kän, emma Kolumbiýa, Garward, Prinston, MIT ýaly uniwersitetlere taý gelip biljegi ýok. Germaniýa, Fransiýa ýaly ösen ýurtlarda-da ýok. Bu okuw jaýlarynyñ bir ýüzi köplenç ABŞ bolsa, beýleki ýüzi Ysraýyldyr. Dünýä Genri Kissinžeri tanadanda, onuñ Garward uniwersitetiniñ professorydygyny aýdardy. Jon Kennedi amerikanlara özi barada aýdanda, iñ esasylarynyñ biri-de onuñ Garwardyñ uçurymy bolanlygydy. Amerikan akademiýasynyñ Ysraýyla goldaw berip çykyş etmegiñ ýerine, Ysraýyla garşy çykyş etmegi iki tarap üçinem howatyrlandyryjy taryhy pursat. Ysraýyl öz ömrüniñ esasy kepillendirijisi bolup duran ýurtda beýle öwrülişigi görmäge çydam edip bilmese gerek. Amerikan ýokary okuw jaýlarynda başlan zat meşhur 1968-nji ýylyñ rewolýusiýasynda bolşy ýaly Ýewropanyñ ýokary okuw jaýlaryna-da ýaýrap biler we esasanam professorlar talyplaryñ başlaýan rewolýusiýalaryna boýun egip eýerýärler, talyplar professorlara däl. Amerikan jemgyýetindäki şular ýaly ähli üýtgeşme üçin hemmeler Bruklinli Netanýahu atly ABŞ-la borçly. Araplar amerikanlary gurbanlaryñ palestinalylardygyna ynandyrmak üçin millionlarça dollar sowdular we Jorj Gallowaýdan uly tarapdar gazanyp bilmediler. Netanýahu dünýäni Palestinanyñ tarapyna geçirdi. Gazä garşy wagşyýana zulum etdi we durar ýerde durmady. Şolar ýaly köp bomba ýagdyrdy welin, Gaza yzly-yzyna atom bombasyna tutulan ýaly boldy, ol şonda-da durmady. Halkyny ölüme, açlyga, petige, ýykgynçylyga, tragediýa iterdi we häzirem ätiýaçdaky güýçleri iş başyna çagyrýar. Amerikan akademiýasy (okuw jaýlary) nasistik warwarlygyñ dowam etdirijisine we genosid muşdaklaryna garşy batyrgaý ahlak göreşini görkezmekde kän gijä galdy. Akademiýa eger bir zatdan jogapkär tutuljak bolsa, olam Ysraýyl "kabinetindäki" ganhor bandany we gyrgynçy hökümeti duruzmakdaky şowsuzlygydyr. Gazada her gün 37 gyz-oglan çagajyk ejesinden jyda düşýär. 1,7 million çaganyñ üstüne açlyk howpy abanýar. Akýürekli portugal Guterriş Netanýahunyñ gyrgynçylyklarynyñ nasistik wagşyýanalygyñ ýetjek derejesine ýeten wagty, adamzadyñ göz öñüne-de getirip bilmejek sepgidine baryp ýetjekdigini her gün diýen ýaly ýatlatmakdan el çekenok. Halkara guramalar, dünýäniñ çar künjündäki ylmy guramalar, hormatly we azat habar beriş serişdeleri, dünýä derejesindäki garaşsyz ýurtlar, Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasy, şeýle-de Halkara Jeza beriş sudy ýaly degişli guramalaryñ barsy Gazada gitdigiçe erbetleşýän ysraýyl zulmuna garşy çykýar. Jenap Baýden ABŞ-daky ýokary okuw jaýlaryny agyzdyryklap bilmez, jenap Tramp hem bularyñ barsynyñ we meseläniñ "Hamas meselesidigine" hiç kimi ynandyryp bilmez. Indi olaryñ ikisi-de prezident ýa-da prezidenlige kandidat bolup, bu sahna ýene näçe wagtlap sesini çykarman çydajagy näbelli halklaryñ garşysynda dur. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Ýekşenbe, 05.05.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |