Amyderýa Türkmenistanyň we Merkezi Aziýanyň iň uly we köp suwly derýasydyr. Derýanyň umumy uzynlygy 2540 kilometr bolup, onuň 1000 kilometri ýurdumyzyň çäginden akyp geçýär. Ol gözbaşyny Owganystanyň çäklerindäki deňiz derejesinden 4900 metr belentlikde ýerleşýän Hindiguş daglarynyň demirgazyk eňňidindäki hem-de Pamir daglaryndaky buzluklardan we garlardan alýar.
Derýanyň gözbaşyna Wahjir diýilýär. Soňra oňa Wahanderýa, ondan aşakda bolsa Penç diýlip at berilýär. Penjiň Wahş bilen birigýän ýerinden başlap, derýa Amyderýa ady bilen meşhur. Amyderýanyň jülgesi orta we aşak akymynda, bir tarapdan Garagum sährasyna, ikinji tarapdan Gyzylguma ýanaşýar. Ýurdumyzyň çäklerinde onuň suwy ekerançylyk üçin peýdalanylýar.
Geçmişde bu derýa dürlüçe atlandyrylypdyr. Häzirki adyny Amyderýa diňe VI asyrda Amul şäheri bilen baglylykda alýar.
Gadymdan bäri derýanyň iki kenaryny birleşdirýän köpri zerur bolupdyr. XIX asyryň ahyryna çenli derýanyň üstünden geçýän köpri ýok eken. Türkmenistanyň çäginde Amyderýanyň üstünden geçýän ilkinji köpri general Mihail Nikolaýewiç Annenkowyň ady bilen baglanyşyklydyr. Ol demir ýoluň gurluşygyna ýolbaşçylyk edipdir. Haçan-da şol demir ýoluň gurluşyk inženerleri derýanyň kenaryna gelenlerinde, olaryň öňünde «Nädip köpri gurmaly?» diýen sowal ýüze çykýar. Yhlasly zähmetiň netijesinde 1887-nji ýylda köpriniň gurluşygy tamamlanýar. Onuň uzynlygy 2 kilometrden gowrak bolupdyr. Gyzykly ýeri, bu köpriniň 4 aýyň içinde gurlup gutarylmagydyr.
Häzirki döwürde Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprüleri gurlup ulanylmaga berildi.
Şirin UMAROWA,
Farap etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň mugallymy.