22:53 Antik Ysraýyl monarhiýasy: Süleýman | |
ANTIK YSRAÝYL MONARHIÝASY: SÜLEÝMAN
Taryhy makalalar
Süleýman hernäçe urp-adatlara bagly ýaly bolup görünse-de, guran häkimiýetinde bu görnüşi bermek onçakly mümkin bolmandyr. Neberesi gelip çykyşy boýunça şondan bir asyrdan öñ Ierusalim patyşasynyñ golastyndaky hettli Uriýa baryp direýär. Şular ýaly urp-adatçy ýa-da gelip çykyşy boýunça arhaik Amori kultlary bilen bezelen gurluşy bilen garşymyza çykmagy örän ähtimal bolup görünse-de, doly manysynda şular ýaly meselede ylalaşykly bolup galmak dogry däl. Ýehowaçylygyñ ýüze çykan döwürlerinde bu ynanja eýe onlarça ysraýylçy bolsa-da, Uriýa bu ynanja birnäçe gezek garşy çykypdyr. Tebigaty boýunça Dawutdan düýpgöter tapawutlanypdyr. Döwrüniñ aristokrat gatlaklary Dawudyñ getiren düzgünlerine gulak asmandyr, gaýtam olar ahlak ýykgynçylyklarynyñ dörändigini hemişe agzapdyrlar. Ýehowaçylyga garşy hudaý we aýal hudaý düşünjeleri siriýa ynançlaryna şol bir wagtyñ özünde ýumruk çeneýärdi. Süleýman hem beýleki ysraýyl çagalary ýaly ömrüniñ ilkinji ýyllaryny kakasyndan uzakda geçiripdir. Bu uzaklyk ataly-ogul gatnaşygy taýdan öñe çykýarwe bu gatnaşyk jemgyýetçilik mejburylygy bolup garşymyza çykýarmy, ol eýýam aýry çekişmäniñ temasydyr. Şu sebäpli köplenç diýen ýaly çagalar ejeleriniñ saýasynda ýehowaçylygy özleşdiripdir we şu boýunça hem ahlak gurluşy şekillenipdir. Salesman döwrüniñ dolandyryş masştabyny çyzmakçy bolsak, şu görnüşde düşündirmek mümkin: Palestinanyñ Maweraýy-Iordaniýa sebitleri bilen birlikde onçakly ilatlaşmadyk Dymaşky, Ammont we Edoby-da öz içine alypdyr. Süleýman öz golastyna alan bu sebitlerinde aslynda monarhiýany gurup, oñyn netijeleri gazanýardy. Süleýmanyñ kakasy-da añrybaş urp-adatçy ýaly bolup görünse-de, bu pikir onuñ ogluna dakan ady bilen çapraz düşýär. Süleýman ysraýyl dilinde duş gelýän at bolmansoñ, bu ady oña nämäni niýetläp dakandygy-da belli däl. Süleýmanyñ imperiýasy gülläp ösen döwründe faraonyñ çäklerine çenli giñäpdir, hatda bu giñeliş faraony howatyrlandyryp başlansoñ, ol gyzyny Süleýmana nikalap bermäge mejbur bolupdyr. Antik Ýakyn Gündogarda gurulýan syýasy maksatly maşgalalar hernäçe geñ dilemma bolsa, ýakyn medeniýetleriñ maşgala gatnaşyklary bilen utgaşmagy diýseñ möhümdir. Faraon bilen baglaşylan ylalaşyklaryñ netijesinden görnüşi ýaly, Süleýmanyñ ady şondan soñ palestinalylaryñ howandary hökmünde agzalyp başlanýar. Onuñ häkimiýeti demirgazyk-günbatar sebitlerinden Ýewfrat derýasynyñ boýlaryna çenli uzapdyr. Edil palestinalylar ýaly dymaşklylar hem Süleýmanyñ häkimiýetini ykrar etmeli bolupdyr we bu ýagdaýa palestin-ysraýyl çaknyşyklarynyñ başlangyç sepgidi hökmünde baha bermek bolar. Häzir bu geografiýa seredenimizde-de Ýewfrat bilen Şamyñ arasynda absolýut bir poseleniýeçi tapmak mümkin dälkä, birem şu sebitde YŞYD, PKK, YPG, YPJ ýaly terrorçylykly toparlar ot gorsap ýörkä, häzirki Ysraýylyñ bulary görmezlige salmagy syýasy argumentden başga zat däldir. Antik döwürde bolsa bu sebitde baş galdyryp biljek toparlary görmek mümkin däl. Süleýmanyñ salgyt ýygnaýjy emeldarlary-da bu sebiti uzak wagtlap dolandyryp bilmekden ejiz gelipdir. Süleýmanyñ çeken serhetleri bir tarapdan täsirsiz geografiýalaryñ monarhiýasyny gurmakdan başga zat däl. Sur patyşasynyñ mazar işçileriniñ töleg garşylygynda Süleýmanyñ Ýehowanyñ şanyna gurýan Ierusalim ybadathanasynda diýseñ möhüm meseledir. Bu ybadathana özi bilen birlikde birgiden külpetleri-de getiripdir, şeýle-de munuñ bilen baglanyşykly Süleýmanyñ alys ýurtlardan harby gulluga esger getirtmegi-de gutulgysyz ýagdaýa öwrülipdir. Häkimiýetini guranda Finikiýanyñ patyşasyna bergisi bolandygy üçin öz çäklerinden onlarça obany oña bermeli bolupdyr. Monarhiýanyñ gurluşy, elbetde, gozgalañlara we ol gozgalañlaryñ ganly basyp ýatyrylmalaryna sebäp bolupdyr, şonuñ üçinem onuñ sagdyn binýatly hökümdarlyk sürendigini aýtmak kyn bolar. Şeýle-de, bu netije soñky ýyllarda-da öz täsirini görkezip durupdyr. Umut ATASEWEN. @atasevenoffica 11.12.2021 ý. © The Independentturkish | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |