07:54 Äriniñ üstüne är getirmäge synanyşan imperatrisa Messalina | |
ÄRINIÑ ÜSTÜNE ÄR GETIRMÄGE SYNANYŞAN IMPERATRISA MESSALINA
Taryhy makalalar
Imperatoryñ aýaly Messalina oýnaşyny imperator etmek üçin onuñ bilen toý tutdy Kaligula taryhyñ gören rehim-şepagatsyz imperatorlarynyñ iñ zannyýamanydy. Köp adam Nerony zalym hasaplaýar, emma dumly-duşy oda beren bu telbe imperatoram Kaligula ýaly bolup bilmändi. Gözi eglenen her aýalyny zorlan we günde onlarça guly zalymlyk bilen öldüren Kaligula 41-nji ýylda tagtdan agdarylanda, rimliler bir beladan dynandygy üçin uludan dem alypdy. Kaligula Kaligula agdarylypdy. Emma döwlet agdarylyşygyny gurnanlar onuñ ýerine kimi oturtmalydygynyñ pikirini etmändiler. Tagtda oturdylmaly adamyñ simwoliki taraplary bolmalydy. Senat we goşun ýurduñ döwlet dolandyryşyny eýelände, ol ýerde imperatoryñ özi bolmaly däl-de, ady ýöremelidi. Şonuñ üçinem ýeke artykmaçlygy aristokrat maşgaladan bolan we agdarylyşykdan soñ ölümine garaşan Klod (Klawdiý) şol duran ýerinde Rim imperatory edilipdi. Klodyñ tagta çykmagy bilen goşun Rim hökümetini ymykly penjesine gysdy. Klod (Klawdiý) Öte gowşak adam bolan Klodyñ ýönekeý esgerler tarapyndanam silterlenip ýörlen gurjakdan enaýy ýeri bolmandyr. Wagtyñ geçmegi bilen gowşakdygy sebäpli Kloddan özlerine zyýan gelmejegini bilip, harbylar silterläp ýörmeklerini azaldypdyr, Klod simwoloki taýdanam bolsa imperator şekilli ýaşamaga başlapdyr. Rim taryhçysy Sueton Klod barada şeýle diýýär: "Hökümet işlerinde köplenç aýallarynyñ we gyrnaklarynyñ isleglerine boýundy. Ol hökümdara däl-de, gula meñzeýärdi. At-abraýy, derejäni, çini, ýaragy, ýagşylygy, jezany köplenç näme edýändigini-de bilmän töweregindäkileriñ bähbitlerine, simpatiýalaryna, hatda ynjylaryna görä paýlaýardy". Klodyñ bu bedibagtlygy az bolýan ýaly, Waleriýa Messalina atly aşa ahlaksyz aýala öýlenip, ony imperatrisa edipdir. Taryhçy Ýuwenal bu şowsuz nikadaky ýürekbulanjy ýerleri şeýle beýan edýär: "Klod her gün agşam içginiñ we aşa köp iýmegiñ täsiri bilen horlap uklamaga başlandan, Messalina ýanyna kenizeklerinden birini alyp, sessizje köşkden çykýardy. Garañkylykdan peýdalanyp we eşigini çalşyp jelephanalaryñ birine gidýärdi. Messalina şol ýerde çuw-ýalañaç bolup, göwüslerini altyn torda güjeñläp, tenini halkyñ hyrşyna berýärdi. Jelepçilik edende ulanýan ady-da Lisikady. Müşderilerine gowy hyzmat ederdi we tölenen hakyny-da alardy". Messalina aristokrat maşgaladan gelip çykansoñ, onuñ Klod bilen nikasy köşkde pozisiýasyny güýçlendirýärdi, emma rimli taryhçylaryñ aýtmagyna görä ol ärine aç-açan ikilik edýärdi. Şeýle-de ol Kloddan bolan gyzy Oktawia hem Nerona durmuşa çykyp, ýene bir belany Rimin başyna musallat edipdi. Messalinanyñ etmişleri az bolýan ýaly, Sirius atly aýally aristokrata göwün beripdir we gelşiklidigi aýdylýan ýaş aristokraty aýalyndan aýryp, özüne ograş tutunypdyr. Messalinanyñ hetden aşmalary wagtal-wagtal Kloda habar berilýänem bolsa, imperator bulary görmezlige salyp, söýgüli aýalyndan el çekip bilmändir. Imperatrisa Messalina • Mesallinanyñ pyrryldagy Mesallina hernäçe bileninden galmasa-da, Klodyñ barlygyna hem kanagat edip bilmändir. Kän wagt geçmänkä ol belli karara gelipdir. Klody öldürip, ýerine Siriusy Rimiñ täze imperatory edip belletmegi niýetine düwüpdir. Ol Klodyñ Rimde ýok wagy köşkde toý dabarasyny geçiripdir. Durmuşa çykýan imperatrisanyñ özi, öýlenýänem Sirius eken. Toýa çagyrylanlar gözlerini gören zadyna añka-tañka boluşyp, imperatrisanyñ toýuna şaýatlyk edipdir. Rim goşunynyñ serkerdeleri bu masgaraçylyga mundan artyk çydap bilmän, Kloda gyssagly Rime dolanmagy we günäkärleri jezalandyrmagy talap edipdir. Simwoliki bolanda-da, Klod ahyrsoñunda imperatordy we bu ýagdaý onuñ jylawyny elinde saklap duranlary beter ynjalykdan gaçyrypdy. Klod gazap bilen Rime dolananam bolsa, ýolda onuñ ýany bilen gelenlere aýalyna dözüp bilmejegini we ony aşa söýýändigini aýdypdyr. Messalina bolsa goşundyr Senatyñ öz eden hereketini oñyn garşylar we Klody tagtdan inderip oýnaşy Siriusy imperator diýip yglan eder öýdüpdir. Emma Klody ol tagta mynasyp görenler imperatoryñ gowşak şahsyýetinden diýseñ göwnühoşdylar. Şonuñ üçinem güýç toparlarynyñ barsy Klodyñ tarapyna geçipdi. Messalina şemalyñ tersine öwüsip başlandygyny gören badyna Klody ynandyrmak we özüne zyýan ýetirilmeginiñ öñüni almak maksady bilen ýanyna kenizeklerini alyp, Rime gelen imperatory garşylamaga gidipdir. Janpenalar Messalinanyñ ärine ikilik edip ýatyp-turan ähli erkeklerini toplap gylyçdan geçiripdir, ýöne Klod şular ýaly ýagdaýdan soñam imperatrisanyñ ölüm permanyny bermändir. Janpenalar Klodyñ buýrugyna garaşmazdan imperatrisany öldüripdir. Bu habary eşiden Klodyñ gynanjynyñ çägi bolmandyr. Ol kän wagt geçmänkä öz doganynyñ gyzyna öýlenip, diýseñ täsin nika baglaşypdyr. Klodyñ gyzy Oktawiýa Lusiý Domisiý Agenobarba durmuşa çykmagy Rim üçin iñ şowsuz nikalaryñ biri bolupdy, taryh onuñ ärini Neron ady bilen tanapdyr. Mehmet MAZLUM ÇELIK. @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Penşenbe, 17.08.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |