09:42 Atabaýewiñ bir iş güni | |
ATABAÝEWIÑ BIR IŞ GÜNI
Taryhy makalalar
TSSR HKS-niň ilkinji başlygy Gaýgysyz Atabaýew bilen bile işleşen adamlar bilen duşuşyp, söhbetdeş bolsaň olar Atabaýewiň belent adamkärçiligini, adalatly ýolbaşçylygyny ýatlaýarlar. Şeýle hem onuň ýanyna bir mesele bilen barsaň, şol işi bada-bat çözüp goýberýändigini aýratyn belleýärler. Arhiw materiallaryny agtaryp otyrkak, maşinkadan geçirilen üç gat kagyza gabat geldik. Ol ownukly irili 39 punkt. Ony Atabaýewiň bir iş güni diýip atlandyrsa-da boljak. Ol ertirki etmeli işlerini bir gün öňünden belli edip goýýan eken. Bu iş usuly işe ýolbaşçylyk etmegiň bir görnüşidir diýip pikir edýärin. Şonuň üçin hem ony doly görnüşinde okyjylara hödürlemegi makul bildik. Allaýar Çüriýew. * * * Pagta taýýarlanyşy hakda kimiň giňişleýin gürrüň berip biljekdigini anyklap, agşam sagat 6-7 aralygynda onuň bu hakda meniň ýanyma gelmelidigini aýtmaly. Şatunowskini şu gün sagat 2-ä çagyryp, umumy üpjünçilik meselesi hem-de çärýek bilen üpjün edilişi dogrusynda onuň habaryny diňlemeli. Umumy gurluşygy, şeýle hem respublikanyň gurluşygyny kimiň alyp barýandygyny anyklamaly. Agyr senagat halk komissarlygy, onuň upolnomoçennysy ertir, günüň dowamynda senagat maliýe planlaryna amal edişi hakda hersi öz ugry boýunça maňa habar bermeli. Hersi bilen aýry-aýrylykda gürleşip, olaryň tehniki işgärleriň doklatyna goşulyp biljekdiklerini duýdurmaly. Ýoldaş Ignaş bilen jaňlaşyp, maldarçylyk dogrusynda biziň dokladymyz boýunça ýörite maslahatyň çagyrylmagy gününi anyklamaly. Joraýew ýa-da onuň orunbasary meni 1932-nji ýylda alnyp barylýan suw desgalarynyň işleri bilen tanyşdyrmaly. “Kustpromsoýuz” kimiň ýolbaşçylyk edýänini anyklap, onuň ilatyň isleg bildirýän harytlary hakdaky habaryny diňlemeli. Golaýda Moskwadan, Soýuz transdan gelen N-ka ugurdan işiň gidişini tanyşdyrmak üçin meniň ýanyma ýakyn wagtyň içinde gelmelidigini duýdurmaly. Taýýarlyk görer ýaly, oňa 3-4 gün wagt bermeli. Ýoldaş Kowal bilen gürleşip, ýol gurluşygynyň neneňsi ýagdaýdadygyny maňa habar berer ýaly, duşuşygyň wagtyny anyklamaly. Güýzki ekişiň planynyň üstünde kimleriň işleýändigini anyklap, bu mesele dogrusynda tanyşmak üçin duşuşygyň wagtyny bellemeli. Ýoldaş Iodä balyk kombinatynyň gurluşygynyň näçe prosent ýerine ýetirilendigini bilip, şonuň bilen baglanyşykly hem Moskwa ibermek bilen telegramma taýýarlamaly. Ýoldaş Golosow (ol aşagyny gyzyl syýa bilen çyzypdyr, gapdalynda hem 28.10.32 diýlip ýazypdyr. A. Ç.) Çärjew-Horezm demir ýolunyň gurluşygy hakdaky dokladnoý ýazgy bilen tanşyp, maňa habar bermeli. Şeýle hem bu mesele dogrusynda BK (b) P MK iberiljek dokladnoý ýazgy hakda gürleşmeli. Joraýewa ýa-da onuň orunbasaryna, Etrek barada suw hojalygy uprawleniýesinde bar bolan materiallary ýygnamagy teklip etmeli, bu hakda maňa habar bermeli. Ýoldaş Golosow (aşagyny gyzyl syýa bilen çyzypdyr, gapdalyndan Gros diýip ýazypdyr. Iki çyzyk çekipdir – A.Ç.). Çärjewiň pamyk fabrigine degişli ähli materiallary ýygnap, onda bar bolan gurallaryň işlediliş ýagdaýy dogrusynda Halk Komissarlar Sowetine hat taýýarlamaly. Çünki bu meselede Özbegistan bilen käbir düşünmezlikler bar. Özbegistan özlerinde täze gurulýan pamyk fabrigine ol gurallaryň berilmegini soraýar. Biz bolsak, olary özümiziň ulanjakdygymyzy aýdýarys. Munuň üçin oňaýly şertleriň, baý çig bazasynyň ýeterlikdigine salgylanýarys. Ýylylyk seti bilen şu wagt kimiň iş alyp barýandygyny anyklamaly, bu mesele hakda maňa habar bermeli. Ýoldaş Golosowa, Türkmenistanda energetik merkeziniň bölüminiň, gurulmagy hakyndaky meseläni çözmek üçin degişli guramalary çagyryp, ýörite maslahat geçirmeli. Ýoldaş Prawda, SNIPS bilen öňki ýetilen ylalaşyklaryň esasynda, Türkmenistanda onuň bölümini açmak dogrusynda hat taýýarlamaly (protokoly). SNIPS bilen gelnen netijä görä, ol öz gezeginde ýerli gurluşyk materiallarynyň önümçiligi bilen baglanyşykly ýörite brigada ibermelidi. Ýoldaş Golosow, Garabogaza degişli materiallar bilen tanyşyp, himiýa kombinatynyň gurluşygy hakynda BK (b) P MK ýörite hat taýýarlamaly. Ýoldaş Golosow, Türkmenistanyň territoriýasynda sement zawodyny gurmak hakda hat taýýarlamaly, (ähli materiallar upolnýažpromda). Ýoldaş Golosowa, Aşgabatda aýna zawodynyň gurluşygy dogrusynda hat taýýarlamaly. (Ol gyzyl syýa bilen “munuň üçin uly komissiýa gelýär” diýip ýazypdyr – A.Ç.). Ýoldaş Golosowa, Garabogaz aýlagynda ýük daşamagy Narkomwodyň öz üstüne alandygy hakda BK (b) P MK-nyň adyna ibermek üçin hat taýýarlamaly. Ýoldaş Golosowa, Türkmenistanda özbaşdak geologiýa bazany gurmak maksady bilen Orta Aziýa Býurasyna ýörite hat taýýarlamaly. Bu mesele dogrusynda Soýuzgorrazwedka bilen ylalaşyk gazanyldy (protokoly bar) Orta Aziýa Býurosy muňa razylyk berenok. Türkmenistanyň territoriýasynda geologiki bazanyň zerurdygyny hatda delillendirmeli. Professor Borodin bilen baglanyşykly mesele bilen (meň munuň üçin Moskwadan telegraf arkaly habar beripdim) Türkmenkultuň direktoryny çagyrmaly. Ýoldaş Krasnobaýewe, geçen ýylyň gurlyşygynyň hasabyna Moskwadaky dynç alyş öýüne 100 000 manadyň geçirilip boljakdygynyň mümkinçiligi hakda maňa habar bermeli. Ýoldaş Iode, meniň görkezmäm boýunça Garabogaza bagyşlanýan ýörite çeper albom hakda name iş edilen bolsa habar etmeli. Mehzawodyň direktory Berdi Gylyjow bilen jaňlaşyp, olaryň öz gurnan ýagyş ýagdyryjy agregatyny haçan görkezip biljekdigi dogrusynda gürleşmeli. Ýoldaş Joraýewe – BIME bölüminiň direktoryna, haşar işlerini mehanizasiýalaşdyrylyşynyň gidişi hakda maňa habar bermeli. Ýoldaş Iode, TSSR Halk Komissarlar Soweti üçin Gatnaw ýollar halk komissarlygyndan kimdendigini anyk görkezmeli wagon almalydygyny tabşyrmak üçin Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasyna hat ibermeli. Ýoldaş Rodine, aýrylan relsleriň Türkmenistanyň territoriýasynda ulanylmagyň mümkindigini aýtmaly. Ýoldaş Rodine, nebitiň täze şahalaryny (Nebitdag) geçirmek, şeýle hem Jebel tarapa uzaltmak hakda proýektiň üstünde işlemeli. Bu babatda näçe serişdäniň, näçe möçberde relsiň zerurdygyny anyklamaly. Ýoldaş Iode, Narkomwodyň Kaspiniň kenar ýakalaryny öwrenmek üçin düzen komissiýasynyň işiniň netijeleri bilen meni habardar etmeli. Ýoldaş Iode Çärjew tipografiýasynyň gurluşygynyň işi hakda habar ediň. Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasyna hat ýazmaly. Meň Moskwa baran wagtym Türkmenistanda emeli süýüm fabrigini açmak hakdaky mesele bilen baglanyşykly hat taýýarlamak hakynda WOIF bilen gepleşdik. 1933-nji ýylda Moskwa barjak türkmen delegasiýasyny bu mesele bilen haýdan-haý tanyşdyrmagy hemde onuň bir komissiýany bärik ibermegi tabşyrmaly. Ýoldaş Golosowa, rezin zawodynyň Türkmenistana gaýtarylyp berilmegini sorap, SSSR HKS-ne iberjek hatyň proýektini taýýarlamaly. Ýoldaş Iode, Könederýa kanalynyň ýagdaýy bilen gysgaça tanyş etmegi hem-de öz täze işi hakdaky teklip bilen Öwez Atabaýewe, Daşkende telegramma ibermeli. Kommunal hojalygy halk komissarlygyna, Esengulyda gurlan suw desgasynyň ýagdaýyny maňa habar bermegi teklip etmeli. Şeýle hem bu işiň çaltlandyrylmalydygyny, sebäp diýende balyk kombinatynyň gurluşygyna girişmeklik hut şoňa baglydygyny duýdurmaly. Ýoldaş Iode, meniň Moskwada bolan wagtym birtopar mesele dogrusynda ýörite hatlar bilen Soýuz guramalaryna ýüz tutdym. Şolardan üpjünçilik meselesi dogrusyndaky hatlaryň kopiýasyny Moskwa gitjek türkmen delegasiýasyna bermegi hem-de bu meseleleriň indiki ykbaly bilen gyzyklanmagy hakda telegramma ibermegi unutmaly däl. Ýoldaş Iode, SANUPR-a telegramma iberip, böwrek sanitoriýasynyň direktorlygyna ýa-da onuň orunbasarlygyna bolar ýaly häzir bizde gowy kandidaturanyň bardygyny aýtmaly. Ýoldaş Odinokow GPU-nyň öňki jogapkär işgäri, häzirki wagtda onuň özüniň böwregi agyrly, ýörite däri-dermana mätäç. Özem kommunist, aşa işjeň adam. Ýakyn döwrüň içinde hemem ilkinji ýyllarda gaty köp iş etmeli boljakdygyny, şonuň üçinem işjeň adamlaryň gerek boljakdygyny nazarda tutup, biz Odinokowy direktorlyga ýa-da onuň orunbasarlygyna hödürleýändigimizi, bu hakda özleriniň nähili pikirdediklerini telegraf üsti bilen bize habar bermeklerini ýazmaly. Ýoldaş Sähedowa telegramma iberip, dizel meselesiniň nähili ýagdaýda çözülýändigini habar bermegini teklip etmeli. Fatýanow hakdaky meseläniň nähili çözülendigini Sähedowdan soramaly. “Oktýabryň ýalkymy” gazeti, 06.11.1987 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||