11:52 Ataköpek bilen interwýu | |
ATAKÖPEK BILEN INTERWÝU
Goşgular
– Käte şeýle bolýar, Ähli muşakgat Depäňden inýär-de, Çeýneýär seni. Düýnki dostlaň duşman bolup sürünýär, Töhmet öz erkiňe goýmaýar seni. Günälimi, Günäsizmi? – parhy ýok, Gygyrýarlar, Senem galýarsyň derde. Şahyr aga, aýdyp bersene, nädip, Baş alyp çykmaly şeýle döwürde. – Ilki bilen barlap görgün özüňi, Asla-da... Sanaşyp ýörmegin, oglum. Günäsizmi?.. Soňra gözlerne garap, Diňe birje gezek ýylgyrgyn, oglum. Muny seň özüňem duýýansyň, belki, Otdanam gazaply bolýandyr gülki. – Käte-de... «Doganjan» diýip çem gelen Tarypyňy sözläp, Perişdä deňýä. Uzadan ýeriňe ýetip dur gollaň, Wah, onsoň gabarlyp sygaňok dünýä. Mynasypmy, Dälmi? – pikire ýer ýok, Bir ýakymsyz şemal öwüsýär serde. Şahyr aga, aýdyp bersene, nädip Baş alyp çykmaly şeýle döwürde? – Paýhas bir aýnadyr... «Şöhrat» derdine Sataşan bolaýma... Sen görgün, oglym. Ýolgupmyň!.. Özüňe, tarypçylarňa Garap, birje gezek ýylgyrgyn, oglum. Derdiňden saplanyp gidersiň, çünki Melhemleň melhemi bolýandyr gülki. – Sizem beletsiňiz, Bagyşlaň menem Bir zady ýatladyp geçeýin size. Kä adam bar, Düşünmese nädersiň, Gönüläp, Ýüzüne basylan söze. Ýeri, şolmy many aljak gülküden. Hoş bor, gaýtam, saňa akmak diýer-de. Şahyr aga, aýdyp bersene, nädip Sypmaly, şol gabat gelse bir ýerde? – Ondamy?.. Daýangyn aýaklarňa sen, Ýok, onuň ýanynda durmagyn, oglum. Arany ep-esli açansoň yza Garap, soňky ýola ýylgyrgyn oglum. Aňsa-ha dermandyr hem otdur, gülki, Aňmasa, nätjek-dä, hiç zatdyr, gülki. * * * Nazym Hikmete Säher bilen ýene göwün galkyndy, Ýene «bolsadylar» çekdi elimden. Bu belent daglaryň saýasyna men Ýöräp geldim şol beletje ýolumdan. Synlap dagyň suratyny, durkuny, Ýylgyrdym, şatlandym misli bir çaga. Synlap dagyň baýlygyny, görküni, Onlap «bolsadynam» uçurdym göge. «Bir zad-a bolmaly, näme bolsamkam!! Dagyň buludymy, kümüş garymy. Magdanymy, ümürimi, gaýasy Ýa-da onuň injirimi, narymy?!» Men jogap gözledim şeýle sowala, Men jogap gözledim, çar ýana bakdym. Şol mahal bir ýerden «Gulak sal, bala...» Diýip, dagyň göwsün ýardyň-da, çykdyň. Gaýalardan-gaýalara dyrmaşyp, Diýdiň: «Ne gar, ne-de bag... bolgun, oglum. Başarsaň şolary özünde jemlän, Synlaýan dagyň dek dag bolgun, oglum... Säher bilen ýene göwün galkynar, Ýene «bolsadylar» çeker elimden. Şu belent daglaryň saýasyna men Ýöräp gerin şol beletje ýolumdan. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |