15:09 Awuly gözellik / hekaýa | |
Ýene bir sapak
Hekaýalar
■ Gysbybeýan: Nämüçin, bulanyp ýöreýär ýylan: – Gizlenip galypdyr Iblis öwrümi. Görk – syrly, jadyly, örtügi günäñ, Göz ýetirmän görke berme göwnüňi. ▶ AWULY GÖZELLIK Süýem barmagymyň naşyja jandaryň awuly posasyna tap getirmejek bolup, dumyljap, çüýremäň bäri ýanyndaky ýagdaýa düşüp, gaýtadan bitip gidişinden ýekeje-de alamat saklanyp galmadyk bolsa-da, yzanyň göwünden çykmaýan ekenine men şujagaz ýatlama serime gelen pursatynda ýene bir gezek göz ýetirdim: ... Agşamaralardy, Günüň ýaňy bataýan, batmadygam bolsa, bataňkyrlap duran wagtlary bolaýsa gerek. Heniz daşary ýagtydy. Gapynyň agzynda ýük maşynyň düýdüldisi eşdileninden, men edil onuň alkymynda peýda boldum. Sebäbi, öýümize häli-şindi gelýän maşynlaryň sürüjileri hemişe diýen ýaly dädemi işe alyp gidip, işden getirip duran tanyş adamlar bolanyndan soňra, men olardan ýadyrgap dyramokdym. Onsoňam, olar meniň çaga dünýämde ýakymlylyk galdyryp bilýän adamlardy. Bu gezek welin, Şyhy aga ýadaw görünýärdi. Onuňam öz sebäbi bar eken, olar sazak getiripdirler. Ýadawlygyndan bolsa gerek, bu gezek ol maňa hemişekileri ýaly nämedir bir zat diýjek bolup durmady-da, dädemiň çagyrmasyna mähetdel jaýa girdi. Indiki wezipe düşnüklidi. Agalarym-a sazak daşamalydy. Menem, düşnüksiz isleglerimiň yzyna düşüp, olara aýakbagy bolmalydym. Birki gezek duýdurdylaram, käýäbem gördüler. Dädem bolmadyk bolsa, şapbadam berseler beräýmekleri mümkin. Ýöne, olar aňsat şapbat berenokdylar. Onda-da ätiýaç bilen bir gyra çekildim. Ynha, meniň üçin gowy güýmenje: bir topbak sazak pürüniň arasyndan owadanja bir saryja, heniz görmedik möjejigim guýrugyny jaýtardyp, çykdy welin, işim şol boldy. Agalarymam özlerine azar bermesem razy. Ilki sazak çybygy bilen eýläk-beýläk dürtenem boldum. Şäher çagasynyň nirede gören zady. Üýrmese, aýylganç maýawlamasa, hyňranmasa biziň üçin gorkunjam däl ýaly. Tiz öwrenişdim, onda-da ätiýajy elden beresim gelenok, hernäme diýseňem, adam çagasy-da. Hernäçe, gysymlasym gelse-de, bu eýjejik, naşyja zada barmagymy degresim geldi durdy. «Haýt» diýýän ýok. Degirdim süýem barmagymy. Endamym «Jyzz» etdi. – «Eje-e» boldy. Ejem pahyr çykdy ylgap, «Haýt, oňa kim degdi». Agalarymyň biri seslendi. «Hiç kim, eje, hiç kim. Git diýsegem, gitmese näme özi». Ejem meni alyp öýe girdi. Barmagymyň ujundaky garaja nokada barmagyma çümen tikeniň jaýydyr öýtdüler. Çukaladylar. Ejem bir barlady. Dädem bir barlady, bolmady. Şapbat näme. Şapbat diýleni gantdanam, nabatdanam süýji eken oň ýanynda. Beterinden saklasyn diýleni boldy... Onsoň ejem pahyryň «Tiken gije gelin bolup, ýaşynyp oturarmyş, tutdurmazak bolarmyş!» diýeni bilen ylalaşyp, ertire goýdular. Şyhy aganyň haçan gidenini, onuň çaýyna-suwuna seredilenini, seredilmedigini bilemok «Näme kömek, näme kömek» diýip, elewräp ýörenini welin bilýän. Meni süýji-köke bilen köşeşdirmäge synanyşdylar. Barmagymam gaýym saradylar. Garny doýsa, kän bir aglamazak çaganyň sesi çykmasa-da, gözünden syrygýan ýaşlar onuň janyna agram salýan derdiň derejesinden nyşandy. «Ýykylyp dyzy sypjyrylsa-da, dyrnagy gopsa-da, kän aglamany bilmeýä, gyz şunymyz» diýip, mertligime, çydamlylygyma buýsanýan ejem gözýaşymyň yzy kesilmäninden soň, dädemi «Bir zat çakan bolaýmasyn, oýnan ýerini barlap göräýeli-dä, Garly» diýip, daş alyp çykdy. Ynha, ýaňky, ýer sürýän traktora çalymdaş, guýrugyny göterip ýören owadanja janaweri, çüýşe gaba salyp alybam geldiler, ýagta. – Dädem «Baý-ý-bow, Aýtäç, oglumyz aglamazça-da däl eken-ä, içýan eken-ä bi, özem ýedi bogun. Ejizräk uly adamlary gaýladyar-a bi» -diýdi. Bu sözleri eşiden ejem pahyryň iki sözüniň biri «Dogtara äkidäýeli, dogtara» boldy durdy. Dädem yrdyrjak bolup kän azara-da galmady, «Boluň, onda» diýdi, oňam ýüregi awaýandyr, ýöne welin, megerem, erkek mertligini edýändir. Onsoň, ýaňky «Saryjany» – janly traktory çüýşe gapda ýesirlikde galdyrdylar-da, meni dogtora äkitdiler. Ýöne dogtoryň öýünemi ýa hassahanamy bilmedim, ýadymda galmandyr. Dogtor diýiýän ak ýapynjaly adam, bolsa-da, ýagşy eken. Baranymyzdan bir ukoljygy jyzlatdy ýanbaşdan. Öň gorkup ýören ukolymyň dagy awusy hiç zadam eken-laý. Muny gören-de. Gaýtam birhili agyrym azalyp, yzam kemelen ýaly boldy. Barmagymyň eti çüýräp, hamy sal-sal bolan eken. Birinji gezek görşüm. Onda-da öz şirin janymda. Janymdan geçip barýan agyra seretmezden barmagymyň iki bognuny sepleşdirýän, unhaltanyň agyz tikisi ýaly inçejik ak sapagy görüp, haýran galdym. «Adamam sapak bilen çatylýamyka» diýen pikirem döredi kellämde. Ýöne zannyňy sarsyryp duran awy ünsüňi kän bir sowduranokdy... Dogtor, ýuwdy, artdy, «Gowy mazdyr şü maz, Garly» diýip, bir suwuklygy çyrşap, çalaja sarady. Soňundanam, barmagymyň daşyna tagta bölejiklerini goýdy-da «Tennarrak çekmeseň, hezil bermez, şü» diýip, çekip, daňdy. Ýene haçan habar almalydygyny aýdyşdyryp, ugratmaga çykan dogtor «Ertire goýmanyňyz-a ýagşy welin, ýöne sähel irräk getiren bolsaňyz gowy bolardy. Aý, zyýany ýok, emgegidir-dä. Gaýgy etmäň, ýaş çagadyr, biter gider, işşanlasa» diýip, göwünlik bermegem ýadyndan çykarmady. Dädemem gepiň gerdişine görä: «Şeýledir-dä, Görjegiň emgek bolsa, iki gözüň göm-gök diýipdirler ahyryn» diýdi. Erkek adamlaryň gürrüňine goşulybermegi halamaýanam bolsa, ejem pahyr maňa dözmän durşuna «Hawa-da emgek göz bilen gaşyň arasynda diýleni boldyda balamyňky» diýip meni göterip ugrady. Soň dogtora näçe gezek gidileni ýadymda däl. Ýöne meni awundyran ýaňkyja «Saryjanyň» süýr depesinden iňňe geçirip, bir zatlar edip ýörenleri doly ýadyma düşmese-de, hakydamda galypdyr. Oňa birhili gynandymam, dogrusy. Çynyňy aýtmaly bolsa, şol azara goýanyň sag elimiň ýa çep elimiň süýem barmagy ekenligi-de ýadyma düşenok. Ýöne süýem barmagymlygyny welin bilýän. Ýaradan-beýlekiden yz galmandyr. Ýa dogtor ökde eken ýa-da onuň özüniň «Gaýgy etmäň, ýaş çagadyr, biter gider, işşanlasa» diýip, aýdyşy ýaly boldy, garaz kemsiz bitipdir. Ýöne, şonda-da bu waka nämüçindir hakydamdan düşüp galmandyr. Megerem, beýan edilerine garaşan bolsa gerek. Owadanlykdan lezzet almaýan adam ýokur. Emma welin, oňarsaň, görke gereginden artyk göwün berme! Lezzet almak bilen göwün bermegiň arasy asman bilen ýer ýalydyr. Göwräň ýa-da gabaraň uly bolmagy-da mümkin. Güýjüň agdyk bolmagam ahmal, garaz, mümkinçiligiňe hernäçe göwnüň ýetse-de, ölçerip-dökmän, görkemenlige el urma, awunmaly bolmagyň ahmal. Awunmagam, hil-hildir. Onuň salan ýarasynyň bitmegem mümkin, bitmez ýara düşmegem ahmal. Ätiýaçly bol! ■ GYSGAJEM: «Owadanja» - diýip, elläp gördüm-de, Çagakam zährini datdym içýanyň. ... Kän ynandym: – şonçaragam aldandym, Indi – sowuk suwam üfläp içýärin! Aşyrmät GARLY. | |
|
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |