14:20

Aýal dogan

AÝAL DOGAN

Neçüýn gözleriň gülenok,
Ümürli sen, aýal dogan?
Aýaklam boýun egenok,
Gapyň maňa hyýal, dogan!

Bagtyň bizi ýyladyp ýör,
Göz degmesin günüňize.
Saňa ýüz berip bilemok,
Ýüz berýänlem ýüzüm ezýär.

Öýkeläňok öňküler deý,
Arada yssy ýylgyryş.
Durmuş bizi böldi ikä,
Uzaklaşýas garyş-garyş.

Seni mydam begendirip,
Beresim gelýär bir zatlar.
Ýöne ýok meniň elimde
“Sag boldan” başga hiç zadym.

Neçüýn gözleriň gülenok,
Ümürli sen, aýal dogan?
Aýaklam boýun egenok,
Gapyň maňa hyýal, dogan!

Enwer NYZAMOW.

Surat: Pablo Pikasso / "Iki uýa", 1902 ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 1504 | Добавил: Gurgencli | Теги: Enwer Nyzamow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024
Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024
Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024
Hasap / Goşgular - 18.02.2024
Bu şäherde / Goşgular - 10.02.2024
Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024
Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024
Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024
Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024
Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024

Teswirleriň ählisi: 2
1
1 Gurgencli  
324
Häzirlikçe ýeter:) gele gelmän goşgydan doldyrdyň diýäýmesinler:)

0
2 Nowgül  
371
"Neçüýn gözleriň gülenok,
Ümürli sen, aýal dogan?"
Şeýdip hal ahwalyňy gözüňden aňýan doganyň bolsa ne gözel sad

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]