23:10 Dert | |
DERT
Goşgular
...Ýowuz uruşdanam, gytçylykdanam, Has eýmenç bolarly garrylyk derdi. Atajan Annaberdiýew Uzak ýaşan, garrap giden bendäni, Şo bir sorag bilen edenler bizar: - Uzak ýaşamagyň syry nämede? Sarganyň tutjakdan, aýt, ine, biz bar! - Syr nämişlesin, how, aýylganç dertde, Ajy bir ýylgyryp diýýämiş garry. Gözlegňiz şu bolsa, saýlar hem seçer, Özi gelip tapar, görmäň azary! Gara çyndan bolsaň oňa höwesli, Öň aňta, hossaryň mertmidir, gurply. Ýa bolmanda zerurdygyn unutma, Saglygyň hem pully sandygyň, gulply. Ejize ezýetdir, garyba gamdyr, Nämüçindir, ýaş-ýeleňe bildirmez. Öldürib-ä öldürmez bu, garrylyk, Güldüribem, güldürmez. 2024 ý. Geldimyrat SEÝIDOW. | |
|
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |