09:25 Başgapsyz agdarylyşyk | |
BAŞGAPSYZ AGDARYLYŞYK
Publisistika
Ulular ownuk meselelere baglanyp galanlarynda, uly meseleler komediýa öwrülýär. Jo Baýdene garşy gönükdirilen agdarylyşyk haýsydyr bir "banan respublikasyndaky" zäherli agdarylyşyk ýaly bolup görünýärdi, diñe harby lybas ýokdy. Has dogrusy, ABŞ-nyñ Wekiller palatasynyñ başlygy prezidenti wezipe möhletiniñ gutarmagyna garaşyp durmazdan dessine işden gitmäge çagyryş edýär. Munuñ özi harby başgaplaryñ we tanklaryñ bolmadyk agdarylyşygy. Amerikan prezidenti taryhyñ iñ aýgytlaýjy pursatlarynyñ birinde kandidaturasy boýunça mantygyñ, halkyñ, akyl-paýhasyñ we aýratynam wyždanynyñ sesine gulak geregiñ ýerine "maşgalasyna geñeş salýar". Şahsy mertebesini bir ýana zyñyp, diñe ýumruklaşmagy bilýän, bu döwşügiñ syýasy dilini we şygarlaryny halaýan garşydaşyna garşy bihuda göreşen eken. Öñe saýlanan atyñ özüdigini aýdyp, aýlawyñ gyrasyndaky lagar düşen garry at ýaly bolup görünýändigini ýeke pursat boýun alasy gelmedi. Bu içgysgynç, käwagtam gülkünç sahnada ABŞ çagşamanyñ we partlamanyñ bäri ýanynda duran ýurt bolup görünýärdi. Uruşlara, şowsuzlyklara, ykdysady şertlere we hemme zada garamazdan ABŞ-nyñ şindizem duşmanlarynyñam sygynmak isleýän ýurdudygyny bilmeýän ýok. Hytaý pul we ösüş boýunça ondan öñe geçip biler, Hindistanam onuñ yzyndan ýetip biler. Russiýa, Ýaponiýa ýa-da Braziliýa ondan ozubam biler. Ýöne şeýle-de bolsa, haýsydyr bir zatdan gorkýanlaryñ howpsuzlyk duýgusy bilen gitmei isleýän ilkinji ýurdy ABŞ-dyr. Tramp "graždanlyk urşy" gorkusyndan söz açanda we döwlet ýolbaşçysyny äsgermeýän äheñde gürlände, ABŞ-nyñ bu aýratynlygy howp astyna girene meñzeýärdi. Baýden ABŞ-ny at-abraýy gaçan, ýurduñ demokratik gymmatlyklary nola dirän, döwletiñ gowuşgynsyz we dargan ýagdaýynda ýaryşdan çekildi. Prezidentlik ugrundaky garpyşygyñ soñky hepdeleri her dürli sypaýyşylykly ülñülerden daşdaky bähbitçillige öwrülipdi. Trampyñ çykyşlary bölünişikler we haýbatlar bilen doludy. Prezidentiñ gündelik saglyk ýagdaýyny ýatladýan çykyşynyñ üstüni ötünç soramalar, ýalñyşlyklar we dil sürçmeleri ýetirýärdi. Leýdi Makbet elmydama onuñ ýanynda gaşy çytyk halda, täze ýalñyşlyk goýbermeginiñ we samyrdamagynyñ gorkusy bilen garap durýardy. Bir paragrafy doly okap gutaranda, el çarpýardy we "Berekella, Jo. Ýene dört ýyl işläp bilersiñ" diýýärdi. Bolmaz ýöne. Gynanç bildirýäris. Ýene bir möhlete prezidentlik ýok. ABŞ we dünýä mundan beter dawa-jenjeli we nämälimligi göterip bilmez. Beýle lagşan prezident ýanan dünýäde mundan beýläk nädip sagdyn kararlary kabul edip bilsin? Özü-de oduñ içinde bolan Netanýahu bilen nädip gürleşip bilsin? Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Sişenbe, 23.07.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||