16:15 Aýdere / poema | |
AÝDERE
Poemalar
Gören adamlaryň gözün egleýär, Çynarly dereleň söwüdi, hozy. Köňül hyýalyňy aýdym eýleýär, Daglaryň depesi hyýaldan doly. Bulaklaň sesine gulak asýaryn, Bir ajap aýdymyň sözlerne meňzeş. Owadan asmanyň, ýaşyl asmanyň, Bir şahyr gardaşyň gözlerne meňzeş. Gije göge seçelenen ýyldyzlar, Gaýalaryň ganatyna degip dur. Hol burunda owlagyny emdirip, Bu dynçlyga maýyl bolan keýik dur. Bulak buldurdysy gaýa ýaň salýar, Güllerde galypdyr gündiziň yzy. Bu gijäniň leblerinden bal daňmýar, Häzir ýatmak agyr, gujaklap dyzy. Baglar, güller, bulak oýa batypdyr, Diňe parhsyz otyr köne mesene. Şok, häzir oýlanman, ümsüm oturmak, Juda kyn mesele, agyr mesele. Häzir maňa takat tapyp ýatmak kyn, Aýyň tylla zülplerini gujaklap. Humarlap ruhuna asudalygyň, Hem keýikleň ötjek ýodasyn saklap. Ýatmakkyn. Beýnide at çapýar pikir. Ýürekde lowlaýar ylhamyň şemi. Aýdere, gel, aýyr egniňden ýüküň, Birsalym, bileje söhbetleşeli. II. Ýigirminji asyr külterläp ýolun, Durmuş öňe barýar, ýyllary gyssap. Geçen eýýämleriň synasyn ýonup, Orta çykdy, şanly-şöhratly ynsap. Ýok, ol geçmişdäki horja, elizje, Harlanan, horlanan ýeňles ynsap däl. Ol çekiçli ynsanlaryň elinde, Ol orakly ynsanlaryň elinde, Oň badyna eýgeräýmek aňsat däl. Ynsany dillerden, ýaman sözlerden, Guran binýadyny goramak üçin. Şol binýada garan gyýa gözlerden, Hasabaty adyl soramak üçin. Doglan ynsap. Ýaradandan güýç alyp, Atalaň päk ruhun edinip baýdak. Bu gün adamçylyk ruhun çaýsa, Erte tutuş dünýä lepbeý diýp galjak. Ynsap ol. Oň mukaddes mährinden, Ýüreklermiz, damarlarmyz gandyryp. Gidip barýas öňe, beýik geljege. Päkiligi, eşreti yza galdyryp. Ýetjek menzillermiz ynsap dünýäsi, Gurjak binalarmyz - Adalat! Ynam! Ine, şoldur mukaddeslik senasy, Şonda parlak umytlarmyz birigen. Onsoň adalatyň beýik bossany, Biziň dünýämizde parlar ömürlik. Ýaşar, güllär, bezär Zemin-Asmany, Sowulmaýan bahar-ýaza öwürlip. * * * Ýöne heniz şol ynsabyň owadan, Mähriban gözlerne ýalynjaň garap. Aldaw-hilä garyp, lebzin ýuwudan, Betpäller her işde müň nysak tapyp. Bagtyňy bäş şaýa çalyşjaklar bar. Şol teteller aldaw-hilä-de ussay. Şoň üçin biliňi bek guşap, zynhar, Has-da kuwwatlan sen, mukaddes Ynsap. Iň bärkisi, gyş güni gar sorasaň, Ýok diýjek kän, olam umumy gardyr Goýulan ol diýlip: "Ili gora sen“, Ýok, misli sen batrak, ol bolsa handyr. Dişleri tylladyr, ýüregi kömür, Haýbaty ýuwhanyň haýbaty deýin. Ýeli bir çuwaldyr, gürlese welin, Seni ýuwutmaga edýändir meýil. Ol haram pälini ynsaby saýar, Ýekeje hoş güni oň üçin ynsap. Garawsyzy çakar, ejizi saýar, Dişin owratjagyň aýagyn ogşap. Gezjek ol. Özüniň mertebesini, Maly bilen, puly bilen ölçeýär. Ol il-güni ýagy bolup çürkeýär, Öz döwrüni güýe bolup örteýär. Ýegşenbede jygyllykda şo ýigit, Otyr ogurlygyn goltugna gysyp. Şo haryt dükanda durmaly, ýogsa, Ýokdur, sen balalaň agzyndan kesip, Juda zerur diýip, satyn alarsyň. Bäş, ýa alty bahasy bilen. Ýene-de, ertesi seniň ýanyňda, Şol öwüner, güpläp-güpläp öwüner. Ýa obadan onýyllygy tamamlap, Gelersiň merkeziň wuz-yna bakan. Synaglar gutarar, okuw başlanar, Görseň şo-ol üçlige zordanjyk okan, Klasdaşyň girip-çykyp ýörendir, Studentiň päk adyny zaýalap, Zybrym bäşlik alan geçmän, gaýdandyr, Ol galandyr daýysyny saýalap. Şol göüdük zehinler bäş-alty ýyldan, Täze göýdüklere hemaýatçydyr. Şoň üçin çyn zehin azalyp barýar, Şoň üçin zehine kem indi gadyr. Emen emmesini dişlejek näkes, Doglandan niýeti, pygyly bozuk. Heniz biziň aramyzda ýaşap ýör, Nurly döwrüň tegmil-garasy bolup. Şol tetelleraramyzda ýaşap ýör, Olar ynsabyň däl, baýlyk ýesiri. Ynsap onuň bogazyndan tutýança, Howlaýar ýüregiň, tüteýäň diri. III. Bilýäs, göreş tamam bolanok heniz, Bagtyýar döwrümde, eziz ilimde. Lebzini, ähtini, namys-aryny, Ýuwdanlar ýok däldir, heniz ilimde. Iň arzan harydy çörek, dükanlaň, Ýag iýilip, ýüpek geýlen zamana. Eýsem, bu bagtyýar, ajap döwrümiz, Aýyt, neýlemeli päliýamana. Arasa ynsabyň berjek aramy, Siňip-siňip ýürekleriň gatyna. Öz halal zähmetiň lezzetin duýup, Buýsanyp öz göwwnüň kanagatyna. Gezmek gerek, bu bagtyýar döwürde. Göwünleň törüni berip ynsaba. Aýdyň, näme mejbur eýleýär bizi, Bir-birekden göwn edere, ynjara. Ýok, hiç bir zat! Nebis bilen göreşip, Oň haram manysyn öçürmek gerek. Bize howa ýaly zerur gerek zat, Ynsaby belende götermek gerek. IV. Günüň bir çöregi düşdi asmandan, Erte bişer ýene-de bir tegelek. Ene ýeriň bagtly bolmagna çenli, Şeýle "çörekleriň“ näçesi gerek. Günüň näçe çöregi gerek, Ýitiriljek soňky gurşuna çenli. Ezilşiň gowganyň, howpuň tükenip, Ýürekleň rahat urşuna çenli. Goja Ýeri globus deý togarlap, Ekwatory kesýän merdianlaryň. Içindäki adalaryň, ýurtlaryň, Deňizleriň, derýalaryň, kölleriň. Barynyň-barynyň uruş-gowgasyz, Rahat dem aljak gününe çenli. Günüň ýene näçe çöregi gerek, Bu elbet, näbelli, hawa, näbelli. Ýöne bir zat belli, bagtly ertir, Sapasly şu günden alýandyr kökün. Onsoň beýik Ynsap, ynsapsyzlyklaň, Baryna, baryna ýetirer höküm. ABŞ-yň neýtron, atom bombasyn, Tel-Awiwiň pälin, netin Ak-tamyň. Ekwatory kesýän meridianlaryň, Içinden süpürip aýyrar baryn. Soň Missisipiniň, Amazonkanyň, Niliň hen Ganganyň ýaşyl boýunda. Adamlar şat ýaşap gurup, ararlar, (Soňam, öz ajalna öleröýünde). Muny göwün häzir şeýle küýseýär, Ýürek erte şeýle boljagyn duýýar. BU gün ynsapsöýýänleriň elinde, Eýjejik çaga deý, otyr goja şar. Ine, muňa çyn ýürekden buýsanýaň, Ýalkymly şatlyklar başyň aýlaýar. Göwnüň görüp, garşydaky baglykdan, Aýdere, seň bilbilleriň saýraýar. Bulaklar şatlanyp, gülýärler çasly, Indi saba ýelem, gül ysyn getir. Basym şugla çaýar bereketli Gün. Ak arzuwly säher, döwletli ertir. V. Gün dogdy. Men uly höwesim bilen, Seniň çygly ümsümligiň oýardym. Onsuzam bossanyň, çynarlaň bilen, Bu ýürege juda-juda golaýdyň. Eziz maňa mymyk, maýsaly ýodaň. Haýbatly gaýanyň ýaşyl syrçasy. Daň çygyna syçraýşy deý güneşiň, Gursagyma yhlas, ylham syçrady. Soň ganyma geçip dyzgyn bulaklaň, Şildiräp bedenme, janyma ýaýrar. Men ýeten bagtymyz hakda hiňlenip, Hem seň gözelligňe galýaryn haýran. Öňki pikirlerim, oýlarym ýeňles, Bu synlanýan gözelligiň şeýle çuň. Aýdere, Aýdere. Eziz Aýdere, Sen Ynsaba düşünmegi öwretdiň. 12.10.1977 ý. Öwezdurdy NEPESOW. | |
|
√ Artykmaç şaýatlar / poema - 14.09.2024 |
√ Ýol başynda ene bilen / poema - 14.09.2024 |
√ На Хиву! / поэма - 28.07.2024 |
√ Esger guýusy / poema - 19.08.2024 |
√ Jeñnama / poema - 03.08.2024 |
√ Daýanç nokady / publisistik poema - 14.09.2024 |
√ Aşyk Aýdyñ / poema - 22.06.2024 |
√ Sygan bagşy /poema - 14.09.2024 |
√ Jüneýit han / poema - 03.06.2024 |
√ Gözleg / sonetler çemeni - 14.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |