AÝDYM
(Magtymguly Garla)
Aýdymyň süňňi gudratdan,
Meý görkezmän, meý içiren.
Gelni çykaryp adatdan,
Ýüzden ýaşmagyny gaçyran.
Yşka duçar bolan ýaly,
On iki süňňi endireden.
Arşa uçuryp hyýaly,
Ýürek-bagry elendiren.
Aýdym kalbyň nagşymyka
Nalamyka, goşgumyka?
Ýa goşgyň örtgüsini geýen,
Owazmyka, başgamyka?
Sil suwy deý, yňdarlyp dur,
Pederlerden , geçmişimden.
Şu günki deý ýaňlanyp dur,
Asyrlaryň jümmişinden.
Gelýär ýatladyp mahmaly,
Diýarbekiriň şemaly.
Göz öňüňde janly ýaly,
Senem gyzyň Aý jemaly.
Süňňi gudratdan aýdymyň,
Ýönekeý sesden düzülen.
Gursagyna bakylygyň,
Nagyş sünnäläp çyzylan.
Oňa dünýä sygan, kalp dar,
Daş urýar, kine bolmaýar.
Goşgy-da köne bolsa, bor,
Aýdymda köne bolmaýar.
Öremyrat RAHMANOW.
Goşgular