09:37 Aýyl-saýyllyk / mini-hekaýa | |
AÝYL-SAÝYLLYK
Hekaýalar
Miniatýura “Isgenderiň jaýlanyşy”. Ferdöwsiň “Şanamasy” 1556-njy ýylda pars nakgaşy Muhammetmyrat Samarkandy (XVI- XVII asyr) tarapyndan suratlar bilen bezelen görnüşde göçürilipdir. Gonamçylykda gölegçiler... Köpbilmiş internet aýdýa, Ýer ýüzünde bir günde takmynan ýüz elli müň adamyň müddeti paýaw bolýamyş. Bu günem şo müňleriň arasy bilen, bir wagtyň özünde Hudaň üç bendesiniň depin nesibesi gowşupdyr. Mazarystanlygam bolsa, bulam-bujarlykdan tertip ýagşy. Kaza eden pahyrlaň üçüsiniňem soňky jaýy, tertipdir-tygşytlylygyň hatyrasyna biri-birine ýakyn gazylan. Pahyrlar ýerlenensoň, gadym-köne dessur jana girdi. -Adamlar, merhum benne nähili adamdy?!-diýip, gara ýere duwlanan görgülileň birinjisiniň gölegçisine, olaň ýaşulusy ýüzlendi. -Gowy adamdy...-diýşip, täze guburyň töweregine egele bolanlaň dilleri pyşyrdady. “Ýezitdi...” diýip, sedasyz urýan ýürekler, kapasa-kükrek içre gaharly gürsüldeşdi. -Adamlar, merhum benne nähili adamdy?!-diýen sowal ýene-de gaýtalandy. -Gowy adamdy...-diýmäge howlukdy diller... “Mahlugam bir şolam” diýip, gazaply gürsüldedi jigerler... Bu ýagdaý üçülenjem gaýtalandy. ***** Onýança ikinji merhumyň gölegçi aýlawynda-da bu dessur başlandy. -Adamlar, Pylanyň ogly Pylan aga aýatdaka nähili adamdy? -Üýtgeşik ynsandy...-diýip, çyny bilen dillendi diller. “Wa-a-h, nähili adamy ýitirdik?! Indi kemelmizmi nury bu dünýäň? Indi artmazmy tüni bu dünýäň? Neýleý, neýleý, neýleý biz...” diýip, sessiz dady-perýat etdi jigerler... -Adamlar! Bu hemmämize görelde bolan ajaýyp adam – Pylan agamyz neneňsi mährem ynsandy?! -Ajaýyp adamdy...-diýşende diller, oturanlaň arasynda biygtyýar hamsygýany artdy. “Wa-a-h, neýleý, neýleý, neýleý biz...” diýip, sedasyz perýadyny dowam etdi ýürekler... -Adamlar! Musulman doganlar! Şu gün biz şeýlekin ajaýyp adamy ýitirdik...-diýip gözýaşyna bogulýan soraýjy, zordan sözüni dowam etdi:-Indem aýdyň siz maňa! Pylan agamyz nähili mähriban ynsandy?! -Şony diý...-diýişdi diller... “Entegem bärden gaýdýaň...” diýip, öz dilinde gürsüldeşdi ýürekler... ***** Gadymdan gelýän däp ikilenç gaýtalanyp soňlanmaga ýetişmänkä, üçünji merhumyň gölegçisiniň depesinde-de bu sowal ýaňlandy: -Adamlar, amanadyny tabşyran obadaş nähili adamdy? -Gowy adamdy...-diýip, müňküldedi dodaklar. “Äý-ý...bolýa-da...” diýip, göwünli-göwünsiz hümürdedi ýürekler... Sowal ýene-de iki öwran gaýtalananda-da, jogaby şo öňküsi ýaly boldy. Dilleňňem... Ýürekleňňem... ***** Dym-dyrslyk höküm sürýän bu meýdana getirileňden soň-a, ne öz haýryňa, ne-de özgäňkä seslenip bolmaýar. Kiçi dilden bärde-de... Çyndanam... Dil bilenem... Ýürek bilenem... ... | |
|
√ Gudrat / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Ene keýik / hekaýa - 13.12.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||