14:48 Bagt paýlaýan perişdeler | |
BAGT PAÝLAÝAN PERIŞDELER
Hekaýalar
Bagt paýlaýan perişdeleriň ulusy golastyndaka ýüzlendi: – Iki agyz sözde hasabat ber. – Ýaşap ýör. Işine gatnaýar. Nämedir bir zada umyt edýär. – Nämä? – Belli bir zat aýtmak kyn. Men oňa iki gezek bagtly düýşem görkezdim welin göresi gelenok. Tisginip oýanaýr-da, «Işde ýadadym, indem düýşlerden ýaňa ýatyp bolanok» diýýär. – Işde nähili? – Hemmeler ýaly. Ýolbaşçylary. Gaýda-gaýmalaşyk. Gybat. – Ýolbaşçylary ýowuzmy? – Ýolbaşçylarymy, ýolbaşçy ýolbaşçy bolar-da. Hemme ýerdäki ýaly. Ýöne nämüçindir ol ondan ätiýaç edýär. – Gorkusyny kowmadyňmy? – Öz-özünden düşnükli ahyr. Heniz işine barýaka, ýolda kowdum. Ganatymy depesinden pel-pelletdimem. Hatda bulutlaram kowdum. Ýalpyldap duran güni görer ýaly ganatymyň ujy bilen gulagynyň ujuna çalaja ýelmäbem goýberdim. – Ýolda-yzda dagy ruhyňy göteriji atyr sepinen, beýik ökjeli köwüş geýen görmegeýje zenan maşgala bilen dagy gabatlaşdyraýmadyňmy?! – Göwnüme degýäňiz, halypa... awtobusda burny burnuna deger ýalam etdim. – Ýeri onsoň neneň? – Hiç neneň. «Bagyşlaň!» diýdi-de ýene öz pikirleri bilen gümra boluberdi. – Işden soňra näme?! – Dükanlar. Telewizor. Uky. – Telewizoryny döwmedimi?! – Döwdi-le, ýöne nämüçindir ýene täzesini satyn aldy. – Şeý diýsene! Dynç günleri näme?! – Günortana çenli ýatýar. Soň öýüni ýygnaşdyrýar. Agşamara bolsa – dostlary. Bolgusyz gürrüňler. Käte içäýýärem. Ýarygijede öýüne gaýdýar. Irdenem näme kellagyrysyna çydam edip bilmän ýatandyr. Içmedik günem telewizoryň öňünde. – Ol tanyşdyrdym diýýän zenan maşgalaň näme?! – Öýlerine gaty golaý ýerde ýaşaýar. Üç öý aňry ýanlarynda. Ikisiniňem bir dükandan azyk alyp biljek ýerini hem tapdym. Şol bir dükana-da barýarlar. – Haryt alanda ýa pul tölände göreçleri kaklyşar ýaly edäýseň bolmaýarmy?! – Hemme zat bolmalysy ýaly. Käwagt meýilnamadanam çykmaly bolýan – awtobuslaryň duralgasynda, baýramçylyklarda. – Täleýnama boýunça ykbal ýordumyna seredäýmediňmi?! – Seretdim-le gabat gelýär. Bar gürrüňem şonuň gabat gelýänliginde-dä... men düşünüip bilemok. Onuň ýaşap bilşi şeýle. Men-ä mundan artyk çydap bilemok! Ýerine ýetirer ýaly ýumuş däl-ä bu! – Gürrüňiňi bes et! Bagtly durmuşy çyny bilen isläri ýaly derhal täsir edýän serişdeleriň sanawy hany?! Nirede! – Ynha ol, hojaýyn. Dümew, ysytma ýanynyň samramasy bilen. Pul ýitirmek. Harajat ýetmezçiligi. Awtoulag heläkçiligi... – Besdir. Aýak çekewer... Men eýýäm şeýle mazmundaky hasabatlaryňyzyň iki ýüz segsen bäşinjisini diňleýän. Işlemegi düýbünden ýatdan çykarypsyňyz. Näme diýse-ne, ugurdaş akymda hereket edýän perişdeler bilen habarlaş-da, beýik Söýgüniň adyndan aňrujy kabul edip boljak zatlary almaga, pevdalanmaga synanyş. Nämedir bir zat tap-how! – Eger-de, nämedir bir zat saýlamaly bolsa... Hudaýyň size peşgeş berýän bagtyny görmegi başaryň, ony peýdalanyň. Şonda Allanyň bagt paýlaýan perişdeleri iň soňky mümkinçilikleri gözläp kösenmeli bolmazlar. Aşyrmät GARLY. | |
|
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |