14:48 Bagtyň bolsun mensiz | |
BAGTYÑ BOLSUN MENSIZ
Goşgular
![]() Şondan soň aýryldyk, görmedik asla, Ne-de sen hakynda ýatlandy gaýdyp. Güneşe suw sepip sowatjak bolduk, Isledik aýrylmak ýalňyzja galyp. Seni dünýämden kowdum düýpleýin, Ýeke ýatlamada galmady mende. Biz hamala söýgä düşünen däl-de Aýrylmagy islän ýalydyk munda. Ýyllar geçdi, undulypdy geçmişim, Senli sahypalam ýyrtylan ýaly. Emma seniň bir gün özgäni söýüp, Gidýäniňe ruhum köýüpdi saly. Wepasyz duýgyny çykaryp bilmän, Aklymdan hiç hili gitmediň kemsiz. Aýtmak agyr boldy arzuwy ýene: "Bolýan bolsa bolsun - BAGTLY MENSIZ". ✍ Amangözel GURBANOWA. | |
|
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||