10:43 Söýgülime ýazan hatymyñ mazmuny | |
SÖÝGÜLIME ÝAZAN HATYMYŇ MAZMUNY
Aýtma maňa jelepçilik barada, Aýtma maňa göwüs hakda söýgüňi. Sowar beden, sowar ýürek ýerinden, Başga hili ýetir meniň öwgümi. Hyrydarlyk gowy zat düşünip bilseň, Emma seniň islegleriň soňy ýok. Elbetde söýgi üçin tenem gerekli, Emma seniň islegleriňe düşemok. Sen gelersiň, söýersiňem gözlermi, Gödekligi kowup beýniň içinden. Bagtly bolmagyň ýollary köp-ä, Muňa senem - ynanyp gel içiňden. Men söýerin, söýjegime şübhe ýok, Ýöne aýtma tenim hakda söýgüňi. Gatnaşyk aradan ýitmezi üçin, Senem edäý isleglerňe öwrümi. Amangözel gözelligiň gurbany, Köp ýigitler sorap geldi amany. ...Diňe sende söýgim üçin saklanýan Bu islegňe kim ýitirjek zamany? ✍ Amangözel GURBANOWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||