BAGTYŇ GÖZLEGINDE...
Mähirden püre-pür jady gözleňde,
Indi harsydünýäň yşky bar ýaly.
Garaçygy göýä ýowuz neşderi,
Didäň agy bolsa, gyşky gar ýaly
Sowapdyr,
nebisiň aňzak ýelinde.
Ýylatmaga ejiz ýyly demim-de.
(Ýollar aýra düşse, aglasa ýürek,
Bir, iki däl gülüp geçjek deňiňden.)
Tasanjyrap gitdiň,
bagtyň gözlegne.
Hamana ol göze görünýän ýaly.
Saglygy bagt bolup görnermiş hassa,
Bagtmyşyn aşyga öz söýen ýary.
Sen bu hörpden gopup bilmediň asla!
Tapybam bilmediň gözleýän bagtyň!..
...Sen ony taparsyň,
böwrüňi diňläp,
Meni kalbyň bilen küseýän wagtyň!..
Azymberdi KAKAÝEW.
Goşgular