00:06 Bäşgyzyl / roman | |
BÄŞGYZYL
Romanlar
BIRINJI BAŞ Gülzarlygyň tozap ýatan jöwzaly çöli özgerdişi ýaly gurluşygyň ägirt uly tolkuny, asuda durmuşa halys öwrenişen Üçajy demir ýol duralgasynyň ýaşaýjylaryna täzelik getirdi. Dek düýn-öňňünem çalt ýöreýän otlulara däl, hat-da käbir ýolagçy otlular hem saklanman geçýärdi. Duralga nobatçysy işsizlikden ýaňa dört gyraň bolup semräpdi, ýöremäge-de ýaranokdy. Hany indi o zatlar? Ol bolup geçdimi bir? Ýüzlerçe tirkegler ätiýaçlyk ýüklerini düşürmek üçin niýetlenilen ýoluň ähli ýerini doldurypdy, birnäçesinde gum sürüji traktorlar, birnäçesinde ýer gazyjy ekskawatorlar, göçme öýler, demir çelekler, demir-beton, metal önümleri bardy, biri düşürildigi ýerini beýlekisi eýeleýärdi. Günbatardan gelýän ýükleriň weli yzy üzülenokdy. Duralgadaky ýüz ýyly başyndan geçiren jaýlaryň töwereginde gije-gündiz hereket kesilenokdy. Öňler ýoluň ýakasynda ýerleşen pessejik jaýlar ürgün çägäniň dyngysyz hüjümi zerarly gömülip, birhili kiçelen ýaly bolup otyrdylar, indi bolsa çägesi aýrylansoň beýgelip haýbatlanypdylar, ýollary tekizlenip, ýüzi täzelenipdi. Reňki soluk ýol eşigini ähli zatdan eý görüp, ýatanda hem egninden çykarmaýan demir ýol nobatçysy niredendir gaýyp düşen ýolagçynyň peýda bolmagyna keýpi göterilip monça bolýan bolsa (dagy nätsin, gürleşip ýürek açyşmaga, ýürek posuny dökmäge adam gerek ahyryn) –indi özlerini garaşsyz alyp barýan işjanly tutanýerli ýaş ýigitlerden ýaňa öz rahatlygyny ýitirdi. Olar seniň işiňe ýa beýleki ýagdaýyňa seretmän ýüki düşürilmese gowy bolmajagyny duýdurýardylar. Ine, Gorkut aýynyň ahyrky bir gününde hem şeýle boldy. Duralga nobatçysy iş ýerine ýetip barýarka birnäçe adam onuň öňüni gabatlady. - Iki günden bäri ýüküm düşürilmeli ýerine eltilenok. Bu herekeriňiz üçin degerli ýerde jogap bermeli bolarsyňyz. – diýip üçüň biri, medeniýetli, geýnüwli 40-45 ýaşlaryndaky goýtuk adam kagyzlaryny görkezip, onuň üstüne dyzady. Munda ministriň buýrugy bar, Bäşgyzyla niýetlenen ýükler ilkinji nobatda düşürilmelidir. - Salam-helik bir alyşarlar ahyr, han ogul, diýip nobatçy haşylap, onuň uzadan kagyzlaryna göz gezdirdi. Ýel bilen gelen ýolurmaz diýipdirler, onsoňam şu ýerdäki ýükleriň hemmesem Bäşgyzyla geldi. - Ýükler haýal düşürilýär. Buýra saçy ýüzüne düşýän uzyndan arryk adam onuň öňüne geçdi-de haýbat üçin aýagyndaky mata ädigini birnäçe gezek patyladyp ýere urdy. - Hawa şeýle öz-ä – diýip nobatçy onuň bilen razylaşdy. Ýoldaşyň garga bolsa iýmitiň poh bolar ekeni... Kömekçim nirädir ýok boldy. - Hon-ha ýükler üç tirkeg. Göçme öýler, ýorgan düşekler. Wagtyndan öň alyp geldim. Şonda-da düşenok. Gyssansam men gyssanmaly. - Seň göçme öýleriň häzir kime gerek? Ýer tekizleýjiler, ýap gazgyjy agregatlar ilki düşmeli, oglanlar daşarda ýatsada bor. – diýip ilkinji geplän oňa jogap gaýtardy. - Hä, daşarda ýatyryp, ýylana, möýe çakdyr diý! - Nätmeli bor? - nobatçy jedelleşýänlere naýynjar seretdi. Hany, maňa maslahat beriň, halys başym çaşdy... wah, şol garga elime iläýse bolýa, bokurdagyny almaň sapagy ýaly towlaryn. - Siz maňa açyk ýol berjekmi ýa-da ýok – diýip birinji gaharlandy. - Şol-a ýok – diýip nobatçy boýnuna aldy. - Näme ýok? Näme ýok diýýäň? Goýaňly ýaly egrelip durmada jogap ber. - Ýok bolsa ýok bolarda, han ogul, men bir gözügara... - Hany, agamjan şuny bir dadyp gör. Syrdam pyýada bukjasyndan bir salkym üzümi çykaryp uzatdy. – Süýjümi? - Erbet däl. Nobatçy dadyp görenden soň jogap berdi. - Öz mellegimiň önümi, üç ýylda ýetişdi. Iýiber. - Öz-ä süýji ekeni. – diýip nobatçy boýnuna aldy. Göksuwlymy ýa dagtokga? - Diýmek gepleşdik-dä. Ýüküm şu gün düşermi? - Aýtdym-a how, mümkinçiligim ýok diýip. Halys daşdeşene döndüň-aýt. - A-how ýaşuly siz bu ýeriň başlygymy ýa garawuly? - Men garawul, han ogul, garawul, dogrusy garantga. - Onda tanyş bolaly. Men gurlyşyk gurnama edarasynyň bölüm başlygy Rahman Rahmanow. Üzüm hödürläm özüni tanatdy. - Men ýörüteleşdirilen gurluşyk gurnama edarasynyň başlygy Sapa Sapar. – diýip orta boýly sypaýy adam özüni tanatdy. - Şu trestiň üpjünçilik bölüminiň başlygy Annamämmet Amanow. diýip goýtuk ýigit hem özüni tanatdy. - Bolar, bolar. Üçüňizem tanadym. diýdi-de nobatçy edarasyna girmekçi boldy. Şol wagt ýeňil maşyndan Kaka Rejep düşdi-de tirkegleri synlamaga başlady. Sapa, Rahman, Annamämmet dagy onuň yzyna düşdiler. Nobatçy hem bukjasyny goltuklap, oglanlaryň yzyndan ýelk ýasady. - Seň ýükleriň şular dälmi? –diýip Kaka Sapaň ýüzüne seretdi. Soňundanam eli bukjaly ýetip gelen Kerime – Berk belle, agşama şu ýükler düşmeli.-diýdi. - Bolýa başlyk! Rahman bir hoşa üzümi Kaka Rejebe uzatdy. - Dadyp görüň mellegimden. Haýsy üzüm tanaýaňyzmy? - Gelinbarmak. Kaka hoşadan bir däne alyp agzyna atdy-da – mellegimde üzüm bar-diýdi. - Başlyk maňa düşünýär. – Rahman diňle diýýän ýaly nobatçynyň possujak garnyna hymsyklady. –Meň üç günden bäri duran üç tirkeg ýüküm şu gün düşer. - Ýok, ýene bir hepde garaşmaly bor. –diýip Kaka nobatça derek jogap berdi. - Şeýlemi? - Hawa, hawa şeýle. Rahman zemzen ýaly çişip, elindäki bir hoşa üzümi ýere taşlady-da tirkegleriň üstündäki göçme öýleriň birinden ýorgandyr ýassyklary zyňyşdyryp başlady. Olaryň arasy bilen ýere düşen çäýnek-käseler çym-pytrak bolýardy. - Eý, han ogul, däldirediň-maý – diýip nobatçy onuň ýanyna bardy. Rahman gapydan kellesini çykaryp – Dälirämok, däliränler bar. Men oglanlarymy on günläp ýorgan-düşeksiz, çaý-suwsuz saklap gelýän ahyryn!-diýdi. Kaka Rejep başyny ýaýkap ýylgyrdy-da – Kerim, belle, ähli tehnikalar düşenden soň Rahmanyňky hem düşsün –diýdi. - Başlyk, o-how, başlyk men nätmeli Aşgabatdan üç tirkeg ýüküm bar. Düşürmesem derime duz dykarlar. – diýip Annamämmet onuň öňüne geçdi. - Ýüküň tehnika ýa-da ätiýaçlyk şaýlary bolsa düşürmeli bor, Kerim, belle, eşitdiňmi? - Men bu giden ýükleri bir günde düşürip bilmen. – diýip ýetip gelen nobatçy zeýrendi. Ýorgala ýoldaş, baýtalla gürrüňdeş däl men, şumat. - Saňa adam kömegini bereris, Kerim, haýsy topar ýakynda işleýär? - Kebşirleýji oglanlar-a bar - diýip ol jogap berdi. - Başlyk kebşirlemeli bolsa olar itilen ýalydyr, ýöne ýük düşürmeli bolsa näbileýin. – Sapa Kaka Rejebe ýüzlendi. - Kömek etmeseň bolanok, Sapa! Oglanlaň ýakynda! Başga bölümlerden adam getirýänçäk siz eýýäm ýükleri çöwrüp taşlajak. Dogrumy? – Kaka Rejep Sapaň arkasyna kakdy. Sapa tabşyryk alandan soň ulaglar edarasynyň başlygy Muhammet Begenç bilen giç agşam oglanlaryň ýatýan ýerine geldi. Bu ýerde böwrüne “adam gatnadýar” diýen ýazgyly Ural awtoulagy hem-de agyr ýükleri düşürýän iki sany traktor bardy. Maşynyň çyrasy kiçijik äpişgeli uly çadyryň üstüne düşdi. Çadyryň aňyrsinda bir gujak ojar, iki gazan, çaý gaýnadylýan taňkalar çaşyp ýatyrdy. - Mälik hanyň toparyny bimaza etmeli boljak – diýip Sapa maşyndan düşdi. Tekjäniň üstündäki şem bilen ýagtylýan, adamlaryň demi bilen ýylaýan çadyrda rahatlyk höküm sürýärdi. Ukuda ýatan adamlary oýaryp birahat etmek hiç jähtden seredende-de kelläňe geljek zat däl. Emma iş ähli zatdan ileridi. Sapa Sapar oglanlara seredip çykdy, turuzmaga dözmän gapyň agzyndaky oturgyja çökdi. Şol wagt ýatanlaryň biri ýerinden turup, ýalaňç aýagyna ädigini sokdy-da Sapaň ýanyna geldi. - Mälik han eşikleriň-ä geýmeli boljak! Sapa ýaglygy bilen ýüzüni süpürdi. - Hany, siz maňa aýdyň ýaşaýşyň manysy näme-de? – diýip Mälik sorady. - Ýaşaýşyň manysy zähmetde. - Men mekdebi tamamlap gowy durmuşa başlaryn diýdim, goşun gullugyndan gelip ýaşap başlaryn diýdim, kebşirleýjiler hünärini alyp, Bäşgyzyla git diýdiler, gitdim. Gurup ýörüs, gurarysam, ýöne kebşirleýji ýük düşürip ýörse nähili bor? Her kim etmeli işine ýapyşmalydyr ahyryn. gije diýmän hars urup işleýäs birini gutarýarys ondanam has gyssaglysy çykýar yzy-ardy gelenok. Biziň ýaşaýşymyz üçin bolsa ýönekeýje talaplar berjaý edilenok ýorgan düşeksiz gaty ýerde ýatýarys. - Şeýle öz-ä ýöne men nädeýin öz-özüme käýinýän neneň oglanlary turuzmaga dözjek diýýän – diýip Sapa boýnuna aldy. - Özüme käýinýärin diýsen-e! - Eýsem kime käýineýin Öýde bolsam-a aýalyma käýinip gaharymy gowzudyb-a bilerdeim. - Onda häzir maňa-da käýýärsiň-ow. Näme bir işi tersräk edipdirinmi? - Ýok seniň toparyň demir ýoldaky ýükleri düşürmäge kömek etmeli. - O-how başlyk biz kebşirleýjiler ahyryn kebşirleýjiler gurnaýjylar hünärmenler işi araba goşsaň hähili bor - Bilýän buýrugy men beremok. - Ýeri bolýar buýruk bilen edilmeli bolsa şol işi daş ederis ýöne ertir. - Ertir däl häzir daş etmeli. - Bä-ä nätdiň-aý muny Gelşiňe derrew tur diýmeli ekeniň-dä! - Bol hany seň özüň turuz. Gaýrat et inim! - Çagalar sömeliň podýem! Mälik göwresine gelişmeýän ýogyn sesi bilen gygyrdy. - Oglanlar turup çadyryň daşky agzyna ýygnandylar. - Maňa üns beriň! Gyssagly buýruk! Ilki bilen dykgatyňyza ýetirjek zadym ýeriňizi öllemedik bolsaňyz yzyňyzy ýygnaň. Oglanlar onuň sözüne gülüşdiler. - Ýok gülmäň. Häzir barymyz Üçajy duralgasyndaky ýükleri düşürmäge gitmeli. Taýýarlyga bäş minut wagt berýän. Şondan soň yzym bilen öňe! Oglanlar ýük düşürmeli ýere ugradylar. Barmaly ýer daşdäldi şonda-da goşun gulluk düzgünini ýadyndan çykarmadyk Mälik olaryň topar bolup aýak goşup gitmeklerini talap etdi. - Goýsan-ow seňki näme haýranlar galaýmaly! Ozalam ýarym ukuda näme edýänimizi bilemzok. –diýip topardan ses çykdy. - Bir zad-a aýdyp biljek. – diýip, Mälik ses gelen tarapa ýüzüni öwürdi. - Aramyzdan işi agyr görüp gaçyp giden ýok. Munda siziň gujuryňyz polat ýaly berkligiňiz jemogly däldigiňiz barlanyp görülýär. Indiden beýlägem işiň möçberi on esse artar çydamlylygyň özüne göwni ýetýänleriň barlagy boljak. Beýle gurluşykda işler adatça dört basgançaga bölünýär birinjisi goh-galmagal ikinjisi tertip-düzgün üçünjisi baş-başdaklyk günäsizleriň günäkärlenmegi dördünjisi işe dahylsyzlaryň sylaglanmagy. Häzir biz ikinji basgançakda durus. Düzgün boýunça ýüki iberýän adam düşürmeli emma tersine sebäbi tertipsizlik bulaşyklyk bar. Ilki ýaşar ýaly şert döredip soň ýüki ugratmaly tokurgalaň geçjek ýoluny tekizlär ýaly traktorlar getirmeli oňa derek kerpiçdir demir gelýär ýa-da tersine bu bolsa öz gezeginde bulaşyklyga eltýär. Ýa-ha iş adam sanyndan artyk gelýär ýa-da kem gelýär. Aýlyk hakyňyzam top ýaly böküp dur. Şular ýaly synagdan gowy geçsek onda biziň toparymyzy hiç güýç bilen dagydyp bilmezler. Onsoňam... - Goýsan-ow – Hydyr Haýran onuň sözüni böldi. – Agzyň jäheksiz ýaly haýranlar galaýmaly. Sen gowusy ýük düşürtjek bolsaň awtogetirijiniň aladasyny et. - Hydyr kaka darykma hemmesi bolar. - Men darygamok sen darykýaň. Düşünmeýşiňe haýranlar galýan! Olar demir ýola ýetenlerinde Sapa Sapar garaşyp duran ekeni. Onuň ýanynda Kaka Rejep hem bardy. - Başlyk ýük dük düşüriji bolmasa işimiz-ä pyrryk. –diýip Mälik Kaka Rejebe ýüzlendi. Kaka Rejep töweregine gözüni aýlady tokurgadyr çekýän maşynlaryň arasynda üsti agyr traktorly tirkeg durdy. Tirkegiň sürüjisi maşynyň içinde hor çekip ýatyrdy. Kaka rejep maşynyň basgançagyna böküp münende sürüji ýüregi ýarylan ýaly bolup turdy. - Ýük seňkimi diýip Kaka sorady. Ýük ýer tekizleýjileňki diýip ýaşuly ukuly halyna hüňürdedi. Çalt bol diýip dynç bermän ugratdylar. Dek düýn daş aralyga ýük çekip geldim. Gelen badyma bolsa Üçaja git diýdiler şu maslygam üstüme ýüklediler. – Ol tirkegdäki traktory görkezdi. - Maslygyň ýöreýändir-ä. - Ýöremese tirkege guş bolup münsünmi... Nirä barsaň eň-hä-eň gelseňem ugruňy ideýän ýok. Ýarym salkyn bäri ýatyryn. Kaka penjegini çykardy-da traktoryň gapdal gapysyny açdy. - Eý han ogul – Mämmet aga hasanaklap ýerinden turdy. –Traktora degme gyzyl pula satyn alnan zat men oňa kelläm bilen jogap berýän... Aýryl diýýän. Eýesi geler ýüküni alar soň nätseňiz şeýdiň! –Mämmet aga ýaşyna gelişmejek ýeňillik bilen maşyndan böküp düşdi-de traktoryň kä ýerlerini dürtgüläp duran Kakaň elinden ýapyşdy. - Aýyryň how muny. Kaka ýanynda duran Sapa gygyrdy. Özüňizem tirkegiň yzky germewini sypyryň men häzir şuny çöwrüp taşalýyn! Hydyr Haýran höre-köşe edip Mämmet agany tirkegden düşürdi. Şol aralykda traktor götünläp tirkegden düşdi-de ýarym aýlawy aýlanyp demir ýoluň ýük düşürýän ýerindäki oýa çäge depelerini bir ýandan kertip başlady. – Dur diýýän dur eý enesi ýalamadyk! Ol traktoryň öňüne özüni traktor saklanan badyna ýumrugyny düwüp topuldy. Mälik: - Eý agam agam ýuwaş beýtmeli däl diýip ara düşdi. Başy gaharlynyň akyly dabanynyň astynda bolýandyr. - Goýber meni şol haramy... - Ýeri agam rahatlan başlygymyzyň göwnüne degjek bolma! Kaka Rejep ýaglygy bilen elini süpürdi –de kömekçisi Kerimden penjegini aldy. - Başlyk siz-ä tehnika ökde ekeniňiz-diýip Kerim “ýaranjaňlyk” etdi. - Bize başga ýol barmy näme.Bilmeseňem bildirjekler. Şol wagt traktorçy Mäligiň elinden sypyp Kaka topuldy. - Eý doňyz sen kim bolupsyň traktoryma eliňi urar ýaly. Men ony täzejeligine aldym gözümiň göreji ýaly saklaýaryn. Bir ýerini omursaň kim bejersin - Hiç zat bolmady dälmi – diýip Kaka sorady. - Ýok ýöne sen şu hereketiň üçin degerli ýerde jogap bermeli bolarsyň! - Jogap bererin! Men Kaka Rejep! Çagyrdy diý. Men oňa bermeli jogabymy bererin özem şeýle bir bererin welin ýadyndan çykmaz aw diýip kaňkap ýörmez ýaly ederin ony. – Kaka kömekçisi bilen çagyl düşürilýän meýdança ugrady. Diňe şondan soň traktorçyň elini goýberdi. - Eý Gurt ýegen sen ony tanaňokmy Ol trestiň dolandyryjysy Kaka Rejep ahyryn! - Hä nätdiň-aý muny – Gurt içini çekip doňup galdy. Bolsa-da Hajyrow ýaly ekeni. Mäligiň topary düşürmäge degişli ýükleriň eýelerini tapyp traktory ilki galdyrylan guma soňam ýere düşürip başladylar. Şeýlelikde gysga wagtyň içinde 6 sany ýer süsüji traktor 3 sany ýap gazyjy öküzçebatyr düşürilip (Mälik ekskawatorlary şeýle atlandyrýardy) jemi 11 sany demir ýol tirkegi boşadyldy. Daňyň ümüş-tamyşlygynda işiň bitişini görmäge gelen duralga nobatçysy seslenmän durup bilmedi Eý tüweleme tüweleme elleriňize güller bitsin edil jala gelen ýaly işläpsiňiz maňa 12 sany tirkeg gerek biri ýetenok gaýrat ediň-de içi çagylly tirkegi hem boşadyp beriň! Hydyr Haýran durup bilmedi-de batnyksyzlygyny atdy –Aý nätdiň-aýt muny haýranlar galaýmaly eşekdir öýtdüňmi bizem dynç almal-a. Päheý-de welin, Pylan ýerde bakyr bar baryp görseň takyr bar diýleni boldy biziňkem. - Oglanlar aýtdym-a ajal ýaly gerek diýip bir tirkreg üçin 34 sany tirkegi saklamaly bolýar düşüniň ahyryn. – diýip nobatçy janykdy. - Biz düşünýäris ýöne aşgazanlar oňa düşünesi gelenok. Hany bir ertirlik edineli. – diýip Mälik jogap berdi. – Halys wejimiz gaçdy. - Oglanlar boşan tirkegler siziň ýükleriňizi getirmek üçin Garybata iberilýär gaýrat ediň diýip nobatçy eliniň aýtymy bilen derini syldy. - Onuň ýaly bolsa... Mälik oglanlara seretdi. – Näderis how oglanlar - Özüň-ä ilki bor diýýäň, soňam näderis diýen bolýaň! Haýranlar galaýmaly. Hydyr Haýran başyny ýaýkady. - Ejem maňa Saparmyratjan hasaba ökdelegin ýokary okuw jaýyna gireňde gerek bor –diýerdi. Hasaba ökdeledim indem çagyl düşürýän eliňi işledibermeli! –diýip uzyn boýly gara saçly ýüzleri nurana ýigit wagona dyrmaşdy. Çaglylyň bölekleri ýere gaçyp başlady. - Aý hawa-da, hemme zat islegiňe görä bolup duranok. Ine men Garaşsyz ülkämizde ilkinjiler hatarynda Ukrainada awtomat kebşirleýji guralyň işleýşini öwrenip geldim soň hünärimi kämilleşdirmek öwrenmek maksady bilen Eýranda sergi maslahatyna gatnaşdym görýäňä sonda-da elim pilli çagyl düşürýän. Durmuşda zerurlyk diýen bir zat bar. Häzir bize hut şu iş zerur. Kebşirlemäge tokurtga ýok ýaşamaga öý. – Mälik iş elligini sokdy-da wagona dyrmaşdy. 2. Ol ymgyr çölüň her bir künjegindäki ot-çöplere çäge depelerine oýuna-şoruna beletdi ony öz ýurdy hasaplaýardy ýurduny gelmişeklerden goraýardy. Zabun çölüň aýagy ýeten ýetlerinde bar bolan ähli janly-jandarlaryň eýesidigine guwanýardy. Batyrlygy beýleki jandarlara-da öz täsirini ýetiripdi iň bärkisi gorkajyk towşan diýersiň şolam batyrlykda beýleki towşanlaryň arkasyny ýere direýärdi. Bir tarapdan ol muňa guwanýardy gaty ajygaýmasa towşanlary zaýalap ýörmezdi. Möjek gabat gelse gaharlanyp dişlerini çathlap hyňranmak bilen oňýardy göräýmäge sypaýy mylaýym jandaryň mähirdrn doly ýüreginiň alawyny möjegem duýýardy. Ýogsam köp bolup ony ýaralap ýa-da ony howply ýagdaýa salyp-da bilýärdi oňa derek çöle başga bir hyýrsyz jandar geler gorkusy bilen saklanýardy. Keramatly ýer boş bolmaz diýleni-dä ol diňe bir adamlaryň arasynda däl eýsem jandarlaryň arasynda hem ýorgunly ýalydy onsoňam düşündirip bolmajak bir kyn zat bardy olam çölde adamyň aýagy düşmedik ýeriň azalyp barýanlygydy. Garagulak köpi gören Jeýhunyň suwuny ýedi ýyl içen birnäçe gezek atylyp ýaralanan jandardy. Ilkinji gezek ony Malaý gaz käniniň golaýyndaky mülkde atypdylar aýagyndaky ýara bitipdi ýöne galdyrybrak ýöremeli bolýardy şol sebäplem çalt ýadaýardy käte adam ýaly çöküne düşüp ýarasyny ýalaýardy. Garagulak Malaýda arkaýyn gezdirilmejegini bilip birneme günorta çekilmegi ýüregine düwdi. Täze mülkine ýaňy öwrenişip başlanda awça duşup kellesini ýaralatdy. Bu ýara örän haýal bitýärdi ýogsam ýeke gezek törpi ýaly dilini aýlasa ýara götinlemek bilen bolýardy welin arman kelle bolýar-da. Şol ýyl ol gaçyp-tozup her zat-da bolsa öz mülkünde gyşlady. Gaharyna döz gelip bilmän awçynyň itini pers-ala etdi. Soňky döwürde gurluşykçylaryň köpelmegi bilen tark-turklar artypdy çöl haýwanlary göterilipdi Garagulak ýene kyn ýagdaýa düşüpdi. Dogry gurlyşykçylaryň ojagyna ýakynlaşsaň galan-gaçan azyklardan geregiňi edinse-de boljakdy. Emma ol howply ýoldy. Garagulak hiç mahal zir-zibile agzyny urjak jandar däl. Bir gezek açlyk halys goýmansoň gurlyşykçylaryň ojagyna ýakynlanda itlere duçar bolupdy. Itleriň has batyry onuň balagyndan aslyşyp almytyny alypdy indi nirä barsa öňünde adamlar näme etjegini bilmedi. Ýa-da çölüň has jümmüşine çekiläýmeli bolarmyka Bularyň üstesine-de bu ýyl gurak boldy asmandan nem dammady otlar ösüp bilmän gurady netijede sakyrtgalar köpeldi. Saklandygyň garasar ýaly endamyňa ýelmeşip ganyňy sorýarlar. Onsuzam aç doýmadyk towşanlar halys ysgyndan gidip ýykylýardylar. Garagulak şolary saýlap iýýärdi. Bu ýyl ol heniz adam aýagy düşmedik täze mülkünde gyşlady. Birnäçe kilometr töwerekde iňlär siňek ýokdy guşlaram bu ýerden aýlanyp geçýän ýalydy. Ýöne alakalar welin edil ýazyň kömelegi ýalydy ýaş sazaklaryň otlaryň köklerini kertip oňýardylar. Kökleri kertilen sazaklar gurap gidip otyrdy. Garagulak bu wagşylygyň sebäpkärlerini sylap goýanokdy ýogsam olaryň etini kän bir halamazdy. Gör-ä bu bolýan zatlary bir gün gurap ýatan ot-çöplere ot düşdi. Ol şeýle bir şatyrdap ýandy şeýle bir ýandy hat-da özüne göwni ýetýän Garagulak hem bu ýerleri taşlap gitmäge mejbur boldy. Bir ýyldan dolanyp gelse öňki mülküni tanamady beýik-beýik depeler oýtumlar garalyp ýatyrdy hat-da alakalar hem gaçypdyrlar. Günde-günaşa turýan şemal külüň gara tüweleýini asmana göterýärdi. Bu görnüş şeýle bir içgysgynçdy welin edil uwlaýasyň gelýärdi. Şonda-da ol bu ýerden gitmedi gyşlaga galdy. Soňky ýazda ygal köp düşüp otlar dyza ýetdi depeler oýlar güle bezendi garalyp ýatan çöli tanar ýaly bolmady. Garagulak munuň şeýle boljagyny öňünden aňypdy. Gudraty güýçli Taňry bir gargan ýerine bolçulyk eçilermiş diýip eşidipdi. Ýazyň gowy gelmegi towşanlaryň sanyny köpeldipdi. Bu Garagulak üçin diýseň ýakymlydy ýöne başga bir tarapdan balary saklaýan adamlaryň gelmegi onuň keýpini gaçyrypdy. Olar çagalary itleri maşynlary bilen oýtum-oýtum ýerlere ýaýrapdylar netijede olaryň içinden ýoda döredi ýoda ýol birikdi ol bolsa adamlaryň ýaşaýan ýerine eltdi. Şeýdip Garagulagyň örüsi daralyp başlady. Geçen tomusda adamžar onuň ýatagynyň edil alkymynda tigirlije şaýy getirip goýdular. Garagulak täze goňşusyny daşdan synlady has ýakyn bardy. Şonda how-how edip eýesine habar berýän köpek özüni öldüräýjek bolýardy. Tigirli jaýdan atylyp çykan adam töweregine garanjaklady emma sazagyň aşagyna duwlanan Garagulagy görmedi. Ol itine Alabaý ýet kow diýip gygyrdy. Eýesiniň goltgusyna galkynan Alabaý aýdylana mähetdel atylyp gitdi. Garagulak oňa ünsem bermedi barmysyňam diýmedi ýöne eýýäm kişi mülküne öwrülen ýerden daşlaşanyň kem däldigine düşündi geň görmeli zat Alabaý onuň yzyndan galmady. Hol allowarradan garama-garama geldi garagulak dursa durýar ýörese ýöreýär ylgasa ylgaýar. Alabaýyň daýaw göwresi hataň ýaly agzy ony gorkuzanokdy ol diňe kişi mülküne öwrülen toprakdan daşlaşýardy. Alabaýyň hem tezegini taşlap sazagyň düýplerine buşugyp bellän öz mülki bardy. Onsoň mülküniň çäginden çykyp bilmän Garagulagyň yzyndan galmaly boldy. Garagulak ýapynyň aňry ýüzünde awçylaryň ýarasyndan ölen keýigiň maslygyna gabat geldi. Janaweriň garny pökgerip durdy diýmek guzlamaga ýetişmändi. Näçe ajyganam bolsa agyz urasy gelmedi. Aslynda ol hiç-haçan ýagdaýyny tapsa Ene keýiklere degmezdi güýz aýlarynyň başynda goçlary awlardy şeýdibem wagşy haýwan adyny alypdy. Öz wagşylyklaryny görmeýän adamlar bolsa oňa wagşy diýýärdiler. Garagulak maslygy süýräp ýapyň etegindäki şor düzlügiň içi bilen ýatagyna tarap gitdi. Şorlugyň günorta kenaryny kertbelent depe demirgazyk kenaryny bolsa birneme peselip gidýän alaň tutýardy. Ini iki müň ädime golaýlaýan şor tekizlikden gadym zamanlarda Tüni derýa akypmyşyn garagumuň göwsüni bölüp günbatara uzalyp giden derýaň iki gyrasynda obalar ýäherler bolanmyş. Käbir dessanlarda bu derýanyň adynyň agzalmagy ýöne ýerden däl bolmaly. Garagulak şorlugy kesip demirgazyk günbatar kenar bilen gitdi haçan-da belent depeden çykanda öz gözüne ynanmady dört sany gum sürýän traktor depäň gyrasyny kertip şorlugy düzleýärdi. Asyl olar depeleri tekizläp gaýdan bolsalar nätjek Onuň ses ýetim aňyrsynda maşynlaryň kömegi bilen ýük düşürýän adamlar görünýärdi. Garagulak otlary äpet sazaklary agdar-düňder edip müňzeýän traktorlardan gorkusyna yza serpikdi-de käliň ugry boýunça günbatara gitdi. Maslygy bir çukura taşlady ýok ol ony iýip biljek däldi başga awyň gözlegine çykdy. Ep-esli aýlanyp ýene-de käliň gyrasyna çykdy. Görse edil onuň öňünde şol tigirkije jaý jaýyň agzy gazan gazanyň ýanynda ep-esli goýun eti. Hawa onuň üçin taýynja azyk ýöne Garagulak maşyndyr traktorlaryň torç eden meýdanyndan geçmäge ýaýdandy. Şunuň ýaly ýerlerde adamlar onuň üçin gapan gurup goýýardylar ahyryn. Açlyk näme iýdirmez dokluk näme diýdirmez diýleni-dä. Iki gün mundan ozal iýen towşany içi eljuk diýýärdi. Şol sebäplem şemalyň garşysyna ýüzüni tutup ösgün otlaryň içi bilen süýşenekläp awuna ýakynlaşdy. Alabaý görünenokdy ýöne bir ýerde barlygyny duýýardy. Ýüregini bire baglap bir bökende gazanyň ýanynda goýlan bir but eti aldy-da yzyna öwrüldi. Edil şol wagtam jaýdan çykan adam ony görüp doňup galdy soňam götünjekläp gaçdy. Alabaý weli eýýäm agzyny hataň ýaly açyp ýetip gelýärdi. Garagulak oňa üns bermedi hereketini welin ýygjamlatdy. Hut şolam ölümden alyp galdy. Ýok bu gezek Alabaýa sag bolsun aýtmalydy eger ol Garagulagyň yzyndan kowup tüpeň alyp çykan adamyň atmagyna päsgel bermedik bolanda iş bulaşjakdy onda ýene bir ýara lamagy mümkindi. Oonsuzam yzly-yzyna atylan oklaryň şuwwuldysy gulagynyň depesini sydyrdyp gitdi. Alabaý näçe edenli köpek bolsa-da Garagulagyň çalasynlygy ökde geldi. Mert häsiýetli biriniň taýýar zadyna el urmagy halamaýan Garagulak tas ýalňyşypdy tas almytyny alypdy bolsa-da ujyz sypdy. Ertesi daň bilen beýik alaňa çykyp görse düýnki adam Alabaýy daňyp urýar. Ol adam töweregine garanjaklap depeden aşan badyna Garagulak Alabaýyň ýanyna geldi. Polat sim bilen daňylan köpek aýaklary bilen ýer gazyp üýrýärdi, dyzadygyça bokurdagyna berkeýärdi. Garagulak köpegiň ýigrimi ädim golaýyna baryp çökdi. Alabaý bir-iki sapar haýbat bilen topuldy gelmişegiň sarsman durşuny görüp kellesini öňki aýaklarynyň üstünde goýdy. Olar bire-birege seredip ep-esli durdylar. Garagulak iki ýana gezmeledi. Alabaý bolsa bu jandaryň her bir hereketini sypdyrmady golaýlaşsa ýerinden turup hyňrandy ýatsa ýatdy tursa turdy şeýdip birek-biregi gowy öwrendiler. Birnäçe wagtdan soň haýwanlar düşünişdiler. Sebäbi Alabaý hyňransa-da guýrugyny iki ýana bulaýardy. Munuň özi itiň dilinde ylalaşygy aňladýardy. Garagulak muny duýdumy nämemi onuň daşy bilen aýlanyp çykdy adamyň ýagyň demriň beýleki zatlaryň ysy burnuna urdy. Garagulak bu yslary halanokdy. Belki şol sebäpdendir aýagy bilen ýer gazyp Alabaýyň üstüne çäge tozatdy. Beýle masgaraçylyga çydam etmedik Alabaý bir bökende simini üzüp Garagulaga topuldy. Garagulak öwrülip bir syrtardy welin Alabaýyň haýbatyndan nam-nyşan galmady. Alabaý boýnundaky sime çolaşyp Garagulagyň yzyndan garama-garama barýardy haçanda öz mülkiniň çägine ýetende mundan aňry gitse gowulygyň bolmajagyny bilip eýesi gelýänçä Garagulagyň yzyndan garap galdy. Aw tüpeňini çep eline alan peşeňlerini biline asan orta boýly etli-ganly gurşun ýaly gujurly Baýram aga Alabaýyň eýlesini beýlesini barlaşdyryp –ohow Alabaý nätdiň Garpyşyp bilmediňmi Haý oňarmansyň. Goraýan ýeriňe kesekini goýbermeli däl ekeniň. Sen ony etseňem men oňa ýol berip bilmen.bu gün gapa baryp edýänim şu diýip ýer gazyp etimi alyp gaýtsa erte adamlara topular ýör gaýdaly. Daň atandan yzyny çalaryn ýere girse-de taparyn. Daşa giden däldir ol hiç zatdan heder edenok özüm çöl eýesidirin diýip hasap edýär. Bir azajyk topugyna kakmasak boljak dä! Ýör häzirlikçe goşa gideli – diýdi. Alabaý Garagulagyň giden ugruna tarap How-how! etdi-de eýesiniň yzyna düşdi. Ertesi Garagulak itiň sesine oýandy. Alabaý bir zady habar berýän ýaly käte bir How diýip eýläk-beýläk selkildeýärdi. Garagulak hininden çykanda ol eýýäm ýakyn gelipdi. Alabaý saklandy. Bu ýer eääm oňky däldi eýesi gelýänçä mundan artyk bir ädimem ädip biljek däldi. Garagulak hiç zat bolmadyk ýaly kellesini aýagynyň üstünde goýdy. Alabaý bu herekediň näme bilen gutarjagyny bilýärdi. Şol sebäplem ol Baýram agany görüp garagulaga topuljak ýalam etdi emma bogny ysmady. Garagulak bu adamda däl-de ýaragdan çekinýärdi. Şonda-da Baýram aga atuw aralyga gelip nyşana alýança saklandy. Üstüne abanýan howpy duýandan soň edil atylan ok ýaly onuň üstüne özüni oklady. Baýram aga aljyramady, sowukganlylyk bilen tüpeňiň mäşesini gysyp bir tarapa çekildi. Garagulak böküşine Baýram agaň ýaňja duran ýerine düşdi ondan aňry sazaklaryň arasyna siňip gitdi. Yzynda tüpeň sesini Alabaýyň üýrmesini eşitdi. Günorta ýakyn Garagulak yzarlamadan sypyp mülkünniň iň soňky serhedine ýetdi. Ol diýseň ýadapdy, döşündäki ýaradan gan akýardy. Gan ysyny alan aç möjekler bu ýere ýetip gelýärdiler... Dowamy bar >> | |
|
√ Ak guwlary atmaň -7: romanyň dowamy - 02.06.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -20: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -11: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -14: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
√ Dirilik suwy -12: romanyň dowamy - 12.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -11: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Türkmen aty - 16.08.2024 |
√ Köne mülk -10: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Hakyň didary -2/ romanyň dowamy - 28.02.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -9: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |