10:47 Basgançak-şöhle / mini-hekaýa | |
BASGANÇAK-ŞÖHLE
Hekaýalar
Ýuwup dur. Dagy nä? Başlyk buýurdy. Gep tamam. Ýaşyňam şo, sylag-hormatyňam. Hasam ol ýaş, dyzmaç, gyňyr bolsa... Üstesine-de: “Agam-m, bizzemm ýeňňssämmizz bilen çörrekk iýýemmzookk! Wahter bolsaňam, pol ýuwmaly dä diýýillipp ýýazzyllann ýýerri iýýokk!” edip, üstüňe dyztdyryp dursa... Birdenkä ýylmanak diwaryň gapdaly bilen aşaklygyna gaýdýan basgançagyň ýüzündäki şöhle ýodasy ünsüni çekdi. Işini goýdy. Çöňelen gözlerine zor salyp, elini kölegeledip, şöhläň düşýän tarapyna çiňerildi. Birdenem, ýerinde turdy-da, öz-özünden göwnühoş ýylgyrdy. Köwşüni çykardy. Aýakýalaňlygyna basgançak-şöhläň üsti bilen, göýä şöhläni ynjytmajak bolýan dek, haýaljakdan ýokarylygyna galyp ugrady. Näme üçin? Aý ýöne. Keýpine. Belki... O taýda bir hezillik bardyr... | |
|
√ Söýgä goýlan wagt / hekaýa - 06.12.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Gumly gelin / hekaýa - 08.12.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |