15:46 Bäşgyzyl -13: romanyň dowamy | |
ON ÜÇÜNJI BAŞ
Romanlar
Gurt daşkyrak daýysynyň bardygyny ejesinden eşidipdi, nirelerdedir bir ýerde işlänligini, soň garrap işden galanlygyny bilipdi. Ýöne ol ne Gurtlara gelipdi, ne Gurt daýysyny görmäge gidipdi. Umumanam ejesi daýysy barada kän bir gürrüň bermäni halamazdy, kän sorag beriberse «Jan guzym, şol daýyň gürrüňini goýsana» diýýärdi. Soňky bäş on ýyllykda bolsa ejesi daýysyny ýatlamandy. Gurt üç hepdeden soň öýüne gelende, ejesi ony gapyda garşylady. - Jan, guzym, bize bukja getirdiler. Aşgabatdan gelenmişin. Men sen gelersiň diýip ony açyp görmedim. Al, guzym, oka. Eýgilik bir bolawersin. Hudaý jan. Garaşman otyrkaň hat gelse... Beýle zatlardan gözüm gorkandyr. Gurt hatyň daşyna seretdi. Onda öz adyny, aşagragynda bolsa hat ibereniň goluny gördi. Açyp seretse iki bölek kagyz, oňa çalarak göz gezdirip çykdy-da: - Eje, bu hat Aşgabatdaky daýymdan gelipdir – diýdi. - Waý, Hudaý jan, eý, ol neneň bizi ýatladyka? – diýip, ejesi ýakasyna tüýkürdi. - Ýatlapdyr, eje, ýatlapdyr. - Näme ýazýar, ol, jan guzym? - Eje men haty okap çykaýyn, soň saňa manysyny aýdyp beräýerin. - Bor, jan guzym. Eýgilik bolsa bolýa-la. Hany sen okasaň oka men bir işlerimi edişdireýin – diýip ejesi mal ýataga tarap ýöredi. Aýaly mellege ota gidipdi, bir ýaşa giden gyzjagazy sallançakda meýmiräpjik ýatyrdy. Gurt sallançagyň ýanynda ymykly ornaşdy-da haty okap başlady. ...Gadyrly ýegenjigim, men dogrusy seniň adyňy hem bilemok, ýöne barlygyňy daş gulakdan eşidip şu haty ýazmaga oturdym. Men seniň daýyň, adymy, kakamyň adyny ejeň bilýändir. Ejeň meniň altynjy inimiň gyzydyr, şeýlelikde ol maňa dogan bolýandyr. Menden oňa dogaý salam aýt «Daýym heniz hem diri ekeni, ölmändir» diý. Näme üçin saňa ýüzlenip hat ýazmaga oturanymy gysgajyk düşündirjek bolaýyn. Belki «Bu adam ölüminiň öň ýanynda bizi ýatlapdyr welin ýaman güne düşäýdimikä? Ýa-da kömek gerek bolaýdymy-ka?» diýen soraglar dörär. Nähili soraglar dörese döräbersin, men ählisine jogap bermäge taýýar. Men ýaňy-ýakynda bir düýş gördüm. Ömrümdäki bolup geçen wakalar surat ýaly göz öňümden geçip gitdi, şolaryň iň soňky pursatlarynda men seni gördüm. Barlygyňy eşidýädim, ýöne ýüzüňi ilkinji gezek düýşümde gördüm. Sen eti gany ýerinde, gara saç, garagözli gözleriň gülüp duran görmegeý ýigit ekeniň. Meniň bir inim bolardy, ony 1939-njy ýylda tutup alyp gidipdiler. Şondan soň gördüm-bildim ýok, sen şol inime gaty meňzeş. Ýönelige «It-ata, är daýa» diýilýän däldir. Düýşümde sen «Daýy ömrüňde bir peýdaly iş etdiňmi? Ýa-da senem Kim nirä eňse tozga ýaly gaýyp ýördüňmi?» diýip soradyň. Hut şu sorag maňa hat ýazmaga mejbur etdi, ondan başga-da men «Şu ýaşymda bir peýdaly zat edip bilýänmi?» diýen soragy öňümde keserdip goýdum. Onuň üçin ilki bilen men saňa ýüregimi açmaly. Ähli barymy-ýogumy dökmeli, sen şolardan öz geregiňi, peýdaly sapaklaryňy alyp bilersiň diýdim. Eýsem men nädogry aýdýanmy? Ilki bilen-ä daýyň şu dünýäde ýaşap ýörenligimi saňa buşlamakçy bolýan. Hawa ýaşaýan. Köpler şol sanda ýakyn garyndaşlarym bolan sizeem meni ölendir öýdýänsiňiz. Emma men heniz ölemok, ýöne bilemok, şu hatym iň soňkuja zähmedim bolmagam ahmal. Ony Alla bilýär. Men dünýäň meseleleri bilen seniň kelläňi agyrtjak däl. Ýogsam özümi bilip şeýle jemgyýetde ýaşadym hem-de goşulmasyz zada-da goşuldym. Şol sebäpli almytyny aldym. Uzak ömrümiň dowamynda men nämelere duşmadym, nämeler görmedim. Seniň erteki otarşyň näçe ýokary bolanda-da meniň gören-eşiden zatlarymyň müňden birini tapyp bilmersiň. Men bu zatlary indii aýdyp bilýän, häzirki Garaşsyz ýurduň asuda durmuşynda çekinmän aýdyp bilýän, özümiň uzak ömrümdäki wakalar käte kelläme sygman ýaryp barýar. Men welin beýleliklere gezek bermän, şol öňki hötjetligim bilen ýaşaýaryn. Belki gören jebirlerimiň öwezi üçin Alla maňa bu uzak ömri peşgeş berendir? Belki köp ýyllaryň dowamynda azatlykdan mahrum edilmegim uzak ýaşamagyň syryny öwredendir? Ähli bela iki barmak dilden geller ekeni. Men bir ýerde nähak näletlenen şol adam meniň garyndaşym diýip samsyklapdyryn. Ine, onsoň sen-men ýok tutup alyp gitdiler. Otuz ýyllap bendilikde sakladylar. Düýp sebäbine seretseň-ä olar şulardan ybarat. – Ejeň eşitse eşidendir, eşitmedik bolsa aýdaýyn, biziň aňrymyz baýlar bolupdyr. Baý adamam näme çagasyna edep-terbiýe berjek, bilim berjek. Meniň bilimli bolmagym täze hökümete gerekli boldy. Wah, bilimli bolman, bir çopan bolsam bolmaýarmy? Ine, onsoň bilimli bolup dürli ýerlerde işledim, has dogrusy bilimimi bilimsizler bilen paýlaşdym. Şol bilimli eden adamlarym bolsa meni otuz ýyl gözenege dykyp zähmedimiň sag bolsunyny sahylyk bilen berdiler. Geçen durmuşyma ser salanymda ony üç basgançaga bölýärin, birinjisi dürli wezipelerde işlän döwrüm. Häzir seljerip görýän welin olarda men öz-özümi tanap bilemok. Birinde men ýaranjaň, birinde hak iş üçin janyny berjek adam, birinde ownukçyl, birinde mert, hersi üýtgeşik adam. Men nädip beýle boldumkam? Şol adam bilen kiçiräk şäherjigiň bir edarasynyň başlygynyň arasynda näme meňzeşlik bar? Diňe atlarynda dälmi? Hawa. Emma ony näme üçin tutdular. Meni näme üçin bendilikde sakladylar? Olam, menem adam ahyryn. Hawa, wagt boldy menem belli bir derejede onuň hyzmatyny etdim. Adam bir zat çeýnejek bolsa işlemeli bolar ahyryn. Çagalary aç etmejek bolsaň. Ýeri, beýle işlänim bilen, onuň buýruklaryny ýerine ýetirenim bilen men jenaýatçy bolýanmy? Durmuşymyň ikinji basgançagy – bendilikde oturan döwrüm, üçünjisi bolsa ondan soňky has dogrusy soňky ýigrimi ýyllykda ýaşan döwrüm. Men öz durmuşymda köp zada göz ýetirdim, öwrendim diýsemem aslyýetinde bilýän zadym ýok ekeni. Hut şu hakykata ahyrlap barýan ömrümdk göz ýetirdim. Ahyrlap barýan ömür. Saňa geňräk görünmegim mümkin, ýöne ahyrky ömrüň, ýakynlap gelmegi meni diýseň begendirýär. Dogrusy, beýle sözlerden soň sen öz garrylygyny başyndan geçirýän garra, onuň pikir hyýallaryna, göwresindäki azar berýän çydamsyz agyrylara düşünmersiň. Bir tarapdan ol ýönekeýdir, ýöne siz, ýaşlar, ýönekeýligi gaty bir halap durýan dälsiňiz. Şol sebäplem özüm barada hiç zat ýazmakçy däl. Saňa meniň ýaşaýan ýerim, jaýymyň giňligi, darlygy, garyplygym, baýlygym, kömege mätäçligim ýa-da dälligim, bularyň barynyň tapawudy ýok. Bir zat aýdyp biljek ýaşan ömrümde görmedik, bilmedik zadym bolmady diýen ýaly. Ýigriminji asyr şeýle bir wakalara baý boldy welin, olary görmän, olardan geregiň alman durubam boljak däldi. Ýok, sen pikir etme, daýym garrapdyr-da, gözüniň öňündäki bolup geçýän wakalary görmedik bolýar – diýip, men 21-nji asyryň başynda türkmeniň altyn asyrynda bolup geçýän wakalary göz öňüne tutamok, ol saňa, seniň ýaly ýaşlara degişli, garrylygyny başyndan geçirýän meň ýaly garra-da degişli. Köp adamlar üçin ahyrlamasy çözülip bilinmejek syrlygyna galýandyr. Öl ölümdenem gizlin syrdyr, ýöne, egerde adamlar näme üçin ýaşaýandyklaryny her pursatda özlerinden sorap dursalardy, onda ýaşaýşyň mazmunyna has çuňňur düşünerdiler, hem-de has uzak ýaşardylar. Biziň käbirimiz garrylygy beden garrylygy bilen çalşyrýarys, olaryň biri daň bilen turup dogýan güni ýüzüne sylýar we Allajan edeniňe şükür – diýip işine gümra bolýar, Ýene biri her hili gyzykly oýunlar bilen meşgul bolýar, biri bolsa keselhanalaryň gapylaryny açyp hiç kime rahatlyk berenok. Ýaşlaryň köpüsi «Aý, entek garrap baramokla» diýen şygary baýdak edinýärler, garran wagty bolsa ýaş boljak bolýarlar. Magtymguly atamyzyň aýdyşy ýaly biziň barymyz bu dünýäniň myhmany ahyryn. Gazamada ilki dykanlarynda men öz adymyň tutulmagyndan gorkup gezdim. Biri birden «Pylany» diýse ziňk edip ýerimden turdum. Soň-soňlar ol meniň düýşüme girdi, hem-de onuň ykbalynyň bir bölegini özüme siňdirendigime düşündim. Ýöne ol ölüp gitdi, men bolsa diri adam. Diri adam ady tutulanda ziňkildäp dursa nähili bor? Dogrusyny aýtsam käte ol meni öz ýanyna, gabryna çagyrýar. Emma men hötjet adam. Çagyrdy diýip gidiberjek bolamok. Bäş-alty ýyllykda ýarym asyr mundan öň samsyklygym sebäpli ýitiren bagtyma – ilkinji ýassykdaşyma duşdum. Bu duýgy diýlen zadyň ediberýän oýnuna seret, ol seniň kimligiňe garamaz ekeni. Eger-de sen öz duýgyňa duýgudaş göreçleri görseň duýgyň onlarça esse artýar ekeni. Men ony ilkinji gezek görenimde hem şeýle başagaýlygy başymdan geçiripdim, belli bir wagtdan soň ony ömürlik ýitiripdim, häzirki duşuşygymda hem edil şol birinji gezekki ýaly duýgulara gabat geldim. «Adam garrasa-da göwün garramaz» şundan gelip çykýar ekeni. Men, bile ýaşan döwrüm ol aýalyň kalbyndaky harasatlara doly göz ýetirip bilmändim, şol durmuşymdaky iň uly ýalňyşym boldy. Ony ýitirip, öz eden işimiň telekligine düşünmek üçin hem wagt gerek boldy. Men elli ýyllap ony ýürekde göterip geldim. Haçanda biz täzelikde duşuşanymyzda onuň gyzlygyndan, meniň ýigitligimden nam-nyşan galmandy, biz hersi aýratyn ykbally iki adamdyk. Men onuň öňünde günäkärdim. Şeýle bir günäkärdim welin bir zada deňemäge dilim baranok. Men ony bir bolgusyz burny sümükliden gabandym. Soň düşünip galsam asyl beýle gürrüňi ýörüte ýaýradyp meni ondan aýyrjak bolan ekenler. Men bolsa, samsyk özümiň keramata deňemeli aýalymy ondan gabanyp biderek azar beripdirin, hat-da hiç-hili günäsiniň ýokdugyna göz ýetirenimden soňam, gabanç keseli meni öz günüme goýmandy. Gaýtam, men, eger aýal öz ärini çakdan artyk söýýän bolsa, onda ol diňe oýnaşyny göz öňüne getirip meni çäksiz söýýändir diýen pikire uýdum. Indi boýnuňa almak diýseň agyr bolsa-da aýdaýyn hut gazamatda ýatan ýyllarym aýalymyň maňa bolan çuňňur söýgüsi diňe başga erkekleriň tabşyrygy boýunça amala aşyrylýandyr diýip hasap etdim. Gör, men nähili haýwanlaşypdyryn. Hut şu gabanjaňlyk keseli meni ondan aýyrdy. Ol bolsa şunça ýyllap «Ýalňyşyna düşünerde geler» diýip, maňa, diňe maňa garaşypdyr. Gör bu bolýan zatlary, indem ol meniň ykbalymy şol durşy ýaly kabul etdi. Görlen horluklar, çekilen jebirler, ýalňyşlyklar, ýoldan çykmalar, gabanjaňlyk keseli, beden we ruhy ýaralanmalar, geçilen ömür, galan ömür, bularyň bary – onuň üçin bir ýana, meni ýekeje gezek görüşi bir ýana boldy. Men onuň öňünde günäkärdim, emma ýegen, senden gizläp nädeýin men ony görüp, ähli geçmişimi, onuň geçmişini ýadymdan çykardym, diňe şu gün, şu pursat göz öňümde janlandy, edil täzeden durmuşa baş goşýan ýaly boldum. Eýsem men sürgün edilen gabanjaň adam beýle pikir etmäge hakym bir barmydy? Ýok, ýok, ýene-de müň kerem ýok. Men şol öňki haýwanlygymdan saýlanmandyryn. Ol maňa «horlanypsyň» diýýär, men bolsa «Dogrudanam şunça ýyllap hiç kime barmadyňmy» diýip soraýan. Ine, ýegen, seniň daýyň şeýle gutaran adam. Ömür ahyrlamasy, ahyrzaman hakynda edil bilbil ýaly saýraýan, Emma geçmişi ýadyma hem düşüremok. Belki, ömür ahyrda gabat gelmegimiz biziň ähli geçmişimiziň iň soňky netijesidir diýen pikir kellä geldi. Belki şol dogrudyr. Ýöne bir zady welin açyk aýdyp biljek, men ony ýitirip adamçylykdan çykdym-da, şemal ugruna ygyp ýören tozga öwrüldim. Ýitirmesiz genji hazynamy ýitirip diwana boldum. Şondan soň başym çaşdy, öz-özümi tanamadym, has dogrusy özümi ýitirdim. Utanjymdan ýaňa ýer ýarylmady, men girmedim, gije-gündiz öz-özüme gargynyp, öz-özüme igenip gezdim. Hawa, men onuň söýgüsine söýgi bilen Baha bermän, haýynlyk derejede samsyk bolupdyryn. Eýsem, diňe munuň özem gargynjyň iň ýokary basgançagyna mynasyp dälmi? Onsuz eýsem men kim? Men, özi baradaky ähli maglumatlary kagyza geçirilen bir garantga ahyryn. Adyma, atamyň adyna ysnat getiren bir dik düşdi, kommunistik partiýanyň ýetmiş ýyl agzasy bolan haramzada. Mende häzir kompartiýanyň ilkinji nyşanyndan başga hiç zat ýok. Olam-a indi edil özüm ýaly hiç kime gerek däl. Bütin ömrümde men ýekeligi gowy görerdim, hiç kime dahylsyz ýaşanlygyma guwanardym, emma ilkinji söýgüme duşanymdan soň ol pikirlerimiň çüýrükligine, masgaraçylykly çüýrükligine düşündim... Görýärmiň, ýegen, sen heniz köp zada düşünemok diýip zeýrenýänsiň, emma men sekiz müňäni arka atanymdan soňam ýalňyşyma düşünip bilemok. Men indi öz oý-pikirlerim barada birki agyz aýdyp geçeýin. Onsuz daýyňa baha berip bilmersiň. Ejeň-ä diýýändirem «Aý, şo daýyň gürrüňini goýsana» diýip ol dogry diýýär. Sebäbi men bütin ömrümde oňa howsaladan başga zady getirmedim. Oňa-ma gören güni ýokdur welin, men nädeýin, her kim maňlaýyna ýazylanyny görmeli bolýardy. Her-hili gün görenem bolsam birine ýamanlyk etmedim, adam saýladym, kişiň minnetli çöregini iýmedim, bir ýetmezim ýokarda belläp geçişim ýaly daýzaňa öz aýalyma bagyşlap bolmajak, günä öçmejek ýaman iş etdim. Onam, meň-ä, döwrüň galagoply wakalaryndan baş alyp çykyp bilmän, ejir ýamanyny gören beýnimden görýän. Şol, meni gabanjaňlyk keseline uçradan. Bolmanda-da adam kyn ýagdaýa düşende ýa-da bir zada gahary gelende, edýän işi ugruna bolmasa gaharyny iň ýakynyňdan çykaraýgyç bolýandyr. Soň-a eden işine ökünýärem welin soňky tüýkülik sakgal ezenok-da. Bir zat welin aýdyň. Adam ýüz ýaşasada ölümden gorkýandyr. Ol mydama çaga. Onuň 10 dereje beýnisi işleýär, jahana näme üçin inendigini barada çuňňur oýlanmaýar. Men welin oňa azda-kände düşündim, oýlanmak ukybymy artdyryp adamzadyň durmuşyny ýeňilleşdirmekdäki ýollaryny agtardym. Onsoň meniň ornumyň başga bir planetalarda, başga bir ýaşaýyşda, boş duran bolmagam ahmal. Belki, ol ýere barsam 90 derejedäki işlemedik beýni öýjüklerim işlär, täze bir açyş ederin. Onsoň maňa bu pany dünýäde ýaşamdan haýsy dünýä bolsa-da, o dünýä, ýedi gat asman bolsada tapawudy ýok. Men nesillerimiň ýokardaky aýdanlarym barada azda-kände pikirlenmeklerini isleýän. Gelejegiň aňyrsy «Gara deşik» ýaly garaňky bolmaly däl. Ýaşlaryň içinde täze bir uly açyş edip, adamzadyň gerdenine düşýän ýüki ýeňletjek bolýan kişiler tapylar. Ýaşaýyş dowam edýär ahyryn. Men ýakynda öz söýgüli aýalymyň dünýäden gaýdanlygyny eşitdim. Gör, nähili adalatsyzlyk. Günäsini terezä salyp ölçäýeniňde-de, haýsy tarapdan seljereniňde-de ölmeli bolsa ilki men ölmeli. Ýegen, men seni ýadatdym öýdýän. Bir azajyk sabyrly bol, gutarjak. Men saňa öz geçmişimi gürrüň berdim. Geçmiş – bu biziň umumy taryhymyz. Ol nähili ajy bolsa-da biz ony ýadymyzdan çykarmaly däldiris. Başga ýol ýokdur. Eger-de biz ony äsgermezlige salsak onda geljegiň ösüşine badak atarys. Geçmişi bolmadygyň gelejegi bolmaz. Men muny näme üçin aýdýaryn? Häzirki ýatlap geçen geçmişim ýaşlar üçin näbelli bolup barýa. Ana, şoňa ýol bermeli däl. Ýegen, bolýar, häzirlikçe men şu birinji hatymy tamamlaýaryn. Hudaý ýol berse, ölmesem, jogap hatyňam alsam, onda belki bedenim ikinji hatyň ýazylmagy üçin güýç-kuwwat tapar. Belki, şeýle bolsunda. Ejeňe köp dogaý salam aýt. Ony ynjytma. Daýyň. Aşgabat şäheri 18 maý 1999 ýyl. Gurt haty okap bardy-da kellesini tutup köp oturdy. Dogrusy ol hatyň manysyna düşünip bilmedi. Beýle çuň pelsepelere düşüner ýaly onda bilim barmy näme? Traktor sürüp gazanç edýäne artyk bilimiň geregem ýok ahyryn. Iň esasam ol daýysynyň şunça baýlygym bar diýerine garaşdy. Olam bolmady. Gurt sagadyna seretdi. Görse telewizorda dollaryň mukdaryny habar berýän gepleşigiň wagty ýetipdir. Ol hasanaklap turdy-da telewizoryň nokadyny basdy... 2. Üçünji ok öňki aýagynyň çykan ýerinden girdi-de, edil ösüp oturan agaç mysaly teninde «gögerdi». Birnäçe wagtlap ýaranyň agyrsyny duýmady, agzy gurap suwsanda, ysgyn-mydary gaçanda kellesini aýaklarynyň üstüne goýup ýatdy. Işdäsi kesilip zat bilen peri bolmady, ýurduny terk edip gidesi geldi, şol niýet bilenem ýaraly halyna has günorta Garagumyň göwsüni dilip akýan derýaň tokaýly kenaryna çekildi. Bu ýerde möjekleriň yzlaryna gözi düşdi, olar ýaraly Garagulagyň ysgyndan gaçaryna garaşyp, ygyp ýördüler. Möjekleriň Serdary bir gün onuň edil alkymynda peýda boldy, köp wagtlap bökmek üçin amatly pursady pelledi, emma ýa-ha şol pursat gelmändi ýa-da Garagulagyň merdemsi penjesi özüne göwni ýetýän möjegi gorkuzypdy. Inee, bir günem möjek göwnüni bire baglap, garşydaşynyň üstüne özüni oklady, Garagulak garaşyp duran ýaly agyrmaýan aýagy bilen ony kakyp goýberdi. Möjek böküşi ýaly bir gapdala zyňylyp düşdi. Muny görüp, topulmaga hyýallanan beýleki möjeklerem yza çekildiler, dişlerini çarhlap, Garagulagyň daşyna täzeden aýlandylar. Möjekleriň serdary öňünde ýatan haýwanyň kişi meýdanyna aýak basandygyny duýdurmak isläpdi, agyr ýarasyny görüp birneme gaharyny gowşadypdy, onsoňam ýaraly haýwana topulmak möjek dilinde namartlyk hasaplanylýardy. Şol sebäpli ol dişlerini şakyrdadyp, aýaklary bilen çäge tozatdy, bu onuň «Sen meniň ýurduma geldiň, ýaraňa gözüm düşüp birneme gaharymy ýuwutdym. Gowusy abraýyň barka gelenje ýeriňe git, men saňa öz mülkümi berip bilmen, ölerin, berip bilmen» diýdigidi. Garagulak muňa aňry ýany bilen düşünýärdi. Garagulak yzky aýaklarynyň üstüne galdy-da, özüni öňe zyňdy, möjekler çekildiler. Sebäbi penjäniň zarbyny dadanlar, ony gowulyk bilen bu ýerden kowup goýbermegi, şol bir wagtyň özünde tä gelen ýerine barýança yzarlap, amatly ýerde üstüne topulmagy ýüregine düwüpdiler. Garagulak gelen yzyna gaýtdy. Ýok, gaçyp bir gaçýan zadam ýokdy, ýöne dört möjegiň irginsiz topulmagy oňaýsyz ýagdaý döredipdi, kowmanlarynda hem ol gaýtmakçydy, kişi ýeri bilen ýerli boljak gümanaň ýokdy. Birneme ýarasy bekeşsin, gowy özüne gelsin, soň görmelidi. Möjekler garama-gara kowalap, amatyny tapsa Garagulagyň «jalbaryndan» ýolup aldylar. Garagulak ýurduna aşýança olaryň azaryna çydam etdi, indii welin... «Eger öňdäki çulbadan aşamsoň yzymdan galmasalar men olara oýnumy görkezeýin» diýip gelýän Garagulak birden baş möjek bilen garpyşan Alabaýa gözi düşdi. Güýjüniň asgynlygyna göz ýetiren möjek assa-assadan yzyna gaçdy, Alabaý möjekleriň golaý gelenini hatan ýaly agzy bilen zyňyp goýberýärdi. Garagulak «dostunyň» gujur-gaýratyna guwandy. Ýöne Alabaýyň bar ýerinde hökman onuň eli ýaragly eýesiniň bolmalydygyna düşünýärdi. Düşünse nätsin. Olam bir ýerde ýaşamaly ahyryn. Ol öz ýurdunda sazak bilen ýowşanlygyň tokaý bolan meýdanynda, hawa ol öň hiç kimden azar görmän ýaşapdy, towşanlary awlapdy, siňeklerden ýarasyny gorap, gündüzine ýatypdy, bir garagol tilkijik welin ýa-ha bilgeşleýin ýa-da bilmezlikden, bir gün onuň edil ýatýan ýeriniň golaýynda meýdana durupdy. Bu ýakymsyz ys Garagulagyň keýpine sogap dograpdy. Şol gezek ol tilkiň günäsini geçiripdi, indi welin her näçe açlyk çekýänem bolsa, tezeginiň ýakymsyz ysyny ýaýradanam bolsa öň ol tilkijigi iýmezdi, indi hut şonuň etini iýesi geldi. Sebäbi ilkinji ýaralananda tilki eti ýarasynyň azaryny gowşadypdy, melhem bolupdy. Häzir ýarasy iriňläp azar berip duransoň şol melhem gerekdi. Bolsa-da, tilkijik örän mekir ekeni, barjak ýerini ysgaşdyryp, sesini çykarman gijäni «diňleýärdi», şeýdibem, öz garşydaşyny aldawa salýandyryn öýdýärdi. Bir tarapa giden bolýardy-da, çöpe duwlanyp, ugruny düýbünden ters tarapa öwürýärdi. Köpden bäri tilkijigiň özüni alyp barşyny synlaýan Garagulak ilki bilen öz ysyny oňa öwrenişdirdi, soň onuň geçen ýerine aýlanyp öz «yzyny» galdyrdy, tilkijigiň oňa bolan garaýşyny barlap gördi. Tilkijik şeýle ýagdaýda howply duýduryş alyp diýseň aljyrady, dogduk mekany arkasynda duransoň ätiýaçly hereket etdi. (haýwanlarda dogduk mekan goralýan ýerdi, ol her haýwanyň ululygyna görä bölünendi, tilkijigiň mekany Garagulagyňka garanyňda onlarça esse azdy, kä ýerde kä ýerde buşugyp özüniň «yzyny» galdyrýardy. Ol muny halys buşugasy gelip edenokdy, bu onuň öz serhedine dikýän duýduryş «belgileridi». Eger bu «belgini» goýmagy ýatdan çykardygyň eýýäm ol ýeri başga biri eýeleýärdi, onsoň öz mülküňi urşup almaly bolýardy. Ol Garagulagyň mekanynda ýaşaýan tilkijikleriň biridi, olar biri-birine duşmançylykly hereketlere ýüz urmaýardylar, tebigatyň umumy jaýynyň dürli gatynda bilelikde ýaşaýardylar, käte ýollary kesişmeli bolýardy. Hawa, eger-de tilkijik şol soňky herekedini etmedik bolanda... Ertesi Garagulak ýene tilkiň yzyny kesdi, hem-de onuň ilki geçen ýeriniň töweregindäki gür sazaklygyň içinde gizlendi. Tilkijik täze yzy görse-de, öňküsi ýaly howatyrlanman, serhedinde goýýan yzy boýunça batyrgaý herekede başlady... Garagulak tilkijigi tutdy-da naharhanasyna getirdi. Tilki eti edil çerim iýen ýalydy. Aýagyň çykan ýerinden gire nok nirededir, gapyrgalaryň töwereklerinde gizlenipdi. Tilkijigiň eti bir bada ýara awusyny gowşadanam bolsa garaz, aýryberenokdy. Şol sebäplem öňküleri ýaly hereket edip bilmeýärdi. Ýürek bolsa günde-günaşa mülküne aýlanyp çykmagy küýseýärdi, geň adamlaryň daşyndan synlasy gelýärdi. Köp ýyldan bäri edil tilkijik ýaly bir jaýyň dürli gatynda adamlar bilen bile ýaşaýardy, käte ýollary galtaşýardy, soňky döwrüň adamlary çölüň has içine aralaşyp, dörjüm-dörjüm edip ýördüler, dik ösüp oturan agaçlar ýaly demir tokurtgalary ýeriň göwsüne sokup, tilkijigiň hasam beter alajewezeniň oslygy ýaly ysly zady çykarýardylar, käte ýakýardylar. Näme üçin ýakýarlar, düşünip bolanokdy. Garagulak oňa düşünjegem bolanokdy, ýöne, bir zat welin aýdyňdy, şeýle ysly zat ýa-ha geçmesi kyn agyr çägeli ýerlerden ýa-da tebigatyň iň gözel künjeginden çykýardy. Her gezek ol ysly zat hökman Garagulagyň ýurdundan çykaýmalymy? Çöli düýderýän adamlaryň ýanlary bilen gelýän itleri onuň üçin howply garşydaş däldi, ol burnunyň üstünden çakýan çybynça-da ýokdy, adamlar käte şu ýarasyny edişleri ýaly örän gaty dişleýärdiler. Şonda-da adamlaryň töwereginden kän bir daşa gidesi gelenokdy, oňkam ýaraly halyna tilkijigiň yzyna düşüşi ýalydy. Alakalaryň howpy görenden täsin ses çykaryp bir-birine habar berşini, torgaý guşuň asmanda saýraşyny, bürgüdiň haýbatyny baýguşyň «gybatyny» synlamany gowy görüşi ýaly ol adamlary synlamanam gowy görýärdi. Beýik depä çykyp olaryň gaýda-gaýmalaşygyny taýak ýaly zadyň ujunda ot ýakyşyny, yzy gapyrjakly maşynlaryna münüp göwün göteriji aýdym saza melul boluşlaryny synladygyça synlasy gelýärdi. Ýöne bu gezek ony birahat eden adamlaram, item däldi, birnäçe gün bäri edil alkymyndaky traktorlar gar düşen ýeri, düýe ashaýmaly sazaklary, selinleri, çerkezdir, ýowşanlary kökleri bilen sogrup oýa itekleýärdiler. Gara bürenen toprak olaryň geçen ýerinde edil gar erände bugyň çykyşy ýaly bugarýardy, has dogrusy derleýärdi. Garagulak traktorlara seredip esli ýatdy, ýene-de ýatjakdy, köne ýaralary gozgamadyk bolanda, täze ýarasy bolsa heniz hem doly bitip gitmändi. Sowuk düşse ýara azagan bolar ekeni. Şol sebäplem açlyk mejbur edäýmese kän bir hereket edenokdy. Haçan-da süsňäp ýören traktorlar ýatan ýeriniň edil üstünden gelende ol bialaç ýatagyndan atylyp çykmaly boldy. Bir niýetä olaryň zynjyryny berk dişleri bilen goparyp taşlamakdy, soňky pursatda niýetinden El üzüp, gaçmakçy boldy. Traktorlar saklandylar, arryldylar peseldi, adamlar gygyryşdylar. Traktorlaryň öňdäkisi pyçagyny galdyryp, onuň yzy bilen şakyrdap gaýtdy. Garagulak gaçyp ýören bolmasa-da garaz nätsin, üstüne bir äpet zat arlap gelse. Bir gaçdy, iki gaçdy. Traktor sürünýärdi. Garagulak ahyrym nobatdaky oýa gaçmaly bolanda yzyna öwrüldi-de, gazap bilen birnäçe ädim öňe topuldy. Emma garşydaşy gorkarly däldi, barmysyňam diýmän, gar gatyşykly çägäni, sazagy, guran çerrikleri düýrläp üstüne dyzady. Aýnanyň aňyrsyndaky sürüjiniň keşbinden Alabaýyň ýanyna baranda gören adamsyny tanady. Gurt hem ony tanan bolmaly, emma näme üçindir edil, ozaldan ary bar ýaly onuň üstüne traktoryny arladyp gelýär. Ine, şu ýerde Garagulak durup bilmän şuňkar ýaly bat bilen bökdi-de, traktoryň edil aýnasynyň öňüne patylap düşdi, barşyna-da güýçli penjesi bilen kakyp aýnany döwdi. Gurt aljyrady, nätjegini bilmedi, Garagulak öňünde ýoluny saýgarmak mümkin däldi, döwük bolmasa-da Garagulagyň ikinji urgusynda aýna çym-pytrak boljak, şonda howply ýagdaýa düşjegine gözi ýetýärdi. Garagulak agzyny uran ýeri demir bolup duran zada näme etjegini bilmedi, aýnanyň öňünde iki ýana pyrlandy, haçanda traktoryň çukura gaçyp gapdala agyp başlandygyny görende böküp ýere düşdi. Traktor esli salym zynjyryny şakyrdatdy, ahyrymam ýatdy. Bu görnüşe syn edýän Garagulak Gurduň «Waý, kömek ediň!» diýýän sesini eşitdi. Garagulak bu zaryn sesi eşiden badyna garaja gulaklaryny ýatyryp iki ýana zowzalady, traktoryň ýagy akyp ýatan demirleriniň daşyna aýlandy, gorpuň bir gyrasynda durup güýçli dyrnaklary bilen ýer peşedi, gatan toprak birneme azar berenem bolsa ýumşak ýere ýetende aňsatlyk bilen adam sümer ýaly çukur etdi. Haçanda traktoryň sag gapysynyň deňine ýetende, Gurduň iňňildisinden başga sesleri eşitdi, çukurdan çyksa adamlar ýetip gelýärdiler, öýlerinde Alabaý, Garagulak gaçmaga mejbur boldy. Selkilläp barýarka ýüzüni gar tutan içi suwly çukura gaçyp ezildi, yzynda adamlaryň «Wagtynda ýetişipdiris, ýogsam Garagulyk Gurdy pers-ala edýärdi» diýen seslerini eşitdi. Dogrudanam Alabaýyň ýeke özi sürünip gelen bolsa onda beýle gaçmasa gaçmazdy, ýöne, adam atly güýçli garşydaşyndan üstün çykmagyň hillalladygyny, munuň yzynyň ar alnyşa barýanlygyny bilip gaçdy, çukur gazmak bilenem demiri galkan edinip sebäpsiz öz üstüne sürünen adamdan ar almak üçin däl-de, ony halas etmek hyýalyna münüpdi, ýöne ony «akylly» adamlar «bilenokdylar». Muňa düşünerden adamlaryň aňlary ejiz gelýärdi. Bu ýylyň gyşy adatdan daşary sowuk geldi. Gijeler şeýle bir sowardy welin ýer ýaryk-ýaryk boldy. Bu howada ony birahat edýän zat sorkuldaýan ýarasydy. Suwa gaçanda azyp, azar berýän ýarasydy, eýdip-beýdip ýarasyny buza süýkäp ýardy. Iriň gatyşykly gan öň aýagynyň iç ýüzi bilen akdy. Agyryň wagşylaşma derejä ýeteni üçin ganyň dökülýän topragyny gary bilen çeýnedi. Nämäň kömek edeni belli däl, belki toprak em bolandyr, ýöne ol agyrysynyň gowşanlygyny duýdy. Gündizine gün çykyp maýlap başladygy ganyň ysyny alan siňekler peýda boldylar, beýle-de bolsa gara garga özüne ýetjek paýdan geregini edinmek üçin gagyllap otyr. Öňler ol garganyň bu sesi boýunça haýsam bolsa bir jandaryň maslygynyň ýatan ýerini saýgaryp bilýärdi, özüne galan bölegi alyp iýýärdi, indi bolsa garga onuň maslyk bolaryna garaşýana meňzeýärdi. Muny ýatlanda Garagulagyň gahary depesine çykdy, siňekleri gazap bilen mynjyratdy, gargany janyýangynly kowalady. Garga onuň ilki ýatan ýerine gondy-da iriňli ganlaryň daman ýerini çokalap başlady. Ol kellesini aýagynyň üstünde goýdy, birdenem ýaraly böwrüni ýere berip gyşardy. Gan henizem akýardy. Onuň ölerine öň bir garga garaşýan bolsa indi olaryň sany köpeldi, bu bir tarapdan kemem däldi, irkilende adamlardyr, möjekleriň gelýänliginiň habaryna berjekdiler, howply ýagdaý dörände gagyllap howpuň yşaratyny etjekdiler. Hakykatda welin gargalar onuň ýatan ýerini salgy berýärdiler. Ýarasynyň dermanynyň öz göwresindedigine ol gowy düşünýärdi, onuň üçin köp iýmelidi, gabat gelen zady iýmelidi, gargaň eti bolsa-da iýmelidi. Soňky günlerde oňky oňuna däldi. Indi ýarasy öňküsi ýaly azar bermese-de garaz, çuňňur agyry bardy, şeýle hem göwresinde maslygyň ysyna meňzeş ysy azalandygyny duýdy. Bir gezek bu ysa aldanyp uzynly gün maslyk gözläp gezipdi, ys ýakyndan gelýärdi, maslyk weli ýokdy. Bir günem ýapyň güneş tarapynda ýatyrka gargalar halys heserlenip, irkildigi ýarasyny çokjak boldular: birdenem gagyldaşyp galdylar-da, howpuň golaý gelýändigini habar berdiler. Garagulak gözüni açman ysyrgandy, gar astyndaky ösüp gelýän otlaryň ýagyň, gazyň, tüssäň, itiň ysyny aldy, geň ýeri ysy barda itiň özi ýokdy. Belki ol bukulyp gelýändir? Eger şeýle bolsa onuňky oňdugy hasap edäýmeli, iýmiti üstüne gelýär. Bu ýerde iň gowy usul ölen bolup ýatmak. Hut şol sebäplem ol demini alman, ýara gonýan siňekleri hem kowman, olar bolsa ýaranyň içine girip tohumlaryny taşlaýardylar, diň saldy, ysyň ugry boýunça itiň nireden gelýänini, ululygyny, güýjüni ölçedi, gelýän örän güýçli, batyr it bolmalydy. Dur-la. Eýsem bu Alabaý bolaýmasyn? Hawa, hut şonuň ysy. Zyýany ýok, goý gelsin, öň liňkilläp gelen bolsa-da indi bagry bilen süýşüp golaýlaşýar. Topulmaga amatly aralyga gelende itiň çyňsaýandygy eşidildi. Munuň özi heniz gören-eşiden zady däldi, ýaman niýet bilen gelýän it hiç mahal çyňsamaz. Eýsem ol näme üçin çyňsaýar? Açlykdan ýaňa gapyrgalary içine ýelmeşen Garagulak ähli güýjüni penjesinde jemläp garaşdy, süýşenekläp gelen itiň almytyny bermek üçin gowsunanda, doňmaga mejbur eden bir geň waka bolup geçdi. Henizem çyňsaýan it onuň gan akýan ýarasyny ýalamaga başlady. Ýarany törpi ýaly dili bilen ýalaýan Alabaýyň gözünden ýaş syrygýardy... | |
|
√ Ak guwlary atmaň -14: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Hakyň didary -4/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -14: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
√ Bäşgyzyl -13: romanyň dowamy - 17.10.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -7: romanyň dowamy - 02.06.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Şam ilinde - 17.08.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -10: romanyň dowamy - 16.07.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -11: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Köne mülk -3: romanyň dowamy - 10.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -9: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |