01:42 Bäşgyzyl -20: romanyň dowamy | |
ÝIGRIMINJI BAŞ
Romanlar
1. Göräýmäge önümçilik meselelerini Kakaň diňe özi çözýän ýalydy, haýsam bolsa bir soragy galdyrdygy orunbasarlary, baş hünärmeni, önümçilik bölümleriň başlyklary özlerine degişli işleri belläp alýardylar we gaýra goýulmazdan endikleri boýunça ýerine ýetirýärdiler. Şonda-da ol her bir işgäre tabşyrylan wezipäniň wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegine gözegçilik edýärdi. Onsuz, döwlet ähmiýetli uly gurluşygyň işini dogry ýola goýmak, şonuň bilen birlikde ýolbaşçylyk etmek mümkin däldi. Soňky döwürde ýolbaşçy adamlaryň jogapkärçiligi has-da artypdy, her bir ädimde halkyň, Watanyň bähbidini aramak meselesi örboýuna galypdy. Tebigy häsiýetli örän galjaň adam üçin ol işleriň kynçylygy ýokdy. Ol daýhan maşgalasyndan bolsa-da, gurluşyk işleriniň tabyny gowy ele alypdy, işeňňirligi, ýadamazaklygy, bir zady soňuna çenli ýetirmekligi kakasyndan öwrenipdi. Kakasy Rejep aga bütin ömründe hasapçylyk işi bilen meşgul bolanam bolsa, başga bir tarapdan ol ökde daýhan, bagban, ökde maldardy. Kakany ýaşlykdan zähmede gönükdiren hem onuň irginsizligidi. Ol «Meniň ilden artyk ýerim ýok! Köpçüligiň içindäki ýönekeý bir adam! Ýöne çekýän halal zähmediň bilen sen olardan has tapawutlanyp bilersiň! Durmuşda halal zähmediň bilen meşgul bolup, göreniň aýagyna çolaşyp ýörseň seni sylaýandyrlar» diýip ogluna öwüt berýärdi. Hut şeýle öwütlerden terbiýe alan Kaka özüniň kimliginiň, nähili jogapkärli wezipede oturanlygyny, mertebesini bilýärdi, gulluk edýän işinde çylşyrymly meseleleri çözmekdäki öňe gitmeleri, yza gaýtmalary wagtynda duýýardy, ikisinde hem özüni gowşadan ýeri ýokdy. Hiç wagt gije sagat birden öň ýatyp görmändi, ir sagat altydan soň turup görmändi. Edara adamlary bu işeňňirlige haýran galýardylar. Kaka gije bolsun, gündiz bolsun gerek ýerinde tapylýardy. Ýary gijeden soň özüniň göçme öýüne dynç almaga gelende hem wagty bilen uklap bilenokdy, ýöne onuň üçin gynanyp baranokdy. Sebäbi gündizki edilen işlere ser salmaga, ertirki işleri ýatlamaga, durmuş, gelejek barada, pelsepeler otarmaga mümkinçilik döreýärdi. Ukusyny bolsa ol maşynyň üstünde almaga endik edipdi. Maşyn ýöredigi sallançakda üwrelýän ýaly uklaýardy, durdugy oýanýardy... Ine, bu günem ol üç gije-gündizläp maşynyň üstünden düşmändi. Iki maşynyň sürüjisi gezekleşip hyzmat edýänem bolsalar onuň işjanlygyna zordan çydaýardylar. Onuňam özüne ýeterlik sebäbi bardy. Mundan üç gün öň ýogynlygy bir metrlik, uzynlygy 91 kilometrlik gaz geçiriji tokurtganyň synagy başlanypdy, ol suw bilen doldurylyp ýokary basyşda synag edilýärdi. Onuň üçin gerek bolýan suw iteriji maşynlar tapylypdy, bellenen nokatlarda goýlupdy. Kynçylyk bolsa kändi. Suwy örän uzak aralykdan, 45-50 kilometrlikdäki Türkmen derýasynyň boýunda gurnalan suw arassalaýjy we iteriji desgadan alyp gaýtmalydy. Suw geçirijiň köneligi zerarly güýçli basyşda işläp bilmän ýarylýardy, munuň üstesine-de, kimdir biri ekin meýdanlary üçin suw bölüp alypdyr. Onsoň ýarylýan sepleri täzeden kebşirlejek bolsaň, baş-başdaklyga ýüz uran adamlary ýola saljak bolsaň wagt gerekdi. Bolsa-da soňky üç günde hut Kakanyň üstünde durmagynda bu uly iş amala aşyrylypdy, tokurtga suwdan doldurylypdy, iş basyşy 75 atmosfera bolsa-da 95 95 atmosfera galdyrylypdy. Kebşirleýjileriň ussatlyklaryna onuň göwni ýetýärdi, şonda-da ýetirilen işiň bir ýerinde kem galan bolaýmasyn diýen gorky bardy. Ol Hudaýa müň şükür etdi, dileg etdi. Netijede synag gowy geçdi. Hut öz göwni ýaly güneşli Türkmenistanyň parahat, asuda durmuşy ýaly parahat geçdi, dogry bir ýerinden çalaja syzdy olam kebşirleýjileriň günäsi bilen däl-de, tokurtganyň uzak ýola çekilmeginde dörän kemçilik esasynda boldy. Munuň özi diýseň uly üstünlikdi. Jemi ýedi aýda 22 aýlyk iş edilipdi. Şu gün gaz çykaryş edarasynyň jogapkärli adamlarynyň biri «Bu diýseň uly üstünligiň açylyş dabarasyna Prezident geňeşinden biriniň gelmegi mümkin!» diýeninden soň Kakanyň aladasy hasam artdy... Hawa, uzynlygy 91 kilometrden geçýän ýokary basyşly, uly göwrümli gaz geçirijini belent çäge depeleriniň üstünden gysga wagtyň içinde geçirmek diýseň uly üstünlikdi. Eýsem, asmandan hiç wagt nem dammaýan geçmesi kyn bolan belent çäge alaňlary öňde ýatarda bu iş aňsat bolarmy? Işiň taslama boýunça möhledi 22 aý bolan bolsa başarjaň adamlar ony 7 aýda tamamladylar. Kaka anyk bilýär, dünýä tejribesinde hem taslama wagtyndan öň beýle uly gurluşygy tamamlamak görlüp-eşidilen zat däldi. Beýle üstünlik ülkäniň zähmetsöýer adamlarynyň gujur-gaýraty, irginsiz zähmedi bilen amala aşypdy. Kaka düşekçesini başyna çekip, sag egnine öwrüldi. Öňler ýatyr bilmedik wagty ilki çepine, soňam sagyna öwrülip ýatanda çalt uka gidýärdi. Bu gün olam bolanokdy. Belki ol aşa tolgunandyr? Belki, üç günüň ukusyzlygy zerarly dörän ýadawlyk halys erkini alandyr? Ýogsam ýumşak düşek, ýumşak ýassyk, äpişgelere tutulan ýukajyk perde, daşky çyradan içeri düşýän ýagtylyk, ony birahat etmeli däldi. Onda iňkise goýýan zat nämekä? Onuň ýatan ýeriniň edil gapdalyndaky pessejik tekjede dürli reňkli telefon gapyrjaklary bardy, olaryň içinde gönümel aragatnaşyga çykýan esasy gapyrjak-gara gapyrjak bu gün näme üçindir dymýardy. Bu gapyrjakda diňe sanalgy adamlar gepleşip bilýärdiler, has dogrusy ol ýurduň paýtagty Aşgabat ministrlik bilen gönümel baglanyşyklydy. Ala garaňkynyň içinde çala saýgardýan ol gapyrjakdan galagoplugyň, birahatlygyň uçguny çykyp duran ýalydy, näme üçin diýeniňde ol gündiz bolsun, gije bolsun seniň öz akymyna dowam edýän işiňi üýtgedip täze meseleleri, wezipeleri ýüze çykarýardy. Şol sebäplem ol hatda ukuda ýatan wagtam telefon gapyrjagynyň barlygyny ýadyndan çykarmaýardy. Birdenem Ministriň bu gün Balkana gidendigini, jaň edip durmajagyny ýadyna saldy. Hawa, ony birahat edýän zat hut şol bolmalydy. Ministriň gijäniň ýarymyndan soň jaň edip işiň gidişi bilen tanyşmak häsiýeti bardy. Hawa, şu günem Kaka ondan jaňa garaşypdy. Eýsem, ministr jaň etmejek bolsa näme üçin gözüne uky gelenok? Eger ol häzir azajyk dynç alyp ýadawlygyny aýyrmasa erte bu günküdenem köp işler garaşýar ahyryn! Ýa-da daşardan düşýän ýagtylyk oňa päsgel berýärmikä? Kaka gözüni ýumup, çepine öwrüldi, soňam arkan ýatdy-da, Ýene-de ýatlap başlady. Eýsem bu uzak gijede gözüňe uky gelmese, bir zady kelläňe getirmeli bolar ahyryn! Şeýdibem daňy atyrmaly! Her kim öz durmuşy bilen ýaşaýar, durmuş bolsa onuň barlygy, islegi, arzuwy, üstünligi, kemçiligi bilen dowam edýär. Olar birek-birege baglanan ahyryn! Dogry, ol şu gün gatyrak gaharlanmaly bolupdy. Käbir işgärler halys başyna gidip işläsleri gelenokdylar, demokratiýany talap edip sekiz sagatdan artyk işlemäni islänokdylar. Emma öňde goýlan wezipäni gyssagly ýerine ýetirjek bolsaň, adamlar bilen demokratiýa oýnuny oýnap boljak däldi. Şol sebäplem ol diňe öz diýenini gögerdip, bellenen çäräniň ýerine ýetirilmegini gazanmalydy. Ýogsam aýagynyň ýarasyny bejeren lukman «Özüňe seretmeseň başyňa düşen agyr işiň hötdesinden gelip bilmersiň!» diýip duýdurypdy. Ýöne ol başgaça bolup bilmese nätsin?! Dogry, ol ýadaýardy, demir hem wagty gelende döwülýärdi, ýöne ýadadym diýip badyny gowşatsa, onda ol oňa seredip duran, iki ýarym müň işgäre täsir etmezmi? Eder! Wah, olam ýylda bir aý beýleki adamlar ýaly çagalary bilen dynç alyp hezil edinesi gelýärdi, kakasynyň ýetişdiren bagynda eli pili ýeriň özüne çekiji özboluşly ysyny alasy, baglaryň datly tagamlaryndan dadasy gelýärdi ahyryn! Bular ýadyna düşende edil şu wagt turup oba gidesi geldi, çagalaryny, kakasyny görüp hallaryndan habar alasy geldi. Bir aýyň dowamynda ol oba gidip bilmändi ahyryn... Şol wagt gara telefon jyrlady. Ýaňy irkilip ugran Kaka tisginip gitdi-de ýatan ýerinden elini uzadyp telefony aldy. - Diňleýärin! - Alýo! Alýo! Maňa ýoldaş Rejebow gerekdi? – diýip, rus dilinde gepleýän bir adamyň sesi eşidildi. - Sizi Rejebow diňleýär! - Ýoldaş Rejebow, men Ukrainadan jaň edýärin! Bimaza edenligim üçin günämi geçeweriň! Siz bilen habarlaşmak zerurlygy döredi. Siz meni tanansyňyz-a? - Dogrusy, göz öňüme gelenok! – diýip, Kaka boýnuna aldy. - Men Boýçenko Alekseý «Nowomoskowskiý» zawodyň wekili! Iberen tokurtgalaryňyz synagdan geçirmäge barypdym. - Indi ýadyma düşdi, Alekseý Borisowiç! Nähili saglygyňyz, çagalaryň saglygy, aýalyňyzyň ýagdaýy gowumy? Bu ýerden gideniňizde horlanman bardyňyzmy? - Hemme zat gül! Horlanman öýe geldim! Aýalym hyzmatyňyz üçin size minnetdarlyk bildirýär! Aýt diýdi. Men bir bergili bolmaýyn! - Aý, hyzmat bolup bir... Ýönekeý türkmen däp-dessuryny berjaý etdim! Size ýaran bolsa bolýar. - Maňa diýseň ýarady. Nähili onsoň kebşirläp başladyňyzmy? Edil ýaňyja radio bir zady habar berdi, ýagny «Türkmenistan 91 kilometrlik gaz geçirijini gurup gutardy» diýdi. Men oňa ynanmadym. Käte žurnalistler uçuryp goýberäýýärler! Men onsoň muny sizden sorap göreýin diýdim. Aragatnaşykçylar birneme giç alyp berdiler, bagyşlarsyňyz-da! - Gaýtam, jaň edeniňiz gowy boldy, Alekseý Borisowiç! Biz hakykatdanam gaz geçirijini gurup gutardyk, diňe bir olam däl, ony 94 atmosfera basyşda synagam etdik! Bir sagat öň ony öz gözüm bilen görüp gaýtdym. Häzir gaz geçiriji 75 atmosfera basyşda saklanylýar. - O-how, o nähili? – diýip, Alekseý Borisowiç sorady. – Men size geçirijiniň soňky tapgyryny täze ýylyň öň ýanynda iberipdim, ol olary diňe bir düşürmek däl, maşynlara ýükläp gaz geçirijiniň geçmeli Ugry bilen 90 kilometre çekmeli, yzyndan kebşirlemeli ahyryn! Ondan bäri iki aýama geçenok! - Aýtdym-a, şu gün ähli gaz geçiriji synagdan geçdi diýip! Siz näme meniň sözüme ynanmajak bolýarmysyňyz! - Ýok, ýok, ynanýan! Baý, tüweleme, tüweleme! Siz-ä edil ertekilerdäki ýaly hereket edipsiňiz! Dogrymy aýtsam, ilki siziň bu uly göwrümli işden baş alyp çykjagyňyza ynamym azdy. Sebäbi gaz geçirijiniň geçmeli ugrunyň agyrlygy, kynlygy, çylşyrymlylygy dünýäde ýeke-täkdir. Şonda-da gutaran bolsaňyz size berekella diýäýmek galýar! - Ynamyňyz üçin sag boluň, Alekseý Borisowiç! Bizem size gazy çalt bermek üçin elimizden gelenini etdik. Iki halkyň dostlugynyň hatyrasyna gerek bolsa wagta seretmän işläris. Sag boluň! Bu giçki jaň, edilen işiň dünýä ýaň salandygy Kakaň göwnüni göterdi, gelejekki işleri has şowly çykjagyna ynam döretdi. Gaz ýatagyny doly tamamlamak üçin edilmeli işler azlyk edenokdy. Onuň iň esasysy Türkmen derýasynyň boýunça gurlan suw iteriji desgadan Bäşgyzyla 40 kilometrlik suw geçirijini çekmelidi, 130 kilometr togy, 13 kilometrden gowrak gara ýoly, gaz guýylarynyň birinji tapgyrda göz öňüne tutulan 12-sini özleşdirmelidi. Olary etmek üçin öz güýjüniň ýetmejekligini geçiren hasaby görkezdi. Diýmek, goşmaça adam güýjüniň, tehnikalaryň iberilmegini sorap ministre çykmalydy. Ýöne gazanylan üstünliklerem diýseň guwandyryjydy. Hut şu uly ädimleriň başynda durmak, gurluşygyň ilkinji günlerinden başlap Kakanyň paýyna düşüpdi. Häzir onuň ýer gurluşyk tehnikumyny gutaryp kolhoza iberilen segseninji ýyllary ýadyna düşdi. Ony hünäri boýunça işe almadylar, başga işem hödürlemediler. Muňa bolsa ol şeýle bir namys etdi, hat-da gijelerine gözýaşyny saklap bilmedik wagtlary hem boldy. Indi ol wakalar ýatlama bolup galypdy. Ýöne Kaka welin özüni işe alyp, soňam okuw jaýynda okuwyny dowam etdirmäge şert döreden adamyny – taslama institutynyň Şatlyk bölüminiň başlygy Gurbannepesi ýadyndan çykaryp bilenokdy. Könelerimiz aýdypdyr-a «Ýagşylyk et, derýa okla, balyk bilmese halyk biler» diýip. Bir adamynyň eden şol ýagşylygy häzir Kakanyň ýeten şu belent derejesiniň gözbaşynda durdy. Tekjäniň üstündäki agzyna kagyz ýapylan bulgury aldy-da, ol bir owurt kofe ogurtlady. Barybir ýatyp bilmänsoň, indi synanyp oturmagyň geregem ýokdy. Sagat bäş töweregi bolupdy. Eline ilen gazetleriň birini aldy-da göz gezdirip ugrady. Ýöne näme üçindir onuňky şu wagt bolmaýardy, sada dilde ýazylan jümleleriň manysyny alyp bilmeýärdi, üstesine-de, täze elipbiýi doly özleşdirip ýetişmänsoň beýnisi ýadaýardy. Ýok, ol harplaryň baryny suw içen ýaly bilýärdi, olary goşup, okajak bolanda edil birinji klasyň okuwçysy ýalydy. Suw ýaly okamak üçin öz üstünde köp işlemelidi. Oňa bolsa ýekeje pursatlyk wagty ýokdy. Ol gazedi bir ýana taşlady-da, ýatan ýerinde asmana seredip pikire batdy. Gözüniň öňünden jogapkär işgärleriniň bary bir ýandan geçip başlady. Garamagyndaky trestiň 12 edarasynyň başlyklary, baş hünärmenleri, jemi 24 adam. Ol şu adamlar bilen egin-egne berişip işleşip gelýärdi, içinde dürli häsiýetlileri, ýüregi bile nişe ýapyşýanlary, diňe gep getirýänleri, ýaltalary, batyr-gaýduwsyzlary bardy. Käsiniň gowy suwuna degip öýkeledýänleri, käýinç berýänleri bardy, iş edýäni eňegini dyndarýany öňküsindenem beter berk tutýardy, ýöne sylaýardy. Bir ýetmezi – olam hoş söze garypdy. Mysal üçin örän möhüm işi ýokary hilli ýerine ýetiren ýolbaşça öwgüli sözler aýdyp göwnüni göteräýjek ýalydy, emma ol ony edenokdy, sebäbi tabşyrylan işi ýerine ýetirmek her bir adamyň mukaddes borjy hasap edýärdi. Başga bir tarapdan eňegini dyndarmaýan ýolbaşça bir-iki gezek käýäp duýdurýardy, soňam düzelmese onuň işini ýa-ha özi alyp barýardy, ýa-da ynanýan adamsynyň birine goşmaça tabşyryk berip etdirýärdi. Dogry, şeýle ýagdaýda ähli agram onuň öz üstüne düşýärdi, ýöne häsiýeti üýtgedip bolanokdy. Käte özüni ele almak üçin iki-üç günläp işini edaradan dolandyrýan wagtlaram bolýardy, ýöne öwrenen endigi taşlap bolmaz ekeni. Käte şular ýaly erbet ýadan wagtlary ýa-da aýagyndaky kömelegi beterlände ähli zady owarram edip birki günlük dynç alyşa çykasy gelýärdi. Emma içiňi ýakaýyn diýen ýaly hut şol gün bölümleriň birinde gaýragoýulmasyz iş çykýardy. Hut düýnem, hawa, indi düýn bolýardy, ýogsam ol çirim etmän gijäni geçirensoň şu gün diýsede boljakdy, ýer işlerini ýerine ýetirýän edaranyň ähli traktorlary, ýap gazyjylary kem tapyp durupdylar, onsoň kömekçisi Kerime ir sagat 9-a şol edara täze başlygyny, trestiň baş mehanigi Sapar Ataýewi çagyrmagy tabşyrypdy, onuň käýinji ýetirilmese boljak däldi. Ýok, ol ony yrsarap edenokdy, häzirki emele gelen ýagdaýda başga ýol ýokdy. Kaka öňki endigi bilen ilki sakgalyny syrdy, soň ýuwundy, eşigini geýip edara baranda işgärler onuň keýpiniň ýoklugyny ýüzünden aňdylar. Ýöne hiç kim onuň sebäbini soramady. Kabulhananyň agzynda duran Kerim bilen sowuk salamlaşdy. «Baş mehanik nirede? Ony tap-da ikiňiz bile geliň!» diýip otagyna girdi. Kabulhanada oturanlaryň birine kofe getirmegi tabşyryp gol çekmäge goýlan kagyzlara seredip başlady. Şol wagt Kerim bilen Sapar Ata ikisi gapydan girdiler. Kaka olara oturmaga ýer görkezdi-de, hersiniň ýüzüne dikanlap seretdi, ýene-de «oturyň, gürrüň uzak bolar!» diýip gaýtalady. Getirilen kofeden bir owurt içip ediljek gürrüňleri kellesinde aýlady. Ol Sapary köp wagt bäri tanaýardy, işe alanam özüdi, öňki işiniň üstüne Muhammet Begiň ýerine wagtlaýyn belläpdi, onuň mümkinçiliklerini, gatnaşyk edýän adamlaryny bilýärdi, onsoň özüniň kimdigini, tabşyrylan işi ýerine ýetirilmese nämeleriň bolýandygyny duýduryp hm durmady, ýöne ol kimem bolsa döwlet işiniň bökdelmegine göz ýumup oturyp biljek däldi, ýüregi ýukalyk etse-de boljak däldi. Mundan üç gün ozal Sapar işi ýola goýaryn diýip söz beripdi, onuň sözüne ynanyp gaz guýylaryny özleşdirmek üçin kebşirleýjileriň toparlary iberilipdi, indem, hut ýer tekizleýjileriň günäsi bilen olar işsiz durdular. Onsoň bu ýerde Saparyň herekedine has içgin seredip geçmeseň boljak däldi, özem soň beýle zatlar gaýtalanmaz ýaly netije çykarmalydy. Ony häzir özünden başga bilýän ýokdy, bilmelem däldi, ony Kerimem, Saparam, kadrlar bölümem bilenokdylar. Bu düzgüni uly edara ýolbaşçylarynyň köpüsi ulanýardylar. Ilki Kerim özüne tabşyrylan ýumuşlary ýerine ýetirişi baradaky habar bilen çykyş etdi. Kaka örän agyr, çylşyrymly işlerden baş alyp çykýan Saparyň güne ýanan ýüzüne seredip, eşiden maglumatlary barada hem kelam-agyz zat soramady, mylaýymlyk bilen Kerim «Sen gidiber, özüňde bol!» diýdi, çykyp gidensoň gaharyny basyp ýatyrmak üçinmi ýa-da başga bir zat ýadyna düşdümi ajy ýylgyrdy. Ýüzüni sallap oturan Sapar bu ajy ýylgyryşy görüp agyr gürrüňe taýynlyk gördi. Ol öňünde oturan adamyň işjanlygyna haýran galyp, aňyrsyna ýetip bilenokdy, özi ondan üç-dört ýaş uludy, onuň çydan ýerinde çydam edip gezip bilenokdy. Gün-günden artyp giden oturan bimöçber işi egninde göterjek bolup ölenini-öçenini bilmeýän bu adama onuň nebsi agyrýardy. Ol hemmeleriň hut özi ýaly janyny aýaman ýüregi bilen işe ýapyşmaklaryny talap edýärdi, emma ol talap, adamyň mümkinçiliginden ýokarydy. Kaka önümçilikde rewolýusiýa döretjek bolýardy, emma häzir adamlaryň aňy oňa ýetenokdy ahyryn! Ýetmiş ýyllap telpek sanaşykdan hak alynyp gelipdi, indi täzeçe işlemeli diýeniň bilen adamlaryň aňyny, iki günde üýtgedip bolanok ahyryn! Men onuň çagyryşy boýunça işe geldim, gyssanmaly däl ekeni, şol öňki ýerimde işlän bolsam belki... Näme üçin Kaka sesini çykarman otyr? Näme diýjek bolýarka? Ondan-a göri arzaňy ýaz diýse ol ýazjag-a, ýok, onam diýmekden çekinip, sesini çykarman, ýüzüni sallap otyr. Gözleri pökgerip gidipdir, ýüzi gara ört. - Sapar, sen özüňi gowy görýänsiň, men bilýän! – diýip, Kaka söze başlady. Menem özümi gowy görýän, ýöne i şiş bolýar-da! Işde janyňy aýajak bolsaň bolmaz! Dogry, men seniň käbir häsiýetleriňi halaýan! Sen dogruçyl, hakykatçy, ýöne tutanýerliligiň welin ýok! Seniň ýeriňde bolan bolsam tabşyrylan işleri paçak edip taşlajak, ahyryn! Sen-de welin öňe gidişlik ýok! Söz berdiň, menem ynanyp kebşirleýjileri eltdim! Indem olaryň işsiz durýan her gününe müňlerçe manat tölemeli! Biziň işimizde hasapsyz boş gürrüň örän gymmada durýar! - Men hasaplyja söz beripdim! – diýip, Sapar uludan demini aldy. Tehnikalar... Demir-dä! Döwülýär! Meňki birhili ugruna boluberenok! Edil ýyldyza ýörän ýaly. Gowusyny etjek boludam ýalňyşýas! Iki işe-de ýetişjek bolup hars urýas. - Maňa ýalňyşlyk gerek däl! Iş gerek! - Işem edilýär. Kaka kim-kim, siz işiň göwrümini bilmeli ahyr! Biz bar bolan mehanizmler bilen iki ýyllyk işi bäş aýda etmeli bolýas! Ätiýaçlye şaýlary ýetenok, tehnikalara wagtynda gözegçilik edip ýetişemzok!... Kakamyň daşkyrak agasy bardy, Myrat diýip – Sapar aýtsammykam diýip durdy-da Ýene söze başlady. – Siz ony gowy tanaýarsyňyz, ömrüki raýkomda işläp geçirdi. Ol pahyr dünýeden gaýtdy-da, elim işden sowaýdy. - Men ony tanaýan! – diýmip, Kaka kofeden bir owurt owurtlady. – Yzy ýarasyn! Iman baýlygyny bersin! Ol etrabyň kadrlar bölümini alyp barýardy. Köp hünärmenleri ýetişdirdi, men ýalňyşýanmy? - Ýok, başlyk, siz dogry aýdýarsyňyz... Ol öz ugruna bir üýtgeşik adamdy, şonuň bilen birlikde ýüregini hiç kime açmazdy. Menem oňa ilki-ilkiler düşünemokdym, soň bilip galdym... Bagyşlaň, başga gürrüňler bilen wagtyňyzy alýan bolsam? – diýip Sapar ötünç sorady. - Hawa, wagt gymmatly! – diýip, Kaka sag gapdalyndaky köp sanly telefonlaryň birini galdyrdy. – Hawa, diňleýän! Çagyrdym! Ýene-de... bäş-on minutdan geläýiň! Hawa! Hawa diýýän! Özüňem gel! – diýip trubkany ýerinde goýdy. – Wagt geçip barýar. Dogrusyny aýtsam biziň ählimiz wagtyň guly! Şonda-da... Ýa-da aýdaly türkmen häsiýeti diýip biz nämä düşünýäris? Oňa bir söz bilen baha berip bolarmy? Biz geçmişe baý gadymy ata-babalarymyzyň häsiýetlerinden nämeleri nusga edinmeli! Men Oguznamany, Gorkut atany, Sadraddin Husaýniniň «Seljuk emirleriniň durmuşynyň gaýmaklary» atly kitabyny, ýene-ýene köp edebiýatlary okadym, şondan geçmişimiz baradaky kesgitlemeleri öwreneris, ony ýörelge edineris! Ol dogry... Meniň aýtjak bolýanym tizlenme ýok ýerinde hereket togtaýar, hereket togtasa iş edilmez, iş edilmese bize baha berilmez. «Ýatan öküze iým ýok» diýip ýönelige aýtmandyrlar-a! Ýa nädogrumy? - Dogry! – diýip, Sapar başyny atdy. – Garagumyňky ýaly gazaply tebigat dünýäde ýokdur! Dizel ýangyjy şolam suw ýaly gaýnaýar! Yssylyk 60-65 gradusa ýetýär, gyşy aňzak... - Tebigatyň täsinlikleri bardyr! – diýip, Kaka onuň sözüni böldi. – Her zat bolup biler. Geçen gyş dälmidi özüň «Dizel ýangyjy doňdy, işläp bilmedik» diýip duran? Ikisem bolup biljek zatlar! Ýöne muňa durmuş diýýärler. Durmuşyň özi şeýle täsin! Şonda-da bizden iş soraýarlar. Görýän welin özüm gidip seniň bölümiňdäki işleri ugrukdyrmaly boljak öýdýärin! Kakanyň aýdýan pikirleriniň, getirýän delilleriniň täsinligine, ähli pelsepeleriň yzynyň şol bir mesele işe syrykdyrmasynyň ussatlygyna ýokary baha berse-de, Sapar üçin bu ýakymsyz gürrüňleri diňlemek ýeňil däldi. Her zatda bolsa Kakaň gazabynyň gowşandygyny, soňky sözleri habar berýärdi. - Eýsem-de bolsa Kaka gabat garşysyndaky diwara asylan sagada seredip sözüni dowam etdi. – Häzirki edilmeli işleriň diýseň wajyplygy baradaky meselede siz azaşypsyňyz! Söz berip ýüregiňiz başgaça hereket edýär! Ýa men ýalňyşýanmy? – diýip, Kaka ajy ýylgyrdy. Otaga girenden özüne abanýan howpy aňan Sapar ilki birneme aljyranam bolsa, indi ýokarky gürrüňlerden soň özüni ele alypdy, üýtgemän otyrdy. - Başlyk, men borjuma düşünýärin! – diýip, Sapar özüni aklajak boldy. – Diňe işiň umumy ýagdaýyna doly girişip bilmändirin. Düşünmeýän ýerlerim belki bolandyr. - Menem şeýleräkmikän diýip hasap etdi! Ahyrym ikimiziň pikirimiz birneme golaýlaşdy. Bu örän gowy! Ýogsam-a meň başgaçarak hereket etjekdim! Ýeri bolýar! Men Ýene-de iki sagatdan kömege barjak! Iş ýeriňde bol! Sapar gapydan çykan badyna nobatdaky çagyrylan adamlar girdiler. Kaka gelenlere oturyň diýýän ýaly yşarat etdi-de, ýüzüni sallap esli oturdy. Hawa, ol ýene-de ýukaýüreklilik etdi, dyňzap gelen gaharyny basdy. Eger-de Sapary özi işe çagyrmadyk bolsa onda bir eýýäm netije çykaryp biljekdi. Wah, gepem şonda-da! Dözmezçilik gursun! Ýene-de ähli işi özi gurnap bermeli boldy! Ýogsam iş gowy ugrugyp gidende, öýüne barmadygyna bir aý bolansoň, aýaly gelip gitsin diýip habar baryny iberensoň çagalarynyň halyndan habar aljakdy. Indem näme, niýetinden el çekip ýene çöle gitmeli bolupdy. Kaka uludan demini aldy-da söze başlady. - Oglanlar, sizi çagyranymyň sebäbi, umumy ýagdaýy tanyşdyraýyn, öňde duran wezipeleri gysgajyk beýan edeýin diýdim! Esasy zat, şu günden şeýläk öňküdenem has tijenip, bilimizi berk guşap, gaty berk durmasak, gümp-samp etmän agyr işden ökde bolaýmasak bolanok! Men Şatlygyň golaýyndaky desgalar barada aýdamok, uzakdaky döwlen desgalary göz öňünde tutýaryn! Her kim öz ýerinde berk durmasa öňümizde müň sorag ýatyr. Düýn Bäşgyzylda bolanymda biriniň ýangyjy, biriniň çig maly, ýene biriniň iş eşigi ýok we ýene-de şular ýaly ýüzlerçe sorag ýüze çykdy. Şolary maňa ýetirmän degerli adamlaryň çözmegi gerek! Näme üçin ediläýmeli işler uzaga çekdirilýär? Ine şu soragy size bermekçi. Şol wagt telefonlaryň biri jyrlap ýarylaýjak boldy. Kaka ony galdyrdy. – Hawa, diňleýän! Senmi Begmyrat? Diňle! Üçajy, Bäşgyzyl gaz geçirijiniň çukury uzaga çekdirilýär. Şu wagt ir sagat 9! Şeýlemi? Ertir şu wagta çenli sen 2,5 kilometr ýaby gazdym diýip habar berersiň! Bolýamy? Jemi näçe edildi? Näçe galdy? Ýedi? Onda Ýene üç günden dynmaly we tehnikalary Ýelguýa geçirmeli. Gündelik işiň gidişini habar bermeli! Düşnüklimi? Bolýar! Bolýar! diýip Kaka telefony goýdy. – Oturanlaryň hemmesi elleri kagyzly, kimsi kitapçaly tabşyryklary bellemek üçin taýyn bolup otyrdylar. Kaka olaryň ýüzüne birlaý gözden geçirip çykdy-da söze başlady. Oglanlar, öňümizde duran wezipäni ýerine ýetirmek size bagly! Iş çakymyzdan agdyk! Iki aýda 75 kilometr gaz geçirijini guýylardan gaz arassalaýjy nokada çekmeli, poslamadan şonça goragy gurnamaly, her aýda 6 sany gaz guýysyny özleşdirmeli. Biz öň bir aýda bir guýyny alyp çykyp bilemzokdyk, indi altysyny gutarmaly. Görýäňizmi, öňümizde nähili wezipeler durýar? Suw, tok, ýol çekmek işlerem bularyň üstüne goşsak, Şatlykdaky paýtagtymyz Aşgabatdaky gurulýan desgalaram göz öňünde tutsak, onsoň pikir ediberiň! Bu işleri ýerine ýetirmek aňsat däl! Ýöne berk dursak alyp çykjagymyza ynamym bar. Ony etjek bolsagam... wagtyň her bir pursatyny, sekundyň hasabyny ýöredip işi gurnamaly? Her sekuntda edilmeli işler, ölçegli bolmaly! Hallyň-sallyňa ýol ýokdugyny bilmeli! Ilki bilen gurluşyk üçin gerek boljak çig maly çekmek meselesi – ol ulaglar edarasyna Muhammet saňa degişli. Ýakyndaky ýükleri maşynlaryň kömegi bilen çekmeli, soňkularyny bolsa Garyp-Ata demir ýol duralgasyndan ýükläp ugratmaly. Çig mal bilen üpjünçilik edarasy Annamämmet, iberiljek ýükleriň sanawyny, möhledini demir ýol, gurluşyk edaralary bilen ylalaşyp alyp barmaly! Diňe şonda wagtynda işi gutaryp bileris. Gaýtalaýaryn, heniz trestimiziň aýda 6 guýy tabşyran wagty ýok! Näme üçin beýle gyssagly diýip sorarsyňyz? Öňümiz gyş, gyşda bolsa Ukrain dostlarymyza köp gaz gerek! Häzir üpjünçilik edarasynyň ambarlarynda kebşirleýji simler-elektrodlar bolmaly. Her edara talapnamasy boýunça ony almagyň ugruna çyksynlar! Annamämmet, ýük gelendir-ä? - Ýok, şu gün Aşgabatdan iberýärler – diýip, orta boýly, medeniýetli, geýnüwli, keselhanadan çykanyndan soň has-da arryklan Annamämmet jogap berdi. - O näme üçin şu gün gelmeli? Men oglanlara ýüki alyň diýýän, siz bolsaňyz ony alamzok diýýäňiz?! Eger şeýle işlejek bolsak onda nähili bolar? Erbet bolar! Men siziň her biriňize tutanýerliligi, lebziňizi unutmazlygy maslahat berýärin! Häzir siziň eliňizde her edaranyň aýda etmeli işleriniň sanawy we möhleti bellenen kagyz bardyr. Şonda jemi özleşdirilmeli guýylar gurluşyk gurnama edaralaryň bäşisine bölündi. Her kim deň şertde, ýaryşly işe başlaýar, haýsy edara işini ýokary hilli edip öňe çyksa baýragyny menden alsyn1 - Başlyk, baýraga näme goýýaňyz? – diýip Gaýyp atly garynlak sorady. Iş alyp baryjy sorady – bilip goýsak ýagşy – Gaýybyň pökgerip duran garny sebäpli oňa Gaýyp garyn diýýärdiler, ol sögünçsiz gepläp bilenokdy. - Baýragy saňa häzir berjek! Otur-da özüň buýruk ýaz, maňa getir-de gol çekdir! - Näçeräk ýazmaly? Iki aýlyk dagy barmy? Bir gapyrjak çakyram bolaýsa kem bolmazdy, heleýiň ýanyna düwläp barar ýaly diýip, Gaýyp öz ýanyndan hapa sögündi. Gaz geçiriji turbalaryň 15 kilometrlik aralygy hut seniň günäň bilen gömülmändir, kabul edijilere tabşyrylmandyr. Şol kemçilikleriň üçin sen aýlyk hakyňy kesýärin, buýrugy ýazmaklygam özüňe tabşyrýaryn! Düşnüklimi? - Bu nähili beýle bolýar-a? – diýip, Gaýyp barmaklary bilen garnyny sypalap töweregine garanjaklady. – Öz dilim bilen bela galdym-da! Wah, kesip taşlasaňdyň! Oturanlar gülüşdiler. Kaka mylaýym ýylgyrdy-da, sözüni dowam etdi. - Oglanlar, indi işiň hili barada! Hil birinji nobatdaky meseledir. Ählimiz oňa kellämiz bilen jogap berýändiris! Kebşirlenen nokatlar rentgende barlanyp, kabul edilmese bolýan däldir. Gyssanýan döwrümizde içki diwarlary dürli galyňlykdaky tokurtgalar bilen üpjün edilmegi ahmaldyr. Şu ýerde örän häzir bolmaly! Olaryň içi tekiz ýatmasa kebşirlemeli däl. Üýtgediljek bolunsa onda ýörite gaz gullugynyň hünärmenleri bilen ylalaşyp, gol çekdirilip, soň işiňe başlamalydyr. Siz bilýäňiz – Bäşgyzylyň 34-nji guýysynda partlama boldy, sesi gulagyňy deşjek, hemmämiz onuň şaýady! Şeýle zatlaryň bolmazlygy üçin gaz geçiriji 70 gradusa çenli gyzdyrylmalydyr, seplenilýän geçirijiniň içki-daşky galyňlyklary poladynyň hili deň, kebşirlenýän simleri gabat gelmelidir, seplenilýän nokadyň eredilýän polat bilen goşantsyz tekiz doldurylmagy hökmandyr, eger ol uly damjalar bilen bölekleýin doldurylsa hil ýaramaz, çykýandyr ýa-da seplenen sepiň içki ýüzi tekiz bolýan däldir, onsoň gazyň akymy päsgelçilige duçar bolýandyr, netijede garşylykly güýç döräp, seniň ýarylmak howpy döreýändir. Umuman, sebäpler kän, olary sanap oturmaýyn! Siz menden ony gowy bilýärsiňiz! Haýyşym, gyssanmaly bolsagam işiň ýerine ýetiriliş kadalaryndan birjik-de gyşarmaly däldiris!... Kimde sorag bolsa berip bilersiňiz! Düşnüklimi? Onda Kerim galsyn, galanlaryň işli işiňiz bilen boluň! Kaka kömekçisi Kerimi Şatlykda galdyryp, edilmeli işleriň sanawyna berdi-de, niredesiň Bäşgyzyl diýip maşynyň gerşine atlandy. Şobada hem oturan ýerinde uka gitdi. Maşynyň üsti oňa tagty süleýmandy, üwreýän sallançakdy, has dogrusy öýündäki düşeginden rahatdy. Bäşgyzylyň üç sagatlyk ýolundaky alynjak uky onuň beden saglygyna derwaýys gerekdi... 2. Şu wagt Üçajy demir ýol duralgasynyň ýükleri düşürilýän ýerinde şeýle waka bolup geçdi. Saçlary eginlerine düşüp duran murtly, orta boýly ýigit gaçyp barýan ýaş gelniň yzyndan kowalap ýetdi-de, iki eliniň üsti bilen gujaklap ony gysdy. Gelin ellerini gymyldadyp bilmän, kaloşly aýagy bilen ýigidiň aýagyna depýärdi hem-de «Goýber, goýber diýýän!» diýip gygyrýardy, ýigit bolsa «Boldy, boldy, ýuwaş-ýuwaş! Sypyp bilmersiň! Her zat etseňem sen meňki!» diýip beter gysýardy. Beýle-de günorta çaýa çykan işgärler ýaş juwanlaryň biriniň öz artykmaçlygyny subut etjek bolup, beýlekisiniňem gepini gögertjek bolup edýän dawalaryna gyzyklanma bilen synlaýardylar. Käbir bilesigelijiler halys aňkaryp, gyzgyn çaýa elini, aýagyny ýakdy, käbirleri iýip oturan naharyny taşlady. – Adamlar gelni gujagyna gysyp duran ýigit seslendi. – Ine, şu gözel meň aýalym, ýanyma görme-görüşe geldi, üç çagamyz bar, dördünjä garaşýas! – diýdi-de, gelniň ýüzüni özüne tarap öwrüp ogşady. Häliden bäri gygyran gelniň sesi bir salym ýatdy, ýöne elleri welin ýeten ýerini urýardy, çümmükleýärdi. Ýigit ahyrym dodagyny aýryp gujagyny açdy, eli boşan gelin bat bilen onuň ýüzüne ýelmedi-de, adamlara tarap zut gaçdy. «Sypmarsyň!» diýip ýigidem onuň yzyndan kowdy. - Kim aý, olar? – diýip kimdir biri seslendi. Aýalyny urýamy? Dogry edýä, aýal üç gün urulmasa ärim ölüpdir diýermiş. - Annuş ol! Agşam gelni gelipdi! Eýýäm tersleşipdirler. Wah, aýalyny urýanyň ýüzüni görme, odun aýyrýanyň ýanynda durma diýsene... Annuş gaçýanyň yzyndan ýetir «Ýuwaş how, rahatlan!» diýip köşeşdirjek bolýady, Emma özüne göwni ýetýän gelin kejirligini edip «Maňa degme!» diýip gygyrýardy hem-de garşydaşynyň gabat gelen ýerine urýardy. Ahyrym, gahary gelen Annuş aýalynyň saçyndan çekip süýremäge başlady hem-de «aýal doganda alym äre barsa zalym bor ekeni» diýdi. Muny gören oglanlar ýerli-ýerden ylgaşlap bardylar-da, Annuşy sakladylar. Çaý içip oturan ýerinden bu wakalaryň şaýady bolan Gözel uludan demini aldy, ýanyna gelen gelne seredip kellesini ýaýkady. - Eý, Hudaý muň samsyklygyny! Tasanan bolup... Erkek etjegini eder ahyryn. It eşigine girdiňmi, it bolup üýrmeli borsuň! Şondan gowy saňa nähili är gerek? - Men ony... Men ol neşekeşi ýanyma getirmen! Goýdum diýýär! Goýmandyr, ýalançy kezzap! Goý özüni bejertsin! – diýip, gelin elini silkdi-de ýüzüni tutup aglamaga başlady. – Wah, näderkäm, Allajan, garamaňlaý, ol öň şo bela ulaşyp basylyp gitdi, ýene-de goýmandyr. Bagtym ýatdy... Bagtym ýatdy-leý!... Gözel gelni gujaklap köşeşdirjek boldy, gaýtam, soňa baka özem öz düşen gününi ýatlap aglady... Mämmet aga «Meni goýberiň, eli uzamaz ýaly gözüne görkezeýin!» diýip, oglanlaryň elinden sypjak bolýan Annuşyň ýanyna bardy. - Köşekler, hany horazçyran bolýan Köpeý ogluny özüm mugyra getireýin! Gör, muny mylaýym herekedi bilen gelniniň göwnüni awlamagyň deregine dälirän bolup! Heý seniň bir... Oglanlaryň biri Annuşa ýapyşdy, biri elini, ikisi aýagyny tutdy, emma ol çalasyn hereketleri bilen baş berer ýaly däldi. - Mämmet kel, beýdip meni masgaralamaga hakyň ýokdur! Mertebämi depeletmen, kanuny bäş barmagym ýaly bilýändirin! - Menem kanuny bilýän! Muň temmisini özüm berjek! Mämmet aga elindäki çybyk bilen bir gezek Annuşyň syrtyna urdy, ikinji urgyny urmak üçin elini galdyranda, ylgap gelen gelin äri bilen onuň arasyna düşdi. Mämmet agaň eli asmanda doňup galdy. - Ýaşuly! Goý, urma! – diýip, gelin ýaşly gözüni balkyldatdy. - Bolmady!... Köşekler, goýberiň jalaýyň elini. Özleri oňuşarlar. Ýa bolsa-da... Ýak – diýip, Mämmet aga kellesini ýaýkady. Annuş ýerinden turup eşiklerini kakyşdyrdy-da, gelniniň elinden tutup ýatak jaýyna tarap ýöredi. Üç-dört ädim ätlänsoň yzyna garap «Mämmet aga ýetmişden geçdiň, dawa görseň gözüň açylýar, sokulmasyz ýere sokulýaň!» diýdi. Bu söz Mämmet agaň aýagyna ot bolup basyldy. Diňe gara taňkaň ajy gök çaýyndan gerk-gäbe doýansoň özüne geldi. Annuş aýaly bilen Üçajy obajygyna gelip gazak hojalygyndan geçi satyn aldy, oňa penjegini, şahyna telpegini geýdirip, boýnundanam «Mämmet kel» diýen ýazgyny asdy, geçiň öň aýagyndan tutup yzky aýaklary bilen iki ýana ýöretdi. Keýpden çykanyndan soň aýalynyň doglan gününi bellemek üçin geçini soýdy, derisi bilen kellesini Mämmet agaň ýatýan öýjagazynyň agzyndan asdy, etini bir gazana gapgaryp ýoldaşlary bilen iýip, şady-horramlyk etdi. Annuşyň ýedi ýaşlyja ogly jigileri bilen giň tokurtgalaryň ýanynda oýnaýardy. Haçan-da beýikligi öz boýundan ýokarda bolan tokurtga dyrmaşyp ugranda kimdir biriniň eli ony göterdi-de, aşak düşürdi. - Bu ýerde näme işleýärsiňiz? – diýip, nätanyş adam ondan ýuwaşja sorady. - Öz «otlymyzyň» ýanynda oýnaýas! – diýip, çagajyk jogap berdi. – Senem bile oýnajakmy? - Ýok, oýnajakgäl, wagtym ýok! Men seni maşyna mündürip alyp gitjek! Gitjekmi? Oglanjyk nätanyşyň münüp gelen maşynyna seredip – «Men «Jip» maşyna münjekgä, Taýota münjek!» - diýdi. - Toýotam-a ýok! Ýör, men seni öýüňize alyp gideýin? - Özüm öýümizi tapýan! – diýip, oglanjyk jigilerini ýanyna alyp öýlerine ugrady. - Sen kimiň ogly? – diýip nätanyş sorady. - Toýotaň ýok bolsa aýtjakgäl? – diýip oglanjyk jogap berdi-de, ylgap gitdi. Kaka Rejep çagalaryň yzyndan seretdi, pikirlendi. Onuň öz çagalary ýadyndan çykyp barýardy, bu gün olary görjekdi, emma öýüne däl-di, ýene işine gaýtmaly bolupdy. Kaka çaý içip oturan oglanlar bilen salamlaşdy, Gözelden «Reňkler ýerli-ýerinde gelip ýetişdimi, maşynlara ýüklediňizmi?» diýip sorady. Kanagatlanarly jogaby eşidip Mämmet agaň gapdalynda dyzyny epdi. - Ýurdumyz baý! – diýip, Mämmet aga bir käse çaý guýup oňa uzatdy. – Bu çig mallaryň geläýşini! Düşürip ýetişip bolanok! Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda horluk çekeris diýip pikirlenipdim! Hudaýa şükür Soýuz ýykylany bilen bizde başagaýlyk bolmady. Ýagdaýymyz gün-günden gowulaşýa! Sebäbi agzybirlik bar, agzalanyň ili hansyz, halky sansyz, saçagy nansyz bolýandyr. Näme iş bilen geldiň? - Iş, işdä, Mämmet aga! – diýip, Kaka şobada jogap gaýtardy. – Gelip öz gözüň bilen görseň ynjalýarsyň! Tabşyrylan ýumuşy oglanlaryň ýerine ýetirjegine ynanýarsyň, ýöne ony barlap durmasaň bolanok! Nähili ýagdaýy, entejik işe höwes bardyr-a? - Eýäň gözi ýiti bolýar! – diýip, Mämmet aga jogap berdi. – Janyňy barlanyň kem däldir. Oglanlaram işden gaçanoklar. - Şoň üçinem barlaýan-da! Mämmet aga sizi ýadadýan-a däldiris-dä? Köpräjik kowalamaly bolýa, KRAZ agyr maşyn. - Ýok, ýadamok! Çölüň arassa howasynda gaýtam dynjymy alýan. «Onsoňam azapsyz nan iýme, ýansyz don geýme» diýipdirler. - Sen git-de maşyny ýagdan doldur!... – diýip, Kaka öz sürüjisine buýruk berdi. – Biz Mämmet akga bilen bir käse çaý içeli, gümür-ýamyr edeli! – Tüweleme Mämmet akga, ýaş görünýärsiňiz! Uly maşgalaňyz bar. - Men ýeke däl, ýanymda oglum, gelnim, agtyklarym bar! Hudaýa şükür, olar sag-salamat gezişip ýörler. Barsam agtyklarym «Ata» diýip ýanymdan aýrylanoklar. Maňa şol bolýa! Öýüň, agtyklaryň bolsa, mugt gazy ýakyp üşeýän üşeýän ýatsalar, saçakda çörek, haltada un bolsa, asudalyk höküm sürse adama başga näme gerek? Hiç Kime azar beremok, kişi çöregine mätäç däl, halal zähmedimiň hözirini görýän, harama kowalaşamok! Çölüň baýlygyny gözümiň göreji ýaly goraýan! Çaý gaýnadylanda çölüň guran ojarlaryny ulanmaklaryny talap edýän, çöl ösümliklerini zaýalany gaçyp gitmäge mejbur edýän! - Şeýlemi? – diýip, Kaka ýylgyrdy. – Bir zat sorasam gaty görmersiňiz-dä! Siz dul galdyňyz indem... - Öýlenmekmi? – diýip, Mämmet aga bir zat aňjak bolýan ýaly Kakaň ýüzüne seretdi. – Köşek, indi bizi heleý nätsin? Öýlenseň çagalaryň hem halap barjak däller, how! Käte bir gijede-girimde iliň gözüne ilmän barýanja ýerim bardy, indi onam taşladym. Men indi iliň öňüne düşmeli, agtyklarym öýli-işikli bolansoň öýlenjek bolup ýörmek türkmene gelişýän däldir. Gülki bolarsyň... Ykbalyň uly urgusy ýar görgüsi, ýar görgüsi diýýändirler. - Ömrüňi çölde işläp geçirdiň, arassa howa, dynç kelle, halal zähmet! Ýöne siziň döwli wakalary başyňyzdan geçireniňizi hem bilýän! SSSR döwründe mellek bermän sizi horladylar, işden kowdular, türmä basjak bolup yzarladylar, şonda-da siziň ruhubelentligiňiz meni haýrana galdyrýar. - Adam maňlaýyndakysyny görýändir. Garrylygyň dermany bolsa ýok! Ine şu ojakda ýanýan ojarlara seret! Olar bir mahallar şahasyn-da düýe asaýmaly bolup ösendirler, häzir gurap şakyrdap ýatyr. Bu tebigy bolaýmaly zat. Şol sebäplem men garrylykdan, ölümden gorkammok, durmuşymdan razy bolanym üçinem ruhum belent. Özümiň şu ýaşymda ülkämiziň güllemegine goşandymy goşýanym üçin menden bagtly adam ýok! - Siz görýän weli, durmuşda bagtly ýaşamagyň syryny bilýärsiňiz, ýöne maňa aýtmajak bolýarsyňyz... - Gizlär ýaly mende syr barmy? Mämmet keli tanamaýan ýokdur! Kimden sorasaň soraý! – diýip ol pikire batdy, soňam: - Garrylyk gowy zat däl – diýip, özüni köşeşdirýän ýaly başyny ýaýkady. – Adamyň ömri ýyldyrym çakandan enaýy däldir. Düýn ýalydy, hälki Anna ýaly keýwanym bilen kowalaşyp ýörenim, eýýäm ýetmiş ýyl geçipdir. Ýaşlar ony bilenokdylar, ähli işi özümiz alyp barýas diýip ýokardan seredýärler. Garrylaryň paýhasy bolmasa işleriniň ugruna bolmajagyny pikirem edenoklar. Kaka özi bilen pelsepäni deň alyp barýan bu ýönekeý işgär bilen gürrüňi mundan artyk çuňlaşdyrmazlygy pikirinde aýlady. Birden gelişiksiz ýagdaýa düşäýmegi ahmaldy. Şol sebäplem içiren gök çaýy üçin ýaşula sag bolsunyny berip Bäşgyzyla gitmelidi. Barmaly wagtam boluberipdi. - Başga aýtjak zatlaryň ýok bolsa men-ä gidiberjek! – diýip, Kaka ýaplanyp ýatan ýerinden oturdy. – Pelsepä ýatdyk-da, ýagdaýyňyzy hem sorap bilmedim. - Ýönekeý işçi özi barada gürrüň berse wezipeli adam üçin gyzykly bolarmyka? – diýip, Mämmet aga sorady. - Aýdaýyň! Maňa siz bilen gürleşmek ýakymly! - Ýakymly bolsa şeýle! – diýip, Mämmet aga uludan demini alyp öňünde oturan wezipeli adama seretdi. – Meniň maksadym halal zähmedim bilen maksatly ýaşap, il içinde abraý gazanmakdyr. Ömrümde şu ýörelgämden sähelçe gyşarsam, durmuşa düşünjämiň üýtgedigi hasap etdim, dogry ýola girip bilmeseň, islegim, maksadym boýunça hereket edip bilmesem, bir gyra çekilenim ýagşy, goý, ökjäni basyp gelýän ýaş nesil bagtyny synap görsün. Şu çölde yzygiderli işläp gelmegim – başgaça durmuşa düşünip bilmezligimiň netijesidir, meniň ruhuma gabat gelmeýän hereketleriň bolmagydyr, bu ýerde hem meni iňkise goýýan, biynjalyk edýän soraglar bar. Çöli agdar-düňder edip, demirdir sement baryny onuň gujagyna sokýas, maşynlar ýoly kesýän çöl haýwanlaryny basýarlar, jerenleri rehimsiz gyrýarlar... Bularyň öňüni kim almaly? Men-ä bilýän däldirin! Tebigat gazçylaryň öňünde öweý enä döndi ahyryn! - Tebigat diýýäňizmi? Ýurda gaz gerek wagty ol ikinji orna geçýär-dä! Bizem neslimize yz galdyrjak bolup, hars urýas! Emma... Eý, Mämmet akga, Mämmet akga! – Kemçilikleri heniz onuň ýüzüne aýdyp bilen adam ýokdy, şol bir wagtda Mämmet aganyň aýdýan zatlary onuň daşyna çykaryp bilmeýän pikirleridi. Şeýle pikirleri başganyň agzyndan eşitse lezzet alýan Kaka entegem oturjakdy. Emma gitmeli wagty bolupdy... - Ýene çaý demläýin? – diýip, Mämmet aga sorady. - Ýene bir gün arkaýynçylykda içeris, Mämmet akga! – diýip, Kaka ýerinden turdy. - Maňa ýaňy ýaşlaryň biri, oňşuksyz, dawaçylrak diýip göwnüme degdi. Hakykatçy bolsaň şeýle diýýärler. Belki, senem göwnüňe ýakmajak sözleri aýdandyryn. Mämmet akgaňdan gaty görmeli dälsiň – diýip, Mämmet aga Kakany ugratdy. Maşyn niredesiň Bäşgyzyl diýip Lebap ýoluna düşdi... 3. Haçan-da, Kaka Rejebiň bu ýerde durmaýan, uzak aralykdaky çalyşykdan gelen ýaly tot-tozanly maşyny Bäşgyzylyň gaz ýygnaýjy nokadyna gelende, bişen kerpiçden salnan umumy ýaşaýyş jaýynyň öňündäki meýdançada gurluşyk edaralaryň ýolbaşçylary, iş alyp baryjylar, ussalar, ýörüteleşdirilen gurluşyk edaralarynyň wekilleri, işçileriň bir topary üýşüpdiler. Kaka adamlary görüp geň galdy, bu duşuşyk onuň bu günki işleriniň düzümine girmeýärdi. Ol maşyndan düşdi-de, ýolbaşçylar bilen salamlaşdy, iň soňunda Begmyradyň elini gysyp – «Bu ýygnanyşyk nämäniň alamaty?» diýdi. - Ýygnak bar! - Iň daşky desgalardanam işçiler gelipdirler! – Ýörüň, onda ýakymsyzam bolsa arzyny diňläliň! – diýip, Kaka adamlaryň öňüne düşüp gurluşyk enjamlarynyň arasynda oturan işçileriň ýanyna ugrady. - Ýakymsyz bolar ýaly zat ýok! Muhammet Beg işçileriň ýygnanmaklaryny maslahat beripdir! – diýip, Begmyrat jogap berdi. - Işçiler arza gelen bolsa saňa kemput paýlaslary ýok-la! Ýigrimä ýakyn işçi enjamlaryň, agaç gapyrjaklaryna ýaplanyp, käsi agaç germewiň, käsi çägäň üstünde egele bolup, iş eşigindäki at ýüz ýigidi diňleýärdiler. Kakanyň gulagyna onuň labyzly towuşy eşidilýärdi. - Biz bu ýerde «Ýaňlan Diýaryma» gatnaşmak üçin gelmedik, kynçylyklardanam gorkup duramzok, ýöne, bir sagat işläp, iki sagat dursaň – bu kynçylyk däl-de, ýolbaşçylaryň başdan sowmalary bolýar! Haýranlar galaýmaly! Işçileriň bu üýşmegindäki 5-6 adamyň kellesinde gök reňkli, 10-12 adamda ak reňkli, birnäçesinde bolsa sary reňkli gorag hyrramlary bardy, ýöne olaryň duran ýeri önümçilik meýdany bolmansoň beýle geýinmegiň nämä gerekligi düşnüksizdi, edil kimdir biri ýygnagyň öň ýanynda olary işçilere paýlap çykan ýalydy, belki-de ol zähmet howpsuzlygyna gözegçilik edýän hünärmenleriň iş dolandyryşynyň öňünde iş etdik diýip berýän hasabatlarydyr? Her zatda bolsa gorag hyrramlary işçileri haýbatly görkezýärdi. - Aýdyber, aýdyber! Men sizi diňleýän! Diýmek, siziň pikiriňizçe işsiz durmak iş taşlamak üçin sebäp bolýar-da? – diýip, Kaka gözi düşenden sesini kesen Hydyr haýrana ol sorag berdi. - Ýok, men ony diýemok! Ýöne iki sagat işläp alty sagat durýas, soňam onuň öwezini doljak bolup agşamlyk galýas. Işi gowy gurnasalar biz sekiz sagatda 24 sagatlyk işi edip biljek ahyr, onsoň dem-dynç almaga, egin-eşikleri ýuwmaga, gazetdir kitap okamaga maý boljak! Gije ýük düşürmeli diýip ýatan ýerimizden turuzýarlar bolýa diýýäň bir desgadan beýlekisine zyňýarlar ýogumyz ýok ýogsam biz beton garyjylar ýa agaç ussalary däl-de kebşirleýjiler ahyryn? Haýranlar galaýmaly! Ine, şu gün agyz suw getirilmedi. Hasabat bölüminde käbirimiziň hakymyz ýitýär. Yzyny tapyp bolanok. - Arada barlagçylar gelende ýatak jaýymyza halyça düşekleri ýazdylar, giden batlaryna-da aýyrdylar! – diýip, kimdir biri seslendi. - Näme üçin edara ýolbaşçylary edil siňekden goranýan ýaly bizden gaçýarlar? – diýip, üsti başy reňke boýalan, ýaňy Üçajydan gelen Gözel ýerinden turdy. – Eýsem, biz arzymyzy kime aýtmaly? «Diňlemeseňiz işi taşlamaly bor» diýmedik bolsak şu günem hiç kim arzymyzy diňlemezdi. - Bir toparyň çig malam, tehnikasam ýeterlik, Bize bolsa ýumruk görkezýärler. Haýranlar galaýmaly! Biz kör däl, düşünýäs ahyryn! Ýolbaşçylaryň käbirine et almak üçin öňdebaryjy topar gerek! Şuňa adalatlylyk diýip düşünilýän bolsalar men-ä bilmedim. Haýranlar galaýmaly!... – diýip, Hydyr haýran töweregine garanjaklap kibtini gysdy. Hydyr haýran aýtjak zadyny aýdandan soň ortadan aýryldy-da ýoldaşlarynyň arasyna bardy. Mälik onuň arkasyna kakyp: «Berekella meslekdeş» diýdi. Kaka Rejebiň kömekçisi Kerim Şatlykdaky tabşyrylan ýumuşlary bitirip buý ere başlygyndan öň gelipdi. Onuň ýagy damjak bolup duran possujak ýüzünde gorky alamatlary peýda bolupdy, işçileriň çykyşlary ony geň galdyrypdy, tolgundyrypdy; şonuň bilen birlikde häzir bolmaklyga iteripdi, şol sebäplem ýüzünden akýan deri yzly-yzyna süpürdi-de, edara ýolbaşçylaryň ýüzlerine gözüni aýlady. Begmyrat «Häý, buýa bolmadow» diýýän ýaly kellesini ýaýkady. Dogrudanam işçileriň çykyşy örän batyrlykdy. Kaka Rejebiň häsiýetine belet adamlar muňa bada-bat düşündiler, şonuň bilen birlikde iş dolandyryjynyň adalat isleýän ýaş gurluşykçylar bilen ýüzbe-ýüz bolşuna, ähli işini taşlap olara gulak asyşyna bilesigelijilik bilen seretdiler. Beýle soraglar günde-günaşa, ýüze çykyp durýardy, ony wagtynda we öz ýerinde çözmek degişli edaralaryň ýolbaşçylarynyň jana-jan wezipesidi. Emma bolýan däldir-dä! Kaka Rejep baran ýerinde işiň adaty gidişini düýbünden täzeçe gurnap, müňlerçe adamlar bilen tehnikalaryň, çig malyň sazlaşykly üpjün edilmegini gazanmagy başarýardy, özem ony hiç bir hasapsyz, pikir etmezden, inçe duýgusy bilen şeýle etmeli diýen netijä gelýärdi, heniz hasabynyň ýalňyş gelen gezegi bolmandy. Bu gün ol işçileriň janagyryly talaplaryny öz gulagy bilen eşidensoň, oňa bada-bat jogap tapmady. Çözülmesi kyn soraglar bolmasa-da, olara jogap tapmak aňsat däldi. Şeýle ýagdaýda meseläniň çözülmegini yza çekmek gerekdi. Ýöne häzir ähli adamlaryň öňünde ony edip boljak däldi, ýa-ha söz berip aldatmalydy ýa-da soraga düşünmedik bolup başyňdan sowmalydy ýa-da Bäşgyzylyň işi üçin jogapkär bellenen Begmyratdan berk jogap soramalydy, hasabatyny diňläp jemleýji sözünde soraglaryna jogap tapmalydy. Ýöne Kaka Rejep bularyň birinem saýlap almady. Ol Begmyrada gaharly seretdi-de, oglanlaryň arasyna bardy, ýüzüni ýolbaşçylara öwrüp sesini çykarman biraz durdy. Onuň bu herekedi «Men oglanlaryň tarapynda» diýip edara ýolbaşçylaryna duýdurýan ýalydy. - Ýene-de çykyş etjekler bolsa arkaýyn aýdyberiň! – diýip, Kaka oglanlara seretdi. - Aýdylanlar ýeterlik! Şolaryň ýarysyny kanagatlandyrsaňyzam bize bolýa! – diýip, Hydyr haýran jogap berdi. - Ýarysyny düzederis! – diýip, Kaka Rejep söze başlady. – Siziň bellikleriňiz bellenip alyndy, şu günden başlap düzederis! Suw ýeterlik bolar, gurluşyk çig maly getiriler. Men siziň bilen ylalaşýaryn, işde gözboýagçylyga ýol bermek bolmaz! Bu meselelere kembaha garaýanlar jenaýata ýakyn iş edýärler. Siz ýolbaşçylar, ýadyňyzda berk saklaň, indiden beýläk haýsyňyzyň bölümiňizde şeýle kemçilikler ýüze çyksa örän berk temmi beriljekdir. Bize, bu işjanly oglanlary diňe bir iş bilen üpjün etmän, eýsem, gaz gurluşygynyň hakyky ussatlary bolup, ýetişmekleri, hünärmen bolmaklary, ygrarly bolmaklary ýaly abraýly wezipe tabşyryldy. Oglanlar iň çylşyrymly enjamlara erk edip bilýändiklerini, ýokary basyşly gaz geçirijiniň hili boýunça dünýä normalaryna gabat gelýänligi subut etdi. Diýmek, olar diýseň tutanýerlilik, ugurtapyjylyk görkezdiler, biz olara başymyzy egip sag bolsun aýtmaly. Näme üçin bir bölümde iş gowy gitse, beýlekisinde ýaramaz barýar? Näme üçin suw üpjünçiligi gözden galynýar? Biz suw geçirijini gurup gutarýançak eýsem, işgärler suwsuz oňmalymy? Degişli ýolbaşçylar muňa eserdeň garamalydyrlar, indi näme üçin şeýle kemçilikleriň ýüze çykýandygy barada iki agyz durup geçeýin! – diýip, Kaka Rejep ýüzüni işgärlere tarap öwürdi. – Taslama boýunça Bäşgyzyl gaz känini özleşdirmekde bäş ýüz işgär işlemelidi, häzir olaryň sany müňden geçýär. Işiň köplügini göz öňüne tutup, olardan işgär ýetmän durmasyn diýdik-de, hünärmenleri gereginden artygrak kabul etdik. Olam öz netijesini berdi, biz edil şu wagt desgany özleşdirmegiň ähli görnüşleri boýunça taslama möhledinde bir ýarym aý öňde barýarys, munuň özi gurluşygyň möhledini şunça wagt öň tabşyrjaklygymyzy aňladýar, diýmek gaz ojagy Watana öň gaz berip biljek, gurluşyk üçin çykarylan çykdajylaryň öwezi dolup başlajak, galyberse-de, millionlap döwlet serişdesi tygşytlanjak. Munuň gowulygyna siziň gözüňiz ýetip dur! Ine, ýaňky aýdylýan kemçilikleriň köki şu ýerde ýatyr! Olary güýjümiziň ýetdiginden düzederis! – Kaka Rejep ýene ýolbaşçylara tarap ýüzüni öwürse-de, öňküsi ýaly pessaý gürläp başlady. – Bu ýere gelenimde ýygnanan märekä gözüm düşüp birneme bozuldym. Gyzgalaňly iş... Wagt hasaply, oglanlaryň çykyşlaryny diňlänimden soň şeýle duşuşyklaryň ýygy-ýygydan geçirilmelidigini düşündim, sebäbi aşakdan başlap tä ýokarky orny eýeleýän ýolbaşçylara çenli oglanlaryň ýaşaýşyny, pikir-hyýallaryny bilmeli! Bu bize sapak boldy. Indi öňde duran esasy wezipeler barada... Dogry, gurluşyk çig malynyň ýetmezçiligi zerarly işsiz durulýandyr, ähli ulag serişdeler şol ýükleri çekmäge gönükdirildi, olaryň wagtynda getirilmegi üçin elmizden gelenini edýäris. Iş gyssagly bolansoň çig mal üpjünçiliginde bökdençlikleriň dowam etmegi mümkin. Ony boýnuma alýan! Kä halatda has kyn ýagdaýa düşmegimiz ahmal! Näçe gynansagam, bu meselede ertirden başlap gülalagüllük bolar diýip, boýun alyp biljek däl, üstesine-de öňümiz gyş, ýagdaýlar has-da kynlaşar... Iş dolandyryjynyň çykyşyny diňleýän işçiler käte özara pyşyrdaşyp pikir alyşýardylar, ýolbaşçylaryň ýüzünde bolsa närazylygyň alamatlary messe-mälim görünýärdi. Asgyn ýeriňi beýle açyk beýan etmek kadaly ýagdaý däldi. Ol köpçüligiň içindäki dartgynlylygyň artmagyna getirjekdi. Dartgynlyk artanda netijesi näbellidi. - Ýaňy oglanlaryň soraglarynda ýolbaşçylara bolan nägilelik duýuldy – diýip, Kaka Rejep gürrüňini dowam etdi. – Men ony dogry hasap edýärin! Biziň iş gurnaýşymyz ýabygorly. Öňde bolsa edilmeli işler diýseň köp! Bir aýda gaz guýylarynyň altysyny tabşyrmaly! Dogry, bularyň çig mal üpjünçiligi Bize bagly, işi bolsa size! Sizden etjek haýyşym, getirilýän çig mallara, enjamlara eýeçilik gözi bilen garamaly! Şunda size igenesim gelýär. Nirä seretseň dagap ýatan enjamlar, döwük kerpiçler, olary kim ýygnamaly. Ministrimiz gelip ýygnasynmy! Ýene-de bir haýyş, kemçilikler üstüňizi basýança garaşyp durmaň-da, ine şu duran ýolbaşçylara, maňa bada-bat beýan ediň! Ine, meniň aýtjak zatlarym! Men ýalan sözlämok, sözlänem halamok, boş wadalar beresim gelenok, ýöne bir zady berk belläň! Biz SSSR döwründe gözli kör bolduk, gaz baryny ýeriň göwsünden çykaryp, geçirijä salyp ugratdyk, onuň eşreti özümize siňmedi, obalary gaz bilen üpjün etmek mesele çözülmedi. Ol diňe Garaşsyz bolanymyzdan soň, amala aşdy. Biz häzir kişi üçin däl-de, öz eşretimiz üçin işleýäris. Işimiziň netijesi özümize siňýär. Diýmek, şonuň hatyrasyna täzeçe işlemäni başarmaly! Dogry öwüt bermek aňsat, iş başarmak kyn. Hut şol sebäplem bize işini, borjuny gowy bilýän, her işi özbaşdak çözmäni başarýan işçiler, ýolbaşçylar gerek... eger soragyň ýok bolsa işli işiňize gidiň! Gaýrat ediň! Watan sizi ýadyndan çykarmaz... - Başlygyň çykyşy ýaradymy? – diýip adamlar dargandan soň Muhammet Bek Begmyratdan sorady. - Ýaman däl! - Bäh, ussatlyk bilen baş alyp çykdo-ow! Günäni seň üstüňden sypyrdy goýaýdy, ýogsam-a... - Näme günä edipdirin? – diýip, Begmyrat gözüni gyrpyldadyp gaharly seretdi. – Birinde günä bolsa ol sende bolmaly. Işçileriň ýüregini çişirip işden goýýaň! Hassa gözläp ýörsüň!... - Sebäbi men olar bilen işleşýän! Öz çözüp bilmeýän meselelerimiň çözülmegini isleýän! - Başgany bilemok welin, suw getirmäge güýjüň ýetýär ahyr! Suw maşyny sen münýäň! Begmyrat elini salgady-da, Kaka Rejebiň ýanyna howlukdy. | |
|
√ Ak guwlary atmaň -2: romanyň dowamy - 28.05.2024 |
√ Atbaýrak: Galtamanlar - 10.09.2024 |
√ Janserek -5: romanyñ dowamy - 26.03.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Geñeşden öñki sala - 19.08.2024 |
√ Janserek -13: romanyñ soñy - 20.05.2024 |
√ Hakyň didary -4/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Duman daganda: Düýn düýn bilen gitdi - 26.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -32: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Hakyň didary -8/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Duman daganda: Ýalňyşdygyň-öldügiňdir - 20.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |