23:16 Bäşgyzyl -3: romanyň dowamy | |
ÜÇÜNJI BAŞ
Romanlar
Ol adatdakysyndanam ir oýandy, ýogsam gije üçlerde Daşoguzdan gelipdi. Ýadaw hem bolsa iş garaşjak däldi. Aýaly Bibisoltan adamsyna sorag berip duranam däldir welin olam häzir saklanyp bilmedi. - A-ýu, kakasy, ýaňy geldiň ahyry. Biraz dynç alyp gideňde-de işiň gaçyp gidesi ýok! Bibisoltan şeý diýse-de diýdi weli, çaý-naharyň ugrunda bolanyny kem görmedi. Sebäbi Sapanyň öz diýeni öz aýdany, işe gezek gelende nobatçy esger ýaly Sapa ýuwundy, sakgalyny syrdy, maşyn gelýänçä biraz garbandy. Soň aýalynyň azyk salan bukjasyny alyp çykdy. Hawa, ýadaw-da bolsa Daşoguzda bitiren işlerini Kaka Rejebe habar bermelidi... Mundan bir aý öň trestiň adyna şeýle mazmunly hat gelipdi: “Bäşgyzyl gaz ýatagy üçin tokurtgalaryň uly möçberiniň gelýänligi sebäpli “Daşoguznebitgazgurluşyk” trestinden “Marynebitgazgurluşyk” trestine PAU-I00I kebşirleýji agregady geçirmeli. “Marynebitgazgurluşyk” tresti ony alyp bellenilen ýerde ýygnamaly. Ministr”. Sapa iş dolandyryjynyň tabşyrygy boýunça özüniň baş hünärmenini Daşoguzyň “Lewak” demir ýol duralgasyna bu işi bitirmäge iberipdi. Emma agregady oňa bermändiler, “Siz muny söküp, ýygnap bilmersiňiz, gowusy öz güýjümiz bilem ýygnarys” diýip Daşoguzlylar ony boş goýberipdiler, şol sebäplem Sapaň özi gitmeli bolupdy. Ol 1990-njy ýyldan bäri bir gün hem işlemedik, ähli zatlary dargadylan agregadyň gözgyny ýagdaýyny görüp bozuldy. Agregat köp sanly edaralara degişli bolup biri beýlekä geçirende bir şaýyny goparypdyr, netijede ol diňe sudur ýagsaýyna getirilipdir. Agregadyň tigirleri, tok simleri, işlemek üçin gerek boljak simleri ýetenokdy. Olary tapyp bermeg-ä beýlede dursun, hatda şu gözgyny ýagdaýynda hem berilmejegini oňa ýaňzytdylar. Paltasy daşa degen Sapaň ministriň özine çykmaly boldy. - Men bir hepde bäri bular bilen ýakalaşyp ýörün! Emma netije ýok! – diýip, ol uzur sorap ýagdaýy düşündirdi. - Enjamyň ýagdaýy barada hat taýynlap maňa iber! Özüň bolsa şu günden başlap çaşyp ýatan demir böleklerini kesişdir-de, maşynlara ýükläp alyp gaýt! Men häzir buýruk taýýarlaryn! – diýip, ministr kesgitli jogap berdi. - Mundan bir zar çykarmyka? Ýatan demir böleklerini ýygnamak üçin ne çyzgy bar, ne gural! –diýip Sapa özüniň howpurganýandygyny mälim etdi. - Sapa, biriniň edenini biri eder-ä! Sende ähli işe ökde hünärmenler ýeterlik ahyry! Işe ynamly ýapyş, şonda ondan üstün çykarsyň! Her hepde-de ýagdaýyňy aýdyp dur, kömek ederis! – diýip, ministr ony köşeşdirdi. Ine, indem ol agregady maşynlara ýükläp Üçajy demir ýol duralgasynyň öňündäki çäge depesiniň üstüne düşürip gelşidi, gelşine-de Kakaň huzurynda peýda boldy. Ol ýerde ulaglar edarasynyň başlygy Begenjow, ýer tekizleýjiler edarasynyň başlygy Muhammet Bek hem-de iş dolandyryjynyň kömekçisi Kerim dagy otyrdylar. Sapa “otur” diýip yşarat etdi-de Kaka, öňündäki kagyzlaryň birini alyp gol çekmäge durdy. - Ertirden başlap tekizlenen ýere topur çekmek üçin tekizlenen ýere 40 maşyn bölüp bermeli! Kerim belle! –Kaka Kerime yşarat etdi, Begenjow bolsa hasap kagyzlary alyp oturan ýerinden tarsa turdy: - Men diňe 30 maşyn berip biljek! –diýip, ol öňki sözüni gaýtalady, ýogsam, Kaka bir karara gelenden soň jedel edip oturmagyň peýdasyzdygyny bilýärdi. - Men näçe ýazmaly? –Başlygyň sözüni yzyna almajagyny bilse-de , Kerim bilgeşleýin sorady. Ol öz iş ornunyň kiçi däldigini treste degişli 12 edaranyň ýolbaşçylaryna bildirmek üçin her bir mümkinçilikden peýdalanýardy. - Ýaňy aýtdym! –Kaka gazap bilen Kerime seretdi. –Ýa-da sen oňa razy dälmi? - Ýok-la, meň muňa näme dahylym bar, oňa Muhammet razy däl başlyk! - Siz ýagdaýyma düşüniň ahyryn! Eger häzir 40 maşyn ugratsam onda bejergä gelenlerem goşmmaly bolýan, öňümiz gyş! Oňa çenli maşynlara sredip çykaýsam diýýän, bilýäňiz, gyşda demir ellär ýaly däl! Otuz maşyn berjek! Ondan kän-ä... Kaka onuň aýagyny depip durşunyň näderejede hakykata golaýlygyny ölçeýän ýaly pikire batdy, yzyndanam: - Sen düşün, Muhammet, hon-ha Sapa otyr, Daşoguzdan agregatlary getiripdir. Biz hut şu günden başlap ony ýerinde oturtmaga başlamaly. Oturtjak bolsaňam ilki ýerini tekizlemeli, üstüni topurlamaly, çagyl dökmeli! Men olary haçan edeýin? Ýeri bolýar, goý otuz maşyn bolsun, ýöne, iş gije gündiz dowam etmeli! Düşnüklimi? Begenjow ýazgy depderine bir zatlary belleşdirenden soň – Siz bilen jedelleşmegiň peýdasyzlygyny bilýän, ýöne, gije-gündiz işlemeli bolsa her maşyna ýene-de bir sürüji oturmaly. –diýdi. - Ol seň meseläň! Git-de ony çöz! Agşam sagat sekizde Üçajyda duşuşarys. – Kaka nazaryny Muhammede gönükdirdi. Begenjow çykyp gideninden soň ol –Men ýaňkyny gyssaýan, sen bolsaň doly tekizleşik gutaran ýekeje meýdany tabşyryp bileňok! Hany aýt! Näme etmekçi bolýaň? – diýdi. Muhammet inçeden uzyn, syryga eşik geýdirilen ýaly arryk adamdy, ýaşy kyrka golaýlapdy, hiç mahal howlugyp netije çykarýanlardan däldi. Bu gezegem öňki endigi boýunça jogap berdi. - Oglanlar ellerinden gelenini edýärler, ertir bolmasa-da, birigün meýdançany eliň aýasy ýažy edip tabşyrarys! - Ýok, maňa ertire gerek! Ertire! - Ertire gerek bolsa –Muhammet kellesini gaşady. –Ertire taýýar ederis! - Ine, munyň bolýar! Kaka şondan soň Sapa çiňerildi: -Nähili, Sapa, paçak edip enjamy getirdiňmi? - Getirdim, başlyk! - Getiren bolsaň haýal etmän Üçaja ugralyň. Ähli zady ýerinde çözeliň! Ol ýere agşam sagat 8-e ýolbaşçylary çagyrdym. Ol Kerime görkezme berdi-de, ýanyna göterýän gara bukjasyny gotugyna gysdyryp ýerinden turdy: -Sapa, sen meň ýanyma mün! Galanyňyz bilen agşam duşuşarys! –diýip, otagdan çykdy. Gapyň agzynda hojalyk üpjünçilik bölüminiň işgärine duşup: - Çary, wagtlaýyn obajygyň ýyladyş meseleleri nähili çözülýär? –diýdi. - Başlyk, iş gidýär, ýöne bellenilen pursatdan bir hepde yza galýas! - Sowuk gelerine garaşýarmyň? Şonda sorag başgaça bolar! - Gazylmaly çukurlary, binýady taýýar, tokurtga ýok! - Tokurtga geldi! –diýip, onuň ýanynda duran kelte boýly, gelşikli geýnen horja adam bada-bat jogap berdi. Ol çig mal üpjünçilik bölümine ýolbaşçylyk edýärdi. –Ýöne Üçajy kabul edenok. - Annamämmet, hiç zat bilemok, git-de çöz, gepleş! Ýüki ertir düşürmeli! Gury sözden palaw bolmaz! - Oňa maşynam-a gerek bor! - Maşyn bolar! Begenjow ýaňy ýanymdan gitdi, tap-da çöz! Agşam netijesini aýdarsyň. Adamlar iş dolandyryjynyň yzyndan hümer bolup barýardylar, işe girýäni haýsy, çykýany haýsy, şahsy işi üçin gelenleri haýsy, garaz köpdi. - Kerim, adamlara duýdur, men ertir sagat 10-da kabul etjek! –diýip Kaka gidip barýarka görkezme berdi-de Sapany alyp, Şatlyk şäherinden Mara, ondanam Baýramaly şäheriniň üsti bilen Üçajy demir ýol duralgasyna tarap ugrady. Şatlyk-Mary ýolunyň bir bölegi bejerilýärdi, bir böleginiň gyrasyna sement germewler goýulýardy, ýene bir ýeri sökülip ýördi. Bu ýoluň abatlygy, gyralaryna bag-bakja oturtmagyň garamaty hem gaz gurluşykçylaryň üstüne ýüklenipdi. Trestde bir wagtyň dowamynda 20-den gowrak uly desgalarda iş alnyp barylýardy, özem bir başu Türkmenbaşy şäherinde bolsa beýlekisi Türkmenabadyň çäklerinde ýerleşýärdi. Ine, şu uzak aralykdaky desgalara her hepde diýen ýaly aýlanyp çykmaly bolansoň Kakaň ýüki ýetýärdi. Onuň ýatýan wagty ýok diýen ýalydy, ýöne täsin hähiýeti, maşyna aýagyny atdygy edil sallançakda üwrelýän ýaly irkilýärdi. Sapa gepleşmäge mümkinçilik tapyldy hasap edip Daşoguzda eden işlerini gürrüň bermäge başlady. Ol diňlenilmeýändirin öýdüp gümanam edenokdy. Üçajy duralgasynda haýal hem bolsa ýükleri düşürmek işleri dowam edýärdi. Bu ýere kebşirleýjiler, tokurtga daşyny poslamadan goraýan hünärmenler, kerpiç örüjiler, suwagçylar toplanypdy. Demir ýoluň iki gyrasynyň üç kilometr uzynlygynda wagunlaryň ýüküni düşürmek işleri alnyp barylýardy. Täzegül demir çnekleriň birine çaý demläp ýük düşürýänleriň ýanyna geldi. Oglanlaryň içinde çig suw içip içini agyrdany bardy. Onsoň segsen litrlik güpi gaýnadyp suwsanlaryň suwsuzlygyny gandyrýardy. - Oglanlar, armaň! –Täzegül çäýnegini, üç-dört käsesini çagylyň gyrasynda goýdy. –Alyň, suwsan bolsaňyz çaý içiň! Hany, Çary görnenok-la! Gurdam “traktorymy şu ýerde bejerýän” diýdi. - Çary! O-how Çary! Kerim ekskawatoryndan düşüp iki ýana garanjaklady. Onuň ähli zada burnuny sokma häsiýeti bardy. Häzir Çaryny tapaýyn. Çary! O-ho-o-ho-how Çaryşka! Nirede sen! –Ol ekskawatoryň, wagonlaryň aşagyna egilip seretdi, wagonyň üstüne mündi: -Bäh, bu ýerde hem ýok! - Toba, bu oglanyň nakysdygyny! –diýip, Täzegül öýkeledi. Kerim wagony arassalap ýere düşen Mäligiň gaharly ýüzüni görüp kibtini gysdy. Onuň bolşy bir şarpyk çalaýarlydy. Ol: - Çary, Gurduň traktoryna münüp tekizlenjek meýdany görkezmäge gitdi. –diýip, mälik Täzegüle düşündiriş berdi. - Waý, waý, Garagulkmy-aýt ol?! Kerim dürbüsini nirädir bir ýere tutdy. - Goýsana how! Garagulak näme işlesin! Ony indi gyzyl kitapdan gözlärsiň. Ýagşam bir! Haýran galaýmaly! Muň çekge bolşuny! - Onda ol gelýän bürgütmi-kä? - Seň özüň bürgüt! Ýagşam bir! Seň göz diýip göterýäniň çüýşemi? Ol maşyn! - Başlyklar gelýär! –diýip, Mälik bir käse çaýy Hydyr Haýrana uzatdy: -Al, senem iç, nepesiňi düzle, derrew işe başlalyň! - Dursana how! Jan berene jaý bererler, haýranlar galaýmaly! Ýigit hergiz zamanabap gerek. - Ýigit ýa däli gerek, ýa doly Hydyr akga! Şol wagt maşyn bularyň ýanynda saklandy. Ondan Sapa bilen Kaka düşdi. - Oglanlar, armaweriň! Çaýlaýarmysyňyz? Işiň gyzgalaňly wagty munyňyza bolanok. Kaka töweregine göz gezdirenden soň oglanlara ýüzlendi. - Size çaý guýmalymy? –diýip Täzegül ondan sorady. - Çaý içmäge wagtym ýok! Kim toparyň ýolbaşçysy? - Mälik! –diýip, Sapa jogap berdi. - Mälik han diýsene! –diýip Kaka ýylgyrdy. –Mälik han, hany gel bärik! Işe girmek üçin ýazan arzaňda “Men Mälik şa, kakm Alp-Arslan, özümem 1078-nji ýylda doguldym” diýip ýazypsyň. - Bir ýalňyşlyk bilen 1078 bolupdyr-da. –diýip Mälik özüni aklajak boldy. - Be, 900 ýyl ýalňyş düşüpdir-dä, onda –diýip, Kaka ýylgyrdy. – Ýeri, bolýar, hany işler nähili? - Işläp ýörüs! Ine, şu öküzçebatyry, bagyşlaň, ekskawatory pula tutup geldik, işiň çalt bolaryny etdim. - Berekella! Oňarypsyňyz! Men size onuň öwezini dolar ýaly goşmaça sylag bererin! Arkaýyn boluň! Görýäňizmi? –diýip Ol bu ýere gelen bölüm başlyklaryna ýüzlendi. –Mälik meseläni dogry çözüpdir. Şeýle işlemäni biziň köpümiz öwrenmeli! Ýogsa-da Mälik sen kebşirleýjileriň ýolbaşçysy diýdiňmi? - Hawa, edil özi! - Onda näme işleýärsiň? Brigadaňy al-da Daşoguzdan getirilen kebşirleýji agregady ýygnamagyň ugruna çyk! - Çagyllary kim düşürer? - Ony düşürmäge adam tapylar! –Kaka eline pil aldy-da wagonyň üstünde galan çagyllary arassalamaga başlady. Muny görüp bu ýere gelen başlyklarynyň hemmesi ellerine pil almaly boldular. –Sapa, seniň işiň mundanam möhüm, Mälik hanyň oglanlaryny al-da marş! –diýip Kaka duran ýerinden gygyrdy. Sapa oglanlary bilen şu ýerden 500 metrlikdäki tokurtgalaryň kebşirlenip ýygnalmaly meýdançasyna geldi. Çary gazyk kakyp, Gurduň etmeli işlerini görkezýärdi. Ine şu ýerden bir metr çägäni aýryp hol oýa sür, mundanam iki ýarym metri aýryp beýleki oýa sür! Gurt sesini çykarman diňleýärdi, ne bor diýýärdi, ne ýok diýýärdi. –Diliň barmy, how, seniň? Aýdylanlara düşünýärmiň? Düşünýän bolsaň aýt ahyry! Düşdüm! –diýip Gurt ep-esli wagtdan soň jogap berdi. Äl-aýt, gelnejem seň bilen nädip ýaşaýar-ka? - Gelnejeň mençe-de ýok! –diýip Gurt mylaýym ýylgyrdy. - Ony gepletjek bolsaň dollaryň ýagdaýyny sora! –diýip, Mälik gygyrdy. - Baý, duşupsyňyz-ow! Asyl “gelniniň ýüzi agyr, heniz ýylgyranyny gören ýok” diýip gürrüň edýärler. –diýip Çary jogap berdi. - Gelnejeňi güldürjek bolsaň dabanyny gyjyklamaly, Çaryjan! –diýip Gurt dillendi. - Çary bu jogaba şeýle bir ha-ha-haýlap güldi welin hat-da depedäki çägelerem onuň sarsgynyna akyp ugrady. - Äl-aýt, Çary, mydam böwregiň böküp dur-aýt! Haýranlar galaýmaly! - Hydyr akga, neneň gülmejek! –diýip, Çary öňküsindenem beter güldi. - Öýlenmedik oglanda, ýürejigi böküp dur! Afrikadan garaýagyz bir hebeşi getirip beräýseň sesi çykaýsa nädersiň! Haýranlar galarsyň! - Ýok, Hydyr akga, maňa hebeş gerek däl! Gowusy hindi gyzyny alyp beräý, maňlaýjygam meňli bolsun! - Meňli ýagdaýyny-ha bilemok! Näme, hindi gyzlary meňli bolýanmydyr? - Hydyr akga, sen ony gaýgy etme! Gyz getirseň, meňem ýok bolsa, biz oň maňlaýyna kebşirläp meň basarys! –diýip Mälik jogap berdi. - Heý, bedroýlar! Gör, bularyň tapýanja zatlaryny! Meň üstümden hindi gyzyny alyp, muntaý bolup ýaşajaklar! Tapdyňyz keçe telpek türkmeni! Haýranlar galaýmaly! Sapa bukjasyndan çyzgylaryny çykaryp, üwmek çägäň üstüne ýazdy. Oglanlar onuň daşyna ýygnandylar. - Ine, şu ýarym awtomat kebşirleýji agregadyň çyzgysy! Ol hut biziň duran ýerimizde oturmaly, özem, hon-ha üýşmek demir bolup ýatyr! Ilki nämeden başlamaly? – Ol Gurda ýüzlendi. – Gurt, sen bize iki sagatda şu depäni tekizläp ber! Öýlän maşynlar geler, topur, çagyl çekerler, suw maşynlar suwlar! Çagyl çekilip tekizlenen meýdançada agregat nähili otursa gowy bolar? Şony kesgitlemeli, pikir alyşalyň! - Sapa, taslama boýunça meýdança bir tekizlikde oturmaly! Ony etjek bolsaňam bir hepde azap çekmeli, ýagny ýer tekizleýjiler işlemeli! –diýip, Çary düşündiriş berdi. - Wah, Çaryjan, oňa wagt ýok! Maňa meýdança şu gün gerek! - Şu gün gerk bolsa, onda taslama üýtggetmeler girizmeli bolar, meň pikirimçe enjamyň ýüzüni gündogar-günbatara bakdyrmaly bolar. – diýip Çary pikirini orta atdy. - Ýok, demir ýol günortada, diýmek, ýükli maşynlar günortadan bize gaýdýar, ine, şu ýerde gelip durar. Ýük düşüriji ony alarda tertipli basar. Şol basylan ýerden kebşirleýji agregadyň aşagyna, ine, şeýdip, tokurtgalary alyp bermeli bolar. Diýmek agregadyň ýüzigünorta demirgazyga bakmaly bolar. –diýip Mälik pikirini aýtdy. - Bä, sen ýeserje-ow, Mälik! Haýranlar galaýmaly! - Oňa haýran galyp oturma, Hydyr! Mälik ýöne ýerden Ukrainada okap gelmedi, Eýrana iş sergisi bilen gitmedi, tejribesi ýetik bolmasa-da, garaz, bar! Menem Mäligiň pikirini oňlaýan! Başga pikir ýok bolsa, onda kebşirleýji agregaty şeýle oturdýas! –diýip, Sapa çyzga düzediş girizdi. –Ýükler şu ýerde düşüriler. Şundanam agregada beriler. Indiki wezipe – biz Mälik bilen agregadyň böleklerini öwrenmeli! Galanyňyz ýük göteriji traktory alyň-da hol ýatan demir böleklerini şu ýere daşaň! Gurt, işiňe başla, Çary, meýdançaň tekizligini üpjün et! Oglanlar işli-işine dargadylar. Gurt çäge alaňyny sürüp başlady. Traktorynyň tirkegden düşürilmegi Gurduň Üçajy demir ýol duralgasynda galmagyna sebäp bolupdy, ýogsam Bäşgyzyl gaz käniniň meýdançasyna gitmelidi. Hydyr oglanlary alyp demir böleklerini ýygnamaga gitdi, Mälik bilen Sapa bolsa agregadyň iş düzgünlerini birin-birin çyzga geçirmegiň üstünde işlediler. Tomsuň ahyrky Alp-Arslan aýynyň başy, hepdäniň hoş güni oglanlar üçin ägirt uly synagyň başlangyjy bolupdy. Agşam Täzegülüň göçme naharhanasynyň içi hyryn-dykyndy. Gün-günden köpelýän adamlaryň biş-düş aladasy artýardy. Käte zayk harytlary ýetmän baryň bilen bazar eýlemeli bolýardy. Işden ýadap gelen oglanlar ilki bilen suw içip bokurdagyny ölleýärdiler, soň nahar iýýärdiler. Çary öňüne alan naharyndan bir çemçe dadan badyna nämäň nämedigine düşündi, syr bermän Täzegülüň ýanyna bardy, suw diledi: -Men Maryň gök bazaryndan somsa iýdim! Içine diňe duz salyp bişiripdirler, suwa sadylla edäýdi –diýdi. - Mugt diýip gysymlap atandyrlar, şeýlemi? –diýip, Täzegül sorady. Çary dadan çorbasynyň täsirinden çykyp bilmän ýüzüni çytdy, seňrigini gaşady. - Näme, iýerligi ýokmy? –diýip, Gurduň öňüne çäýnek goýup gaýdan Täzegül Çarydan sorady. - Ýok, edil bal ýaly, ýöne gaty suwsadym. Bir käse suw içip soň iýjek. - Nahardan özüň bir dadyp gördüňmi, Täzegül? Hydyr Haýran oturan ýerinden gygyrdy. Hawa, tagamyny barlapdym! Şu günä birhili edenim bolman dur! Ylgap-ylgap sütünim süýndi. Näme, tagamsyz bolupmy? Ol çaý bilen gury nan iýip oturan Hydyr Haýranyň ýanyna bardy. - Tagamsyz däl ýalam! Men näme diýsemkäm! Umuman iýerligä bar ýaly... - Onda, näme üçin nahara el degirmänsiňiz? - Horlanjak bolýan! Çorbaňda nohut, noýba, kelem bar, men ony iýemok! Muňa ýene nämeler goşduň? - Iki gapyrjak sygyr etini... - Sen Hydyr akga, naharyňa bir gysym burç sep, nädersiň meňki ýaly gara der bolup iýäýseň- diýip,Gurt okarasyny boşatdy. - Mugt diýseler sen zäherdenem ýüzüňi öwresiň ýokla! Çary bilen Gurtdan öňňesi nahara elini çaý bilen nan iýdiler. Çary bir bulgur suwdan soň okarasynyň düýbüni ýalady:-Täzegül gulagyňy kesseňem duýar ýaly bolmandyr, ýene-de guýup ber! - Çary oýun etmesene!-Täzegül göz ýaşyny süpürdi.-Oglanlar der dökýärler, iýmeseler işläp bilmezler.Wah men guraýyn! Duzy iki atypdyryn, garagyz bolupdyryn. - Rahatlan! Indikiňe häzir bol! Oglanlar bir-iki gezegiňi geçirerler diýip, Çary ony köşeşdirdi. - Göwünlik bereniň üçin sag bol! Täzegül gözýaşyny süpürip Gurduň çaý içişine seretdi. Gurt nahary haýal iýýärdi, çaýy howlukman süzüp içýärdi, özem diýseň köp içýärdi, bir oturşyna üç-dört çäýnek içýärdi. Çary Täzegüliň Gurda bolan garaýşyndan “bolar ýerde bolmady, bolsa tizräk gap-gaçlary ýygnaşdyryp, ýuwuşdyryp dynaýyn” diýen manyny okady. - Essalawmaleýkimler! Gapydan elli ýaşlarynda, çep aýagyny süýräbräk alýan daýaw adam girdi-de, Gurduň öňüne baryp çökdi. - Gyzym, Şatlykda bir maşyn adam getirdim! Garbanar ýaly naharyň bolsa äber! –diýip, Täzegüle ýüzlendi. - Daýy, naharym duzlurajyk bolupdyr, iýer ýaly däl. Eger garaşsaňyz ýumurtga çakyp beräýjek. - Duzlam bolsa guý, gyzym! Käte onam iýmek peýdalymyşyn. Ol Öňünde oturan Gurtdan –Nähili, how, iýerligi barmy? –diýip sorady. Gurt çala başyny atdy. –Bä, şeý diýsene! Iýerligi bolsa, nesip edenden iýeris ony. Nahara at dakmak günämişin. Ata-babalaryň aýtmadygy ýok! Inim seň adyň nämedir-ä, özä bir gören ýüzüm? - Gurt meň adym! - Be, be, şeý diýsene! Meň adymam Möjek. Tanyş bolaly! Gurt agzasaň gurt geleri boldy büýä! - Näme diýdiň? Möjek? Agam, kiçi diýip oýnajak bolmazlar, sadyrlyk gowy däl. - Ýok, inim, meň adym Möjek! - Men Gurt bolamda, siz Möjek bolaýmalymy? Supra başynda ýalan ýaman zatdyr, ýaşuly. - Aý, inim, sen maňa ynanjak däl-ow! – diýip, Möjek aga penjeginiň goltuk kisesinden bukja çykardy. – Ine, sürüjilik şahadatnamam! Al, oka! Gurt çaýly käsesini goýup bukja göz gezdirdi, soňam: - Hawa, ikimiz hakykatdanam atdaş ekenik. – diýip, agras ýylgyrdy. - Inim, meniň ýalanym bolmaz! Ýalan sözlänem halamok! Şu gün adamlary “Üçaja alyp gitmali” diýdiler. Nädeýin, gijem bolsa gaýtmaly boldum. Zähmetden geçen ýerimde ýol polisiýasy saklady. Sürüjilik şahadatnamamy alyp “Agam, nirä barýaň?” diýdi, “Üçaja barýan” diýdim. “Içindäkiler kimler?” diýdi. Menem “Adamlar” diýdim. “Onda, kireý edýän diýip ýazaýmaly-da?” diýdi, menem “Ýazaýmarsyň, şahadatnama bilen tanyş” –diýdim. Ol Möjek Döwmezow diýip sesli okady-da “ Sen agam, arassa Möjek dälsiň! Tilki gatyşykly bolaýmasaň!” diýdi. Men ondan “Seniň adyň kim?” diýip soradym, ol “Italmaz” diýdi, men oňa “Senem arassa it-ä dälsiň” diýdim. “Onda men kim?” –diýip sorady, “Aý, senem şagal gatyşykly it bolaýmasaň” diýdim, ondan soň ol gülüp şahadatnamamy yzyna berdi “Al, agam, gaýdyp menden saňa azar ýetmez” diýdi. Şeýle, inim, “ Dogry sözliň dosty ýok” diýýändirler, şonda-da dogrymy sözleýän. Ondan ýamanlyk göremok. Öýümde arkaýyn aýagymy uzadyp ýatýan! Täzegül Möjek aga nahar getirdi, bir çäýnek çaý goýdy, Gurduň öňündäki çäýnekleri alyp”çaýdan doýmadyk bolsaň getireýin” diýdi. Çöp bilen dişini gorjalap oturan Gurt başyny ýaýkady. Täzegül şol ýerden torsarlyp aşhana girdi, gözüniň ýaşyny saklap bilenokdy, möňňürip aglasy gelýärdi. Wah, şu wagt Täzegülüň ýagdaýyna kim düşünýär diýsen-e... Şäherden kümüşçiler obasyna barmak üçin derýadaky wagtlaýyn köprüden geçmelidi. Bir taraply köpriniň agzynda haçan görseň maşynlar üýşip durandyr, sebäbi bir kenardakylar geçip gutarmasa beýleki kenardakylar durmalydy, käte gämi geçmeli bolanda süýşýän köpri sag kenara ýygnanardy, geçensoň ýene öňki ýerine berkidilerdi. Şeýle pursatda adam, ulag bary kenara ýygnanardy, berk gözegçilik edilmese iki kenardan köprüniň ortasyna gelen ulaglar bir-birine päsgelçilik döredýärdi, hersi özünňkini dogry tapyp, köpriň ortasynda dykyn emele getirýärdi. Şular ýaly zadyň bolmazlygy üçin ýörüte bir adam gözegçilik edýärdi. Ilki gurulan uçurlary köpriň iki gyrasynda ulaglar bilen bile geçer ýaly pyýada ýol bolardy, indi welin ulaglar geçip gutarmasa adamlara rugsat berilmeýärdi, ýa-da ulaglar saklanyp diňe adamlar geçmeli edilipdi. Täzegül bi ýyl bäri bu köprüden gatnaýardy, irden şähere, giç öýlänler şäherden öýüne gaýdardy, şol döwürde haçan ulaglar az bolup geçmäge amatly pursadyň döreýän wagtlaryny bilýärdi. Hawa, şol gün aşpezlik mekdebinden çykyp köprä ýetende gün ýaşaňkyrlapdy. Ädimini ýygjamladyp derýaň orta gürpüne ýetende yzyndan kimdir biri güýçli ardynda. Tisginen Täzegül tasdanam suwa ýykylypdy. Her zatda bolsa özüni ele alyp yzyna seretse, daýaw oglan köprüň deşik ýerlerinden böküşdirip haýdaşlap gelýär! Gurt! Onuň arzuwlaýan Gurdy! Täzegül yzymdan ýeter diýip ädimini gowşatdy. Gurt aýagynyň burnuna seredip, ýüzüni galdyrman haýdaşlap barşyna geçip gitdi. Täzegül: -Gurt, bu senmi? –diýip, habar gatdy. - Täze, salam! Töwerege seretmäm ýokda! Bagyşla! Gyssanýarmyň? - Aý, ýokla! Bolşum şeýleräkdä... Gaty ýöreýän, özümem bilemok. - Nireden gelýärsiň? Täzegül bilse-de söz alyşmak üçin sebäp gözledi. - Hünärmenler mekdebinden gaýtdym. - Okuwyňy tamamlap barýansyň? - Gutardy diýseňem boljak! Iki günden gutaryş hatyny berjekler. - Nirede işlemekçi bolýaň? - Ejem bilen maslahatlaşyp görmeli-dä! Näme diýse edäýmeli bor-da! Täzegül bu jogaba hezil edip güldi. Hawa, Gurtdan başga jogap almak mümkin hem däldi. Täzegülüň pikiriçe, göwnünde jinnek ýaljak syryň ýoklugyndan, gönümelliginden habar berýän jogap Gurda degişlidi. Täzegül eti-gany ýerinde, şar gara saçly, syratly, gözleri gülüp duran, dymma ýigidi haçandan bäri ýüreginde göterip ýörenini bilenok ahyry! Onuň bilen bileje okuwa gatnan döwürlerinden bäri bolmagam mümkin! Täzegül gardan taýyp ýykyldymy, ilkinji bolup Gurt galdyrar, galamyny galdyrdyym Gurt özüniňkini berer, ýagyşyň aşagynda galdymy Gurt penjegini depesine saýawan eder, sapaklaryň birinden öý işini ýerine ýetirmän geldimi zybrym bäşlik okaýan Gurt özüniňkiden göçürder. Bir gezek göçürmäge wagt bolmansoň hasap işini oňa berip mugallymyň käýinjine sezewar bolupdy. Mahlasy, ol mekdep ýyllary ähli tarapdan Täzegüli goldap gelipdi, Täzegül welin oňa ýekeje kömek edip bilmändi. Gurt kömege mätäç hem däldi. Onsoňam bir zat soraýmasaň gep alyp bolmaýan oglanyň mätäç zadyny nädip biljek? Hawa, Täzegül özüni bilip bu ýigidiň keşbini köňlüniň iň pynhan ýerinde ezizläp saklaýardy, ol barada heniz hiç ýerde, hatda syr alyp syr berişýän jorasynyň ýanynda-da dil ýaranokdy. Hut şol sebäplem diňe ejesine gulak asýan sada ýigidiň ýokary okuw jaýlarynyň birinde okamagyny isleýärdi. - Näme, jogabymy geňräk gördüňmi? Gurt gülüp barýan Täzegüle çiňerildi. - Ýok, oň üçin däl! Bagyşla! Bir zat ýadyma düşdi-de güläýdim. Maslahat berjek diňleseň! - Diňlemän näme, aýdyber! - Sen ýokary okuw jaýynda okuwyňy dowam etdirmeli ekeniň! - Nirede? - Meselem saglygy saklaýyş institutynda. - Näme üçin ony diýýäň? - Sen sada, mähirli, közlüňde ýamanlyk ýok. Hut şu häsiýetli adamlar şonda okamaly diýip hasap edýän. Sen zybrym bäşlikçi ahyryn! - Ol dogry, oglanlaryň köpüsi ýokary okuw jaýyna gitdiler, girip bilenleri bar, girip bilmän gelenleri bar, men hyýalam etmedim. Kakam ir ýogaldy, inim, gyz doganym, ejem, olary men eklemeli! Eklenç meselesi orta düşende beýlekiler yzda galyberýär ekeni. Onsuzam sen meniň häsiýetime näbelet däl... - Saňa düşünýän, Gurt! Her näçe kyn hem bolsa sen okamaly! Öýdäkiler gününi görerler. Dogan-garyndaş bar, beýleki bor, kömek ederler. - Ýok, men olaryň kömegine mätäç däl. Hersinde çül-çaga, gaýtam, men olara kömek etmeli! - Onda, men kýmek ederin, okasaň bolýar! –Täzegül bu jogabyň öteräk düşenini aňyp nar ýaly gyzardy, ýer ýarylmady, ol girmedi. Olar köprüden geçen ýerinde kenar boýunça çepe aýlanýan ýola düşdiler. Bu ýol derýaň boýy bilen barýardy. Kagyz ýüzünde obaň bir ady bardy, ony ol at boýunça däl-de “kümüşçiler obasy” diýen at bilen gowy tanaýardylar. Ata-baba eli hünärli adamalr bu obada mesgen tutupdylar, hersi bir etrapdan gelendiler. - Her döwür, her zamana diýleni! Bir döwürde kümüşçi ussalary jemgyýetiň ganyny sorýan sakyrtgalar, kolhoz işine gatnaşmaýan ýaltalar diýip yzarlap ugrapdylar. Şonda olar kolhoz işinden boşan wagtlary gijelerine çete çykyp kümüşçilik işlerini dowam etdiripdiler. Onuň üçin bolsa hut şu ýerini, derýanyň ýol-ýodasyz çep kenaryndaky tokaýlygy saýlap alypdylar. Togsanynjy ýyllaryň başlarynda, Garaşsyzlyga eýe bolan ýurtda şemal täzeçe öwsüp başlandan olar gsçyp gizlinişlän ýerlerinden mellek alyp, jaý gurup oba döredipdiler hem-de hünärlerine ymykly ýapyşypdylar. Ine, şol oba “kümüşçiler obasy” diýilýärdi. Täzegül orta mekdebi gutarandan bäri bu işde ene-atasyna kömek edýärdi. Ýöne, näme üçindir kümüşiň ysy oňa ýakanokdy. - Kömek etjek diýdiňmi? –Gurt geň galmakdan ýaňa agzyny öweltdi. –Sen bu ýere nähili düşdüň? Doganym däl, ýakynym däl – Täzegül näme jogap berjegini bilmän aljyrady, her zatda bolsa özüni ýitirmedi: - Sen ol ýyl kömek edeniňde men ýüz öwürmedim. - Onsoňam şol kömekleriň öwezini bir ýagşylyk bilen doldurmaly borun ahyryn! Gurt beýle jogaba garaşmandy. Onuň ýygralyk damarlary oýanyp gany ýüzüne çykdy, keşbini gelşige getirýän mylaýym ýylgyryşy bilen: - Okuwda men oglanlyk borjumy ýerine ýetirdim. Borç bolsa hiç mahal gürrüň edilmäge degişli däldir! – diýdi. Bu hem Gurduň berjek jogabydy. Diňe öz ynanjyna bil baglaýan, beýlekiňkä gulak gabartmaýan ýigitdi. Ony obadaky saýlama ýigitlere goşýan Täzegül şondan gömegeý, şondan akylly, şondan mylaýym ýigit bardyr öýdenokdy. Hut şol sebäplem ol şäherde gabat geler diýen umyt bilen aşpezlik mekdebine giripdi, öýdäkilere “ikiňiz üçin tagamly nahar bişirmäni öwrenjek!” diýip öz hereketini düşündiripdi. Şonda-da şular ýaly tötänlikde gabat geläýmese Gurdy görüp bilenokdy. Ýogsam Gurtlaryň çig kerpiçden salnyp, daşy suwalan, hek bilen agardylan kiçijik jaýlary olardan kän bir daşam däldi ahyryn. - Men şol kömekleriňi ýadymdan çykaryp bilemok! Sebäbi men... Şol wagt tüwdürilip gelen maşyn Täzegülüň ýüreginde beslän sözüni aýtmaga maý bermedi, maşyndan kellesini çykaran sürüji: - Kümüşçiler, münüň! – diýdi. Täzegül öýüne gelip biş-düşüň ugruna çykdy. Nahar atardy. Taýýar edip öňlerinde goýansoňam, zat iýmän jaýyna geçip düşekde gyşardy. Ol ýenede arzuw-hyýallaryna atlandy. Bu gün nämede bolsa Täzegülüň ýüregi düşüşdi. Köňlünde beslänine gözi düşdi, birki agyz gepleşdi, ähli aýtjak zadyny doly aýdyp bilmese-de garaz, Gurdy gördi. Şeýle günler Täzegül üçin uly bagtdy. Bir hepdeden görmese rahat oturyp bilenokdy. Daş aralykdan didaryny görüp dursa-da Täzegül üçin ýeterlikdi. Onuň bu üýtgäp duran häsiýetine jan ýaly jorasy Şirin hem düşünip bilenokdy. Düýp sebäbini bilmese nätsin? Täzegül syryny adama aýtmaýardy. Gurdam ýygralygy üçin gyzlar bilengepleşip, gülşip-degişip ýörmänsoň, diňe gözleri çaknyşýar diýäýmeseň olaryň arasynda syr bardyr öýder ýaly däldi. Şirin her halda bir zady aňan bolmaga çemeli, bir gün ol “Jorajan, gözüň Gurda düşdügi özüňi ýitiriberýäň-le!”- diýende Täzegül oňa “Toba, ol göwnüňedir. Men ony doganym ýaly görýän” diýip jogap beripdi, Şirin bolsa “Onuň ýygralygyny bilýän, mekdepde hem senden başga gepleşýäni ýokdy. Bir dymma haýran-la, gyz, ol! Oňa gelin bolanyň dat gününe!” diýipdi. Täzegül özüniň pynhan duýgusyny Gurda ýeter, olam oňa habar gatar diýen ynam bilen ýaşaýardy. Ine, bu günem ol öýünde şeýdip ýatyrka birden kapy kakylýarmyka diýýär, ejesiniň gapy kakyp girmesi ýok, bu başga biri bolmaly diýip gapyny açsa, öňünde egni ak ýektaýly, boýny gan basyşyny ölçeýän gurally, bir eli ter gülli, bir eli aýnaly Gurt gülüp durmyka diýýär. Ol “Täzegülüm, aýdyşyň ýaly saglygy saklaýyş institutyny tamamladym, obamyza işe iberdiler, indi bileje durmuş gurarys, sen maňa bäş ýyllap garaaşdyň. Indi seni ýekeje günem garaşdyrjak däl. Şu günden toýa başlaýas!” –diýip elindäki gülüni gowşurýar. Täzegül güli alyp ortadaky küýzä oturdýar. “Ýör indem daşarda birneme gezim edeli!” –diýip Gurt ýalbarýarmyka diýýär. - Öýdäkiler ýasan şaýlaryny ýerlemäge bazara gitdiler. Menem olara nahar taýýarlamaly –diýip Täzegül göwnemedi. - Ýetişersiň! Men mydama boş bolup duramok ahyryn! Onsoňam kenaryň howasy şeýle ýakymly... Sadylla etme! - Eşidýärmiň? Olar derýa ýakasyna gelenlerinde Täzegül dil açdy - Suwda balyjaklar ýaýnaýarlar, kenarýaka bagda guşlar saýraýarlar, durmuş parahat belki, bagt atly gözlenilýän zat şulardan ybaratdyr?! Balyjaklaryň şapyrdysy, bilbiliň sesi, dury asman... Biziň şu ýerde duşuşygymyz... Ýör, hol kenardaky leýlisaçyň aşagyna baraly. Muny kakam oturdypdy... Gör, nähili bolaýypdyr? Olar kä ýerleri gamyş basan kenar bilen bagyň aşagyna bardylar. Durnaň gözi ýaly dury suwda leýlisaçyň suraty çekilendi, derýaň gyrasyny gür baglyk tutýardy. Iň ysyy howada hem bu ýeri salkyndy. Täzegül kenaryň saýynda gezmeledi. Baglaryň saralan ýapraklary gaýyp suwuň ýüzüne düşýärdi-de, indiki ykbalyna kaýyl bolup gidýärdi. Bu täsin ýagdaý näme üçindir köňlüni gorka gaplaýardy. Her bir ýapragy gorkuly nazar bilen ugradýan-da öz ykbalynyň şeýle hala düşmegini islänokdy. Birden Gurduň ýakymly, ýumşajyk barmaklary onuň saçyny sypalady. - Basym güýz gutarar, şemal ähli ýapraklary suwuň ýüzüne sepelär, gyş geler, ýapraklar buza öwrülerler... Biziň ykbalymyz bir oňa meňzeş bolmasyn – diýip, Täzegül gaýgyly göreçlerini Gurda dikdi. - Gaýgy etme! –diýip Gurt ony gujagyna gysdy. – Her hili ýagdaýda-da ikimiz aýra bolmarys. - Şeýle bolsun-da, Hudaý jan! Olar esli salym gujaklaşyp bir-biriniň ýürek urşuny diňläp durdular. - Gurt! Ezizim, diňle! Biziň söýgümiz käbirleriniňki ýaly içgysgynç, söýsüsini saklajak bolup ýalana ýüz urýanlaryňky ýaly bolar öýdüp gorkýaryn. Men ony islämok, eşidýärmiň? Şol sebäplem birek-birege wepalylygy bütin ömrüňde saklajakdygyňa kasam içmegiňi isleýärin! - Kasam içýärin! –diýip, Gurt mylaýym sesi bilen gaýtalady. - Ýok, beýdip kasam içme! Aýt, ýüregiň, durkuň bilen aýt! –diýip, Täzegül haýyş etdi. - Men şu hoştaplygyma päk niýetim bilen söýgülimiň öwüdini alýaryn, hem-de birek-biregiň göwnüne degmezlige, ölýänçäm wepaly boljaklygyma kasam içýärin. Ikimiziň ruhumyz iň sapaly, umydymyzyň nurly bolmagyny gudraty güýçli Allatagaladan dileýärin! - Boldy, sag bol ezizim! –diýip, Täzegül näme üçindir onuň maňlaýyndan ogşady. Şol wagt Gurduň elinde göterip ýören aýnasy ýere gaçdy-da tötänlikde daşa degip kül-uşak boldy. - Täzegül tisginip oýandy, görse ejesi gapyň agzynda dur. - A gyz, bolup ýatyşyň nätüýsli seň?! Ikindi çagynda, garaňky öýde! Tur hany, tur guzym! Näme gözüň ýaşly-la? Aglap ýatyrmydyň? - Ýok-la eje! Ol ýaş däl, der – diýip, Täzegül ejesiniň yzy bilen çykdy. Şu düýşden soň welin mahal-mahal onuň ýüregi erbet gysylyp başlady. | |
|
√ Janserek -9: romanyñ dowamy - 17.04.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -4: romanyň dowamy - 29.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -13: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
√ Gala / roman - 08.02.2024 |
√ Hakyň didary -8/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Gala -7: Oýlanma pursady - 16.02.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap - 28: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -10: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Ýola taýýarlyk - 23.08.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -15: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |