23:25 Baýram han / taryhy roman | |
B A Ý R A M H A N Ýazyjy Annatagan Nurgeldiýewiň “Baýram han” atly taryhy romanynda XVI asyrda ýaşap geçen ajaýyp türkmen şahyry, Hindistanda goşun serkerdeligini eden “Hanlaryň Hany” Muhammet Baýram hanyň çylşyrymly durmuş ýolundan gyzykly söhbet açylýar. Roman dartgynly wakalara baý. Dili akgynly. 1992-nji ýylda ýurdumyzyň “Balkan” gazetinde yzygiderli çap edilen “Baýram han” romany 1995-nji ýylda “Ruh” neşirýaty tarapyndan kitap görnüşinde dolulygyna neşir edildi. Geçmiş taryhymyza we milli şahsyýetlerimize gyzyklanmanyň barha artýan häzirki döwürlerinde bu romanyň okyjylarymyz üçin aýratyn we gymmatly sowgat boljakdygyny umyt edip, eseri gaýtadan dykgatyňyza ýetirýäris. * * * Birinji bölüm. ▶ DOR ATLY Kükräp-kükräp gelen ýazyň soňky aýydy. Howa dymykdy. Demirgazykdan howalanyp görünýän daglar şemalyň ugruna böwet bolan şekillidi. Irdüşen gyzgyna saralan sähra gülleridir otlaryň başy gymyldanok. Ýap-ýaňy-da çaslyja akan ýapjagazlar takyrap ýatyrdylar. Janly-jandar görnenok, hatda öňräk duşan ýol siňegi-de galdy. Ümsümlik deňzinde ýüzüp barýan ýolagçy ýeke-täk dor atlydy. Dor at aýlawda soňky pellehana ýetmek üçin bar güýjüni goýan şekillidi. Ýogsam, ol çapman, gorgunyna barýardy. Dili-de agzyna sygman, bir tarapyna çykyglydy. Endam-jany öl-suw, jylaw öz erkine goýberildi. Bu uzak ýol söküp, surnuganlygyň alamatydy. Atyň eýesi häli-şindi irkiljireýärdi, soň zor bilen gözlerini açyp, şunça ýörese-de ýetdirmeýän öňdäki jeňňellige nazaryny dikýärdi. Jeňňel ýakynladygyça ýolagçy özüni dürsedi. Näme üçindir, şol jeňňellik açlykdan, teşnelikden halas ederli göründi. Muny duýan at-da gulaklaryny keýerdip ugrady. Ýolagçy atyny sähel debsiledi. Ine-de, ýetmesi uzak görnen jeňňel. Guýrugy sübse ýaly tilki doratlynyň ýoluny kesdi. Näme üçinliginem bilmän, ýadaw ýolagçy muňa ýylgyrdy. Ol ýene-de esli gitdi. At öňe ýoredigiçe boýuny dikgerdip gorgunyny artdyrdy. Eýesi atdaky özgerişligi aňdy. Belki, suwuň ysyny alandyr? Ýolagçy çugdamlanyp, öňe tarap ýiti-ýiti äňetdi. Köp mahal geçmänkä, egrem-bugramja ýol ýasap, towlanypjyk akyp ýatan suwly ýapjagazyň üstünden bardy. Teşnelik gandyryldy. Ter, ýüzüni sörtük çawlan ýaş ýigit öwrenişmedik özge ýurdunda sähel şagyrdynyň-da gorky döredýänligini bilmän, agajyň düýbüne ýaplandy we şobada irkildi... Ony atyň gaýta-gaýta kişňemesi oýardy. Ýigit tarsa turdy-da, dembermezini gysymlap diňşirgendi. Wagyrdaşyp, nätanyş sesler eşidildi. Ol towsup, atyna mündi, töweregine göz aýlady. Jeňňeliň gür ýerinden çykan atly-ýaragly adamlar gözüne ildi, doruny debsiledi. Atlylar onuň söbügine düşdüler. Ýaş ýigit yzyna gaňrylanda, ak atlynyň beýlekilerden saýlanandygyny gördi. Ol eglip: “Saňa atym diýmerin, dorum, ganatly bürgüdim, arkadagym diýerin. Gutar meni bulardan” diýip pyşyrdady hem-de atynyň ýüzüni gapdala, jeňňeliň gür tarapyna öwürdi. Gürlüge golaýlanda ak atly kowup, yzyndan ýetdi, gylyjyny howada şuwwuldadyp gaçyp barýanyň ýeňse çenine bulady. Hiç zatdan habarsyz ýaly, dor atly, şeýle ökdelik bilen ýüzün ýatdy-da garşydaşynyň gylyjy şowa geçende dikelip, ýykylardan duşmanyny çapdy. Muny gören kowguçylar jynssyz gygyryşdylar, soňra tüpeň sesleri çykdy. Dor at tüwdürilip ýykyldy. Eýesi eýeriň aşagyndan aýagyny zordan çekip çykardy, nätanyş ýurtdaky ýalňyz dostuna gam basyp seretdi. Atyň garnyndan gan çüwdürilip, gözleriniň agy köpeldi. Ýigidiň ýüregi üzülene döndi. Ol emedekläp baryp, boýnundan gujaklady. At iň soňky gezek eýesiniň keşbini ýumlup barýan gözlerinde ýuwdup, hyrkyldady, soň şo bada agzyndan gan geldi. Gözlerinden ýaş deregine göýä ýakyp-ýandyryp barýan gan akýan ýigidi ýeňse tarapynda eşidilen peýkamyň şuwwuldysy özüne getirdi. Kowup gelýänlerden köp atlynyň duşmanlara garşy käsiniň tüpeň atyp, käsiniň-de gylyjyny ýalaňaçlap, gykuwlaşyp barýanlygyny gördi. Ýigit heniz gyzgyny gitmedik atynyň boýnundaky kümüş dogabagyny gysymlady. Deňinden geçip barýanlaryň ýedi-sekiz sanysy sowlup, daşyny gallady. Şonda olaryň biri çakganlyk bilen atdan düşüp, ellerini egnine goýup, perişan haldaky ýigidi ýokary turuzdy. Ýigit garşysyndaky duranyň demir sowudyna, demir telpegine, gapdalyndan asylgy mişi gynlyhanjaryna, barmagyndaky tylla ýüzügine, ak meňiz ýüzüne hem-de dogumly oýnaklaýan ala gözlerine siňňin seretdi. Söweş geýmini geýen şazadapisint ýaş kişi-de ondan gözlerini aýyrmady. Bugdaýreňk, orta boýly, başy silkme telpekli ýigidiň türkmendigi görnüp durdy. - At ýigidiň kuwwatydyr, ýöne bi janawer eýýäm ölüpdir – diýip, şazada sypatly, ýaş ýigide gynanjyny bildirdi. Türkmen jigidi garaýanyk bolan ýüzünden syrygyşýan deri silkme telpegi bilen süpürişdirip durşuna: - Bi meni ukudakam oýaryp, duşman penjesinden halasetdi, men weli, muny gorap bilmedim – diýip, gussaly jogap gaýtardy. - Elbetde, ýitgiňiz uly. Özüňem ölüm howpundan zordan galdyň. Bizde aýdylyşy ýaly, muňa-da şükür etmeli. – Biz saňa mundanam gowy at bereris. Türkmen tisginip gitdi. Alarylyp garşysyndaka seretdi. Onuň bakyşy alyjy gurda meňzeýärdi. Ak meňiz ýigit özüniň gödek ýalňyş goýberenine düşündi. Dilini dişläp, ýüzüni aşak saldy. “Haw-wa. Mundan gowy diýmeli däldiň şazada. Häzir onuň gözüne başga at görnenok ahyry. Ýöne munuň-da beýdip durmasy bolanok. Nädersiň, ýeke sözümde el-aýagyňy guzy daňan ýaly edip taşlasalar”. Herhal türkmen köşeşdi. Şazada “Bu meniň kimligimi bilsin” diýýän şekilinde elini uzatdy: - Käte tanyşmaga howlugmagyňam zyýany ýok. Men beýik Babur patyşanyň ogly Humaýun şazada. Türkmen şazada bilen görüşdi, ýöne onuň ýüzünde çekinjeňlik görünmedi: - Muhammet Baýram. Türkmenleriň baharly kabylasyndan. Onýança ýüzi derçigen biri atyny garader edip geldi. Ol ýigitleriň gürrüňini tamamlanansoň, edep bilen: - Şazada hezretleri, garakçylaryň bäş-altysy öldürildi. Beýlekisi gözden ýitdi. Kowgyny dowam etmelimi? – diýdi. - Dolansynlar. Owgan garakçylarymyka? - Şeýle ýaly. Şazada ýanyndaky atlylary, Baýramy alyp yzyna öwrüldi. Asyl onuň çadyry daşda däl eken. Tiz orta desterhan ýazyldy. Gantly kökeler, nogul-nabatlar, dürli-dümen ir-iýmişler, gowrulan jeren eti, palaw, şerbet getirildi. Olar ikiçäk galyp, iýdiler, içdiler. Diňe şundan soň şazada: - Biz siziň ýeke gaçyp gelýänligiňizi bärde görüp durduk.onsoň kömek bermäge howlukdyk – diýdi. Baýram: - Taňryýalkasyn – diýip, gysgaça aýtdy. - Garakçyny çapyşyňa-da synym oturdy. Aňyrsynyň känliginden eýmenmediňmi? - “Müň garga bir kesek” diýipdir köneler. - Aý, çoh ýagşy, Baýram! – Humaýun keýpi kök ýyrşardy. Söhbet ýuwaş-ýuwaşdan gyzyşdy. Baýram şazadanyň gürrüňinden şu zatlary bildi: Şazadanyň kakasy, Omar Şyhyň ogly, gaýduwsyz Babur çarwa özbekleriň serdary Şeýbany handan söweşde ýeňlip, mähriban ýurdy Ferganany taşlamaly bolupdyr. Ysgyndan gaçan goşuna baş bolup, Kabuly, Gandagary eýeläpdir. Babur Temiriň neslinden eken, onsoň Hindistandaky mülkleriň käbirini özüne degişli hasap edipdir. Emma owganlar, hindi knýazlary oňa garşy basym-basymdan topalaň turzup, ynjalyksyzlandyrýarlar. Öz gezeginde Humaýun Baýram barada şulary bildi: Onuň atasy Seýfaly beg Gaznada häkimlik edipdir. Seýfaly beg Babur bilen dostlukly gatnaşykda eken. Atasy ölenden soň, ýaş Baýram Balhdaky garyndaşlarynyňka barypdyr. Şäheriň uly alymlary oňa sapak beripdirler. Şonuň üçin, Baýram türkmen dilinden başga arap, pars dillerini öwrenipdir. Soňra az mahal Eýran şasy Ysmaýyl Hataýynyň gullugyndaky türkmen ýigitleriniň arasynda bolup, Buhara, Samarkant ugrundaky söweşlere gatnaşypdyr. Bu söhbetler payawlanda Baýram: - Onuň alyhezretleri edermen Babur şa barada köp zat eşitdim – diýdi. Humaýun şazada turup: - Ykbal bizi sataşdyrdy, çoh ýagşy. Atalarymyzyň dostluk däbini dowam etdirjekdigimize kasam edeli – diýdi-de, gylyjyny ýokary galdyrdy. Baýramyň gylyjy hem onuňky bilen birikdi. Täze dostlar şundan soňam ümmüldeşip köp oturdylar, ýöne näme üçindir biri-birinden şygyr düzýändiklerini gizlediler. Humaýun şazada şikara gaýdypdy. Ertesi aýaklary sekilli, gamyşgulak, eý görýän şar gara atyny Baýrama berdi. Bular aw awlamaga ugradylar. Daňdan gelen ýeňiljek duman gün doganda syryldy. Säher çyglaryna reňki durlanan jasmin güllerinden beýhuş ediji ys gelýär. Ýadawlygy aýrylan Baýramyň keýpi çagdy. Ol agyzdyrygyny çeýneýän mes atynyň jylawyny çekip, uçjak bürgüt ýaly galkyjaklaýardy. Gapdalyndan egnini deňläp, Humaýun atyny sürüp, barýardy. Edil öň ýandaky köne käliň içinden möjegiň aýylganç sesi eşidildi. Ol boz jereni alarlap-alarlap gelýärdi. Gyssanan jeren adamlary görüp, göni bäri tutdurdy. Bu niçik ahwal? Jeren adamdan gaçýandyr. Ýa ýowuz pursat garşydaşlaram biri-birine ýakynlaşdyrýarmyka? Şeýle manyda Humaýuna sereden Baýram göz açyp-ýumasy salym içinde atyny gyra çykardy, sagdagyndan peýkam alyp, sary ýaýdan atdy. Garnyndan peýkam çümen möjek elhenç gygyryp esli gitdi-de, togalanyp ýykyldy. Ol atlylar deňine baranda gana bulaşyp, horkuldap ýatyrdy. Jeren bolsa, ýene ümdüzine tutdurdy. Onuň gaçyşyny synlaýan, ölemen awçy Humaýun: - Çoh ýagşy, Baýram. Bi janawar indi bize al salmak isleýä. Şunuň ters yzyna çalyp gideliň. Meger, owlagy bardyr – diýdi. Atlylar şazadanyň yzyna düşdüler. Dogrudan-da, ep-esli gidenlerinden soň, enesiniň aldym-berdimli darkaşyndan habarsyz akja keýik owlagy bökjekläp oýnap ýördi. Ol atlylary görüp, sägindi, aladasyz garaja gözlerini bulara dikdi. Onuň adamy ilkinji görşüdi. Gelenleriň howp salmaýandygyny bilen ýaly, ýene oýnuny dowam etdi. Edil çaga kimin tomaşa edýän Humaýun: - Wah, şunuň ýaly, dünýäniň gowgasyndan habarsyz bolsaňdyň – diýende sesinde hesret duýuldy. Soňra atlylaryna gysgaça buýruk berdi: - Şu gün jeren awlamak gadagan. ▶ TOÝ AGŞAMYNDA Humaýun saparyny goýbolsun edip, köşge tarap ýola düşdi, sebäbi hindi rajy* – täze dostlarynyň biri öýlenýärdi. Ol toýa howlugýardy. Şoňa Baýramy hem alyp bardy. Baýram köşk ýaly jaýyň diwaryndan asylan gadymy rajput suratçylarynyň çeken üýtgeşik şekillerine täsin galyp seretdi. Duranlar munuň başyndaky silkme telpegi görüp, keseki ýurtludygyny şo bada bildiler. Humaýunyň gelmegi toý şowhunyny artdyrdy. Orta tansçy gyz çykdy-da, saza goşup, endamy süňksüz ýaly, oýnap, aýdym aýdyp başlady. Aýdymyň şirindigi Baýrama ýarady. Aýdym, saz bolmanda-da, gyz tansyny ussatlyk bilen oýnaýardy. Gyzyň jadyly nazaryna ýaş ýigidiň ýüregi eredi, ýaňaklary laplap gyzdy. Ol aljyrap, ýanynda ýylgyryp duran Humaýuna bakdy. Şazada bu edermen jigidiň gyz nazarynyň öňünde dag arkajynda saklanyp galan garyň ýaz güneşine pagyş-para ereýşine meňzeýänligini görüp durdy. Baýram ýüzüni keseräk sowanda gözleri şazadanyň gabadyndaky gyza düşdi. Onuň ýüzüniň aklygy gözüň ýagyny iýip barýardy. Baýram tansçy gyzy unutdy, ol indi ortada pyrlanyp ýördi. Göwher monjykly gyz ýaş ýigide gözleriniň gyýtagyny aýlap goýberdi. Şonda onuň alma ýaňaklary gyrmyzylandy. Älhepus, ol jeren gözleri! Kirpikler weli, Baýramyň atýan peýkamlary dek ýürekden parran geçdi. Ýigit endiräp, şagga derledi. Teşnelik horlaýan ýaly, sähel salymda guran dodaklaryny ýalaşdyryp, ýene Humaýuna bakdy. Şazada oňa: “Gyzlar seniň ganyňa galaýmasa ýagşydyr” diýýän manyda ýylgyryp seredýärdi. Çapak çalyndy. Tansçy gyz ortadan aýryldy. Onsoň öýlenjek ýigidiň öňünde keramatly molla gök ýapraklardan örülen mejimä salyp, kokos hozuny, betel, gaýnadylan tüwi hem-de beýleki zerur zatlary getirip goýdy. Doga okalyp, mukaddes oda sejde edildi, soň öýlenýän ýigidi toý tilagy* bilen bezediler. Bagyň içinde seýil etmek başlandy. Baýram içinde tylla balyjaklar oýnaklaşýan howuzjygyň ýanynda eglendi. Beýleräkde dury suwly ýapjagaz akyp ýatyrdy. Aý şuglasyna erik, ülje, badam, alma, şar gara üzümli agaçlar enaýy görünýärdi. Mahal-mahal göçgünli gülki eşidilip durdy. Bu şady-horramlyk Baýramyň azaryna däl ýalydy. Ol çuň pikir derýasyny gulaçlaýardy. Ýaş bolsa-da, Eýran, Buhara, Samarkant, Badahşan ýaly uly-uly şäherleriň gyzlaryny görüpdi. Olara imrinmändi. Göwher monjukly gyz weli... Ýaş ýigit hesretli dem aldy. Şonda gyzgyn howur çykyp, agzy-burny çawlandy. Eýsem bu keseki ýurt onuň heniz duşmadyk, emma irde-giçde sataşmaly bagtyny eçilermikä? Ýöne ägä bolmak gerek. Ol şazada gyz. Ädimiňi sähel ýalňyşsaň, kelläň pyzlawuk kädi ýaly honda düşmegem ahmal. Sen onuň deňimi beri? Belli mekanyň ýok. Galtamana meňzeýäň. Baýram egnine patladyp goýlan eliň döreden sarsgynyna özüni dürsäp, yzyna gaňryldy. Bu Humaýundy. - Pikir derýasyna gark bolupsyň. Gelenimizem bilmediň. Ol şazada jogap bermedi. Onuň ýanynda göwher monjukly şazada gyz guşaklygyndan geçýän babyrbilek, şar gara saçlarynyň ujuny oýnap durdy. “Ol Humaýunyň ýanyndan aýrylanok. Belki, men dost bagtyna gözümi dikendirin”. Gyz Baýrama tansda görendäkisi ýaly gözleriniň gytagyny aýlady. Ýigidiň huşy başyndan uçdy, pikiri seçme pytradan serçeler kimin duw-dagyn boldy. - Oh, ýogsa-damen sizi tanyş edeýin – diýip, Humaýun Baýramyň özüni ele almagyna itergi berdi. – Arslan ýürek Hindal doganymyň şazada gyzy Selime Soltan. – Ol gyza tarap ümläp goýberdi-de, Baýrama öwrüldi. – Dostum Muhammet Baýram, türkmen. Ine, şu pursat olaryň nazarynyň kaklyşmagyna sebäp boldy. Baýram gyz gözlerine uzak seredip bilmedi. Elini gursagyna goýup, çalaja baş egdi-de, ýüzüni keseräk sowdy. Humaýun söhbete ýol arçamak üçin hernäçe jan etse-de, o diýen ugrugyp gidibermedi. Ol Selime Soltan begimi ugratmak üçin gyz bilen egnini deňläp, assaja ýöräp ugrady. Bularyň garasy ýitende edil ýerden çykan ýaly, murtlary gelşikli bejerilen, gerdenlek, daýaw pyýada Baýramyň ýanynda häzir boldy. Çalaja yrynýanlygyndan serhoşlygy bildirýärdi. Ol: - E-e... gelmişek ýigit, keseki ýurduň laçynyny awlamaga gözüňi dikýäňmi? – diýip, Baýramyň üstüne sürnüp dillendi. Baýram temegini gymyldadyp jogap berdi: - Tebigatyň gözel zadyna seretmäge hemme päk ýürekli ynsanyň hukugy bardyr. - Şeýlemi? - Şeýle. - Belki, o peri biriniň söýgüli ýarydyr. - Onda başga gep. - O şazada gyz. Sen ýaly garamaýagyň taýy däl. - Bilýän. - Onda hüşgär bolgun. - Duýduranyňa taňryýalkasyn. - Hym-m. Daýaw pyýada çaýkanjyrap gitdi. Az salymdan Humaýun geldi. Ol: - Ýaňky kimdi? – diýip, perişan haldaky Baýramdan sorady. Baýram höwessiz jogap gaýtardy: - Bi ýerde senden başga hiç kesi tanamog-a. - Özi-ä, şanyň ýaş ogul-gyzynyň terbiýeçisi Mahym enekäniň ogly Edhem hana meňzeýä. Gijelikde tanamaga ýetişmedim. – Şazada keýpi köklük bilen bag ýaprajygynyň birini ýolup goýberdi: - Toý şowhunly geçýä. - Hym. Baýramyň göwünsiz berýän jogaplaryndan kalbyny gozgalaňa salýan hesretiň barlygyny aňýan Humaýun: - Çen boldy, indi gideli – diýdi. Dostlar howludan çykyp ugranlarynda şazadanyň şahsy saklawlaram häzir boldular. Humaýun ertir irden turanda howuzjygyň başyndaky sekide gymyldaman oturan Baýramy görüp, haýran galdy. Onuň öňündäki birnäçe düýrmek kagyzyň içinde iki sanysy ýazylgy ýatyrdy. Şazada saklanyp bilmän, biygtyýar olary beline aldy. Ilkisini içinden okady. Ol: “Eýläp şygar şiweýi-bidat gözleriň, Älemni kate eýledi jellat gözleriň” Diýip başlanýan, türki dilde ýazylan “Gözleriň” atlandyrylan gazaldy. Parsça ýazylan ikinjisini şazada uly joşgun bilen sesli okady: Meniň asla günähim ýok, günä ýüzde, Mende näme günä bolsun, biler bolsaň, günä gözde. Ne ýakar sen, kuýaş gözli, mahy-taban, mähribanym, Senden özge penakär ýok, eý söýgülim, nepa sizde. Çyn aşygyň menem-menem, özge aşyk ýokdur saňa, Ahy-zaryň men çekermen, galat bolmaz hiç bir sözde. Eger, bilseň, patyşahym, bar umydym saňa bagly, Gözläp seni gije-gündiz, tapabilmen dagy-düzde. Baýram, eýsem, günäkärmi, bakdy diýip jemalyňa, Neýläýin men, gözel ýarym, günä gözde, günä ýüzde. Gazal tamamlanansoň, Humaýun gaşyna gelip, gözleriniň içine seretdi: - Men senden meşhur serkerde çykar öýdýärdim. Emma... Baýram sarsman, jogap berdi: - Onuň alyhezretleri beýik Babur patyşa gaýduwsyz serkerdedir. Ýöne ol Gündogarda meşhur şahyr hökmünde-de tanalýar. - Bu dogry. – Şazada gezmeläp ýörşüne goltuk jübüsinden kagyz çykaranyny duýman galdy: - Me,oka. Baýram onuň uzadan kagyzyny alyp, içinden ünsli okady. Bu-da gazaldy. Şazada bir gijede iki dilde ajaýyp gazal ýazan dostuna gözi gidijilik bilen seredýärdi. - Diýmek, Babur patyşanyň şahyrçylyk senedini dowam etdiriji-dä... - Hem-de harby sungatyny... Gije biri-birinden habarsyz gazal ýazan dostlar, birden hahahaýlaşyp gülüşdiler. Bularyň şowhunly sesine tisginen golaýdaky gumrujyk pasyrdap uçup gitdi... Toý üç gije-gündizläp dowam etdi. ▶ SÖÝGI WE MEKIRLIK Baýram günuzyn, çömelije öýden çykmady. Humaýun oňa “Dynç al” diýip, öz atlylaryndan iki sany türkmen ýigidinem hyzmatyndagoýup, kakasynyň çakylygy bilen gitdi. Agşam ýene oňly uklap bilmedi. Selimäniň keşbi gözlerinden gidenok. Baýram şol gazallary oňa gowşurmagyň çäresini agtardy. Emma ebeteýini tapmady. “Gele-gelmäne göze-başa düşüp ýörmek ýagşy däl. Gyzyň gazallary kabul etjegem gümana. Selime peri sypat, owadan, owadanlarweli, tekepbirdir. Ýigitleriň daşynda perwana bolmagyny halaýar. Belki, gyzyň bakyşy şuny isleýändir”. Baýram gezmeledi. “Baglykda sataşan murtlak ýigidiň duýduryşy-da ugrunda bardyr. Sebäbi ol gyz Baburyň ogly, garadan gaýtmaz serkerde Hindalyň gyzy. Hindal öý-öwzary bolmadyk ýigide gyzyny çykararmy? Onuň göwni şazadalar bilen guda bolmagy küýseýändir”. Baýram şu hili oýlanmalar bilen gyzyň keşbini özünden daşlaşdyrjak bolýardy. Emma başaranok. “Hany, biziň türkmenlerimiz “Ýürege emr edip bolanogam-a” diýýärler. Söýgi seniň şaňy-da, gedaýyňy-da bilmez, ol hemmelere deňlik, ýöne päsgelçilik tapylar. Kötelli ýollaram duşýar-a. Ata-babalarymyzyň: “Aşy ajygana ber, gyzy aşygyna” diýen dana sözlerem-ä bar. Eýsem ol gyz meni söýýärmi?..” Ýigit ýene gyzyň bakyşyny ýadyna saldy. Ol gözler ýürekden öňünçä gyzyň pynhan syryny paş eden şekillidi. Baýramyň soňa-baka pikiri garjaşdy. Öý ony gysyp-gowurdy. Olkesgitli karara gelmek isledi. “Eýsem, sen bi topraga näme maksat bilen geldiň? Beýik hindi topragyna rahatlyk bermegi ýüregine düwüpdiň”. Kellesi hum ýaly çişen Baýram daňdan irkildi. Gyz weli, düýşüne girdi. Ol ertekilerdäki peri mysaly gollaryny guwuň ak ganatlaryna meňzedip uçup geldi-de, başyny sypamaga başlady. Ýigit tisginip turanda, goltugynda ýüpek ýassykdan başga hiç zat ýokdy. Ol eginlerini gymyldadyp, sojap dem alyp oturşyna: “Eý, ajaýyp ülke, sen maňa şirin gussa eçildiň, soňy haýyr bolgaý-da hernä” diýip pyşyrdady-da, galdy. Şunda Humaýundan galanlygyna ökündi. Ol gelýänçä gidip, wagt geçirmegi ýüregine düwdi. Adam bikärlikde, pikirleriň ýesiri bolýar. Gazal düzmäge eden synynyşygy-da puç çykdy. Ylham derýasynyň gözbaşy gurana meňzänokdy. Baýram atýataga baranda, atlar eýýäm nünüşe taýyndy. Pilmahmyt sypat daýawýigit onuň ýanyna gelip, saglygyny sorady-da: - Beg jigidiň ugry hanjakka ? – diýdi. Baýram degişme äheňinde: - Hyzmatkär hojaýyndan hasabat soraýan däldir, dostum – diýip, atyna towsup mündi. – Adyň näme? - Ýarmuhammet. - Onda şeýle. Şazada gelýänçe, ýeke özüm awa gitjek. Siz galaýyň. – Onsoň atyny çalaja debsiläp goýberdi. Ýarmuhammet atynyň daşynda gowadaklap ýören kelte boýly obadaşynyň ýanyna bardy: - Jogaby eşitdiňmi? - Eşitdim. - Ony beýdip ýeke goýbermäli. Birzat bolaýsa, şazada kellämizi alar. Onnaň-da ol öz türkmenimiz. Ýigitler daňyň alagaraňkysynda Baýramyň garasy ýitip-ýitmänkä yzyna düşdüler. Baýram gün arkasyny mazaly gyzdyranda anis agaçlarynyň arasyndan geçip, tokaýa girdi. Ol tokaýyň jümmüşine aralaşdy, emma kemtersinden hargulak towşanam görünmedi. Oňa derek gapdaldaky äpet kokos palmasynyň astynda duran, ýüzleri perdeli, ýedi sany ýaragly adam atlarynyň ýüzüni muňa tarap öwürdi. Baýram ykjamlanyp, ýoluny dowam ediberjek boldy welin, olar ýaryşyň uly baýragyny almaga howlugýan ýaly, eňip gaýdyberdiler. Ýüreginiň gürsüldisi artan Baýram gylyjyny ýalpyldadyp öňlerinden çykdy. - Duruň how, näme isleýäňiz? – Onuň bu haýkyrmasyna atlylar üns bermän, gözleri ýok ýaly süsdürlişip gelýärdiler. Ikisi serdesseli, galanlary gylyjyny howada bulaýlaýardylar. Öňdäkisi gelşine, Baýramyň kellesini nazarlap, serdessäni inderdi. Ol ýyldyrym çaltlygynda atdan düşüp, mündi-de, serdessäni sowa geçirip, garşydaşynyň egnini çapyp ýykdy. Aýlaw berip, öňe zomana hüjüm etdi. Onýança tokaýyň gür ýerinden zompa çykan iki atly göni bulara okduryldy. Gylyçlaryň şarkyldysyndan uçgun syçrady. Baýram indi duşmanyň ikisine garşy söweşýärdi. Beýlekilerine iki atly ýetişip, arasyny kesdi. Pilmahmyt ýaly pälwansypat gylyçlaşyp durşuna, golaýjagyndaky kelte boýlynyň garşydaşynyň ýeňsesinden bürgüt kimin penjesi bilen tutup, çekdi-de, gapdala zyňyp goýberdi. Ýüzünden perdesi sypyrylan sakgallak, hüýt gara pyýada tokaýyň gür ýerine garşy ökjäni göterdi. Onuň yzyndan kowan bolmady. Baýram duşmanyň biriniň gursagyndan dembermezini geçirip, atdan agdardy. Beýlekisi yza çekilip gaçdy, emma Baýramyň zyňan hanjary kebzesinden çümdi. Duşman esli mahal jynssyz gygyryp gitdi-de, arkanlygyna ýykyldy. Baýram beýlesine öwrülende pälwan kişiniň kelte boýly urşujynyň başyny sypap duranlygyny gördi. Ol gyrmyzy gana boýalyp, gursagyny tutup ýatyşyna ölüpdir. - Ölümiňe men sebäp boldum, batyr jigit. Ýarmuhammet başyny galdyranda, ýazykly halda ýüzüni ýere salyp duran Baýramy gördi. - Goç ýigit söweşde başyny berýä. Maňlaýyna ýazylany şeýledir. Ýetim oglandy neresse – Ýarmuhammet ony gujagyna aldy. - Gel, jaýlaly. Gylyç bilen çukur gazyp ýerlediler. Ýola düşenlerinde Ýarmuhammet: - Arman, ýezidiň biri sypdy – diýip, başyny ökünçli ýaýkady, soň sulh alyp barýan baýrama öwrülip: - Ýogsa-da, beg jigit, ertir öz adyňy aýtmadyň – diýdi. - Muhammet Baýram. - Gaýduwsyz söweşýäň. Humaýun şoň üçinem türkmenleri gowy görýä. Bular öýe baranlarynda ýüzünden perdesi sypyrylyp, gaçyp giden sakgallak duşmanyň ikindiniň öň ýanynda owadan jaýyň baglygyna girenligini bilmediler. Ol kedr agajynyň astynda bhang* şiresini içip ýatan murtlak jigidiň gaşynda sandyraklap durdy. Içgiden gözlerini ümezleýän jigit sakgallagyň üzlem-saplam aýdanlaryna ilki düşünmedi. Birhaýukdan aňlansoň, elhenç gygyryp, ony bkowdy. Bu Edhem handy. Öňräkden bäri Selime Soltan begimiň daşynda perwanady. Baýramyň Selimä bakyşyny gabanyp, onuň ýeke gezerine garaşyp, gijesi bilen jaýynyň daşynda gizlin garawul goýdy. Haçan-da, aňtawçy Baýramyň täk özüniň çykanlygyny habar berende, ony öldürtmek üçin öň pula satyn alan ýedi kellekeserini yzyndan iberdi. Görnüşi ýaly, bu-da şowsuz tamamlandy. * * * Muhammet Zahiriddin Babur şa hüşgärligi gowşadanlygy üçin ogluna biraz käýedi: Badahşanyň töwereginde ýene-de owgan topalaňçylary jemlenip başlanypdyr. Ol şäher bolsa, Humaýun üçin merkezdi. Şa ogluna häziriň özünde atlylary bilen ýola düşmegi höküm etdi. Topalaňçylara esasy zarba urmaly Hindal eýýäm ýoldady. Şonuň üçin, Humaýun Baýrama gyssagly çapar iberdi. Baýram bilen Ýarmuhammet ýolda onuň yzyndan kowup ýetdiler. Humaýun gijara Hindalyň lagerine bardy. Hindal ortadan desterhan ýygnalansoň, ýanyna Humaýuny alyp müňbaşylar bilen geljekki söweşiň planyny düzdi. Ilki hüjüm etmek onuň harby sungatynyň esasy tilsimleriniň biridi. Babur şa bu gözsüz batyr oglunyň giden ugrundan hemişe ýeňşe tamakindi. Lagerde üýtgeşik şowhun bolmady, sebäbi aňtawçylaryň habar bermegine görä duşman golaýrakdaky jülgede ýerleşipdi. Daňyň öňüsyrasynda Humaýunyň atlylaryndan bir murtlak ýigit söweşe taýýar edilgi atlaryň ýanyna bardy. Ol ilki öz atyny sypaň-sermeň edip, soň töweregini ýaltaklap, şar garasyna ýakynlady. Ümsümlikden peýdalanyp, atyň çekisiniň garyn tarapynyň ýarpa golaýyny pyçak bilen keserläp goýdy. Goşun basym duşman lagerine hüjüm etdi. Duşman erjel söweşip, guşluk mahaly ýan berip ugrady. Edil şol mahal pessejik depäniň gapdalynda şeýle waka boldy: Humaýunyň atlylaryndan murtlak urşujy yza çekilip barýan owganyň ýeňsesinden çapdy. Şu ýerde garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykdy. Duşmanlar murtlak urşujynyň iki gapdalyndan hüjüm etdi. Ol aralykda galyp, başarnykly goransa-da, soňa-baka haýallap ugrady. Muny gören Baýram atynyň ýüzüni şol tarap öwürdi-de, dembermezini gelşine duşmanyň kebzesinden saldy. Ol ýykyldy. Ikinjisine garşy atyny debsilände, çekisi gyrlyp, özi agdarylyp gitdi. Murtlak urşujy-da ýaralanyp, ýere ýazyldy. Baýram hokranyp duran atyny ýalaňaç münüp, murtly ýigide ýetip barýan duşmanyň öňünde keserdi. Gylyçlar şarkyldap ses etdi. Atlar çarpaýa galdylar. Birden Baýramyň garşydaşy dillendi: - Goý-ber, ol zalym, gaçyp barýan inimi öldürdi. Baýram ony deňinden goýberjek ýaly etdi-de, gylyjyny böwründen sokdy. Ýigit “ah” çekip, jylawy goýberdi, ümdüzine tutduran at ony ýolda ýykdy. Baýram ýüzi ak samana dönen, ýaraly murtlagyň ýanyna baryp, ony tanady: Bu şol, toý agşamy baglykda sataşan ýigitdi. Ýöne atynyň çekisini gyranyň-da şudugyny bilenokdy. Duşman dyr-pytrak edildi. Hindal ýaralylary, ýesirleri alyp, Badahşana gaýtdy. Humaýun-da söweşde ölen türkmen ýüzbaşysynyň deregine, baýramy ýüzbaşy saýlady. Muňa diňe ýarasy ganymatlaşan murtlak ýigidiň içi ýandy. Bu Edhem handy. Ol öňräkden bäri Humaýunyň atlylarynda gulluk etse-de, onbaşydy... Baýramyň Badahşan günleri birsyhly: harby tilsime türgenleşmek, atçapmak, “gabak”* oýnamak bilen geçip durdy. Bir gezek Humaýun döwlet işini çözmäge Hindalyň ýanyna barmaly boldy. Şonda Baýramy-da alyp gitdi. Ýygra ýigit öýe girmän, baglykda garaşjakdygyny aýtdy. Bag gözelligine tomaşa edip ýörkä howzuň başynda çuň pikire batyp oturan... Selimäni gördi. Aljyran Baýram birbada sägindi, soň üsgünjiränini bilmän galdy. Gyz tarsa turup, çöşlenen saçlarynyň ujyny oýnaşdyrdy. - Gözeller şasy Selime Soltan begimiň saglygy niçikkä? – diýen Baýram bu sözleri nähili aýdanlygyny bilmedi. Gyzyň ýylgyryp baş atmasy özüni dürsemäge mejbur etdi. Ýeri, indi näme diýmeli? Göwnüne bolmasa, gyz indiki aýtjak sözlerine garaşýardy. Ol birden goltugyndan kagyz düýrmegini çykardy, ony gyza uzatdy. Selime näz-kereşme bilen alyp: - Bi näme oglan? – diýdi. - Gazal. - Saňa şahyr diýilýäni çyn-ow? – Şeýle diýmek bilen gyz eýýäm özüniň Baýram barada käbir zatlary bilýänligini ýaňzytdy. Bu gowlugyň alamaty. Baýram Selimä gazal beren pursatyny soň-soňlar gazanan kyn ýeňşine barabar hasap etdi. Onuň bu batyrgaýlygy bagt çeşmesiniň gözbaşyny arçady. Gyz süýnüp-sarkyp: - Hany oglan, şu mahal bir rubagy ýa gazal düz-le – diýdi. Baýram beýle synaga garaşmandy. Ol biraz elini maňlaýyna diredi-de: - Hijriňni hyýal kylmak müşgil, Senden talaby-wysal kylmak müşgil, Halymny saňa raz kylaý diýdur men, Emma saňa arzy-hal kylmak müşgil – Diýip, rubagy düzdi. Wagty hoş bolan gyz pyrlanyp goýberdi-de, söýgi barada bir rubagy okady. - Kimiňki? - Selime Soltan begimiňki.- Gyz uýaljyrap, tez jeren dek, gaçyp gitdi. Baýramyň öňe uzadan elleri howada doňup galdy. Şeýle pursat näçe mahal saklananlygyny bilenokdy, ýöne Humaýunyň: - Şuňkar guşuňy uçurana meňzeýäň – diýmesine tisgindi. Bular gümü-ýamyr edişip bagdan çykdylar. Şundan soň, dostunda özgerişlik bolanlygyny Humaýun-da bildi. Baýramyň susty pes gezmesi aýryldy. Aýagy ýeňläp, gürrüňçilige goşuldy. Hiňlenjiräp ýörmesi artdy. Bir üýşmeleňde goşgy aýtdyranlarynda diňe söýgi hakynda okady. Sähel salymyň içinde bu şirin duýgy barada ençeme gazal, rubagy ýazdy. Selime-de söýgi şerbetinden meluldy. Ol Baýrama jorasynyň üsti bilen söýgi setirlerini ýollap durdy. Baýramyň söweşjeňlik ukyby-da artan ýalydy. Topalaňçylara garşy söweşiň birinde ýeke özi duşmanyň jümmüşine aralaşyp, gaýduwsyz urşup başlady. Hindal ýakyndaky Humaýuna: - Bi, ýüzbaşy bellän türkmeniňmi? – diýdi. - Hawa. - Belki, oňa harby hilegärlik kemterlik edýändir. Atyny ýeke çapýa. - Ýok, görüp dursuň-a, ol söweş tilsiminiň ussady. Şeýle-de zehinli şahyr. Serkerde sakgalynyň ujyny dişledi. Meger,ol şu pursat hem şahyr hem-de gözsüz batyr kakasy Babur şany ýadyna salandyr. Baýramly gürrüň weli, tamamlandy. Uly topalaňy dargadanlygynyň hatyrasyna gurlan meýlisde Humaýun Baýramy Hindal bilen ýakyndan tanyşdyrdy. Gyrada ýerleşen Edhem han bulara alarylyp-alarylyp seretdi. Söýgi günleri-de şildiräp akýan çeşme mysaly öz ýoluny dowam etdirdi. Bir gezek Baýram köp ikirjiňlenmeden soň, Humaýuna pynhan syryny açdy. - Saňa aýtmak gelşiksizrägem. Özüň bilýäň, bu ýerde täze tanyşlar gazansam-da, senden ýakyn hossarym hem dostum ýok – diýip, sözüni hasratly soňlady. Ýüzi biraz gyzaryp, üýtgän Humaýun: - Muny men şol toý agşamyndan bäri aňyp ýörün – diýip, gysgaçajogap berdi-de, oňaýsyz ýagdaýa düşen Baýrama bakdy: - Indi näme etmeli? - Hindalyň razylygyny almaly. - Hindaly derejeli adamlaryň-da gudaçylaga barany köp, emma birem göwnüne ýaranok. Şolaryň içinde şazadalaram bar. Kakam Selimäni beýleki gyz agtyklaryndan has gowy görýä. Megerem, bu onuň şygyr senedine baş goşanlygy hem-de düşbüligi üçindir. Onsoň, Selimäniň durmuşa çykmagyna goşular. Mesele dartgynlaşdy. Baýram başyny aşak saldy. Humaýun şundan soňam köp ölçerip-biçdi. Kakasyna sawçylyga ibermäge çemli adamda nazary eglenmedi. Ol ýüregine daş baglap, kakasynyň huzuryna bardy. Baýram barada bilýänlerini gysgaçaaýtdy. Ogly gürrüňini soňlaýança, altyn tagtda sarsman oturan Babur şa gozganjyrap, dillendi: - Seýfaly beg ýagşy kişidi. - Öň tanaýan ekeniň-ow. - Hawa. Humaýunyň ýüzi açyldy. Kakasy dowam etdi: - Ol ýigit belki, köşk şahyry bolar. - Çyn bürgüdiň mesgeni jeň meýdanydyr. Babur şa ogluna geňirgenip seretdi: - Matlabyň näme? Humaýun ýüzin düşüp, kakasynyň ýüpek donunyň synyny ogşady. Şa söýgüli ogluny galdyrdy. Çynlakaý iş bilen gelenligini aňyp, onuň geplärine garaşdy. Humaýun derlän ýüzüni boz-ýaz edip, Baýram bilen Selimäniň biri-birine bolan meýlinden söz açdy. – Meniň ýagdaýym, diňe Temirleňiň däl, beýleki şalaryň maşgala durmuşynda gabat gelmänligini aňýan. Baýram bu taýda ýalňyz, meňem jan ýaly dostum. Akyl bermäge çakym ýok, çyn dostluk weli beýik zatdyr, barybir Selime gaşyňda dyza çöker. Ol bolsa, seniň eziz görýän agtygyň – diýibem sözüni soňlady. Gözleri uçganaklan şa ýokary turup, gezmeläp, saklandy. Bu onuň Humaýunyň hereketlerini ýokuş görenliginiň alamatydy. Şazada utançdan birgysym bolup, saňňyldady. Şu pursat kelläňi aljak diýseňem, jyňkyňy çykarmajaga meňzeýärdi. Şa dişiniň arasyndan syzdyryp gepledi: - Ýönekeý nökere şazada gyzyny durmuşa çykarsaň köşk emeldarlary näme diýer? Pikirlendiňmi? - Köşk dowulçylarynyň Babur şa üçin etjek hyzmatyny, meniň dostumyň ýeke özüniň etjekdigini ýüregim syzýa. Onsoň-da, biziň atamyz, ownuk gybatkeşlerden beýikdir. Oglunyň jaýdarjogabyna az-kem gowşan şa onuň egninde mähnet ýumruklaryny goýdy: - Arslan ýürek doganyň Hindalyň dili gysga bolmazmy? Bu barada oýlandyňmy? - Onuň ugruny özüm taparyn. – damagy guran Humaýun merdemsilenip, başyny galdyrdy: - Kaka, özüň bilýäň, hökümdaryň buýrugy ýeke-täk bolmalydyr. Bu gezegem oglunyň jogabyndan göwnihoş bolsa-da tekepbir Babur şa sesini çykarmady. Muňa närazylygyň alamaty hökmünde düşünen Humaýun köşkden çykdy. ▶ HINDI TOPRAGYNA TARAP Badahşanyň töweregindäki topalaňlar derbi-dagyn edilensoň, Babur şanyň özi-de bu şäherde ornaşdy. Emma Mogollaryň imperiýasyna baş götermeklik beýleki ýerlerde dowam edýärdi. Ylaýta-da, Owganlaryň Demirgazyk Hindistanda hökümdarlyk edýän lodylar dinastiýasyny dolandyryjylar Babur şanyň harby hereketlerinden razy däldiler. Olar Mogollar imperiýasynyň ganym duşmanydylar. Hindi knýazlary-da dek ýatanokdylar. Owgan hanlary weli, biri-birleri bilenem häli-şindi ganjaryşýardylar, bu olary güýçden gaçyrýardy. Daşdan görüji Babur owgan hanlaryny bütinleý boýun egdirmegi ýüregine düwdi. Şol sebäpli, ot-ýalyndan geçen 12 müň goşuny bilen 1585-nji ýylda ýörişe başlady, owgan hanlaryny duş gelen ýerde boýun egdirdi. Owgan topragy Babur şanyň golastyna ymykly geçdi. Şa goşunyň ýüzüni hindi topragyna öwürdi. Ol Panypat goşunlaryny derbi-dagyn edende-de, söýgüli ogly Humaýunyň sözüni almady: Hökümdar gazaplandy. Ol ýesirleri bölek-bölek edip, hatara duruzdyrdy, soň hanjardyr gylyçdan geçirmegi buýurdy. Diňe şu pursat Humaýun: - Beýik hökümdarym, bularyň içinde hünärmentlerem bardyr, olary diri galdyr, gerek bolar – diýip, pyşyrdap aýtmaga ýürek edip bildi. Ýogsam, baş wezir hökümdaryň ýüzüni gözläp bilmän durdy. Şa ogluny ganguýma gyzaran gözleri bilen iýäýjek-iýäýjek boldy: - Barjak şäheriň içi bilbiliň ketegi däldir. Onsoň-da, duşmana rehim etmek – münüp oturan şahaňy kesmekdir. Öte geçenligini aňan Humaýun bir gysyma öwrüldi. Şa dowam etdi: - Ýedi yklyma hökmi ýörän Çingiz han dönükleri ilki öldüripdir. Bularyň dönüklerden parhy az, näme üçin, söweşmän, ýesir düşýärler? Ýesirleriň ýekejesem sypdyrylman, hanjardyr gylyçdan geçirildi. Humaýunyň teklibini makullan Baýram şanyň bu etmişini halamady: “Gözel şygyrlary döredip bilýän adamdan beýle zalymlyga garaşmak çetin. Gül tohumyndan itgyzgan gögerjek eken. Umuman, bu şada çylşyrymly häsiýet bar”. Şeýle oýlanmalar köp mahallap onuň kellesinden sabamady. ...Babur şa Agra, Deli ýaly uly şäherleri eýelemek ýeňil başartdy. Ol Jamna derýasynyň kenarynda ýerleşen Agrada ornaşyp, soň bu şäheri özüne paýtagt etdi. Ilat kethudalary gol gowşuryp gelende, däne salnan gizlin skladlary, gymmat baha matalary, altyn-kümüşleri görkezseler diri galdyrjakdygyny aýtdy. Az mahalyň içinde üsti ýükli arabalaryň derdinden köçelerden geçmek hyllalla öwrüldi. Gizlin dänesini görkezmekden boýun towlan bir goja hindi rajasyny şäheriň ortasynda dardan asyp, tohum-tijine çenli gyrdyrdy. AGRADA Baýram Agranyň owadan-owadan ymaratlaryna tomaşa etdi, mahal-mahal derýa kenaryna çykdy. Sagdynyň, Rudakynyň, Firdöwsiniň, Omar Haýýamyň, Nowaýynyň eserlerine gaýtadan göz gezdirdi. Humaýunyň beren “Baburnamasyndan” bölekleri okady. Birki sany şygyr düzdi, ýöne birhili keýpi gaçypdy, häli-şindi ýüregi gysýardy. Selime ýygy-ýygydan düýşüne girýärdi. Ýaş ýigit gyzyň gül jemalyny, şirin sözlerini küýseýärdi. Aslynda-da, keýpi-sapany, saz-söhbeti erbet görmeýän Baýram meýlislere,meýhanalara gatnap ugrady. Bir gezek oňa Edhem han sataşdy. Ýigit serhoşdy. Ol: - Asylzada ýigit, seni aýdymçy gyz Läle bilen tanyş edeýin. Özem periler soltany. Sende zenanlary ýesir edip bilýän jadyly bakyş bar – diýip gözlerini gypyp goýberdi, Baýramy elinden tutup äkitdi. Bular baranda meýlis gyzypdy.ýürege ornaýan aýdymdyr saza begzada ýigitler kellelerini yraşyp otyrdylar. Saky täze gelenlere meý berdi. Edhem han şol bada aşak çökdi. Baýram yzly-yzyna içdi, joşgundan kalby dyňzady. Ortada tans edip, aýdym aýdýan gyzyň ýüpek sariniň içinde içinde ýarym-ýalaňaç görünýän bedeni ak garadan ýasalan ýalydy. Boýnundaky göwher monjuklar onuň gözelligini on esse artdyrýana meňzeýärdi. Gyz gözleri Baýram dikildi. Ýigit endiredi. Sakynyň uzadan meýini sokga sordy. Gyz oňa owsun atdy. Biygtyýar birmahalky toý agşamy ýadyna düşen Baýram böküp orta çykanyny bilmän galdy. Ol gamak ýaly ýeňil gopup, gyzyň daşyndan aýlandy-da,onuň bilen egnini deňledi. Baýramyň uzakdaky ýarhakynda hindi dilinde aýdýan zaryn aýdymy gulagyna ilen Edhem han gyşaryp ýatan ýerinden diklemäge özünde gurbat tapyp, agzyny öweldip seretdi we: “Walla-hi, bi, Agra gözelleriniň gülüni kakar” diýip gödek oýlanyp bildi. Soňra ol, näme üçindir, ernini gulagynyň düýbüne ýetirerläp ýyrşardy. Baýram bu ýere ýygy-ýygydan gelip başlady, ýöne gözel Läle hereketleriniň üsti bilen özelenip ýalbarsa-da orta çykyp aýdym aýtmady.ol sähel gijä galsa, öňräk gelýän Edhem han gapa göz aýlaýanlygyny bildi. Basym Edhem han “alma bişdi, indi ony ýolmagyň wagty ýetdi” hasap etdi-de, hakyna tutma döwtalap birini tapyp, Gandagara kelteje dünýä gözelleriniň päkize melegi Selime Soltan begime gönderýäris. Maksat şudurki, siziň biwepa ýigidiňiz Baýram bu ýerde Agra gözeli Läläniň gyzgyn gujagynda eşretde, keýpi-sapada gezýär. Namany iberen wepaly gullaryňyzyň biri”. Gandagardan ätiýaçedýän Babur şa eýýäm ol ýere Hindaly ýollapdy. Hindal Badahşandan maşgalalaryny hem getirtdi, olaryň içinde Selime-de bardy. Hakyna tutulan, haty onuň bagyna oklamalydy. Edhem han Gandagara iberen adamsy öwrülip gelende, Baýramyň jaýyna şeýle mazmunly hatjagazy taşlatdy: “Söýginiň öňünde ikiýüzlilik eden o dünýäde dowzahyň oduna ýanar. Selime Soltan begim”. Bu sözleriň her biri ýigidiň ýüregine peýkam bolup çümdi, ýöne sersaplylygy elden bermän, munuň erkek kişiniň hatydygyny tiz bildi-de,kagyzy jyrrym-jyrrym edip ýyrtdy. Uzak gije uklap bilmedik Baýramyň pars dilinde ýazan diwanynda daň säherde şeýle gazal döredi: Arzym saňa daňşemaly, sargydymy ýara ýetir, Gam-gussany beýan edip, onda gözi zara ýetir. Rehm eýleýip, gözlerimni alyp bargyn söwer ýara, Bu diýardan göteriban, eltip ol diýara ýetir. Wagtal-wagtal bakarýaly, gargyl köşküň suwagyna, Gana-gana garaýyn men, zülpleri ol tara ýetir. Hindileriň süýji dilin goşup halwa, ballar bilen, Pars dilniň şirinligin eltip Gandagara ýetir. Sabyr-takat etmekjligi öz-özüme karar etdim, Meniň eden kararymy sen, ol bikarara ýetir. Şum pelegiň jepasyndan ýüz müň perýat etdim bu gün, Rehm eýleýip, bu nalamy eltip o dildara ýetir. Bady-saba alyp bargyl irnik görmän bu hatymy, Bolsun bizden ýadygärlik, gidip namyrada ýetir. Derdim artyp günbe-günden, ýazdym oňa bu namany, Hiç bolmasa, ikije söz eltip şasuwara ýetir. Baýram, sen-de garaşmagyň şum pelegiň miwesine, Ol miweden iýen ýokdur, bu sözümi ýara ýetir. Ojagaz hatyň Selimäniň ýazmandygy äşgärdi. Eger ol ýazan bolsa, Baýramyň eline gowşurardylar. Her hal, şondan soň, ýüregi atygsap dursa-da, gözel Lälälniň ýanyna gatnamasyndan aýagyny kesdi. Bu ýerde zannyýaman duşmanyň barlygy köre hasa bolup durdy. “Duşmanyň peşeçe bolsa, pilçe gör” diýipdirler ata-babalar. Ol “Ynjama” atly gazal-daýazdy. Onda şeýle setirler bardy: “Şahym, Alla haky üçin, men gedaýdan ynjama, Kasam edýän,ynansaň, sen bu taýdan ynjama. Biziň bu söýgimiziň ýokdur hiç çeni-çaky, Myş-myş sözlere uýup, sen bu jaýdan ynjama”. Soňra gazallary ýanynyň salamnamasy bilen Gandagara gidýän birinden ýollady. Wagt geçdigiçe, onuň ýüregi gysýardy, sebäbi Gandagardan hat-habar ýokdy. Ol Rajput knýazlygyna ediljek ýörişiň tizleşmegini isleýärdi. Her hal jeňde goç ýigitleriň derdi egsilmeýär ahwetin. Bir gije Läläniň aýdymlaryny küýsäp, daş çykdy hem-de biygtyýar garaňky köçe bilen meýlis geçýän jaýa ugrady. Ol içeri girmese-de, daşardan gyzyň gussa weşatlyk paýlaýan şirin owazlaryny diňlemek isleýärdi. Baýram golaýjak barsa-da, lapykeç boldy: Jaýda şowhun-şagalaň eşidilmän, dym-dyrslyk, tukat, garaňkylykdy. Ol yzyna öwrülip, esli gaýdanda garaňky böwürde bambuk taýagy gursagyna direldi: - Begzada, saklan. Tanyş zenan sesine Baýramyň ini jümşüldedi. Eýsem gijäniň bimahaly näzenin Läle näme üçin ýoluny kesdikä? Ýeke gezmegem hatarly ahyry, ýöne munuň öýi meýhanadan daş däldir. - Yzyma düş! – Bu çagyryş Baýramyň ýüregini urmasyny çaltlandyrdy. Eýsem,ol peri-peýker möý kerebini gurmak isleýän bolaýmasyn? Arada meýlisleriň birinde şa nökeriniň ikisini öldüripdirler. Olar tapylyp jezalandyryldy weli... Gyz çagyryşyna gitmezlik – namartlygyň alamaty däldir-ä hernä? Ilki ikirjiňlän Baýram gyzyň yzyna düşdi. ...Läle içeri giren ýigide halynyň üstünde ýer görkezip, ýüpek güpjek oklady, emma ol ör turup durdy. - Baýram beg – Gyz ýüzüni boz-ýaz edip, kynlyk bilen dowam etdi. - Adyňy Edhem handan eşitdim: - Ol sägindi-de, birden merdemsilenip, gepläp başlady: - Gysgaça özüm barada. Men gedaý düşen rajyň gyzydym. Ejem ir öldi. Kakam Babur şa garşy söweşde öldümi-ýitdimi habar-hatyr ýok. Onuiň başga perzendi bolmansoň, ýeke özüm.” – Yzymda köp han-begler sergezdan. Men weli... – Ol ýarym-ýaş halda eglip, ýigidiň syýyndan tutdy: - Şermededir öýtme, seni söýdüm, Baýram! Ýigit ony dikeldip, aldajy nazaryndan ýüzüni sowdy-da, güňleç seslendi: - Meniň öz gülüm bar. - Ony Edhem han aýtdy.- Gyz ýangynly gepledi: - Şol hanyň sen baradapygyly düzüw däl. - Näme üçin? – Ýalta bakan Baýramyň demi gyzyň näzik ýüzüne urdy. Onuň saçlaryndan gelýän anbar ys ýigidi melul etdi. Gyzdan seda çykanokdy. Ol Edhem han barada aýdanyna ökünýän ýalydy. Baýram dişleriniň arasyndan syzdyryp gepledi: - Näme üçin, dillen! Gyz bu sowala jogap bermän, çöküne düşdi: - Baýram, sen meniň başky söýgim, namysym-arym, geljekki ýaşaýşym. Goý, gelinligiň bolsun, ýöne ol joşan Jamna derýasy kimin söýgime böwet bolup bilmez. Saçlarymy aýagyňa paýendaz, tozuňy gözlerime sürme edeýin, bürgüdim. Baýram Läläni ýene ýokary turuzdy: - Men seniň aýdymlaryňy söýdüm, eý, gözeller şasy Läle! Söýgi weli, asmanyň aýy ýaly, ýeke-täkdir. Gyz ýüzüni tutup, egnini silkdi, şonda onuň barmaklarynyň arasyndan päkize damjalar syrykdy, altyn ysyrgalary yrgyldaşdy: - Güm bol! – Läläniň aýylganç sesine tisginen Baýram yzyna öwrülip, onuň şalkyldap ýykylanyny-da duýman, içerden çykdy. Ertesi Edhem hana sataşdy. Ol Läläniň zäher içip ölenligini habar berdi. Ýüregi mynçgylanan Baýram oňa ýigrenç bilen seretdi-de, jogap bermän, gitdi. Dogrusy, Läläniň ölümi onuň kalbyny paralady. Negözel gyzyň dünýäden ötmegine özüni ýazykly hasap etdi. Daşarda az göründi. Ikindinara ala donuň üstünden keşkul* asan goja kişi hasasyny tyrkyldadyp, howlusyndan girdi. - Taňrynyň haky üçin, bendesine sadaka eçiliň! Bagjagazyň içinde gezmeläp ýören Baýram gojanyň keşkulyna birnäçe rupiýa sadaka oklady. - Ýaşyň uzak, myradyň hasyl bolsun, begzada! – Goja soňra gidibermedi-de, onuň alkymyna dykylyp geldi. Baýram muňa öýe girmegi mürehet etmek isledi. Sebäbi jahankeşde ýaşulularyň dana sözlerini, täsin hekaýatlaryny diňlemekden lezset alýardy. Goja pyşyrdap gepledi: - Siz Muhammet Baýrammy, oglum? - Edil özi, gadyrly ýaşuly. - Hudaýa şükür, tapdym. – Ol hasasynyň ujundan tüýdük ýaly edilip düýrülen kagyz çykardy: - Me, alyň! Selime Soltan begimden. – Eline kagyz tutdurylan baýram agzyny öweldip durşuna gojanyň howludan çykanlygyny bilmäge ýetişmedi. Ol daş çykdy, emma täsin garry eýýäm ýokdy. Selimäniň iberen bir gazalyny, salamnamasyny gaýta-gaýta okady. Ol hatyň soňragynda bagynyň içinde Baýramy biwepalykda aýyplaýan kagyz tapanlygyny, emma oňa ynanmaýanlygyny ýürekden syzdyryp ýazypdy. Bu ýigidiň kalbyny gozgalaňa salsa-da, onuň hatyny bagryna basyp, ilkinji gezek Agrada ynjalykly uka gitdi. ▶ GOJA DERWÜŞ Edhem han gojany idirdedip howla saldy. Bagyň kölegesinde dynç alyp ýatan Humaýun oňa gabak astyndan äňetdi. Derwüşiň dony ýama-ýama,eli hasaly, maňlaýy ganjaryp, uzyn ak sakgaly saňňyldaýardy. Onuň keýpihon getirilmändigi görnüp durdy. Şazada ylymdar jahankeşdelere sarpa goýýardy. Muny bilýän nökerler söhbet edişmek üçin käte olary getirýärdiler. Eger getirilen adam göwnünden tursa, teňňe-de eçilýärdi. Edhem han sojamasyny goýup: - Bu pisini aşyryp bazarda: “Şalar adalatly bolmalydyrlar, emma men jahanyň köp ýerini gezsem-de adalatly şa duşmadym” diýip, wagyz ýaýradyp ýören eken. Munuň aýdýanlary biziň kyblaýy älemimiz Babur şa-da degişli. Ilki diwan-arza eltjekdim, ýöne ýolum Siziň ýanyňyzdan düşdi-de, sowlaýdym – diýdi. Humaýun dikeldi: - Bu çynmy, eý ýüzi nurana kişi? - Dürsdür, şasypat ýigit. Humaýun derwüşiň gönüsinden gelenligini halady, oňa sekiniň üstünde oturmagy mürähet etdi. Gahary gaçyşan ýaşuly sekide ornaşdy. - Kim bolarsyň? - Aslym horasanly, öýsüz-öwzarsyz jahankeşde Salyh Nyýazy. Elbetde, ölmez-ödi gazanmak üçin, keşkulam göterýän. - Belki, sen jansyzsyň? Gojanyň ýüzi agardy,elleri titir-titir edip, belli bir ýerde saklanmady. Ol şeýle halda esli güýmenip, ölümini boýuna alan şekilli başyny belent tutdy. - Ikiýüzlilik, goja Salyh Nyýazynyň ýigrenýän zady. Hakykaty aýdanlygym üçin, jezamy çekmäge taýyn. Men Babur şanyň näzik şygyrlarynyň-da aşygy – Soňra şanyň bir gazalyny hiňlenip aýtdy. - Çoh ýagşy, goja kişi! – Humaýun gobsunyp, henizem dim-dik duran Edhem hana, “gidiber” diýen terzde howlynyň gapysyna ümledi. Paltasy daşa degen Edhem han alarylyp-alarylyp, çykyp gitdi. Humaýun elini çarpdy. Şol bada hyzmatkär geldi: - Desterhan ýazyň! Sähel salymdan soň, iýip-çýän Salyh Nyýazynyň geçisi daga ýaýrady. - Oglum, size kim diýerler? - Babur şanyň ogly şazada Humaýun. - Garaz, şaga golaý adamdygyňy aňladym. Ýaňky deýýus, ýenjip, tasöldüripdi. - Patyşalara garşy wagyz etmek, ýagşy däl, goja – Humaýunyň gaşlary biri-birine degerläp çytyldy. Ol ýene sowala geçdi: - Hindi topragyna nä maksat bilen geldiňiz? - Jahankeşdeleriň işi – dünýäni aýlanmak. Hindistanyň Sagdynyň hem-de Baburşanyň şygyrlary ýaly nepis köşkleri, şahandaz adamlary öňräkden bäri ünsümi çekýärdi. Gaýtmaga bahana-datapyldy. – Goja dilini dişledi, ýöne indi giçdi. Şazadanyň gözleri hanasyndan çykara geldi. Goja aljyrap, pikir ýüwürtdi: “Bu hili, mylakatly şazada jahanda az-azdyr. Göwnüňe güman gitmesin, gönümden geleýin. Barybir, ýumşy bitirdim ahyry”. - Gandagarda uly baglygyň deňinden Babur şanyň gazalyna hiňlenjiräp geçip barýardym. Ondan owadan gyz ylgap çykdy-da,elime bir tylla teňňe berdi. Baglyga eltip, howzuň başynda şu hili desterhan getirtdi. Iýdik, içdik, gürleşdik. Jahankeşdeligimi aýdanymda: “Agra gitmezmiň?” diýdi. Öň aýdyşym ýaly, hindi topragyna gitmegi göwnümde besläp ýördim. Gyzyň-da haýyşy bar ýaly. Maňa-da, ýagşyzadalaryň ýumşuny bitirmekden asylly iş ýok. - Kim, ol gandagarly gyz? - Selime Soltan begim. - Goja mekirleç gözlerini Humaýundan sowdy. - Goja, her hal, sen Hindistandan git, özüňem dagy-duwara patyşalara garşy beýle wagyz ýöretme. Henizem, maňa duşanyňa şükür et. – Humaýun onuň goşawujyna bir penje rupiýany goýdy. Goja baş egip, hasasyny tyrkyldadyp, ugrady. ▶ SÖWEŞDE ATYŇ BÜDREMESIN Babur şa rajput knýazlaryny tabyn edip, şundan üç ýyl geçenden soň, 1530-njy ýylda aradan çykdy. Şa nesliniňköpüsi Agra getirilipdi.şolaryň içinde Selime Soltan begim-de bardy. Humaýun gam-gussadan sabaşanda Baýram bilen Selimäniň toýuny tutdy. Baýram hana özbaşdak mülk berildi. Ol gözel köşk gurdurmagy göwnünde besläp ýördi. Emma patyşa ölenden soň, Rajput knýazlary, owgan hanlary Beýik Mogollar imperiýasyna ýene baş göterip başladylar. Topalaňyň biri ýatyrylsa, başga ýerde beýlekisi dörerdýärdi. Şanyň mirasdar ogly Humaýun bilen, onuň doganlaryMürze Askarynyň, Kamranyňhem-de Hindalyň arasynda agzalalyk bardy. Bular ýaş hökümdaryň ger bir ädiminden yrsaramaga bahana gözleýärdiler. Doganlar, iň bärkisi, Humaýunyň Baýram hany özüne ýakyn geňeşçi edenini-de halanokdylar. Duşmanyň Beýik Mogollar imperiýasyna garşy aýaga wagyz ýaýradydyjylary, jansyzlary hemme ýerde kaňkaşyp ýördüler. Şeýdip, olar imperiýanyň golastyndaky garamaýak halka özleriniň täsirini ýetirýärdiler. Ýogsam, bu saman astyndan suw goýberýänleriň jezalandyrylan pursatlary-da bolýardy. Mogollara garşy göreşiň baştutany Şer şady. Ol ökde harby serkerde, owganlaryň sury dinastiýasyndan bolan, aýylganç duşmandy. Onuň kuwwaty barha artýardy. Şeýlelikde, iki tarapam hemme güýjüni toplap, Kannawjyň sebitinde söweş meýdanyna çykdy. Mogol goşunyna ýolbaşçylyk edýän Baýram handy. Jeňde garşydaşlar gatyşdylar.haýaldan Baýrama Humaýunyň bukuda goýan bölümi wagtynda kömege gelip bilmedi. Şer şanyň gizlin goýan topary ýollaryny kesdiler. Duşman mogol serkerdeleriniň söweş tilsimlerini mazaly öwrenen bolmaga çemeli. Baýram barha öňe gidýärdi. Ony nazarlaýan Ýarmuhammet gözden ýitirdi. Hernäçe ileri omzasa-da, gidip bilmedi. ...Baýram zorly garşydaşyny atdan agdaryp, kellesinde ýiti agyry duýdy. Ol demir telpegini nirde taşlanlygyny hakydasyna getirip bilmän,töweregine ser saldy. Şonda daşynyň gabalanlygyny gördi. Hany, mogollaryň algyr bürgüdi Hindal? Hany, her ädimini gözden salmaýan dosty Ýarmuhammet? Baýram şu pursat olary küýsedi, soňra ýüzi gyzdy, ýarçyk-ýarçyk bolup, gan öýlen dodagyny ýalaşdyrdy. Namartlaýan däldir-dä hernä? Niçezar, seni goraglap gezsinler? Eýsem, jeňde urşujy şeýle bolmalymydyr? Ýaralanan Hindaly zordan söweş meýdanyndan alyp çykdylar. Ýarmuhammet alaçsyzdy,ol ýaraly arslana dönüp, daşyny gaban duşmanlar bilen garpyşýardy. Baýram yza çekilmek üçin, gabawy böwsüp atyny debsiledi. Boýundan gan akyp, agzyny hatap ýaly açan janawar büdredi. Onýança zyňylan naýza onuňgarnyndan çümdi. At çirkin kişňäp, ýykyldy. Aýagy eýeriň aşagynda galan baýramy aýyrmak isläp, iki ýana uruşdy. Sarsgyna kellesinden gan syrygmasy güýjedi. Duşmanlar ony ýeňil ele saldylar, ýogsam, çapym-çapym edäýmelidi. Şuny göreniňde (ol bu barada ýolda pikirlendi) Şer şa özüni diri tutmak üçin ýörite tabşyryk berendir hasap etdi. Basym Mogol goşuny pytradyldy. Humaýun az sanly urşujy bilen Agra geldi, emma ony ýeserlik bilen aňtaýan Şer şähere hüjüm etdi. Söweşde esasy güýjüni ýitiren Humaýun uzak goranyp bilmän, mogollaryň paýtagtyny taşlap, ýüzüni Badahşana öwürdi. Şer şa Delini-de eýeledi. ...Kellesi saralgy, eli daňylgy, ýesir alnan Baýrama ýolboýy şeýle pikirler ezýet berýärdi: “Men Beýik Mogollaryň arkadaýanjy bolup bilmedim.Ynamy ödemedim. Päkize hindi gözelleri, owadan ymaratlar, kalby arassa asmana meňzeş çagalar, hakdan içen şahyrlar, sada we beýik halk hossarsyz galdy. Beýle diýmek bilen, özüme öte baha berýän däldirin hernä? Hawa, sen özüňe aşa ýokary baha berýäň, Baýram han. Ýogsam, hindi topragyny goramagy başarmalydyň”. Oňa Humaýunyň, Selimäniň igençli nazarlary häli-şindi dikilip, ejir berýärdi. Şunda ol bir gudratyň ýesirlikden halas etmegine çaga ýaly göwün ýüwürdýärdi. Wah, duşman bilen söweşmek bagty gaýtadan miýesser etsedi! Aýratyn saklawda barýan ýaş serkerdä hiç kimiň delalaty ýetenokdy. ▶ ŞER ŞANYŇ HUZURYNDA Baýramy zyndana salyp, demir gapyny şakyrdadyp ýapdylar. Onuň burnuna dymyljyk ys haplap urdy, başy aýlanyp, diwara söýendi. Aýaklary gan-gabarçak,endam-jany zerzawdy. Diňe demir gözenekli kiçijik äpişgeden düşýän günüň ýagtysy daşarda ýaşaýşyň barlygyny ýadyna saldy, ýogsam, bu kapasjaý ajal alamaty bolup göründi. Ol gozganman esli oturyp, gaýtadan şakyrdap açylan gapa tiňkesini dikdi. Iki sany nöker sessiz-üýnsüz goltugyndan söýget berip, daş çykardy, getiribem, bagly-bakjaly jaýa saldylar. Bu ýerde ýuwundyrdylar, tämiz eşik geýdirdiler. Başy sopbaşly, el-aýagy çöp ýaly garry tebip kellesiniň ýarasyna däri-derman edip, gaýtadan sarady. Hormatly myhmanyň öňünde goýulýan desterhan ýazyp, iýdirip-içirmäge başladylar. Bu özgerişlige Baýram haýran galyp, aňyrsyna çykyp bilmedi. Eýsem näme? Dowzahyň oduna garaşýarkaň, behişdiň gapysyny açsalar, niçik bolar? Ýa gudrat bilen halasbolmak arzwuy hasyl bolaýdymyka? Aý, ýok, ol häzirem bendi, nökerler dim-dik durlar. Hyzmatkärleriň hereketlerindenem hiçzat aňyp bolanok. Olar gepleşenoklar, ýüzleri-de çekinjeň hem sowuklaç. Baýramyň gulagyna biri çawuş çakan ýaly boldy: “Bu hilegärlikdir, eger duşman hažžyk-hužžuk etse, ondan ätiýaçly bolgun”. Bendi adam töweregine ýalt-ýult etdi, emma onuň bilen işli kişi ýokdy. Onsoň keýpi gaçyp, iýmesini goýdy. Nökerler şuňa garaşyp duran şekilli, derrew üsti ýapyk araba mündürip, gyssanmaç gamçy çaldylar. Ony köşge getirdiler. Şer şa lowurdaýan tylla tagtyndan düşdi-de, dişlerini akjardyp ýylgyrdy: - Oh-ow, hoş gelipsiň, biziň jaýa Muhammet Baýram han. – Ol göwnühoş halda, gursagyny ilerräk tutup gezim etdi. – Şer şa akylly hem batyr duşmanyna gadyr etmegi başarýandyr. Hälki lezzetli supranyň sebäbi yş açyp ugrady. Munuň matlaby näme-kä? Görübermeli. “Pişigiň ýyndamlygy samanhana çenli bormuş”. Şa Baýrama ýakynrak gelip, dowam etdi: - Men Sizi edepli-ekramly,ylymdar ýigit hasap edýärdim. Ol çakym dogry çykmady. Sebäbi geleniňizde şalar bilen salamlaşmagyň ýönekeýje düzgünini-de saklamadyňyz. Ýogsam, köşge gelýänler aýak tozumy ogşaýandyr. Zyýany ýok. Şer şa geçirimlidir. – Ol birden sowala geçdi: - Siz akylly-başly ýigidiň sypaty nähili bolmalydyr diýip hasap edýäňiz? Öň adam häsiýetleri hakynda köp oýlanýan Baýram jogaby nagt berdi: - Akylly-başly ýigit, häkimleriň ýanynda özüni alyp barmagy başarmaly. Garyp-gasarlaryň göwnünden turrup, olara duýgudaşlyk etmeli. Şer şa gaşlaryny bürüşdirdi. Bu onuň jogapdan o diýen göwnüniň suw içmänligini aňladýardy. - Häkimleriň ýanynda özüňi alyp barmak barada aýdanyň dogry, suňa seredeniňde ýalňyşyňa düşünipsiň, ýöne garyp-gasarlara duýgudaşlyk etmek hakyndaky pikiriň maňza batanok. Ol häkimiň gowşaklygynyň alamaty. Hökümdar gowşak bolsa, şalykda tertip-düzgün galmaz. – Şa pikirlenýän şekilli sözüniň arasyny kesdi. Baýram onuň esasy matlabynyň üstünden barmaýanlygyny bilip durdy. Bu gürrüňler at oýnatmakdy, has takygy, gepbaşydy. Şa gönüledi: - Babur şa ýaş başyňy aýlap, hyzmatkär etdi, gadyryňy weli, bilmedi. Sen maňa gulluk et. Gandagara ýa-da Agra häkim edeýin. Daşyňa edermen türkmenleri toplap, harby ukybyňy görkez. Bilip goý, meniň duşmanym türkmenler däl-de, Babur şanyň neslidir. Baýramyň ýüzi otly kesindi bilen çawlanana döndi. Gör, Şer şanyň göwni näme isleýär eken? Dönük bolmagy teklip edýär. Haşlap dem alan Baýramyň sesi güňleç çykdy: - Eý, kyblaýy älem, biziň türkmenlerde “Bir elde iki garpyz tutdurmaz” diýen dana söz bar. Gözleri alaryp, akmeňiz ýüzi çym-gyzyl bolan şa ter gara sakgalyny sypalaşdyryp, şeýle diýdi: - Kim öz tutýan maksadyna yhlasly bolsa ýalňyşmaz. Bu näme diýildigi? Şanyň şu mahalky gürrüňine ters gelýär, sebäbi ol Baýramy egilşige yrjak bolýar ahyry. Ýa bu-da, onuň bir sapalagymyka? Bulaşyk öz-ä. Baýram jogaba garaşýan Şerşanyň göni gözlerine seretdi: - “Kim öz tutan maksadyna yhlasly bolsa, ol ýalňyşlyk etmek islemeýär, men hem şeýle adam. Ýürekden dostlugy üýtgetmek bolmaz.” Humaýun ikimiz ýegre dost. Bilgin, şuny. Şa içine ýel düşen böwen ýaly çişip, gaty-gaty gezmeläp saklandy, geplände sesi hemleli çykdy. - Basym lellim Humaýunyň çaňyny kakaryn. - “Çykmadyk janda umyt bar”, kyblaýy älem. Şer şa Baýramyň “kyblaýy älem” sözlerini ýaňsa alyp aýdýanlygyny aňlap, ýumruklaryny düwdi. - Pikirlenmäge puryja berýän. Şer şa beýleki şalardan geçirimliligi bilen tapawutlanýandyr, ýöne akmak däldir. Pikirlen. Baýram hany ýene-de getirip, zyndana saldylar. Ol gapyda durup, içeri göz aýlanda diwaryň eteginde süýnüp ýatan birini gördi. Ýatan keseki adamyň gelenligini aňyp, gozganjyrap, dikeliup- oturdy. Onuň eşikleri sal-sal, saç-sakgaly ösgündi. Gözleri tümlüge öwrenişen Baýram ony tanyş ýüze meňzetdi. Ikinji bendi ýuwaşja seslendi: - Baýram han... - Kasym... Olar gujaklaşdylar. Bu ýigit Baýramyň köne dostlarynyň biridi. Gwalioryň häkimi Abulkasymdy. Jaýlaşdylar. Baýram oňa ýüzlendi: - Diýmek, tutupdyrlar-da. - Hym. - Humaýundan derek bilýäňmi? - Ýok. - Bular näme üçin, ikimizi bir zyndana dykdylarka? - Şuň-a, menem haýran. Dostlar dymdylar. (Dowamy bar).... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |