00:10 Bedew nikasy / hekaýa | |
BEDEW NIKASY
Hekaýalar
Ilki daşlaryň şygyrdysy, soňam aýak seslerine goşulyşýan «Hüw», «Hak» diýen ses eşidildi. Yz ýanyndanam gara daşlaryň arasyndan hortap göwre göründi. Ötegçi boz sähralykdan gelýän, oňa oglanlykdan tanyş bolan mähriban ysy – ýowşanyň ajymtyk ysyny temegine dartyp, özüniň gymmatbaha zadyny ýitirip tapan adam ýaly gussa bilen ýylgyrdy. Soňam, hawa, soňam ho-ol alysda salgym bolup görünýän ýalňyz çatma tarap ýöneldi. Çatmanyň taýak salym bärsinde iki sany bedew at, bolaýsa ýedi-sekiz ýaşlarynda diýdirýän başy şyrdakly oglanjygatabynlyk bilen boýun bolup oýun edýärdi. Asman çaňyň derdinden garalypdy. Gün boz meýdana ýukajyk çal öýmäniň aňyrsyndan seredýän ýaly seredýärdi. Oglanjygam, bedew atlaram tötänden düşen ýalňyz ötegçini gözlerini aýyrman synlaýardy. Ol ýerden bir gysym toprakalyp,gözüne sürtdi, soňam ony hamraklyk bilen tä demi gutarýança ysgady. Soň ýene ysgady. Soň ýene... Şu şorumtyk topragyň ysyny almak üçin, ol gör, näçe ýol geçipdi... Ötegçi eginlerini silkip çalaja aglady. Özüniň birneme ýaşandygyna garamazdan,uly göwresini kiçeldip, çep elini gursagyna goýdy. Soňam oglanjyga hemem bedew atlara hormat hökmünde belent başyny egdi. Bu dostlukly hereket, mähriban topraga tagzymdy. Ol oglanjyga tanyşdy. Atasy heniz dünýede gezip ýörkä, her gün Günüň dogşuny synlap, ogullyk parzy bilen şeýle hereket ederdi. Ötegçiniň egin-başyna, hasam, hortap göwresini örtüp duran hyrkasyna seretseň-ä, ol derwüşdi. Ýöne onuň keşbi, oglanjygyň aňynda berk ornaşan ýüz–oguz iliniň adamsynyň ýüzüdi. Dünýäniň tozuny özüne siňdiren uzyn ýapynjasy, ötegçiniň kendir matadan berk edip dikilen giň gök balagyny, hemem saçy bilen reňkdeş çal köýnegini görkezmän, diňe gara ýeri basgylaýan aýaklaryny görkezýärdi. Onuň iýmeşikçal saçlarynyň ujuna sary sähralygyň bitginli çöpi bolan selniň bişen darylary eýýäm ýelmeşip ýetişipdir. Süýrüräk solgun ýüzüni çaganyňky ýaly aýdyň gözleri ýagtyldýar. Ol gözler hemme zada–oglanjyga-da, bedew atlara-da, gök asmana-da, daraýy depelere-de mähremlik bilen seredýär. Bu zatlaryň baryny oglanjyk oglan gözleri bilen görýärdi. Şonuň üçin onuň kimirsiz kalbynda ötegçä nebsi agyrmak ýaly bir zat oýanýardy. Ötegçiniňem gelşikli, ýöne gartaşanlygy sebäpli ýol azabyndan aran dodaklary güne gaýzygan murtlarynyň aşagyndan oglanjyga ýylgyrýardy. –Ismiň näme, köşegim? –Türkmen... –Ataň ismi? –Seljuk... –Bu il, haýsy il? –Oguz ili... Ötegçi şo sözleri içinden gaýtalady. «Oguz ili...» Soňam ýeke ýüzüni däl, gözlerinem güldürip, ýene oglanjyga sowal berdi. –Ol owadan gunanyň ady näme? –Kümüşguýruk... –Garador atyň? –Jygalygara... –O seleňläp görünýän gala haýsy gala? –Nusaý galasy... –Galada kimler oturýarlar? –Oguzlar... Oglanjyk her gezek jogap berende, ötegçi ynjalýan ýaly, başyny atýardy. Bu az salymyň içinde bolup geçen mähremlik oglanjygyň göwnüni göterdi. Şonuň üçin ol nätanşyň indiki aýtjak bolýan pikirini okajak bolýan ýaly, onuň ýukalan maňlaýyna seredýärdi. Nätanyş mähir bilen atlaryň sagrysyny taýly gezek sypalap, Kümüşguýrugyň guýrugyndan bir taryny ýolup, torbasyndan çykaran mis temene sapdy. Soňam, ömri bilen ömürdeş bolup gelýän ýapynjasyny ýamamaga oturdy. Soňam keramatly kitaplaryň ýagty sürelerini okaýan ýaly, ganatly sözleri zybanyna getirdi. –Garry derwüşiň uly dünýäni gören hyrkasyna, ýaşajyk Türkmeniň, bedew atlaryň, Oguz iliniň topragy ýamaldy. Indi siz biçäre derwüşiň yzyna tirkeldiňiz. Biçäre derwüşiň aýagynyň düşen ýerinde, olaryň şöhraty müdimilik ýaşar... Bu ýer, Kesearkajyň düzi–bedew atlaryň nikasynyň gyýlan ýeri bolar... Derwüş bu zatlary dodaklaryny müňküldetmän aýdansoň, oglanjyk olaryň baryny eşidýärdi. Hemem birwagtlar garry atasynyň bedew atlar hakynda altyn syýa bilen ýazmaly sözler dörär diýen sözüni ýadyna salýardy. Garry derwüş bolsa, gözlerini süýjülik bilen süzüp, kalby ynsana öwrülen, akylly hem asylly janawar hakynda düre öwrülen sözlerini henizem gysganmaýardy. –Olaryň şamçyrag dek dünýäni ýagtyldan şuglasy uzak-uzak ýyllar ýaşar. Hiç bir güýç, hiç bir närse ony öçürip bilmez. Sebäp, Güni durzup bolmaýar... Bedew atlaram Gün nurunyň guşlarydyr... Oglanjyk gözlerini gyrpman derwüşi diňleýärdi, hemem baýaky gören düýşüni hakydasyna getirjek bolup çytraşýardy. Düýşünde bir ak selleli, şu derwüş pisint adam, owadan gyr atyň irişmesini onuň eline tutdurýar, hemem şeýle sözleri aýdýar: «Türkmeniň bagt paýyna uçar atyň nesibesi çekdi. Ol hemişelik ýoldaş bolup, kalbyňy diňlär...». Şonda oglanjyk ilkinji ýola derwüşe begençli ýüzlendi. –Kesearkajyň düzünde bedew atlaryň nikasynyň gyýylmagy.. Bu nämäniň hekaýaty?... –Bu ümsüm düz, Allanyň nazar salan ýeri. Bu topraga Günüň şöhlesi dury düşýär... Günüň şuglasynyň dury düşen ýeri keramatlydyr. –Günüň şöhlesiniň dury düşýänligini nädip bilip bolýar? –Asmanda seýrek dogýan uly ýyldyzlar saňa hemmesini aýdýar... Eger iri ýyldyzlar doganda görnükli, aýdyň görünse, Günüň nury durudyr. Ýyldyzlaryň daşyna owunjak ýyldyzlar aýlansa, Gün tutuksy şöhle saçýandyr. Bu ýerden – Kesearkajyň düzünden asmana nazar salsaň, hemişe ýyldyzlar owadan, dury ýalpyldaýar... Şol gün agşam oglanjyk, tanaýan iri ýyldyzlaryna birin-birin seredip çykdy. «Ol, gaýradan ilerligine süýnüp barýan-a Akmaýanyň ýoly, olam azajyk ömürde ýaşaýan Ömürzaýa. Ol selälikdenem soň görnüp, säher gijäniň elinden sypmanka-da ýitýär. Şonuň üçin, azajyk ömürde ýaşansoň, oňa Ömürzaýa diýilýär, ýanynda ýanaşyp görünýänem Kerwengyran... Ol uzakdan görünýän ýiti ýyldyz. Owlajyklaryny yzyna tirkäp, agylyna ýetip barýanam, Ekiz owlakly geçi, olam Awdalgolak» Ýyldyzlaryň hemmesi derwüşiň aýdyşy ýaly, görnükli, dup-durudy... Oglanjyk begençli pyşyrdady: «Kesearkajyň düzi, bedew atlaryň nikasynyň gyýylýan ýeri bolar...» Syrly dymyp ýatan sary sähralyk owadan ýaýlanyň syryny özünde saklap, parasatlylyk bilen dymýar. Garry derwüşdir oglanjyk türkmen Gününiň aşagynda bolup geçýän bu ajaýyplyga guwanyp, atlaryň sagrysyndan gelýän bozgunç ysy demine dartýar. Garry derwüş sary sähralaryň öz göwsünde gözellik döredip bilýänligi üçin, onuň hemişe parasatlydygyny aýdýar. Oglanjygyň kalby ýene ganatly sözlerden dolýar. Onuň öňki görüp ýören adaty zatlary – daraýy depeler owadan ýaýla, bedew atlar indi onuň gözüne geçmişden galan, gaty gadymy zat ýaly bolup görünýär. Hatda, garry derwüşem, şol birwagt düýşünde atyň jylawyny tutduran ak selleli goja çalym edýän ýaly bolýar... «Be, bi şolmuka?...» «Köne aýdymlaryň has owazly, şirin eşidilmegi üçin gözellik gerek. Ýöne çyn gözellige–bedew atlaryň döredýän gözelligine, hiç hili gözellik gerek bolmaýar. Olaryň özi gözel, şol gözellikleri bilen dünýäni bezeýärler». Bu garry derwüşiň sözleri. Oglanjyk hem-ä derwüşiň gürrüňlerini diňleýär, hemem Jygalygaradyr Kümüşguýrugyň biri-birine nazarlary düşende, has üýtgeşik seredişýändiklerine haýran galýar. Han-ha, ol, Kümüşguýrugy takat bilen hyjuwly ysyrgap, özüniň agyr kellesini onuň sagrysyna atdy. Şeýle galagop ýagdaýdaka Jygalygaranyň damarlarynyň güýçli tirpilleýänligini oglanjyk uzakdan saýgardy. Kümüşguýrugam ony haýwanlara mahsus bolan gussa bilen söýüp, owadan gözlerini herdaýym Jygalygara dikýär. Onuň nazary ýumşak hem dostlukly. Söýgi diýip atlandyrylýan belent duýgudan oglanjyk entek gaty daşdady. Eger ol onuň näjüre zatdygyny bilen bolsa, onda ol bedew atlaryň söýgüsiniň ynsan söýgüsine juda meňzeşdigini duýardy. Söýgi hem agras duýgy islegi Jygalygarany demsaýyn Kümüşguýruga sary itekleýär. At ýüregi – hyjuwly ýürek. Ertekä dyzaýar... Mähremlikdir bagtyýarlygyň ynsany özgerdişi ýaly, at janawarlaram sähel wagtyň içinde üýtgedýändigini oglanjyk gördi. Kümüşguýrugyň göwresinde ýaňy saçy örüme gelen ýetişmiş gyzyň gözelligi ýaly ajaýyplyk görünýär. Jygalygaranyň akylly gözlerinde-de, juwanlygyň sarp edilmedik egsilmez jöwheri duýulýar. * * * Sary sähralykda ýaşaýyşdan doly göze görünmeýän durmuş başlandy. Ömür ýaş, ter otlaryň ysy kükäp duran sähra biçak täsinliklerden doldy. Daň şapagy begençli hem sabyrsyz öwşün atýar. Göjelerler ir güllänsoň, asmandan durnalaryň çagyryjy sesi ir eşidildi. Şeýle günleriň birinde Kümüşguýrugyň düşbi gözlerinde haýsydyr bir zada garaşyjy düşnüksiz şatlyk häli-şindi peýda bolup başlady. Şol şatlyk, çöldäki ýalňyz yşgyň ýadap gelýän argyn ötegçini özüne çekişi ýaly, oglanjygam özüne çekýärdi. Bir gün ol Kümaşguýrugyň bojulaýan ýaly gyra çekilişini, göwresinde ýeňiljek, süýji agyry emele gelýän kysmy düýrügişini görüp, garry derwüşe atda bir üýtgeşikligiň bardygyny aýtdy. Şeýle söze garaşyp oturan ýaly, garry derwüş barmaklaryny büküp, bir zatlaryň hasabyny etdi-de, begençli gözlerini oglanjyga dikdi. Kişiniň begenjini görmek ýakymlydy. Şonuň üçin garry derwüşiň begenýändigini görüp, olam begendi. Hemem bu asylly janawarlaryň ýeke bir dünýä gözellik getirmän, eýsem adamlaram begendirýändigi hakynda pikir etdi. Ýene onuň kellesine bir hyýal geldi. eger adamlar her gün bedew atlaryň ýüzüni görüp, begenip ýaşasalar, ömür garramajak ýaly boldy... –Kümüşguýruk taýa garaşýar... – Garry derwüşiň hasaby dogry çykdy. Kümüşguýruk nämedir bir zada diňşirgenýän ýaly, gaýçylanan gulaklaryny keýerdip uzak wagtlap tiňkesini dikip durmany çykardy. Hiç zat ýok ýerden, hamana bir zatdan ürkýän kysmy, hatap ýaly açylan agzyny ýere degräýjek bolup çapmany tapdy. Şonda oglanjyk ýere agram salýan bäzbent toýnaklaryň güpürdisini, hemem onuň burunlaryny parryldadyp howany barha özüne dartýandygyny gördi. Garry derwüş baýtal gulanlajak bolup, bir zatlar ýüregi küýsände, ot-çöpleri däl-de, hut janly tebigatyň özüni küýseýändigini aýdýar. Eger ol şol pursat ýyldyrym küýsese, taýçanak ýyldyrym ýaly okgunly, çeýe bolýar.Eger ol ýel küýsese, yzy bildirmez ýyndam taý dogýar. Şemal küýsän baýtalyň taýy uzakçyl hem ýadamazak bolýar. Oglanjyk garaýeldir ýyldyrymdan gorksa-da, Kümüşguýrugyň şolary küýsemegini isledi. Onuň diýeni boldy. Şemal arka aýlanyp, ilki garaýel köwsarlap başlady. Soň tupan gatyşykly güýçli boran gelip, Kümüşguýrugyň ýalyny ezdi. Iň soňunda-da, bulutlary böwsen ýyldyrym, garaňky asmanyň ýüzüni Akmaýanyň ýoly ýaly akjymyk çalgäwdan doldurdy. Bolmaly zatlar bolmalysy ýaly bolýardy. Ýörelge ugry düzüw bolanda ol şeýle hem bolmalydy. Ony oglanjyk garry derwüşiň derçiräp, barha nurlanýan ýüzünden aňýardy. Ýöne garry derwüşiň hasaby entegem gutararly däldi. Ol dünýäniň gyrasyndan girjek taý, ýyldyrym ýaly çakgan, garaýel ýaly okgunly, ak ýagyş ýaly ezber boljak bolsa, şeýle göwrä gelşik berjek uçursyz owadanlygam zerur diýýär. Şonuň üçin uly dünýäniň inçeden-inçe tilsimlerini tiren garry derwüş ýene barmaklaryny bükýär. Ol näçe dünýäniň inçeliklerini tirdigiçe, oglanjygyň gözüne şol düýşüne giren goja barha meňzäp barýan ýaly bolýar. «Dogrudanam ol şolmuka?» –Ýüzärlikler gülläýmänkä, bürgüt guşlaryň çagasy–çagatak bürgütler ganat bekläp uçurym bolýar. Ilkinji çagatak bürgüdi gören, durnalar bürgüt çagalary uçurym bolandan soň geçip başlaýarlar diýýär. Ötegçi durnalaryň asmandan çagyryjy sesleri eşidilýär. Şol pursadam neýsen balygyň rysgalyna, neýsen ýagşy – aprel aýynda juda seýrek ýagýan ýagyş, ol ujypsyzja damjalary sepeläp geçip gidýär – ýagýar. Onuň damjalary suwa gaçsa – neýsen balygy şol damja garaşyp, suwuň ýüzünde agzyny açyp garaşyp durýar – ol derýanyň düýbüne çöküp düre öwrülýär, gury ýere düşse,kimýaoty gögerýär.Kimýany panyda üç jandar – pyşbaga,ene goýun hemem nesibeli baýtal tanaýar. Mar oglundan gorkar, köl gurbagasy, Kimýa tanarmyş çölüň lagasy, (pyşbaga) Derýalarda doglan düwlen çagasy, Sowuk suwy süýt ornunda içermiş... Kimýa otuny iýen çölüň lagasy uzakdan-uzak ýaşaýar. Ene goýun şeýle oty iýensoň, daraýy ýüňli–sury baganaly guzyny yzyna tirkeýär. Nesibeli baýtal, dinýede deňi-taýy bolmadyk, owadan taýy gulanlaýar. Garry derwüşiň aýdýan zatlary, oglanjygyň akyly ýeterden has daşdady. Şonuň üçin ol diňe bir zady – taýçanagyň uçursyz owadan bolmagy üçin kimýa atly otuň zerurdygyny belledi. Soňam ol içinden: «Neýsen ýagşy, kimýa oty, owadan taý...». diýip, gaýtalady. * * * Kesearkajyň düzünde ýene bir üýtgeşik syr peýda boldy. Kümüşguýruk türkmen Gününiň aşagynda üýtgeşik owadan taýy dünýä berdi. Garry derwüşiň begenjiniň çägi ýokdy. Ol azaby ýerine düşen adam ýaly, ýeke ýüzüni däl, gözlerinem güldürýärdi. Hemem dünýäniň gyrasyndan giren iň ýaşajyk jandary–türkmene öçmez şöhrat getirjek taýçanagy söýgüleýärdi. –Neýsen ýagşy iri damjalaryny gysganyp geçip gidipdir. Kümüşguýruk kimýa otuny iýipdir. Görýärmiň taýçanagyň gözüniň dup-durudygyny. Kimýa otuny iýen baýtalyň nesliniň gözi, arassa çeşmäniň suwuny içen jereniň gözi ýaly dury bolýar... Üzeňňä aýagyny ildiren adamyň dünýe aýagynyň aşagyndadyr. Guşlara ganat berlişi ýaly, bedew atlaryň göwresine-de ganat baglanandyr... Taýçanagyň ady, goý, Uçarat bolsun... Derwüş hem-ä şeýle sözleri aýdýardy, hemem ene baýtalyň tyňzap duran ýelnini sypalap, onuň ilkinji süýdüni–oguz süýdüni könege sagýardy. Könege düşen süýt owazlanyp, edil bedew atlaryň kişňeşýän sesleriniň sährada ýitip gidişi ýaly, sähra siňýärdi... Soň garry derwüş baýtalyň ýelnini mazaly boşadyp, oglanjygyň hem Uçaratyň maňlaýyna ak süýtden çaldy. Bu geljegiň ak bolmagynyň, bedew atlaryň ýüzüniň hemişe haýyrly görünmeginiň anyk palydy. Soňam ol könekdäki süýdi syçyradyp, töwerege sepeledi. Uly dünýäniň içinden geçen garry derwüşiň çuňňur ynanjyna görä, töwerege syçyran süýtleriň her bir saçyrantgysy asmana–ýyldyzlaryň arasyna göterilip, soň olar behişdi bedewler bolup Oguz iline dolanmaly... Agşam oglanjyk düýş gördi. Düýşünde ýerden göterilen ene baýtalyň süýdi, biri-birinden owadan atlar bolup, asmandan gaýyp gelýärler. Soňam olar bütinKesearkajyň düzüni dolduryp kişňeşýärler. Bedew atlaryň kişňemesi–behişdiň gapysyny açýar... Sypaýy ýigidem owadan ak atyň üstünde oturyp, Oguz ilini behişt sary alyp barýar... Garry derwüşem oňa ak pata berip goluny göterýär... Oglanjyk garry derwüşe ýene öňküsi ýaly sowal berýär. –Men nämeler görýärin?.. –Bu türkmeniň täleýi – gelejegi... Sen şony görýärsiň... Ol ak atyň üstünde oturan, sypaýy ýigit kim? –Ol atyň, bedew atlaryň çyn hossary... Oglanjyk begenip oýandy. Gören düýşüni garry derwüşe aýtmakçy bolsa, ne derwüş bardy, ne-de onuň hümmet hasasy. Diňe guran sözen agajyndan ýaramazja torba asylgydy. Köne torbanyň içinde, onuň özündenem köne ýene bir torba çykdy. Ikinji torbanyň içinde keýigiň düýrlenen hamy bardy. Hamyň ýüzünde çarpaýa galypduran atyň hemem gök asmanyň şekili çekilipdir. Asmanyň ýüzem ownujak ýyldyzlardan hünji düzülen ýaly... Nepislik bilen çekilen suratyň aşagynda, keşde çekilen ýaly hatlar owadan edilip ýazylypdyr. Oglanjyk haty hetjikläp okady. Bu garry derwüşiň bedew atlaryň neneňsi seýislenişi barada ýazan ýazgysydy. «Köşegim, tebigatdan alnan närseler, tebigatyň özi ýaly güýçli, gaýduwsyz bolýandyr. Asman atlary, asmanyň özi bilen seýislenmelidir. Tebigat hiç haçan ýalňyşýan däldir. Tebigatyň döreden zatlarynda gümürtik zatlar bolýan däldir. Her ýigrimi gün, ýigrimi günaralygynda Allanyň emri bilen belli bir wagtda, belli bir sagatda, belli-belli ýyldyzlar dogýandyr. Asmanda ýyldyzlar doganda, zeminde-de üýtgeşiklik bolýandyr. Ýa gyzgyn, ýa sowuk, ýa şemal, ýa ýagmyr... Tebigatyň üýtgeýşini bedew atlar syzýandyr. Atyň şeýle inçeligi syzan pursady, seýisem ony – atda bolýan üýtgeşikligi duýmalydyr. Şol pursat, ýyldyzlaryň dogýan wagty, bedew atyň ýüregi nämäni küýseýär? Oňa ot gerekmi, suw gerekmi, şöwür isleýärmi ýa gezim etdirmelimi?.. Seýis şolaryň barysyny bilmelidir. Eger bedew atlar ýyldyzlar arkaly seýislense, eýle atyň öňüne toýnakly geçip bilmez, onuň bilen bäsleşip biljek gudratam bolmaz... Gudraty olaryň özleri döredýändir...» Oglanjyk haty nebsewürlik bilen gaýta-gaýta okady. Soň ýene-de okady. Soňam... Hatyň aşagynda gönderilen nama ýaly şeýle setirler ýazylypdyr. «Daň ýyldyza» gözün ýuwdur, «Ülker guşa» ýüzün ýuwdur, «Aralygy» ýolda görgün, «Üç ýyldyzy» ilde görgün, «Ýaldyrak» seň düýnüň bolsun, «Ekiz owlak» müýnüň bolsun, «Kerwengyran» görmegin, «Akmaýada» sürmegin, «Ömürzaýa» hemra bolgun, «Zöhre» gyzy ömür görgün. Bu ýyldyzlar arkaly aty neneňsi edip seýislemegiň çelgisidi. Ýöne sen asman gümmezi arkaly at seýislemezden öňürti, olary bäş barmagyň ýaly seljermeli...» Oglanjygyň dogup göreni şo ýyldyzlardy. Entek ol kiçijekkä, atasynyň sanlyja sözler bilen, ümmülmezgiňişligi herekete getirişine haýranlar galýardy. Hemem onuň hemişe hemme wagt bilmelisiň diýen sözleri bilen gulagyny gandyrýardy. «Sen eneň dilinden öňürti, tebigatyň dilini öwrenmelisiň, olary bilmeseň durmuş diýip atlandyrylýan düýpsüz derýada ýaşamak kyn bolar...» Şonuň üçin oglanjyk, beýnisi bekän gününden bäri olary öwrenip ýördi... * * * Göze görünmeýän gyla daňylan ýaly, ýyldyzlar görnüp başlady. Olar kändi, ýöne oglanjyk ummasyz köp bolan ownujak ýyldyzlara däl-de, seýrek dogýan iri ýyldyzlara seredýärdi. Ol şu gün garry derwüşiň sargydyny berjaý edip, selällikdenem öň Daň ýyldyzyny görkezmek üçin Uçaraty gezime alyp çykdy. Daňyň buşlukçysynyň dogşuny gören atyň süňňünde ýeňillik duýulýardy. Onuň şähdi açylyp, ýöredigiçe ýöräsi gelýärdi. Burunlaryny parryldadyp, kese-kese bökýärdi. Çöpüň düýbünden turan towşany keýpihonlyk bilen kowalaýardy. Haýsydyr bir depäň üstüne çykyp, dünýä seredýärdi. Bu onuň boldum diýdigidi. Ugry düzüw at hemişe-de, şeýle hereket ederdi. Bu säheriň edýän täsiridi. Öçüp-ýanyp duran alty sany ýyldyzy – Ýaldyragy gören Uçaratyň hasam göhi gelýärdi. Onuň bagtyna şol pursat azajyk ýagşam sepeledi. Ýagyş ýeke Uçaratyň däl, oglanjygyňam ýüzüni ýuwdy. Oglanjygyň ýüzüni ýene bir ýagyş ýuwdy, ol onuň begenç gözýaşlarydy. Sebäp ol, wagt geçdigiçe garry derwüşiň goýup giden tilsimlerini ele alyp, nädeňde, nä boljagyny aňşyryp başlapdy. Garry derwüşiň aýdyşy ýaly, her gezek täze ýyldyz görende Uçaratyň ýüregi bir zat diýýärdi. Ony oglanjyk atyň özünden, süňňünden syzýardy. At bolsa, bir gün ot küýsese, ýene bir gün gezim küýseýärdi. Oglanjygam ony mähetdel etmän ýerine ýetirýärdi. Ekiz owlakly geçi, Kerwengyran, Akmaýanyň ýoly görnen pursady, oglanjyk, garry derwüşiň aýdyşy ýaly, şol gün – busähet gün, Uçaraty hiç ýaňa çykarmaýardy. Şeýle bolanda atyň özi gazygynyň daşynda aýlanyp, özi-özüni seýisleýärdi. Ýogsam asmanyň ýüzünde tolkun atyp barýan derýany ýatladýan Akmaýanyň ýoly, oglanjygyň eý görýän ýyldyzydy. Her gezek ol ony görende, ýekeje ýyldyzyň äpet asmany ikä bölüp bilşine haýranlar galardy. Şeýdip, günler geçip durdy. Uçaratyň aýaklary batlanansoň, indi ol selin tümmekleriniň üstünden bökmän, göni enesiniň üstünden bökýärdi. Sähel zada tebil tapyp, barha tezlenýärdi. Şonuň üçin oglanjyk üstünden del ys–adamyň der ysy gelmez ýaly, eşiklerini çogana ýuwup, hut janly tebigatyň öz ysy bilen onuň ýanyna barýardy. Ýyldyzlaram dogup-ýaşyp aýlanyp durdy. Garry derwüşiň aýdyşy ýaly, ýigrimigün – ýigrimi günden täze ýyldyz öz syry bilen görünýärdi . Her gezek olar görnende-de Uçaratda bir üýtgeşiklik duýulýardy. Şol inçeligem oglanjyk syzýardy. Onsoň ýene hupbaty ýetik, ýakymly ýoluň täze syry açylýardy. Olar bir- iki däldi, ymgyr kändi. Oglanjygyň göwnüne asmanyň syry garaýeriňkidenem has köp ýalydy... Hon-ha, Ömürzaýa bilen Kerwengyran biri-biriniň öňüne düşjek bolup haýdaşlap barýarlar. Ýedigen nirä gitse, aşyk-magşuk ýaly, Ülkerem onuň yzynda. Olar geplemän, düşünişip gürleşýärler... Ýedigeniň agzy eýýäm ýokaryk öwrülip – olar ilki görnende, agzy aşak bolýar – ýetişipdir. Bahym ol Demirgazyk ýyldyzyna tarap öwrüler. Indi haý diýmän daýanykly gyş ýyldyzlary peýda bolar. Bu güýzüň golaýlandygyny habar berýär. Şeýle bolanda ata öňküsindenem ykjam seretmeli. Oglanjyk şony edýärdi. Uçaratam ýalpyldap, almalygynda aşyk oýnabermeli bolupdy. Bu zatlaryň bary okalmadyk asman syrydy. O syry ýyldyzlar alysda, öz ýanlarynda aýawly hem pugta saklaýar. Ony diňe bedew atlar syzýar. Bedew atlaryň diline-de çyn seýisler düşünýär. Onsoň ýene ýaz geler. Ýene sary sähralyk gülzarlyga öwrüler. Kesearkajyň düzünde ýene bedew atlaryň nikasy gyýylar... Oglanjygyň garry derwüşden öwrenen syry – asman syrlary şu toprakda galar. Soň ol ýenedowam eder... Şeýdibem üstünden niçeme ýyllar geçse-de, ýyldyzlar arkaly seýislenen bedew atlaryň şöhrady, asmandaky seýrek dogýan iri ýyldyzlar ýaly, barha şugla saçýar. Oglanjyk şu zatlaryň boljagyna ýüregi bilen ynanýardy. Onuň ýene bir ynanýan zady bardy. Ol bir wagtky garry derwüşiň aýdan bedew atlara hossar çykjak adamyň geljegidi. Ol oňa garaçyny bilen ynanýardy. * * * Entek ýagyş ýagmadygam bolsa, howadan onuň ysy gelýärdi. Arka aýlanan şemal sähradan Kümüşguýrukdyr Jygalygaranyň ýitip gidýän ysgynsyz sesini getirýärdi. Uçaratyň şemala ykjaýan altynsow ýallary şabyrdap ses edýärdi. Güýjän şemal oglanjygyň arkasyny birsyhly üşedýärdi... Öwezmyrat ÝERBENDI. | |
|
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||