BELETÇILIK
Redaksiýanyň gapysyndan kellämi görkezenim hem ýaňydy weli:
– O-o, gel, gel – diýip, köne tanşym, habarçy Rahym Gurbanow ýitirip-tapan ýaly garşy aldy, hal-ýagdaýy howlukmaç soraşyp, gürrüňiň perdesini üýtgetdi.
– Obadan gelip durşuňmy?
– Hawa, ýaňyrak geldim.
– Örän oňat, örän. Sen maňa brigadaňyz barada maglumat ber. Indi bir aý bäri hiç zat ýazamok.
– Görmän ýazaýjakmy?
– Ýazman näme, sen maglumat berseň bor. Galan işi meniň bilen. Sen seret-de otur, meniň nähili ýazyşyma.
– Aý, ýok, ol bir hili-laý.
– Jogapkärçiligini öz üstüme alýan. Men öwüp ýazaryn. Öwgi bolsa derňelmeýär ahyryn.
– Ýöne...
– Baý, gorkak ekeniň. Beýle ýelýüreksiň öýtmeýärdim.
«Her kimiň bolşuna görä bolubermeli-dä» – diýen bir garagol pikir kellämde ikiýana at çapdy. Men muňa şeýle bir maglumat bereýin. Gaýdyp şeýle işi ýekeje gezegem gaýtalamaz ýaly bor.
– Bolýa, men...
– Wah, öňräkden şeý diýmeli ahyry. Brigadiriňiziň ady?
– Aýjan Baýramowa.
– Indi ýygymçylaryňyzyň atlaryny aýdyber.
– Ogulsabyr Döwletowa, Ogulşat Hudaýberdiýewa, Akbibi Gurdowa, bolarmy?
– Bor, bor.
Ýolda eden işimiň telekdigine doly göz ýetirdim. Wah, meniň şu garagol oýnum gursun. Ýöne, göwnüme bolmasa edýän işiniň telekdigini oňa başga hili düşündirmek mümkin hem däl ýaly.
Şol wakadan birki gün geçip-geçmänkä biziň brigadamyz hakynda reportaž gazetde ýalpyldap çykdy. Adres biziň brigadamyz bolsa-da, gürrüňi edilýän «ýaş juwan gyzlaryň» birisi-de biziň brigadamyzda ýokdy.
Bu wakadan on-on bäş gün geçenden soň mundan dört-bäş ýyl öň aradan çykan Aýjan ene barada gazetde oçerk çykdy. Oçerkde Aýjan ene otuz ýaşly brigadiriň roluny ýerine ýetirýärdi. Ýüzüm laplap gyzdy. Gözlerime ynanmajak boldum. Ýöne nätjek, gözler aldanokdy, oçerk gazetiň ýarpydan gowrak bölegini tutup, öňümde ýatyrdy.
Galyba öwrülen ýalan, galp öwgüler o gazetden o gazete geçip, gaýtalanyp ýör.
Rahym Gurbanowyň aýdyşy ýaly boldy: oňa gowy oçerk ýazandygy üçin sagbol aýdypdyrlar.
Obada arz etmek aýp hasaplanýar. Şeýle bolansoň, oba adamlary näçe galp sözleseňem aýbyňy ýüzüňe aýtjak bolmaýarlar. Gazetlerdäki galp maglumatlary oraşan etjek bolmaýarlar.
Men özümiň belet bolan zadymy aýdýaryn.
Göwnüme bolmasa, meniň şu sözlerimde-de galplyk bar ýaly bolup dur.
1980 ý.
Hekaýalar