05:39 Berdinazar Hudaýnazarow -7: Her gursakda Pyragynyñ orny bar | |
BERDINAZAR HUDAÝNAZAROW
Edebiýaty öwreniş
▶ 7: Her gursakda Pyragynyň orny bar Beýik Magtymguly Pyragynyň şahsyýeti, poeziýasy türkmen döredijilik intelligenti üçin üýtgeşik ähmiýete hem mana eýe. Şygyr bilen iş salyşýan adam üçin-ä onuň ähmiýeti, manysy hasam uly. Her bir türkmeniň gursagynda Pyragynyň özboluşly orny bar. Türkmen Allatagaladan soň Pyraga sygynýar. Edebiýatdan ýedi günlük daşdaky kişi diýeniňem Magtymguly pylan zat diýipdir diýip, onuň goşgusyndan bir setiri aýdyp goýberýär. Ol Muhammet pygamberden köp gaýtalanýar. Magtymguly hakda ýazylan zatlar hem az däl. Birnäçe roman, powest, poema ýazyldy. Ol hakdaky goşgular, makalalar, oýlanmalar hasam kän. Magtymgulynyň döredijiligini öwrenmäge ömrüni bagyş eden alymlar bar. Şahyrlaryň döredijiligine Magtymgulynyň täsiri hem az bolmaly däl. Men B.Hudaýnazarowyň Magtymguly Pyragy hakda ýazan eserleri bilen gyzyklandym. Şahyr Magtymguly hakynda üç goşgy, üç sany hem publisistik makala ýazypdyr. Göwrüm taýdan köp däl. Ýöne, bar gep göwrümdemi näme?! Berdinazar aganyň Magtymgulynyň şahsyýetine, şahyrlygyna berýän bahasy özüniň absolýutlylygy, kesgitliligi bilen tapawutlanýar. «Biziň baş kazymyz geniniň adyny «Magtymguly işan» diýip tutdy. Men bolsa «Magtymguly pygamber» diýip içimi gepletdim. Anna Ahmatowa öz kitapçasyna «Meniň Puşkinim» diýip at beripdir. Men bolsa bu ýerde «Meniň Magtymgulym» diýip içimi gepletdim». Ine, şahyryň öz beýik halypasyna berýän beýik bahasy: Magtymguly – pygamber! Bu kesgitleme taryhy taýdan örän ýerine düşen kesgitleme. Sebäbi soňky üç asyr türkmen üçin Magtymguly hut pygamberiň missiýasyny ýerine ýetirdi. Magtymguly öz eserleri bilen türkmen halkynyň eline onuň taryhy perspektiwa hukuklydygy hakyndaky güwänamany berdi. Ol jany-teni bilen bu halkyň ruhy taýdan ýokary galmagyna hyzmat etdi. Munuň üçin ol ýandy, göreşdi, dünýäniň ylmyny özleşdirdi, şahsy rahatlykdan hem bagtdan meýletin el çekdi. Eserlerinde dünýäniň pähim-paýhasyny jemläni üçin türkmen özge ýerden paýhas gözläbem oturmady, özge ýerde ylym bardyr hem öýtmedi. Bu meselede halk asla ýalňyşmandy. Magtymguly türkmen dilinde täze bir düýpli ideýa gymmatlyklarynyň sistemasyny esaslandyrdy. Megerem, şonuň üçin ol pygamberdir. Men Berdinazar aganyň bahasyny özümçe esaslandyrjak, başardygymdan düşündirjek bolup azara galyp otyryn. Şahyryň özi weli Magtymguly meselesinde köp zatlaryň ylmy tarapdan düşündirip bolmajagyny, bu ýerde ylmyň ejiz geljekdigini nygtaýar. Ol muny öwran-öwran gaýtalaýar: «Biziň daşymyzy gurşap alan tebigatyň syryny doly açmak, belki, adama hiç haçan başartmaz. Her niçik bolanda-da, entek açylmadyk syrlaryň az däldigini, nähili okumyş-da bolsak, boýun almagymyz gerek. Magtymguly Pyraga-da şu nukdaýnazardan garalmalydyr dýip pikir edýärin». Berdinazar aga, esasan, Magtymgulynyň adamyň tebigatyna düşünmekde köp kelle döwendigini aýratyn belleýär. Ol 1983-nji ýylda ýazan makalasynda bu hakda şeýle diýýär: «Ynsan tebigatyna Magtymguly ýaly çuňňur göz ýetiren, şol tebigaty şeýle giň açyp görkezen şahyra seýrek duş gelinýär». Onsoň ähli makalalarynda ol Magtymgulynyň adamyň beýikligi-pesligi, mertligi-namartlygy baradaky, gaýry taraplary hakdaky aýry-aýry bentlerine, setirlerine biziň döwrümiziň adamlary bilen baglanyşyklylykda giňişleýin bolmasa-da, anykdan-anyk düşündirişler berýär. Elbetde, munuň özi ýörite ugurdan işleýän adamyň däl-de, uly şahyryň erkin düşündirişi. Islendik zadyň, onda-da beýik şahyryň şyrgynyň manysyna aslynda berilmedik bolsa, ýörite okanyň, işläniň bilen düşündiriş berip bolmaýar. Munda zehin üşügi gerek. Dogrusyny aýtsam, baryp ýaňy edebiýata imrinip ýörkäm hem edebiýat meseleleri baradaky makalalar mende şeýle täsir galdyrýardy: haýsydyr bir mesele boýunça ýazyjynyň ýa şahyryň öňe sürýän pikiri maňa edebiýatçynyňkydan has ynandyryjy gelýärdi. Ol pikir has agramly, has janly, has erkin howalydy. Ýazyjy-şahyryň öz ukybyna daýanyp ýöredýän pikiri edebiýatçynyň teoriýa esaslanýan pikirinden has anyk gelýärdi. Men şunda şeýleräk netijä gelerdim: çygylyp, okap alnan zatdan intuisiýanyň berjek zady has uly, ygtybarly eken-ow! Men bu zatlary Berdinazar aganyň makalalaryny okanymda şol pikiri ýatlandygym üçin nygtaýaryn. Şahyr öz aýdýan pikirini haýsydyr bir janly mysalyň, durmuşdan alnan anyk faktyň arasy bilen berýär. Bu bolsa gürrüňe şirelilik, janlylyk, ynandyryjylyk äheňlerini çaýýar. Üstesine-de pikiriň hem faktyň duýgy bilen, durmuşyň janly täsirleri bilen sepleşmegi şahyryň galamy üçin tebigy zat. Berdinazar aganyň Magtymguly baradaky makalalary ylla çeper eser ýaly şüweleňli okalýar. Bu bolsa köp okyjyny Magtymgula hasam ýakynlaşdyrýar. Şahyr kämahal ýekeje sözlemde aýtjak pikiriniň bir ujuny görkezýär-de, oňaýýar. Şu-da okyja ýeterlik bolýar. Ine, şeýle sözlemleriň biri: «Beýik pähimdar özüne ýüzlenip: Magtymguly, ilki özüň düzetgil – – diýeninde, muny söz owadanlamak üçin aýtmandygyna ynanmak bolar». Ýöne men onuň «Meniň Magtymgulym» diýen sözlerine gaýdyp gelýärin. Häsiýetli ýene bir faktor: Berdinazar aga Magtymguly hakynda onuň öz ykbalynda oýnan roly bilen baglanyşykly gürrüň edýär. Şol gürrüň baryp ýazyjynyň çagalyk döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Gürrüňi ilki bilen şahyr öz aslynyň – atasynyň, beýleki ýaşulularyň Magtymguludan nähili pähim-paýhas, ahlak sapaklaryny alandygyndan başlaýar. Berdinazar aganyň öz şahsy durmuşynda Magtymgulynyň täsiri çagalyk ýyllaryndan başlanypdyr. «Men bolsa Magtymgulynyň latynça harpda neşir edilen kitabyny elimden düşüremokdym. Özi-de mejbur bolup şeýdýärdim, öýdäkileriň, goňşy-golamlaryň haýyşy boýunça özüme onçakly düşnükli bolmadyk goşgulary okap berýärdim. Gara daşdan gara gyly saýlan göz, Çöňňeler görejiň, göze myhmandyr. Gelen aş diýp gelmez, turşutmagyl ýüz, Nana tämäç däldir, söze myhmandyr. Agyrdyr heňňamlar, uzakdyr ýollar, Soraşsa ýigitler, sözleşse tiller. Baharda açylan reňbe-reň güller Bir pasyl açylar, ýaza myhmandyr. Meniň üçin bu setirlerde üýtgeşik bir many ýokdy. Şonuň üçin-de ony diňleýän uly adamlaryň näme üçin başlaryny ýaýkap, hyrçlaryny dişleýändiklerine düşünemokdym». Magtymgula her adam her ýaşda birhili düşünýär. Ýaşlykda bir hili, orta ýaşda – bir hili, garrylykda bolsa bütinleý başga hili. Çünki adam dünýäniň özüne şo hiliräk garaýşy bildirýär. Magtymguly hem dünýäniň özi ýaly bakylygy hem çylşyrymlylykdan ýaňa tükenmezlige eýe. Men ýene Berdinazar aganyň ýatlamasyny okaýaryn. «Iň ilkinji okan setirim: Kyýamatdan bir söz diýdim baýakda: Garaw bardyr ýersiz urlan taýakda… Men bu sözleri sözüň owadanlygy, akgynlylygy üçin ýatlamok. Ykbal bu iki setiri arka edinmäge, olara umyt baglamaga meni çagalykdan mejbur etdi… Dokuz ýaşymda kakamyň Staliniň eden-etdiliginiň pidasy bolmagy biziň öýümiziň ykbalyny çaýkady». Şeýdip, Magtymgulyny durmuşyň özi düşündirýär. Magtymguly bolsa saňa durmuşyň özüni düşündirýär. Şeýdip, iki sany baky hemra – Magtymguly bilen Durmuş biri-birine egin berip, adamlara köp-köp zatlary öwredip gidip otyrlar. Magtymgulyny şu hili kontekstde kabul etmek, meniň pikirimçe, onuň hakyky beýikligini göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýär. Şahyr Magtymgulynyň ýokarky iki setirini arka edinendigini aýdýar. Ol iki setiri bütin türkmen halky arka edinip ýör ahyryn. Türkmeniň sabyrlylygam, şükürçilligem asyl şol iki setiri arka edinýänligi üçin ahyryn! Adam köp-köp betliklerden garawyň boljakdygy üçin saklanýar. Dogrusy-ha, dünýäni şol iki setir saklap otyr. Adam soňky gün hasabat bermekden, jeza çekmekden çekinýär. Özgäniň günäsinem şol iki setire bil baglap geçirýär. Berdinazar aganyň «Magtymguly» diýen goşgusy bar. Megerem, bu ýerde özümiň Magtymguly baradaky pikirlerime ýakyn bir zatlary görýänligimdendir. Iki ýarym asyr ýaşan halyňa, Şeýle döwrebap sen, ter sen, täze sen. Garaňky geçmişiň parlak ýyldyzy, Zeminmiň sen, asmanmyň sen, näme sen? Entek-enteklerem soňuna çenli Okalmadyk parasatly nama sen. Muny bilýäs, hawa, muny bilýäris, Zeminmiň sen, asmanmyň sen, näme sen? Magtymguluda iň haýran galdyrýan zatlaryň biri – onuň şeýle täzeligi, soňuna çenli aňyp bolmaýanlygydyr. Beýle görkeziji diňe beýikleriň beýigi bolan şahyrlarda gabat gelýär. Berdinazar Hudaýnazarowyň döredijiligine içgin aralaşyp, onuň Magtymguly hakdaky goşgularyny, makalalaryny okap, bir pikirde saklandym: B.Hudaýnazarow Magtymgulynyň ýoluny täze öwüşginde, täze röwüşde dowam etdirip, halypanyň aýtmaga ýetişmedik pikirlerini şireliligi bilen aýdypdyr. Ol bu ugurda bir är kişiniň işini hem bitiripdir. Osman ÖDE. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |