01:08 Berekediñ açary | |
BEREKEDIÑ AÇARY «Näme diýse, şony diýsin özgeler, Zähmetiň soňunyň rehnetdigini tekrarlaýan rowaýatlaryň birinde beýan edilişine görä, bir baý gazanan baýlyk, tyllalaryny ogullaryna deň-derman paýlamak isläpdir. Onuň üç ogly bar eken. Baý bir gün irden ogullarynyň üçüsini hem ýanyna çagyryp, ömür puryjasynyň azalandygyny, özüniň gyzyldan gymmatly bolan mirasynyň bardygyny, şony-da ogullarynyň arasynda synag geçirip, mynasyp ogluna bermek isleýändigini aýdypdyr. Ýigitler kakalaryna näme şertiniň bardygyny aýtmagyny sorapdyrlar. Şonda baý: «Men size üç käri teklip edýärin, siz şol hünärleriň biri bilen meşgullanyp bir ýylyň dowamynda netije gazanmaly. Olar şeýle, birinjisi, syýahatçylyk. Paýyna syýahatçylyk düşen ýigit bir ýyllap şäher-kentlere syýahat edip, gören-eşiden geň-enaýy zatlaryny beýan etmeli. Ikinjisi, ussaçylyk. Bir ýylyň dowamynda ymaratçylaryň binalary bilen bäsleşip biljek bir bina gurmaly. Üçünjisi bolsa, meniň iň gowy görýän kärim, bagbançylyk. Ýagny, bir meýdan çemesi ýeri sürüp, tekizläp, bir ýylyň dowamynda baldaklary gül açyp duran bag ýetişdirmeli» diýip, ogullaryna ýüzlenipdir. Ogullarynyň ulusy: «Men-ä syýahatçylygy saýlaýaryn, bagbançylyk meniň elimden geljek zat däl» diýipdir. Ortanjysy-da: «Onda menem özümi bagbançylyga rowa görüp bilmen, şu ýaşyma çenli ençe kitaplaryň gatyny açyp, ylym öwrenen halyma, bagbançylyk maňa başartmaz» diýipdir. Gezek kiçi ogluna gelipdir: «Kaka, seniň ýaşlykda meşgullanan käriň bolan bagbançylygy men saýlaýaryn» diýipdir. Wagt geçip, wadalaşylan gün ýetip gelýär. Ogullarynyň üçüsi-de jemlenişip, kakalarynyň şertini berjaý edişlerini amal eden işlerinde görkezipdirler. Şonda kiçi ogul bir ýyl mundan ozal oturdan baglaryny görkezip: «Agalar, men ýer sürüp ýörkäm, üç sandyk altyn-kümüş tapdym, indi bolsa olary siz bilen paýlaşmagyň wagty geldi. Men munça altyn-kümşe bir özüm eýe bolup bilmen» diýipdir. Şol pursat ogullarynyň ulusy we ortanjysy kakalarynyň zähmetiň agyr şertini saýlan ogluna baýlygyny bermek isländigine göz ýetiripdirler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |