Binagärlik ýadygärlikleri — geçmişiň şaýatlary
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygy bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan uly ösüşlere, özgerişlere beslenýär. Bu günki gazanylýan zähmet üstünlikleri bolsa, ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Taryh — geçmiş bilen geljegi birikdirýän köpri bolup, ol elmydama üstünliklere ýol salýar. Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda türkmen taryhyny düýpli öwrenmekde, ony dünýä ýaýmakda irginsiz aladalar edilýär.
Türkmen topragy taryhy ýadygärliklerden doly. Şeýle taryhy gymmatlyklaryň jemlenen künjekleriniň biri hem Kerki etrabydyr.
Kerki etrabynda ýerleşýän ýadygärlikleriň iň ulusy Astanababa kümmetidir. Bu ýadygärligiň döwri XII-XVII asyrlary öz içine alýar. Ýerli ilat ony Astanababa mazary, käte iki dogan Zeýdalynyň we Züweýdalynyň aramgähi diýip atlandyrýar. Bu ýadygärlik gurluşy boýunça örän täsin. Onda girelgeden uzyn däliz arkaly içki otaglara girmek bolýar. Olar bolsa özüniň giňligi we beýikligi bilen göreni haýrana goýýar. Ýerli ilatyň arasynda bu aramgäh hakynda birnäçe rowaýatlar saklanyp galypdyr. Olaryň birinde aýdylyşyna görä, aramgäh Hezreti-Şahy-Meýdan (Şa meýdançasyndan bolan ýagşyzada) diýlip atlandyrylyp, Hezreti ibn Aly Nur ogly tarapyndan öz gyzy üçin gurduran ýadygärligidir. Rowaýatda şeýle diýilýär: Dört ýüz ýyl mundan ozal Balhyň hökümdary ibn Aly Nur ogly Züweýdalynyň ýerli dolandyryja durmuşa çykarylan ýalňyz gyzy duýdansyz aradan çykypdyr. Muňa örän gynanan kakasy gyzy üçin ýadygärlik gurmagy buýruk beripdir we Marydan hem-de Samarkantdan ussalary çagyrdypdyr. Emma gurlup gutaran badyna ýadygärlik ýykylypdyr. Täze ymarat ýene ýykylypdyr we üç gezek şeýle ýagdaý gaýtalanypdyr. Bu bolýan zatlara hiç düşünmedik Nur oglunyň düýşüne bir ýagşyzada giripdir we ol aramgähi Mekgeden getirilen toýun hem-de suw bilen garyp gurmagy maslahat beripdir. Ýalňyz gyzynyň ölüminden soňky agyr ýagdaýdan saplanmak üçin kakasy şeýle hem edipdir. Mekgeden getirilen gum bilen suwdan palçyk taýýarlap, aramgähi gurdurypdyr. Şeýlelik bilen aramgäh gurlupdyr we Nur ogly aradan çykandan soň bu ýadygärlikde gyzynyň mazarynyň ýanynda jaýlanypdyr».
Astanababa ýadygärligi birnäçe dini desgalaryň toplumyndan ybarat bolup, ol açyk geçelgeden, howlujykdan, peştakdan, ýapyk geçelgeden, dört sütünli jaýdan, metjitden, Zeýdalynyň we Züweýdalynyň guburhanasyndan, diwanhanadan we Gyzlarbibi aramgähi bilen birikdirýän insiz geçelgeden ybaratdyr.
Ýadygärligiň iň gadymy bölegi metjit hem-de diwanhanadyr. Binanyň bu bölekleri XII asyra degişli. Gyzlarbibi aramgähi dini toplumyň has giçki bölegi, ol dürli ölçegdäki kerpiç böleklerinden gurlupdyr. Onuň peştagy XIX asyra degişlidir. Bu ajaýyp ýadygärlik XIII-XIX asyrlarda ençeme gezek rejelenipdir.
Kerki şäherinden 12 kilometr uzaklykda ýerleşýän ýene ajaýyp ýadygärlikleriň biri-de Muntasyryň Alamberdaryň ýadygärligidir. Ýerli ilat ony Alamberdar tugçynyň — Baýdak göterijiniň ýadygärligi diýip hem atlandyrýar. Rowaýata görä, Alamberdar halyf Alynyň harby serkerdesi bolupdyr. Bir gezek ol esgerleri bilen çölde suwsuz galypdyr. Alamberdar guýy gözlemäge ugrapdyr hem-de özi azaşmaz ýaly esgerlerinden gije ot ýakmagy haýyş edipdir. Suw tapan Alamberdar ýalňyşyp, gije duşman goşunynyň odunyň yşygynyň üstünden barypdyr. Alamberdar duşmanlar tarapyndan haýynlyk bilen öldürilipdir. Ertesi irden onuň esgerleri serkerdäniň öldürilenini bilip, duşmanlardan gazaply öç alypdyrlar we Alamberdaryň jesedini jaýlap, onuň üstüne ýadygärlik gurdurypdyrlar.
Belli taryhçy G.A.Pugaçenkowa hem Muntasyryň Amul bilen Zemmiň arasynda göçüp-gonup ýören duşmanlar tarapyndan öldürilendigi barada belleýär. Alamberdaryň ýadygärligi Türkmenistanyň XI asyr binagärliginiň iň gowy nusgalaryndan biridir. Meýilnamada inedördül (10,35 metr) bolan bu uly jaý ýelkenli tagçalaryň üstünden gümmez bilen örtülen otagdyr. Inedördül (27x27x4,5 santimetr) bişen we ýonulan kerpiçden nagyşly örüm bilen edilen binanyň öň ýüzüniň timarlanylyşy örän täsindir. Çüňkleri sekiz gyraňly sütünler bilen berkidilipdir. Girelgesi çaklaňrak peştak bilen, onuň taraplary bolsa üsti nagyşly örülen tagçalar bilen haşamlanylypdyr. Rejelenen wagtynda günbatar diwary başga ölçegdäki (25x 25x5 santimetr) kerpiç bilen gaýtadan örülipdir. Ýadygärligiň öň ýüzüni nagyşlamakda ulanylan kerpiçleriň dürli görnüşleri tegelekler, ýaýlar, harplar, üçburçluklar, atanaklar bilen bezelipdir.
Ogulnur Hanowa,
Kerki etraby.
Taryhy makalalar