08:14 Bir hojaýynyñ öz gullaryny synaýşy hakynda hekaýat | |
Bir hojaýynyñ öz gullaryny synaýşy hakynda hekaýat
Goşgular
Birçak bir hojaýyn bazara gelen, Iki sany arzan gul satyn alan. Hijisinem tanamansoñ idili, Synap görmek üçin öz harydyny, Olañ ikisinem gezek-gezegne Gepledip görmegi düwdi ýüregne. Aslynda, gep diýlip at berlen zada Dürli hili garaýyş bar dünýäde. Olaryñ käbiri - asaldan süýji. käbirisi bolsa - zäherden ajy. Ol gowumy, erbet - gerlip öñünde, Örtüp durýar näme bolsa göwünde. Söz käte zäherdir, kä hazynadyr, Onuñ parhyn bilýän kişi danadyr. Gullañ biri juda suhangöýmişin, Ol söze başlapdyr dik tutup başyn. Her sözüniñ manysydyr saldamy Haýrana goýupdyr diñlän adamy. Ýolumyz tekiz däl - çarkandak, kötel, Haýsy kişi ondan büdremän öter? Gurhany okasañ päk yhlas bilen, Bilersiñ nirde çyn, nirede ýalan. Dogry garap başarmasañ her zada, Goşa görnüp biler asmanda Aý-da. Şol Aýlañ birisi sowala meñzär, Beýlekisi oña jogaba meñzär. Hakykaty biljek bolsañ sen eger, Herki zada dogry gara, dogry gör. Söhbet edýän wagtyñ bir kişi bilen, Eşidýän zatlaryñ çynmy ýa ýalan - Köre-kör uýaýman näme eşitseñ, Gowy bor her sözün anygna ýetseñ. Eşideniñ bolmaz göreniñ deýin... Başky gürrüñime gaýdyp geleýin. Gepine diñ salyp hojaýyn indi, Akylly gul alanyna begendi. Hojaýyn çagyrdy ikinji guly, Ol edil ýanynda daýandam welin, Alyp onuñ porsy, ýakymsyz ysyn, Ýüz-gözüni çytyp, üýtgetdi tüýsün. Bazardaky şonça gullañ içinden Ony alanyna ökûýùndi çyndan. Burnun towlap, diýdi: "Haýyşym saña, Menden biraz daşyrakda dursana. Aýrar ýaly bu ýigrenji ysyñy, Tebibe görkezsek näderkä seni? Gürrüñ berip öz hünäriñ hakynda, "Hatdat boldum" diýipdiñ bir gepiñde. Garamazdan erbet ysyñ baryna, Begenýän men seniñ bu hünäriñe. Bite gahar edip, ýorgan otlaýan Edýändir hemişe özüne zyýan. Diýýän saña - öz wepaly gulamma, Gowuja ýuwnup gel git-de hammama!" Soñ birinji gula ýüzlendi: "Indi Kalbym seniñ bilen söhbete bendi. Bilýän halallygñy, kalbyñ päkdigni, Gullañ arasynda taýyñ ýokdugny. Saña oñ garaýşy başga düýpden, Gömdi señ üstüñi dürli aýypdan. Onuñ sen hakdaky sözlerniñ baryn Hut özüm-ä töhmet hasap edýärin". Gul diýdi: "Dostuma beled-ä menem, Oña arassa kalby göýä bir çemen. Gönümeldir, hiç bir öwrümi ýokdur, Dogruçyldyr, ýalan gürrüñi ýokdur. Hemişe hoşgylaw, oñat pällidir, Eýsem, ol adamyñ gowsy dälmidir? Köpden bäri tanyş, ýetik men teýne, Onuñ dogup-döräp ýasalşy şeýle. Oñ üçin özümi oda urar men, Dostumy penalap, döşüm gerer men. Ol men hakynda-da ýalan sözlemez, Aýbymy-da göni aýdar, gizlemez. Adam asla öz aýbyny bilmeýär, Aýdaýsañam, haýran galyp, geñleýär. Ýöne başga birne keseden bakan Oñ kemin has gowy saýgarar eken. Näçe synlasak-da özgeleñ ýüzün, Öz keşbimiz göze görnenok biziñ". "Dur, señ sözleñ çökder akyl ýeterden" Diýip, guluñ sözün böldi ol birden. Soñ hojaýyn ýüzlendi öz guluna: "Degýäñmi, degeñok beren puluma, Ony sözlerinden añaryn meger, Maña dostuñ aýby hakda gürrüñ ber!" "Gönümellik onuñ aýbynyñ biri, Kalbyndaky sözleñ dilinde bary. Oñ ýene şeýleräk bir gylygy bar: Hak iş üçin janyn bermäge taýýar. Kä adamlar sähel ömri galanda, Has dogrusy, öldüm-öldüm halynda. Ömürlerniñ paýawlanyn bilýärler, Ýagşy kişi boljak bolan bolýarlar. Görseñiz gözbaşdan gaýdýan suwy, Derýa bolup, deñze guýmak arzuwy. "Özüne nämeleñ garaşýanyny Biler her kim diñe Kyýamat güni. Derñäp ähli günä, sogaplaryny, bererler mynasyp jogaplaryny". Diýip, Pygamberimiz birçak aýdypdyr, Oñ sözüne ten bermezlik aýypdyr. Biz köp wagt Haky unudyp, ýene Bil baglaýas onuñ rehmetine. Belki-de siz bilýänsiñiz guwwasyñ, Dür tapmak ugrunda edýän yhlasyn. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Goşgular / Goşgular - 16.10.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Gýoteden goşgular / Goşgular - 05.10.2024 |
√ Küýze döwükleri / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Eý, kerim-u lem-ýezel... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Bu mekana gelmişem / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Dünýe sen / Goşgular - 27.05.2024 |
√ Iman ogrusy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |