20:00 Bir şineden bag dörär | |
BIR ŞINEDEN BAG DÖRÄR
Söhbetdeşlik
Aşgabadyň iň owadan ýerinde, dünýäde ilkinji Medeniýet şäherçesini gurulansoñ, medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň ençemesine öý-jaý alyp, hemmesi bir agzybir uly maşgala öwrüldi. Ynha, indi her säher «Bissimilla!» diýip, gapydan çykdygyň - kileň sataşýanyň Türkmenistanyň at gazanan ýa-da halk artistleri, halk ýazyjylary... Başgaça aýdanyňda, Medeniýet şäherçämiz diňe ýaşaýyş jaýyna däl-de, ägirt bir döredijilik öýüne çalym edýär. Ine, şeýdip, Türkmenistanyň halk artisti Anna Meläýew bilen duldegşir goňşy bolmak, diňe goňşam däl - Türkmen döwlet medeniýet institutynda bile işleşmegem miýesser etdi. ... Anna Meläýewiň bir aktýorly teatry (monoteatr) hakynda türkmen metbugatynda-da, daşary ýurt neşirlerinde-de kän ýazyldy. Sebäbi, bu aktýoryň özboluşly teatry diňe biziň Diýarymyzda däl, Polşa, Germaniýa, Italiýa, Fransiýa, Russiýa Federasiýasy, Ukraina ýaly ýurtlarda hem Aziýa sebitlerinde çykyş edende-de, özüne çyn ýürekden el çarpdyryp, baýrakly orunlara mynasyp bolmagy başardy. Ine-de, 2009-njy ýylda, Alp-Arslan adyndaky milli drama teatry. Anna Meläýew beýik nusgawy şahyrymyz Mollanepesiň 200 ýyllygyna bagyşlanan «Aşyklar şasy» atly monospektakly bilen çykyş etdi. Sahnada Mollanepesem, Tahyram, Zöhre-de, Mahymam, Babahanam-diňe Anna Meläniň özi. Şol wagt perdäniň aňyrsynda onuň ýanýoldaşy, şu oýny goýujy režissýor Urmatkan Meläýewanyň bedene tutjak ýaly galpyldap oturanyndan köpleriň habary ýokdur. Ol režissýor hökmünde, aktýor Anna Meläniň tutuş dessany sahna dilinde, ýekelikde, şeýle erkin ýerine ýetirip bilmegi üçin elinde baryny edipdir. Aktýoryň elastynda sanlyja eşik, elinde-de iki sany gül, ol gülleriň biri Zöhre, beýlekisem Tahyr. Anna Mele şol eşikleriň hersini gezek-gezegine çalşyp, göz açyp-ýumasy salymda, gözümiziň alnynda keşpden başga keşbe geçip ýetişýär. Aý, garaz, gürrüň berseň gep uzak. Ony diňe gözüň bilen görmeli. Men bolsa şo wagt Anna Meläniň oýnuny synlap, bir däl-telim gijeler ýeke özi tutuş dessanyň içinden sözme-söz, keşpme-keşp geçýän dessançy bagşylarymyzy göz öňüme getirdim Göroglynyň özüdir: Arap Reýhanam, Sapar köse-de, Agaýunusam... Şonda «Mono teatr Ýewropada döräp, ösüp, kemala gelendir» diýlen tassyklama babatda birhili iňkise gitdim... Anna Meläýewiň öz ýekelik ýoluny «Korol Lirden» başlanyny, soňra-da «Gamleti» bilýäris. - Näme üçin «Korol Lir», näme üçin «Gamlet»? Indem, ynha, Mollanepes? - diýip, men telim ýyl bäri böwrümde ýassanyp ýatan sowaly Anna Melä berýärin. - Onda... ýene «Korol Lirden» başlaýaly!—diýip, Anna Meläýew ýylgyrýar. - Korol Lirem, Gamletem, meniň aňyşymdan, ýekeligiň, ýalňyzlygyň simwoly. Şol ýalňyzlygyň üsti bilenem kän zat, gaty uly pelsepe gozgalypdyr... - Mollanepesem diýdik... - diýip, men ýatladýaryn. - Mollanepesem şeýle şahsyýetleriň derejesindäki adam. Onuň «Zöhre-Tahyr» eserini döredişi, ýeke özüniň gurjaklar bilen gürleşip, dessan ýazyşy hakda il içinde öňden gürrüň bar. Jumadurdy Tirkeşow şu spektaklyň edebi esasyny ýazanda, şol gürrüňlere-de daýanypdyr. Monospektakl üçin gaty laýyk bir esas-da! ... «Çeke-çeke ýekeligiň derdini» diýip, haýsydyr bir aýdymyň setiri gulagymda ýaňlanyp gidýär. - Sende ýalňyzlykdan ýa garasöýmezlikden, terkidünýälikden nam-nyşan göremzok ?! — diýip, ýene bir duşuşykda Anna Melä ýaňzytdym. - Tüweleme, dost-ýarlaryň, kärdeşleriň, talyplaryň arasynda-da, maşgala durmuşyňda-da alaýaz ýaly! Onsoň, Korol Lirda-da Gamletdir Mollanepes bilen nähili «düşünişip» bilýäň? - Özgeleriň ýüregine düşünip, başgalaryň keşbine girip bilmek ukyby bolmasa, ondan aktýor bolmaz-a! Sungat diýlen jadyly dünýäniň syrlaryna aralaşmak üçinem, ilki şol beýikleriň derdine, olardan miras galan düýpsüz pelsepäniň gadyr-gymmatyna düşünmeli. ...Ýene bir duşuşykdaky sowal-jogapdan: - Anna, tomaşaçylar seni «Jemalyň daragty», «Watan ogly», «Mährem çynar», «Bagt guşy» ýaly çeper filmlerde-de gördüler, haladylar. Ýöne... o taýda sen ýeke däl-ä, birgiden «garşydaşlaryň» ýa-da «pikirdeşleriň» arasynda, özem şolar bilen şeýle goşulyşyp, sazlaşykly oýnap bilipsiň... Gepiň külesi, meniň ýaňzytjak bolýanym aktýor üçin teatr sahnasy bilen kinonyň arasyndaky mese-mälim tapawut hakda. Monospektakl bilen kinonyň aýratynlyg-a, meniň pikirimçe, Ýer bilen Gök ýaly... Şol tapawut, şol aýratynlyk saňa päsgel berenokmy? - Sungatyň düýbi, gözbaşy bir. Ýöne, elbetde, teatryň öz mümkinçilikleri, öz dili bar, kinonyňam. Şol dilleriň ikisine-de düşünip, ikisinde-de gürläp bilmek, başgaça aýtsak, dürli žanrlarda oýnamagy başarmak her bir aktýoryň arzuwy bolsa gerek! - «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly halkara teatr festiwalynda, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplaryndan düzülen döredijilik toparyň bilen «Leýli-Mežnun» spektaklyny tomaşaçylara görkezdiň. Spektakl gaty gowy garşylandy. Şol toparyň bilen taýýarlan «Habyl bilen Kabyl», «Kämillige ýol açan döwür» atly spektakllaryňam Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň sahnasynyň bezegi. Şol spektakllaryň hersiniň aňyrsynda gaty agyr zähmetiň ýatanlygyna-da düşünen düşünýändir. Indi sowal şeýle: sungat äleminiň bir çetinden ýaňy ätlän, känbir sahna tejribesi bolmadyk ýaş aktýorlar-talyplar bilen işleşmek kynrak dälmidir? - Talyplar bilen işleşmegiň bir zady gowy: olarda ägirt uly höwes, ýaşlyk hyjuwy, joşgun bar. Şol duýgular bolsa biziň häzirki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri bilen juda kybapdaş gelýär. - Sözüň soňunda, dürli halkara festiwallarda, bäsleşiklerde alan baýraklaryňy, sylag-serpaýlaryňam ýene bir ýatlalymy? - Eziz Arkadagymyzyň keremli elinden «Türkmenistanyň halk artisti» diýlen belent at-dereje almagym meniň üçinem, maşgalam üçinem iň uly baýrak, iň uly bagt! ...Başda belleýşimiz ýaly, Anna Meläýew häzir Türkmen döwlet medeniýet institutynda aktýorçylyk ussatlygy boýunça talyplara sapak berýär. Onuň ýekelikde düýbi tutulan ussahanasynda indi onlap şägirt Anna Meläýewiň ýolbaşçylygynda, aktýorlyk hünäriniň inçe syrlaryny ele alýarlar. Bir şineden kök alyp gaýdan bu ýaş bagyň geljekde has bol hasyla durmagyny arzuw edýäris! Kömek KULYÝEW, ýazyjy, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |