17:10 Bohlulyñ behişt satyşy | |
BOHLULYÑ BEHIŞT SATYŞY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Bir gün Bohlul derýanyñ ýakynynda bir ýabyñ kenarynda oturan eken, işi bolmany üçin, çagalar ýaly gül ýapraklaryndan birnäçe bakja ýasan eken. Şu pursatda Harunerredişiñ aýaly Zübeýda şol ýerden geçip barýan eken. Ol haçan-da, Bohlulyñ golaýyna gelende, ondan: - Bohlul, näme işläp otyrsyñ? - diýip soraýar. Bohlul: - Behişt ýasaýaryn - diýýär. Harunyñ aýaly: - Ýasan behiştleriñden satmaýarmyñ? - diýýär. Bohlul: - Satýaryn. Zübeýda: - Näçe dinardan. Bohlul: - Ýüz dinardan. Harunyñ aýaly şu ýol bilen Bohlula kömek etmek isläni üçin, dessine hyzmatkärine Bohlula ýüz dinar bermegi buýurýar. Hyzmatkär-de puly Bohlula berýär. Bohlul "dilhaty gerek dälmi?" diýende, Zübeýda "ýaz-da getiräý" diýýär. Şeýle diýýär-de, öz ugruna gidiberýär. Bohlul alan pullaryny garyp-gasarlaryñ arasynda paýlaýar. Zübeýda şol gije düýş görýär. Düýşünde ol özüni bir uly ajaýyp gözel bagyñ içinde duýýar. Ol bagyñ içindäki hemme ymaratlar we köşkler ýedi reñkli göwherler bilen oñat hili bezelen eken, owadan güller, dürli agaçlar, akyp ýatan arassa suwly ýaplar onuñ bezegini has-da artdyran eken. Hyzmatkärler we görmegeý kenizleriñ hemmesi onuñ hyzmatyna taýyndylar. Olar tylla suwy bilen ýazylan dilhaty hem berip: "Şu seniñ Bohluldan satyn alan behişdiñ" diýýärler. Haçan-da, ukudan oýananda Zübeýda begenýär we gören düýşüni Haruna gürrüñ berýär. Şol günüñ ertesi Haryn Bohlulyñ yzyndan adam iberýär. Bohlul gelende, oña ýüzlenip: - Bohlul, men senden isleýärin, şu ýüz dinary menden al-da şol Zübeýdä satan behiştleriñ ýaly birini-de maña sat - diýýär. Bohlul onuñ bu sözsne jakjaklap gülýär, soñ: - Zübeýda düýş görmänkä satyn aldy, sen şony eşidip satyn almak isleýärsiñ. Emma welin, saña satmaryn - diýýär. Pars dilinden terjime eden: Aşyrpur MEREDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |