05:59 Bolşewigiñ gelinligi / hekaýa | |
BOLŞEWIGIŇ GELINLIGI
Hekaýalar
Doňňara daşa çalym edýän dünýä tigirlendi gidiberdi. Öňki sus demir ýoluň üsti indi ala-şakyrda öwrüldi. Otly ýoluň ugry bilen at üstüne çykan adamlar al baýdaklaryny pasyrdadyp geçip gitdiler. Olaryň arasynda Akmyradam bardy. Ol öz obalarynyň deňine gelende, atyny ilki öýlerine tarap sowdy-da, öz göbek ganynyň daman ýeri bolan garyp külbäni saklap oturan kakasy bilen görüşdi. Soňra dor atyny säpjedip, oba itlerini örüzip, demir ýola ýakyn oturan Aýjemallaryň kepbesiniň deňinde daýandy. Aýjemalyň kakasynyň çölde goýun yzynda gezýändigini çaklady-da, Aýjemalyň ejesiniň adyny tutup gygyrdy: – Ogulgerek eje! Aý, Ogulgerek eje! Kepbäniň gapysyndan Aýjemalyň ýüzi görnüp gitdi. «Aýjemal! Aýlar-ýyllar arzuw edip ýören Aýjemalym! Seniň başyň dik eken!» Akmyrat ýüzünden däne-däne bolup syrygýan derini syldy. Onýança Ogulgerek eje hasanaklap, kepbeden çykdy. Güne bakýan ýaly, gözlerini bürüşdirdi-de, at üstündäkini tanamaga synanyşdy. – Salawmaleýkim, Ogulgerek eje! Men Akmyrat papak. Tanadyňyzmy? – Wi-i, Akmyrat diýsene. At üstünde görnüpsiň-le? – Hä, bize-de jylaw ýetäýjek öýdýän. – Akmyrat kepbä garady. Gapynyň agzynda salgym atýan zada gözi düşmedi. – Ogulgerek eje, men-ä däliden dogry habar aýtmaga geldim. Häzir Guşga geçip barýan. Çalt dolanaryn. Ýöne Aýjemala hiç kim milt edäýmesin. Aýjemaly alan adamy ataryn. – Akmyrat atyny yza öwürdi. Onuň sesi has-da haýbatly çykdy. – Eşidýärmiň, Aýjemal? Kepbäniň gapysyndan Aýjemalyň ýüzi görnüp gitdi. Akmyradyň aty öňürdikläp, tozan turzup gidensoňam Ogulgerek eje aňalyp galdy. Birdenem ol hyrra yzyna öwrüldi-de, kepbä girip barşyna aglamjyrady: – Wah, gara bagtym-eý! Hernä papaklaryň tozsun-da. Aýdýany näteňet? Dünýäniň ýumrulyp ýörşüdir, janlarym. Wah, «gyz dogurdym diýme, gowga turuzdym diý» diýenleri başyma indi. – Gowga turuzmaz, eje – diýip, Aýjemal ony köşeşdirmäge, synandy. – Akmyrada näbeletmi näme? Öz obamyzyň oglanydyr-da. – Näme çyksa, öz obaňdan çykýar. Özge kişi gelip depeşek gurap duranok. Wah, wah-eý, ýaşymyň soňunda görjek günlerim ýaman boldy öýdýän. Senem ýalňyz gyz bolup doganyňdan dogman geçseň bolmaýamy?! – Eje, biderek ýere zeýrenip oturmasana. – Hä, biderek ýeredir bi. Seniň gözleriň häli nämäni görýär? Ol Akmyrat papak diýýänlerini menden gowy tanaýan ýokdur. Olmy? Onuň turuzýan tozany ýaly tozan turzubilýän bi jelegaýlarda ýokdur. Ol äteňenälediň papak geýip ýörşüni görmeýärmiň? Ho-ol öňräk saryja murtly esgerleriň gözläp ýöreni hem şol artypmyş-da. Ogulgerek ejäniň ýüregi az-kem düşüşdi. Ol gyzynyň mele gözlerinde, gunça dodaklarynda, agaryp-gyzaryp, öwşün atyp duran ýaňaklarynda begenç alamatlaryny görüp, iňkise gitdi. Aýjemal ejesiniň siňe-siňe bakyşyndan sowulmak isläp, sowan suwly tüňçäni daşaryk alyp çykdy. «Ejem henizem duýanog-ow. «Akmyrady menden gowy tanaýan ýokdur» diýýär-ä. Tanamasyna-ha menden gowy tanaýan ýokdur. – Aýjemalyň öz-özi ýylgyrdy. – Akmyrat-da. Göni depäňden inýär. Indi ýene ýitirim bolandyr. Gije dagy dolanaýmaz. Aýda gelsin, aman gelsin. Ýöne birek-birege iç syryňy pyşyrdaşyp aýdaýsaň. Ol bolsa «Aýjemala milt edeni ataryn» diýýär». Aýjemal bir ýerde karar tapman, ýene öýe girdi. – A gyz, Aýjemal, ýaňky saňsar ýönelige-hä beýdip, birden-bire gelen däldir. Sende bir gep bar bolaýmasyn? Aýjemal uýaljyrady. Emma ejesi bilen düşünişmäge amatly pursat gelendigini duýup dogumlandy. Ejesiniň gözleri bilen gözlerini sataşdyrmajak bolup, ýüzüni kese sowup gürledi: – Eje, indi men çaga däl. Aga-gara düşünerçe boldum. Gürrüňini uzakdan aýlap başlan Aýjemal Akmyrat bilen baglanyşykly pursatlaryň ýakymly ýatlamasyny başynda aýlap, biçäre enäni ynandyrmaga jan etdi. Ogulgerek eje gyzynyň gürrüňini diňläp: – Saçy kesilmiş, sen-ä bireýýämden bäri hyňzap ýören ekeniň-ow – diýdi. Emma onuň sesindenem, garaýşyndanam hiç zat aňyp bolmady. Belki, oňlandyr. Eneleriň köpüsi oňlaýan zadyny hem kän bir aýdyp ýörmeýärler. Perzentleriniň özüniň düşünmegi üçin aýap goýýarlar. Ogulgerek eje-de şeýtdimikä? Ähtimal. Aýjemal hem öz gürrüňlerini ejesi oňlady diýip hasap etdi. «Akmyrat dälişgeräk bolsa-da, onuň dogruçyllygyny, iş başarjaňlygyny, mertligini halaýar – diýip oýlandy. – Akmyrat garyp bolsa-da, halamazça ýigidem däldir». Ýigit diýen söz Aýjemalda ýakymly duýgular oýardy. Onuň «ýigit, ýigit» diýip pyşyrdasy geldi. Sebäbi «ýigit» sözüniň aňyrsynda Akmyrat diýen mukaddes at Aýjemaly çoýup durdy. Akmyradyň gidişi-gidişi boldy. Ol hakda diňe gelen-geçeniň üzlem-saplam gürrüňleri gulaga degýärdi. Bir gürrüňde Akmyradyň goşundan öňe saýlanyp, atyny ýüzin saldyryp barşyna, garşydan gelýän goşunyň içine kürsäp urşy hakda gürrüň berilýärdi. Ol iki ýaňa darap ýörşüne, duşman baryny atdan agdaranmyş. Şol barmana biri ýeňseden gylyç salyp, Akmyradyň kazasyny dolduranmyş. Başga bir gürrüň Akmyradyň öz toparyndan aýra düşenligi hakdady. Onuň ýylgynlygyň içinde ýeke galandygyny duýup, duşmanlar onuň daşyny gabapmyşlar. Akmyrat şonda şeýle bir söweşenmiş welin, elli adamy dagy dolanyp ata münmez ýaly edenmiş. Şonda-da duşmanlar Akmyrady gola saljak bolup dyzanmyşlar. Akmyrat aty bilen bile özüni Murgaba oklanmyş. Şol zyňşy-zyňşymyş. Bir çümüpdir-de, gaýdyp çykmandyr. Ýene bir gürrüňde Akmyradyň öz ak telpeklileri bilen oba-oba aýlanyp, garyplardan: «Kim saňa zulum etdi» diýip sorap ýörendigi aýdylýardy. Ol garyplaryň görkezen adamynyň ýakasyndan tutup, maňlaýyndan bir ok berip gidiberýärmiş diýilýärdi. Akmyrat hakda başga-da köp gürrüňler eşidilýärdi. Bütin Murgaba dabarasy dolan goç ýigidiň ykbaly hakda hiç hili anyk habar bolmansoň, Aýjemal ol gürrüňlere kän bir ynanyberenokdy. Aýjemalyň ynanyşyça, Akmyrat ölmeli ýigitlerden däldi. Akmyradyň gören görgüsi köp bolansoň, ol ölüm bilen öwrenişen ýalydy. Aýjemal Akmyradyň gaýraky gonamçylykda saryja murtly esgerlerden gizlenip ýatan ýerini göz öňüne getirdi. «Diri halyna ölüler bilen ýatmaly boldy». Aýjemal Akmyradyň gorp atan gabyrda näçe wagtlap ýatanyny bilmese-de, gizlinlikde onuň yzyndan iýer-içer ýaly zat daşaýşyny, Akmyradyň sakgal-murtuny ösdürip, horlanyp ýatyşyny, bir gezek baranda: «Aýjemal, sen biziň näme üçin göreşýändigimize düşünmeseň-de bize uly kömek edýäň. Bilýäňmi, patyşanyň nökerleri, baýlar bizi bäş aýlap gabyrda ýaşatsalar, biz olary ömürlik gabyra dykarys. Ine görersiň. Şeýle bir düňderilişikler bolar, şonda baýlar gabyra dykylyp galar. Garyplar, ýetim-ýesirler bolsa dünýäde öz hakyny alyp ýaşap başlar» diýeni ýadyna düşdi. «Akmyrat göwnüni bire baglan bolsa, onuň almajak galasy ýokdur» diýip oýlandy. Akmyrat bu günler diňe düýşde görünýärdi. Ol köplenç Aýjemallaryň kepbesiniň ýanynda atyny keserdip dur. Aýjemal uzyn saçlarynyň örümini çep eli bilen gysymlap, uýaljyrap, atyň jylawyndan tutýar. Emaý bilen gabak astyndan mähirli garaýar. – Atdan düşäý, oglan. – Men gyssanmaç. Akmyradyň şol öňki pertligi. – Düş, bir käse çaý bereýin. – Çaý içilýän döwür heniz gelenok. Aýjemalyň elindäki jylaw silkilip alynýar. At Akmyrady näbelli tarapa göterip gidýär. Aýjemal Akmyradyň bu hereketi üçin ynjamaýar. Gaýta oňa Akmyradyň gönümelligi ýaraýar. «Şol öňki Akmyrat-da» diýip, inçe tozana garap durşuna guwanýar. Aýjemal indi Akmyrada duşaýsa: «Meni-de ýanyň bilen alyp git. Seniň duran ýeriňde durubilmejek bolsam, adym Aýjemal bolmasyn» diýmegi ýüregine düwdi. Soňky günler, näme üçindir, gudaçylyga gelýänlerden ýaňa ojakdaky gara tüňçe hem tiz-tizden lakyrdamaly boldy. – Näme, indi gyzyňyzy garratmajak bolsaňyz, biziň bilen guda bolaýyň – diýip, gelenler söz açýardylar. – Wah, aýdýanyňyz dogry-la. Ýöne, ynha, eşidensiňiz-le, Akmyrat diýen bir bela döredi. Ana, şol «Aýjemaly alan adamy ataryn» diýip küpürsäp gidensoň, biz-ä öz maşgalamyzdan elimizi sowadyp oturandyrys – diýip, Ogulgerek eje-de ýagdaýy bolşy ýaly aýdýardy. Şeýle bolansoň, gudaçylyga bir gelen ikilenç gara bermeýärdi. Muňa Aýjemalyň ýüregi bökýärdi. «Akmyradyň akylyny» diýip haýran galýardy. Emma oba mirabynyň iberen sawçylary bir gelip, iki gelip goýmady. Jammyldaşyp, dürli gep tapýan aýallar, Ogulgerek ejäniň ugyny ýekeläp başladylar. Ol bir gepinde «geliberiň bakaly» diýenim eken. Aýjemal bu ýagdaýdan howpurgap başlady. Akmyratly gürrüňlere gulak gabardyp, ol hakda anyk bir habar eşidesi geldi. Emma il gürrüňi bir arapdan, bir şarapdan çykýardy. Emma şol günleriň birinde Aýjemal obanyň gaýrasynda oturýan Myrat ýagçylardan nebit ýagyny almaga baranda, Myrat ýagçynyň gyzy Soltan onuň gulagyna pyşyrdady: – A gyz, eşitdiňmi, Akmyrat papak dagy Guşgudan bäri gaýdanmyşlar. Şu gün kakam Ýolötende Anton ýagçyňka baranda eşidipdir. Guşgy töwereginde galtaman goýman gyranmyş diýýärler. A gyz, onuň yzyna düşüp ýören ak telpekli köpmüş. Akmyrat bir ýumuş buýurdygy beýlekiler ylgaşyp bitirýämişler. Aýjemal bu gürrüňi ahyryna çenli diňledi-de, parhsyz görnüşe girdi: – A gyz, bu gürrüňi maňa näme üçin aýdýaň? Men Akmyradyň adaglysy däl... – Adaglydanam beter sen. Bolmasa, kim ataryn diýer tüpeň çenär durar? Öýe gaýdyşyn Aýjemalyň göwni galkdy. Onuň bu habara çyny bilen ynanasy geldi. Sebäbi şol habar dogry bolaýsa, miraplaryň aşyna zäher gatylýardy. Şu pursat ýürek Akmyrady biçak küýsedi. Ol ýoluň ugrundaky tuduň kölegesinde söýenip durana ünsem bermedi. Ol mirabyň ogly Akydy. Aýjemal deňine ýetende Aky ardynjyrady. Aýjemal tisginip gazaply bakdy. – Aýjemal, bir salym aýak çek. Siz bilen guda bolýas. Aýjemal haýallady. – Razy däldirin. Akmyrat atar. – Akmyrat dolanasy ýok. Aryp-ýazyp dolanaýsa-da, seniň üçin atylmaga razy, Aýjemal. – Menden razylyk ýok. Aýjemal ädimini batlandyrdy. Aky birki ädim ýöredi-de, eşitmez öýdüp gaty gepledi: – Razy bolaý, bolmasa, süýrärin... Aýjemal howsalaly gaňrylyp bakdy-da, has batly ýöräp, gözden ýitip gitdi. Ol öýlerine gelensoňam rahatlanyp bilmedi. Ejesine aýtmasa-da, Ogulgerek eje gyzynyň howsalasyny duýdy. Ýöne sesini çykarmady. Aýjemal çykalga gözledi. Emma hiç bir çykalga anyk kepilnama bermänsoň, nirä giderini, näderini bilmän köp ýaýdandy. «Wah, Akmyrat, Akmyrat. Hi meni ýatlaýaňmy? Ne günlere düşdükä diýip, hi bir gezejik dolanmazmyň? Meni ejiz saýýandyrlar. «Dogan-garyndaşy ýok, kakasynyň hem elinden geljek zat bolmaz» diýýändirler. Ýok, meniň Akmyradym bardyr. Arslan ýürekdir. Her ýerde bolsa-da ýetişmelidir». Emma Akmyrat ýetişjege meňzemeýärdi. Aýjemal iki gijäniň şöwrüni çekdi. Uzak garaşsa bir gowganyň turjagyny ýüregi syzyp, nirädir bir ýana baş alyp gidesi geldi. Şol günüň gijesi Aýjemal ýüregini bire baglady. «Näme bolsam, şo bolaýyn. Ýöne bagtyma çapyp bolaýyn. Belki, maňlaýymyzdan Gün dogsun-da. Akmyrada duşsam-a, ne ýagşy. Duşmasamam, täze hökümeti tapyp, arzymy aýdaryn». Aýjemal daşkyrak goňşularynyň baýtalyny eýerledi-de, demir ýoluň ugruny syryp, «Niredesiň, Guşgy?» diýip, ýüzin salyp gitdi. Aýjemal her garadan eýmenip barşyna, inçe umydy üzeňňi edinipdi. Her öwrümden geçende öňünden al baýdagyny pasyrdadyp Akmyrat çykaýjak ýaly duýgy bilen uzak gitdi. Jahan ýagtyldy. Aýjemal gündizlerine gitmegi howply hasaplady-da, öňe az-kem gidişi ýylgynly tokaýa sümmegi niýet edindi. Şol barmana uzakdan topar atly göründi. Aýjemal oýlanyp durmady-da, jylawy tokaýa tarap çekdi. Ýylgynlaryň arasyndan jyklap durşuna, ýakynlaşyp gelýän atlylary howatyrly synlady. Ak telpeklerdäki gyzyl zolaklary görüp ynjaldy. Çapyla-çapyla lüti çykan baýtaly tokaýdan idip çykyp, atlylara tarap ugrady. Şol pursat ak telpekleriň arasyndan bir atly Aýjemala tarap süýnüp gaýtdy. Oraz ÝAGMYROW. | |
|
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça / hekaýa - 25.11.2024 |
√ Syrly dagdan / hekaýa - 24.12.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |