BOÝDEREK HAKYNDA IKI HEKAÝAT
I.
Uly bagda ýetişdi bir Boýderek,
Armany-ahmyry ýok bolsa gerek.
Kemsiz boýun alyp, ýaýnap-ýaýraýar,
Ujuna seretseň başyň aýlaýar.
Haýrana goýýardy her bir göreni,
Bu baharda kesdiler Boýderegi.
Uzak goýmadylar ambarda ýygnap,
Sütün ýasadylar, timarlap-ýylmap.
(Paýhaslylar “gaýyp” diýýärler bagty
Hemem bar diýýäler her işiň wagty.)
Boýderegi has mynasyp saýdylar,
Ymarata sütün edip goýdular.
Daýhanyň yhlasyn, zähmetin haklap,
Dur ol ymaraty egninde saklap.
...Össeň hem örňeseň tämizlik bilen,
Maksada ýetilýär kämillik bilen.
II.
Suwuň gyrasynda ösdi Boýderek,
Diýdiler: “Uzyn boý nämäňe gerek?”
Diňlejegem bolman gürrüňiň soňun,
Şahalaryn ýele oýnatdy oýun.
Aýdym aýtdy şabyrdadyp ýapragyn,
Esretdi,
mes etdi
güýji topragyň.
Bir saýrap,
bir oýnap,
ol ýaýrap barýar.
Ujuna seretseň baş aýlap barýar.
...Bir gün güýçli şemal öwüsdi birden,
Deregiň köküni sogurdy Ýerden.
Ýyldyzlara sary meýl eden Derek,
Ýatyr, arman çekip, arzuwa derek.
Daşyna üýşenler diýdiler şonda:
“Diňlemedik zadyň diňlegin onda!
Ösdüň hem örňediň, goýmadyň kemin,
Emma her bir işde bolmaly çeniň.
Beýle arman çekip, ökünmerdiň soň,
Boýuňa göräräk kök uran bolsaň.”
...Aldanmak – armandyr, arzuw, oýuna,
Kök urman guwanmak bolmaz boýuňa.
Azymberdi KAKAÝEW.
Goşgular