11:59 Bäşgyzyl -12: romanyň dowamy | |
ON IKINJI BAŞ
Romanlar
Mälik, Saparmyrat ýaly ýaşlaryň, Hydyr haýran, Bapby serhoş ýaly hünärmenleriň ellerinden çykan kebşirleýji awtomat enjam Dawut pygambere berlen sadakadan soň kemçilik tapman işledi. Enjamyň beýnisine salnan manysyz düzgün boýunça günde 2,2-2,25 kilometrlik gaz geçiriji tokurtgalar kebşirlenip maşynlara ýüklenilýärdi. Işiň ugrugyp gidendigini Mäligiň ýüzünden aňsa bolýardy. Ol begenjinden «Daglar düň-düň-düňňürlendi» diýmän «Tokurtgalar düňk-düňk düňňürlendi» diýip aýdyma gygyrýardy. Indi öňküler ýaly ýük çekiji maşynlaryň garaşyp durýany ýokdy. Azyndan bir hepdelik, on günlük ýükler taýýar edilip basylyp goýulypdy. Şeýle ýagdaýda Mälik enjamyň herekedini duruzyp käbir gurallaryna seretmegi, ýaglaýyş işlerini geçirmegi ýüregine düwdi. Günde bir däl, iki gelip gidýän Kaka Rejep enjamyň işi togtadylan wagty peýda boldy. - Näme, jalaý, bir ýeri kem tapdymy? – diýip ol Mälikden howsalaly sorady. - Ýaglaýyş geçýän! Bu-da näme Hydyr haýran kakam ýaly ýagly zat iýmese bolanok-da. - Ýagşy, jalaý, soňam-a sylagyňy ýetirin welin häzir ýanymda saklap ýören goçak sag bolsunymy gowşurýan! Eliňe güller bitsin, enjam maňlaýymyzdan diredi. Gorkmanam, durmandym welin, tüweleme, muny paçak etdiň! Men trestimiziň gujurly ýaşlaryna guwanýaryn. Olar diňe bir şu döwürde däl, ata-baba şeýle bolupdyrlar. Pederlerimiz ýaşlary akyldarlaryň eline berip, haýsam bolsa bir ugurdan ýokary hünär alýançalar okadypdyrlar, ýyldyzlaryň ýerleşişini, saglygy saklaýyşyň düzgünlerini, pelsepe ylmyny öwredipdirler. Ata babalar Hindistany, Müsüri dolandyranlarynda ýörüte mekdepler açyp ýaşlara hünär beripdirler, döwlet gaznasynyň ýanynda gazna işgärlerini taýýarlapdyrlar. Ýunanda akyldarlaryň okadýan okuwçylary üçin jogapkärçiliklerini ýokarlandyrypdyrlar, seljuk türkmenleriniň agalygy döwründe olary alymlaryň ýanyna berkidip ylymly ýaşlary taýýarlapdyrlar. Türkmenler «Şägirdi ussadyndan ozdurmasa kär ýiter» diýip ýönelige aýtmandyrlar. Görşümiz ýaly, ata-babalar çagalaryň bilimi üçin mugallymyndan sorapdyrlar, Emma görýäs welin sanjym etmäni bilmän atdan, itden, sygyrdan gorkuşyp aýlanyp ýören mal hekimleri bar... Biz indi Garaşsyz ýurdumyzda bu meselede babalaryň ýörelgelerine eýermeli! Dogry, ýeňillik bilen alynýan zat ýok! Siz, ine, enjamy düzjek bolup näçe horlandyňyz, ýöne, ahyryn paçak edip kämilleşdirdiňiz! Güýç ýetmese emel bilen aldyňyz, köp işläp, köp okap, köp öwrenip şular ýaly özüňe erk etmäni başarsaňyz almajak galaňyz bolmaz! Adam azap görmese edýän işiniň gadryny bilmez. Sizde bir gowy häsiýet bar, «Aý bolýa-da» diýip bu günki işi erte goýmadyňyz! Sag boluň! Giňiş günde dar bolan dar günde giňiş bolar etdiňiz. - Kaka, jemgyýetiň jemagaty bolan ýaşlar barada öwgüli sözleri atýdyňyz! Ol gowy zat! Ýöne adam diňe sag bolsun bilen oňanok! Ine, men, diňe men däl, hemmämiz iki aýa golaý öýümizi ýadymyzdan çykardyk. Işi ugrukdyrýançak sesimizi çykarmadyk, indi welin, aýtmasam bolanok! Parawbibi meni tanaman dursa nädeýin! Haýranlar galarsyň! – diýip Hydyr haýran ýagly elini süpürdi. - Parawbibi diýdiňmi? Şeýle gala Serdaryň ýigrimi kilometrlik günbatarynda dagyň gerşinde ýerleşýär, ol Horezm bilen Horasanyň arasyndaky söwda ýoluny birleşdiripdir, H asyrda Mahmyt Gaznaly tarapyndan derbi-dagyn edilipdir. - Hawa, başlyk, şol galada Bibi atly bir tebip gyz ýaşapdyr. Onuň ýüzüni görüp bolmaýar, mydama ýapynjaly gezer ekeni, hatda näsaglara derman edende hem ýüzüni açmaýar ekeni. Haçanda Masud Gaznaly galany alanda Bibi gaçyp gowaklaryň içinde gizlenip halas bolupdyr. Duşman gidensoň Bibi tebipçilikden düşýän gazanjyna galany dikeldipdir. Şol sebäplem oňa Parawbibi – ýagny parlaryň Bibisi diýipdirler. Meňem bulamakçym şol ýerlerden, adynada Bibi diýýärler, menem oňa Parawbibi diýäýýän! Haýranlar galarsyň! - Eýle bolsa, Parawbibiň tanaman durmazy ýaly, men seni, Mäligi, Saparmyrady iki günlik işden boşadýaryn! Gelýänçäňiz Bopba enjamy işleder... Oňa işi tabşyryň-da şu gün ugraberiň! Siz giden ýerinden getirer, baran ýerini bitirer diýenlerden. - Aý, sagja bol-a, başlyk, mun-a daş etdiňiz! – diýip Mälik elini çarpdy. Olar göni bir sagatdan özleri üçin ýörüte berlen maşyna münüp niredesiň Şatlyk diýip ýola düşdüler. Hydyr haýran näme üçindir ýatýan düşeginem ýany bilen alyp gaýtdy. - Näme etjek ony ýük edip, goýda bärde – diýip, Mälik oňa igendi. - Düşegi goýup bolmaz! Munuň hyrydary gyt däldir. Baryp-ha 50-60 ýyl mundan öň gyrkylan düýe ýüňi şu ýorganyň içindedir, artykmaç ýyly, pagtaňky ýaly gelen zady özüne çekip duranok, çygy kabul edenok, asyl özüne hiç zat almaýar. Bu ýorganyň astynda bir derläp bolsa keseliňden açylýarsyň! Pagta letderýärde gatan teletin ýaly bolýar, ýylylyk ýok. Köp ýyllaryň dowamynda bu ýorganyň daşynyň näçe gezek çalşyrylandygyny biljek däl, ýöne özümi bilip üç gezek ýorgany deňagramlylykda saklamak üçin her burçuna bir aşyk daňdym. Haýranlar galarsyň! - Alarlar öýdüp gorkýan bolsaň ambara salyp gaýdaýmaly ekeniň... Ýük edip... - Gerekli daşyň agramy ýok diýipdirler Mälik han! Maňa onuň agramy bildirenok! Haýranlar galarsyň! Möjek şopur «Gitgir atyň ýaly tekiz etde gatyrak sür senem» diýip, Hydyr haýran güldi. Maşyn ýol polisiýasynyň duran ýerine golaýlaşdy. - Hydyr han, bu beladan aman sypar ýaly bir doga oka! – diýip Möjek aga seslendi. Hydyr haýran nähilidir bir dogany içinden okap elini ýüzüne syldy. Geň göräýmeli, nobatçylar diňe bir saklamak däl, hat-da olara tarap seretmedilerem, edýän wagyrlary maşynyň warryldysyndanam güýçlidi. - Gördüňizmi! Gördüňizmi, dogaň täsirini! Haýranlar galarsyňyz! Hany, Möjek aga olara bermeli puluň ýaryny bärik al! – diýip, Hydyr haýran elini serdi. Muňa oturanlar hezil edip gülüşdiler... Mälik öýüne gelende ejesi sygyr ýatagy arassalap ýördi. Ogluna gözi düşenden ol «Balam gelipdir, guzym gelipdir» diýip gorsuldap ogluny gujaklady. - Eje men jähennemiň teýinden gelemok ahyr! Işden geldim! - Geleniň gowy guzym! Göresim gelip gitdi. Gözüm ýoluňda! Hany eşikleriňi çykarda ýuwun, onýança menem çaý gaýnadaýyn, nahar ataraýyn. Mälik jigileri bilen bolýan otagyna girip eşigini çalşyrdy, hammamda ýuwundy. Soň ejesi bilen kakasynyň bolýan otagynda ýazylan saçagyň başyna geçdi. Olaryň üç otagly jaýlary bardy. Maşgaladaky alty ogul, alty gyz şu jaýda ýaşaýardylar. Mälik maşgalada iň ulusy bolansoň erkek doganlary bilen bir otagda özünden kiçi jigisi Göwher gyz jigileri bilen bir otagda, ejesi kakasy bilenem bir otagda ýaşaýardylar. Maşgalada diňe Göwher ýokary bilim alyp Şatlykdaky ulaglar kärhanasynda işleýärdi, soňky iki inisi kakasynyň potradyna kömekleşýärdiler, galanlaram mekdepde okuwyny dowam edýärdiler. Gözel eje munça çagany ösdürip ýetişdirse-de diýseň sagat görünýärdi, hatda görk-görmegi hem öňküsini saklapdy, köp çaga dogurýan aýal sagat bolarmyşyn diýip ýönelige aýdylmaýardy. - Iý, oglum, iý! – diýip ejesi Mäligiň öňüne gowurma pitisini, çakylan ýumurtga, bir okara gatyk ýene-de tapan-tupan zatlaryny goýuşdyrdy. – Oglum çekilipsiň – welin, işiň kynmydyr? - Ýok, eje! Hezil işim bar! Bir nokady basýan üç tokurtga tigirlenip düňk edip dünýä inýär. - Oglum o näme tokurtga dogurýarmy? - Hawa, eje daş edip dogurýar. Käte ýagyny ýetirip durýas welin işläp dur. Menem oňa gözegçilik edýän, daş edip. -Eý, Hudaý, Aýa gondular diýip eşidipdim welin demir tokurtga dogurýany eşitmändim – diýip, ejesi ýakasyna tüýkürdi: - Ol iş howplumydyr oglum? - Ýok, eje gorkuly zady ýok! Toguna häzir bolaýmaly-da henekläp oturmaly. - Oglum, tokly ýeri barmyweri. Göwherjan gorkuly zady ýok diýýärem welin men gijelerine rahat ýatyp bilemok. - Eje gaty arkaýyn ýatgyn! Lükgeläp aýlyk getirsem ýüküň ýeňläýer, gezeriň artar. - Wah, şeýt guzym, şeýt! Maňa günde bir tamdyr nan gerek! Jigileriň iýjek, içjek, kakaň potradyndanam bolman duranok welin... Bilmedim-dä, şoňka ugruna däl. Güzap baryny görýär. Ulag tapsa ýük ýok, ýük tapsa ulagy, pagtasynam ýygnap ýetişenok! Jübüňde puluň bolmasa süýtdeş doganyňam dolanana öwrüler ekeni. - Eje, biz heniz ýeriň hakyky eýeleri bolup bilemzok! Aňymyz şoňa taýyn däl! Galyberse-de öňki döwürde aňy zäherlenen adamlar ýolbaşçy wezipelepde, olar daýhana peýda edenden başaryp bilseler badak atjak bolýarlar. - Guzym, ol beýle däldir-le. Kakaň gowy hasyl ýetişdirse hemmä abraý dälmi? - Ýok, eje! Daýhan özbaşdak bolsa ýolbaşçylar boş galýar. Onsoň her edip hesip edip öňki ýörelgäni sypdyrmajak bolýarlar. Kolhozyň ähli emlägini, maşynlaryny, uly mal ýataklaryny deger-degmezine satdylar, dargatdylar, daýhanyň aladasyny edýän bolsalar beýle bolmazdy ahyryn! - Bor-la, oglum, bu zatlary özleri gowy bilýändirler. Olara baha bermek bize galmandyr. - Eje, ine seniň şular ýaly pikiriň üçin-dä, biziň işimiz köp derejede agsaýar. Ol eşek ýykylsa habarym ýok, edýäs! Türkmeniň owarramçylygy-da... - Oglum, ataň aýal doganynyň bir gyzy Murgapda. Gözel eje gürrüňi başga ýana sowdy. Nurgözel daýzalar çakylyk etdiler. Kakaň bilen baryp gaýtdyk. Sen daýzaňy tanaýaň ahyr. - Hawa eje tanaýan! Çaga wagtlarym seň bilen toýlaryna hem barypdyk... - Şonda daýzaň «Ejeň dünýäden öteninden soň gatnaw galyp barýar! Meni ýatdan çykardyňyz» diýip kakaňa igendi. - Daýzam dogry aýdýar, garyndaşlyk gatnaşygy kesilmese gowy. - Onsoň bizem kakaň bilen şol gatnaşygy täzelemeli diýen netijä geldik. – Mälik eýýäm ejesiniň aýtjak bolýan zadyna düşünipdi. «Oglan aglar gün geçer, guzy mälär ýyl geçer» diýleni. Sen indi ýetişdiň oglum. - Eýle bolsa eje, gowy zat! Eliňiz boş wagtyňyz gider durarsyňyz-da! - Ýok oglum, sen düşünmediň! Oňa seň razylygyň gerek! - Eje, men bu ýere nireden düşdüm! Mälik çal beýni bolan boldy. - Biz seň üçin daýzyň gyzyny dilejek bolýas! - O nähili dilejek? Mal ýaly boýnuna ýüp dakyp alyp gaýdyberjekmi? - Oglum, biz oňa gudaçylyga barjak bolýas! - Şeý diýsene, eje! Daş edip meni öýlendirjek diýsene! – diýip, Mäligiň içi gülüp dursa-da öwsaýylyga saldy. – Haý näbileýinow, daýzamyň gyzy bilen jynym jyňkyryşaýsa. Näme işleýändir ol? - Ol otuz sygry potrada aldy. Sagymçy, elindenem dür dökülýär. Gobsunan guş uçman goýmazyna edäýdiň biz-ä. - Eje, men bir işçi adam, geljek gelin hem işçi bolsa, düşünişmek gowy boljakdy-da. - Ýagşam gep tapdyň... Wah, günüňe ýanaýyn. Işçi bolanyň haçan, kükregiňi kakmaň haçan. Sen daýhanyň çagasy, heý batnyksyz diýsänim. - Eje, gyzy özüm tapaýyn. Azar edinme! Söýüp-söýüşip aljak! - Ýagşam gep tapdyň! Bize sen söýşüp alanyň gerek däl! Men kakaň ýüzüni gelip bolup gelen günüm görüp galdym. Agzybir ýaşaşyp, çül-çagany dünýä inderdik, orallyga bardyk. Söýüşýänlerem görýäs, aýrylyşýanlaryň aglabasy şolar, garyplyk gapyňdan girse-de, söýgi äpişgeden çykar diýipdirler. - Eje sagymçy gelnim bolsa ondan sygyr ýatagyň ysy gelip durmaz-a! – diýip, Mälik Şiriniň ýanyna baranda mal ýatagyň özboluşly ysyny göz öňüne getirip «patanaklady». - Goý, samsyklama! Ejeň ömrüni sygyr sagyp ýör, ysy barmy? - Eje, sen başga gep! - Başga gep bolsa wadyrdama! Keliň päkiden gaçyşy ýaly maňa işden gelip ýatakdan gaçjak gelin gerek däl! Öýümiň mallarymyň diline düşünýän gerek! Sen gowusy gepleme. Biz eýýäm kakaň bilen bu meseläni bişirdik. Saňa ýöne duýduraýyn diýdim. Oglanlynyň aş mazasy ýok, sygyrlynyň göç mazasy diýleni. Biz etjek işimizi senden sorabam durmarys! – diýip ejesi hüňürdäp ýerinden turdy. - Eje, onuň ýalak bolsa men gyzyň ýüzüni bir göreýin ahyr, gürleşeýin. Belki kördür, laldyr... bir howa gyssama, onsoňam kakam «At alsaň sürüp al, gelin alsaň görüp al» diýýär. - Munyň başga gep... Görjek diýseň görkezeris, diýenimizi etmeseň hezilem bermeris! – diýip, ejesi daşary çykdy. Mälik aýtjak bolup ýaýdanyp ýören meselesiniň şeýle aňsatlyk bilen çözülendigine begenip iki bolup bilmedi. Oňa iki gün dynç almaga rugsat beripdiler, gaýdan gününi hasap etmeseň ertir dynç alyp bilýärdi. Ertirki gün onuň üçin eýýäm bellidi, ir bilen Saparmyrady tapmaly, onuň maşyny bilen sygyr ýataga baryp Şirini görmelidi. Häzir bolsa garaňky düşmänkä obadaky dostlary bilen salamlaşmalydy. Mälik şeýle niýet bilen gapydan çykan badyna, Göwhere pete-pet gabat geldi. - Salam doganjygym! – diýip Göwher ony gülüp garşylady. – Gabat gelenim gowy boldy. - Gelenimi nädip bildiň? - Kaka Rejep jaň etdi, size ertir ir bilen işe gelmeli diýdiler. -O-how, men zordan bir käse çaý içip ýetişdim ahyr. - Maňa aýdylyşy şeýle! Siziň ol AKGA-ňyz döwülenmişin, çaltrak barmasaňyz bolanokmyşyn. - Nämekan-aýt, ol döwülen akgamyz? Düşünmedim-le?! - Baryp düşünişäýmeseň bilmedim-dä! Özüň bilen gaýdan oglanlary ýygnap alyp gaýtsyn, Gurdam tapsyn – diýdi. - Ýeri, men olaryň ýanyna nädip baraýyn? Ozalam-a iki aý işde bolup gelip duruşlary. Halys eýerläp münäýýäler aýt! - Doganjygyň-a habar et diýip ugratdylar, ýygnamak üçin maşyn gerek bolsa hon-ha maşyn... - Ýarym güne ýaryş ýok diýipdirler, gitmeli bolsa ertir daň bilen maşyn öýe gelsin! Onýança men oglanlara duýduryp goýaryn. - Men-ä onda gitdim! – diýip Göwher bir döwüm çörege mesge çaldy-da galk-gulk etdi. - Göwher, sen nir-ä gyz! – diýip, Gözel eje gyzynyň yzyndan gygyrdy. - Eje, men edara baryp gaýdaýyn – diýip Göwher ejesi ýarylmanka öňüni gabzap, gulluk maşynyna mündi. - Bu nä zamana boldy gyz, gije-gündiz hars urup ýörler! Rysgal oňa bagly däl ahyryn – diýip, Gözel ejäň ýatakdan sesi geldi. Mälik eşiklerini geýip ejesine ýagdaýy düşündirdi, soňam Saparmyradyň ýanyna baryp, ýeňil maşyny bilen Hydyr haýranyň öýüne gitdi, onuň öýi Mara barýan ýoluň sag tarapynda ýol gyrada ýerleşýärdi. Hydyr haýran çig kerpiçden salnan kiçeýräjik oraçaň gapdalynda daňylan gaýalygynyň öňüne birki desse garaselme oklap durdy. - O-how, Mälik han, gezmäge geläýdiňmi? Hany gel, geç, çal içeris! Maşynda Kim bar? Çypbakaý çynmy? O-how. Saparmyrat çypbakaý, hany düş maşyndan! Düşenogam aýt, nätanyş ýere gelen ýaly, haýranlar galaýmaly! - Hydyr akga düşüp oturmaly-la! – diýip, Mälik ýöwselledi. - Gelmän-gelmän gelibem şuny diýjek bolsaň ýüzüňi görmen! Sen türkmen ahyr! Türkmen türkmeniň duzuny dadyp gitmese nähili bol! Bolmaz-a! Gaýalygymy nähili görýäň? Erkegem daýawdyr? Men durmuşymy düýesiz göz öňüme getirip bilemok. Şu lagar düşen erkegiň atasy, görnüşli gara erkek «kejebäň çekmäge ak maýa gerek» diýişleri ýaly, meniň gelinalyjyma gidipdi. Düýe «Işiginde bir çökenime ýamanlyk ýüzüni görkezsem bolmadygym» diýermişin. Düýe süýdi inçä ýoluganyň birebir emi, mesge ýaly agaranyny içdigiň ganşyrawugyňy tütedip gelýän çalyny aýtsana! Içibildigiň ruhuň täzelenip ýadawlygyň edil El bilen aýrylan ýaly edip taşlaýar! Haýranlar galarsyň! Bibi!... O-ho-ow, Parawbibi! - Nämem bir? – diýip orta boýly garagözelek garaýagyz, işine ezber, başy ýaglykly, maşgala öýlügine elini süpürip jaýdan çykdy. Onuň ýanynda serçäň çagajyklary ýaly gyzjagazlary bardy. - Hany, jalaýlara bir bulgur çal getir! Bol çaltrak özem, naharyňy taýýar et! Düýäni badaýynmy? - Öýe girip girmän müň ýumuş buýurdyň, haýsyna ýetişjegimi bilemok men-ä – diýip, Bibi çal almak üçin dalana girdi. - Düýe çal derman zatdyr! Hydyr haýran dulugyny sypalap «Hyh h, hyh-h, häýt peläket reňk ýaljakdyr» - diýdi. - Häzir men munuň budunyň aşak ýanyndan daňaryn. Bibim gelibem sagar! Lukman Hekim «Men ölsemem holl çöküp oturan düýe ölenog-a, baryňda daşyndan aýlanyberiň! Ol meniň ýerimi tutar» diýenmişin, haýranlar galaýmaly! Düýäň ygynda ýatýas, gäwüş gyýgynyň ysyndan dem alyp aşgazanymyzy bejertýäs! Ata-babalar muny keramatly mal hasaplap «Düýe ýa onuň ýüňi ýanyňda bolsa, arwah-jyndyr albassydan azar iýmersiň, göz degmez golaýyňa gelmez, ýöne ýüňünden jorapdyr düşekçe ýaly aýak astyna basgylanýan zatlary taýýarlamaly däl» diýipdirler. Haýranlar galaýmaly! - Hydyr haýran akga, siz düýe ýüňünden edilen ýorgany ýapynýarsyňyz, ol bolýamy? – diýip, Saparmyrat sorady. - Men ony aýak astyna basgyladamok ahyry! Hon-ha ýüpe asylgy açar çekmene sereet! Ony ýüz sany başboguly edip bilmez, emma Parawbibi «Edenine elýetmez dokanyndan suw ötmez» edip dokady... Şeýle däl-mi, Bibim?! – diýip, Hydyr haýran eli göweçli çal getiren aýalyna ýüzlendi. Bibi mylaýym ýylgyryp göweji Mälige uzatdy. – Al, iç, ýüwürjim, aýdan diýen kändir! Mälik içip boldy-da: «Gelneje diýýän-ä, çalyňyz-a söz diýer ýaly däl, ýöne akgamyň aýdyşy ýaly ganşyrawugyňy tütedib-ä baranok!» diýdi. - Ýüwürjim, bilmedim, şu günä şol şeýle! - Çaly merwerde tutansyň-da, päheýde welin! – diýip, Hydyr haýran aýalyna seretdi. – Agzy giň gapda çal tutsaň paşyrdap galan gaz ýokarsyndaky ýaýbaň gatygy jaýryp, uçup gidiberýär, gor küýzede tutsaň bolsa, gaňşyrawugyňy tütediji güýçli gazlar küýzäň dar bokurdagyna üýşen galyň ölümiň garşylygyny böwsüp bilmän saklanýar... Haýranlar galarsyň! Çal içdiňizmi? Hany öýe gireliň! - Hydyr akga men işli geldim. Habarymy alaýsaň... - Habar bolmaz! Duzumy dadyň, habaryňyzy soň diňlejek! Düýe geldi ýataga Boýny doly otaga Bol sagawer Bibijan Hydyr saňa sadaga – diýip, Hydyr hiňlendi, soňam – Siz azajyk saklanyň! – diýip, düýäň ala owsaryndan ýapyşdy, sagyma gelşip duran ak mapraç. Bibi bolsa boýnuna asylan gaby bilen «Herem, herem!» diýip sagyma başlady. - Düýe sagylanda şeýle aýtgy bardyr, galanyny Bibiň özi sagar – diýip ol oglanlary jaýa saldy. – Hany geçiň, oturyň şu ýerde! Çagalar, daýylar bilen «salam» ediňde geçiň o jaýa! Maýajan, tur jigileriň eşiklerini, oýnawaçlaryny ortadan aýyr... Baryň çykyň! Ejeňize saçak ýazmaga kömekleşiň! Oglanlar oturdylar. Saparmyrat sagadyny görkezip «turaly wagt ýok» diýýän ýaly elini bokurdagyna ýetirdi. Hydyr haýran orta güpjekleri oklaşdyryp – Men häzir dükana baryp geleýin! Size hezzet-hormat etmesem bolmaz! – diýip, çykmakçy boldy. - Akga, dogrymy aýdýan, biz gaty gyssagly. Oturmaga wagtymyz ýok! – diýip Mälik ýerinden turdy. – Habarymyzy alaýsaň: - Otur, otur! Bibi! O-how, Bibi! Gapyda eli saçakly Bibi peýda boldy. - Näme bir? Halys gygyryp alaýdyň-la! – diýip ol saçagy ortada goýdy. - Oglanlar gyssanmaç gelipdirler! – Nämäň bar bolsa çaltrak getirişdir. - Düýe gatyk, çal bar! Gowurma gyzdyryp otyryn! Häzir getirjek! – diýip Bibi çykdy. - Heleýi gowşak tutsaň bolmaz! Jalaýlar, sizeem akgaňlardan öwreniň! Öýlenseňiz gerek bolar oýun edýänle, Türkmende «Keçe göwünli gelnim bolsun, nirä çeksem şoňa gelsin» diýen aýtgy bardyr. Meňki şol. - Akga, men-ä habarymy aýtmasam bolanok – diýip, Mälik alňasady. Kaka Rejep gelsinler diýip habar ýollapdyr, şol agregat hatardan çykan ýaly. - Wah, şum habar bilen geleniňizi ýüzüňizdenem aýdym-la! – diýip, Hydyr haýran başyny ýaýkady. Men ony uzagraga çekdirip eşidesim geldi-dä... Bolsa-da, demir hem adama öwrenişjek ekeni! Bizi görmese tutgaýy tutýar! Haýranlar galaýmaly. - Biz erte daň bilen geleris, taýýar bolup otur! - Ýuwaş! Ýuwaş how! Parawbibim, muny eşidäýmesin! Öýden küşdümi berer! Ertä çenli ugruny tapjak bolaryn... Heý, seniň iş bolaýşyňy. Çagalarym meni tanamajak bolýarlar. Onsoňam men size ýygnan ýadygärlik daşlarymy görkezjekdim. Bibi gatyk, çal gowurma getirip saçagyň üstünde goýdy. - Keýwany, bular-a gowy habar getirdiler. Kebşirleýji «dogmamyz» azarsyz işläp durmuşyn! – diýip, Hydyr oglanlara gözüni gypdy. - Şeýle bolawersin-dä! Sizeem öýňüze myhman boluň ahyr! Kiçi gyzym sakalyňy görüp tanaman aglaýar. Siz iýip-içiň, häzir çaýam getirjek! – diýip Bibi çykdy. - Oturmajagyňyz çynyňyz bolsa... Hydyr haýran saçakdan nan alyp Mälige uzatdy. – Duz dadyň! Onsoň ýoluňyz açyk!... Bir döwüm alma, iki ýa üç al. Bir döwüm ýasyňky, iki döwüm toýuňkydyr. Şuny ýadyňyzda saklaň! Onsoňam türkmen hiç mahal saçagyň başynda aýbogdaşyny gurap oturýan däldir, ýeke dyz oturmaly. Nä wagt nä zamana! ... Siz, oglanlar, öwüt berýär, igenýär diýmäň! Öwüt adamyň ýüregini ýeňledýär, gözýetimini giňeldýär. Ýaşyň ulumy, bilýäniňi ýaşlara öwretmeli! «Emejin göle iki enäni emer» diýen gep bar. Şoňky ýaly sizem yhlas edip aýdylýanlary ýadyňyzda saklajak bolmaly. Oglanlar çörekden dadyp saçaga töwir etdilerde turdular. - Siz häzir nirä gitmekçi? – diýip, Hydyr sorady. - Göni Gutr dollaryň ýanyna! Onam alyp gel diýdiler! – diýip, Mälik jogap berdi. - Barsaňyz rugsatsyz pişigine nan oklaýjy bolaýmaň! Gaharlanar «Meň pişigim däl» diýer. Bir gezek ol dükança bir manat uzadyp «Şuňa düşýän peýniri çek» diýdi, satyjy «Bir manada peýniriň ysynam berjek däl» diýdi, Haýranlar galaýmaly! Diýseň hannasdyr. Ol çörekçisini öwüberseň bilmedim-dä! Wiý, ýogsada gelnejeň elini, aýasyny aşak etdi meň indii oglum bolar, Saparmyratjan! – diýip, Hydyr ýylgyrdy. - Çypbakaý çynyňmy, Hydyr akga? Ogul bolsa toý ederis, enşalla! – diýip, Saparmyrat hoşamaý ýylgyrdy. - Siz-ä wala, bejerdiňiz-ow! Saçymyň biti Hytaýyň bazaryna döndi, ýuwmaga elim degenok, ýene-de daň bilen... işe... Haýranlar galaýmaly! Bolýa-da, sag-aman baryň! Men gijesi bilen gurluşygyň piri Ybraýym Halyly çagyryp ýataryn... Maşyn ugran badyna Mälik – göni, sygyr ýataga sür, Şirin gaýtmanka ýetişeli! – diýdi. - O-how, Şirin çölde dälmi? - Mallary sagymçylara goýup gyş ýatagy bejermäge oba gelipdirler. Sür, sür, saklanma! Onsuzam Saparmyrat gyssanýardy welin, Mälik hasam «gatyrak sür» diýip goýanokdy. Agşamara maşynlaryň sany artypdy, beýle ýagdaýda gaty häzir bolmalydygyny sürüjä aýtmaly däldi. - Elim agzyma ýetse Mälik han, saňa bir wertolýet alyp berjek! Ýolsuz ýerden uçup söýgüliňe basym ýeteriň ýaly çypbakaý çynym! - Sen maňa erteki, otarma. Men häzir çaltrak barmaly. Şirin öýüne gidensoň ony nädip göreýin! Bol, daş etde sür! - Işde bol, bol diýip goýaňok! Indikiň nämaýt? Nesibäňde bolsa Şirin garaşar, bolmasa-da maňlaýyňdan gör. Maňlaýymdan-a nalamok! Muny nämeden bilýän diýsene? Kebşirleýji awtomat enjamy ýygnamany başardyk! Ol diňe bir biziň gurluşyk gurnama edaramyz üçin däl, trestimiz üçin, hat-da ministrligimiz üçinem diýseň uly üstünlik! Bir ýeri döwülendir. Ýogsa-da Akga bolanda näme bolýar aýt? Awtomat kebşirleýji gurnama agregat bolýamy? Hawa, şol bolýa! Ony barşyma daş edip bejerjegime ynanýan!... Walla, saçymdanam bizar boldum, zol ýüzüme düşüp dur – diýip, Mälik saçyny düzetdi. - Saçyň ýumşakdyr! Ýumşak saçly, adam birneme ýaýdanjaňrak, gorkagrak, bolýar, ýüregi ýuka, ýamanlygy bolmaýar. Ine, meň saçym gaty – bu batyrlygyň alamaty... - Aýnany açyp, şemalyňy bir bereýin... - Ýok, çypbakaý çynym! Mysal üçin düýäň, towşanyň, owlajygyň tüýleri ýumşajyk, gaplaňyň, ýolbarsyň tüýi gaty, serçäň, gumrynyň tüýi ýumşak, bürgüdiň tüýi gaty! Muny men özümden tapyp aýdamok! Ine, sen söýgüliňe gyssanýaň diýmek, bu gün bolmasa erte oňa öňlenersiň! Eger ynanmasaň garnyň üstüni barlap göräý! - Nämäni barlaýyn! - T.ý çykan bolsa öýlenmegiň kül-külüne düşenligiň alamaty! Çypbakaý çynym! - Erkek borsuň-da tüý çykmazmy, diýse-de Mälik elini sokup garnynyň üstüni barlady. - Bilýämiň, nämäň pikirini edýän? Ten bilen köňül bir-birine täsir edýär, gaharyň gelse teniň köňlüňe täsir edýär, sebäbi ten duýgynyň görkezijisidir. Köýül duýguny gizleýär, ten bolsa açýar. Meselem adamyň ýüzüne seredip gaharynyň gelendigini, gelmändigini, mylaýymdygyny, gyňyrdygyny bilse bolýar! Ine, men şu zatlary göz öňünde tutup, adamyň häsiýetini kesgitlejek bolýan! Çypbakaý çynym! Näme sesiňi çykaraňok? - Allatagala adama bir dil, iki gulak beripdir! Sen sakyrdap durkaň, gepläp bilmen ahyr. Indi menem saňa baha berjek bolaýyn! Eliňi hallaňladyp şallaklap ýören wagtyň dyzlaryň iki gapdala kelläň saga gyşarýar, oturaňda eliňi çep böwrüňe direýän, işiňi harsal bitirýän erbet adam däl, ýöne, gözüň içine çöküp durmasy edil maýmyn ýaly mekirligiňi aňladýar... Nätdim? Daş etdimmi? - Şun-a dost daş etdiň! – diýip Saparmyrat güldi. – Ýöne, menem saňa çypbakaý çynymy aýdýan! - Çynyňy aýdýan bolsaň Gurt dollara kesgitleme ber-dä! - Özüne aýtmasaň baha bereýin! Onuň güberçek damarlary gyzaryp duran tegelek gözi, ýaýbaň gaşy, çala, çepe gyşarýan burny bozulan kepbäň agaçlary ýaly tüýleri çykyşyp duran gulaklary bar. Bular mekirlikden, gysgançlykdan habar berýär, beýle adamyň diňe gyzy bolýar, çypbakaý çynym! - Bäh, mun-a daş edip bildiň-aýt! Ogly ýoguň orny ýok, gyzy ýoguň gadyry diýipdirler. - Isleseň Şirine hem häsiýetnama berip biljek! - Nätdiň-aýt? – diýip, Mälik galagopluk bilen oňa seretdi, soňam radioň nurbadyny towlap – gel, gowusy aýdym-saz diňläli-le! – diýdi. - Ýok, meniň pikirimçe oňa berjek baham erbet däl! Şiriniň gözi şar gara, burnunyň ujy ýasy, çep gözi azajyk güllüräk – munuň özi akyllylyk, parasatlylykdan habar berýär, ýöne söýgüde welin örän seresaply hereket edýär, ýüregini berenok. Mälik bu kesgitlemä ýagşydan ýamandan jogap bermän sazyň sesini gataltdy. Sazanda dutarda kasty bar ýaly. Gapagyň ýüzüne şabram-şabram daraýardy, käte şirwanyň bir ýerlerine ýetip pessaýlap aşak inýärdi. Melul ediji şirin owaz melhem ýaly süňňüne siňip barýardy. - Gulgeldi ussat çalýar! Täzegüliň garry babasy! Ýekeje sazy ýazylyp alnypdyr. Gör nähili ajap? – diýip Mälik saz gutarandan soň seslendi... Olar obaň içinden geçýän ýoluň iň soňky çatrygyndan saga sowulyp sygyr ýataga bardylar. Dogrudanam, ýatak bejerilýärdi, bu işe oba gelin-gyzlary çekilipdi. Maşyn säginen badyna Mälik kellesini çykaryp: - Gyzlar, Şirin ýegen barmydyr? – diýip geçip barýanlardan sorady. - Baryber, Şirin ýegeniň daýysyna garaşypjyk durandyr! – diýip gyzlaryň biri güldi. - Ýatagyň daşky agzynda duraly çykanda çagyrar ýaly... Häzir men ony synap göreýin... Tanarmyka? – diýip, Mälik maşynyň yzynda ýatan sypal sebedi kellesine geýdi, penjeginiň ýakasyny galdyryp, burnunyň aşagyna «murt» oturtdy. Garaňky mazaly düşensoň siňe seredäýmeseň ony tanap boljak däldi. Şirin ýetip gelende Mälik sesini üýtgeden bolup habar gatdy. - Gyzlar, siziň haýsyňyz Şirin diýýänleri bolmaly? - Men Şirin! – diýip Şirin maşynyň gapdalynda saklandy. - Mälik daýyň içi agyryp keselhana düşdi, size-de salam iberdi! Şony aýdaly diýip geldik! - Waý, keselhana düşdümi? Ýagdaýy nähili? Özi girip çykýarmy? - Ýagdaýy ýaman däl! Isleseňiz biz ony görkezip hem biljek! Maşina münüň! - Ýok, men nätanyň adamyň maşynyna münmen! Keselhanaň ýoluny özüm tapýan! - Bu maşyny tanaýansyňyz, sürüp oturan Saparmyrat! Ýadyňyza düşenokmy? Şirin maşynyň beýlesinden aýlanyp Saparmyrada seretdi. - Sapar dogan, asyl bu senmidiň? Dostuňa näme boldy? Eýgilikmidir? Habar gelenok diýip biynjalyk bolup ýördüm! Içi agyrdymy? Wah-wah-eý! Aý, hawa-la, ýylyssy bir zat iýip durmasaň... - Şirin gorkma, biz oýun edýäs! – diýip Saparmyrat dogrusyndan geldi. - Näme? Oýun edýäs! Hany onda daýym? - Daýyň, ynha otyr, myrdaryny aşyryp... Oýunda tutulan Mälik sebedini çykaryp «murtuny» zyňyp bialaç maşyndan düşmeli boldy. - Biz dogrudanam oýun etdik! Salam, Şirin! Şirin doňan ýaly boldy, soňam beýle-de garaşyp duran gyzlaň ýanyna ylgaşlap gitdi, ne habar aldy, ne habar berdi. - Şirin!... Şirin, dursana! – diýip, Mälik onuň öňüne geçdi. – Bagyşla! Men seni synap göreýin dýidim! - Synamak üçin şundan başga zat tapmadyňmy? Kelläň işleýşi şu bolsa... Aý, bolýa-da... senden az däl! - Şirin, men ýöne... Daýysyny gowy görýärmikä diýip... - Heý, daýymam bar bolsun, özümem! Şeýdip ýüregi ýarmaňda bolanokmy? - Men seni göresim geldi-de, rugsat alyp gaýtdym. Ertirem gitmeli! - Gitseň ýürek bulap gelmelem däl ekeniň! - Gürrüňim bardy-da. - Gürrüňiň bolsa aýt! Tiz bol, garaşyp durlar ýa-da ýene bir mojuk zadyňy gaçyrjakmy? - Ýok, indiki aýtjagym ikimiz üçinem ýakymlyrak zat! Ejem size gudaçylyga barjakdyr, kowaýmaň! - Gudaçylyga gelýän kowularam, beýlekem bor. Onsoňam ony garrylar çözerler. - A, sen näme? - Men, näme? Men şolaryň diýenleri bilen bolaryn! - Eger olar ýok diýseler? - Ýok diýseler ýok bolar-da. - Näme? – diýip Mälik oýun-oýun bilen işiň bulaşyp barýanlygyny aňdy. - Bir gezek oýun etdim welin öýkeläp näme diýýäniňi hem bileňok, öýdýän! Bagyşla diýdim-ä! Ýa diýmedimmi? - Aý, bolýa-da! - Indi sen türkmeniň täze baýy, ownukly irili ellä ýakyn sygryň, bäş-alty sany işgäriň bar! Şo güne ýetsem diýip arzuw etdiň, Garaşsyzlyk alynmagy bilen oňa-da ýetdiň! Ýöne, meni biynjalyk edýän zat baýlygyň artmagy bilen adam tanamaňy bes edäýjege dälsiň-dä? Obamyzda Döwlet baý diýen bir täjiriň ýanyna kakasy baranda ol «Ýaşuly men bu gün adam kabul edemok» diýýärmişin. - Samsyklamasana! Towugyňa tok diýilmedik-dä! - Ýok, dogrym, şeýle baýlar bar. - Onda olar baýlygyny halallyk bilen gazanan däldirler. Haram zat adamyň gözüni gapýar! Jyzlanyň ömri nähili bolsa olaň ömrem şeýle bolýar. - Dogry aýdýaň Şirin! Halal haramy saýgaryp bolýar! Ýaşulylaryň içinde seredýän welin malyň kem bolsa sanaýmalysy hem bar! Seň mallaryň ýagdaýy nähili! Gyşa taýýarlygyň ganymatmy? - Aý, meňkem bolýa-da, köýnek biçjek bolamda ýeňini tyrryk edişim ýaly, mal bilen işleseň mydama kemli bolýa-da. Şu ýyl mallaryň ädimi ýaman däl diýdim welin, iki göläm öldi. Kesel tapynypdyr. Bermejek bolsa bahana tapylýar. Ýatagy gyşa taýýarlaýas, birigün çöle ugramaly. - Allatagala bendesiniň hemmesine Deň rysgal berýän däldir, ýöne halal ýoluň rysgalynyň artyk bolýanlygy köre hasadyr. Men saňa... - Waý, ana kakam gelýär! Bol, näme diýjek bolsaň diý! Bolmasada men gitdim! – diýip Şirin gozgalaň tapdy. - Diýjek zadym, ejemi kowaýmaň! - Aý, bolýa-da... Ýagdaýyňyza seredip göreris! – Ol gaty-gaty ýöräp gitdi. Dogrudanam ýatak tarapdan Kertik aga bilen Baýram aga ikisi gürleşip ýetip gelýärdiler. - Indi telpegiňi ýere atyp arkaýyn gepleşip oturmaly döwür däl, Kertik aga! Işläp, onda-da halal işläp gazanmaly. Obamyzda iki adam bugdaý ekip gowy hasyl aldy. Şolar höweslener ýaly çaltrak puluny berseler gowy boljak! Ýöne zat bermedi diýip ýeri aldab-a bolmaz, onda giden saman üýşürersiň! – diýip, Baýram aga gürrüň berip gelýärdi. - Men şu mallary aljak bolamda arza baryny ýazdym! Prezidentimize hem birini iberdim, etrap häkimi «Sen ony maňa bermeli ahyryn» diýip kellämi iýäýdi, edil owsarly ýandak çeýneýän erkegiň geplejek bolşy ýaly, ýanynda-da eli kelte taýakly şallaklap duran bir daýaw pyýada, gara dere batyp dur! Eý, Hudaý, oň gözüni, edil et iýýän guşuň gözi ýaly... Et iýýän guşam özünden ejizlere palta salýar, onda rehim-şepagat bolmaz. Bizem näme, şeýle bir şatrap duran ýaşuly hem däl indi. – Kertik aga sygyr ýatagyň gözenekli derwezesiniň ýanynda saklanyp Baýram aga çykansoň içinden ýapdy, yzyndanam – Baýram, Sadapdan habar tutup gidewer, towuk ketegiň agzyny gulplasyn, şol çanak ogry peýda bolanmyşyn diýýärler – diýdi. Mälik geçeýin diýseň ähli ýerinden sümülip geçäýmeli sygyr ýatagyň keşdeli derwezesini ýapyp duran Kertik aga salam berdi. - Waleýkim essalam – diýip, Kertik aga salamyny aldy. Yzyndanam Kim aýt, sen? – diýdi. Mälik tasdanam «Men seniň gelejekki giýewiň, giýew geldi, han geldi» diýipdi, ýöne oňa derek «Men Şiriniň daýysy, Mälik!» diýip jogap berdi. - Hä, Mälik han, senmi? Agşamyň bimahal çagynda bu ýerde näme işleýäň? - Aý, Kertik daýym bilen salamlaşaýyn diýip, sowulaýdym... - Mälik han, hany göniňden gel-de, aýt, haçan, sen Şirini öz ugruna goýjak? Salamlaşaýyn diýen bolup... Pikir etme, garram bolsam, heniz aňymy ýitiren däldirin, bilgin, men saňa özümi oýnatman! Indiden beýlägem gyzymyň ýanynda seni görmäýin! Mal dugtary diýip bir gelen bolýaň, süýt alýan diýip bir gelen bolýaň, besdir... Türkmen beýle zady halaýan däldir. Oglan usully, gyz asylly gerekdir. - Bor, Kertik daýy, bor! – diýip Mälik zordan sypdy. Mälik maşina münende: Saparmyrat – Belany öz boýuňa satyn alýaň-da, walla salamlaşman gideniňde garaňkyda ol seni görýärmi diýsene – diýdi. - Aý, edil beýle bolaýar öýtmedim-dä, dogry söz ajy ekeni. - Wah, henizem sen ujyz sypdyň? Gijelikden minet çekäý, ýogsam, bir zady oýlap tapardy welin etek alty ýeň ýedi bolup gaçardyň... Olar obaň içine girip iň ilerki köçäň gutaran ýerine – Gurt dollaryň öýüne ýetenlerinde eýýäm agşam bir çene barypdy, onuň öýi asyl, «men bärde» diýip köçäni ýagtyldyp dursa nätjek. Gurt üç ýaşlaryndaky garagözeleje gyzjagazyny göterip dükanyň gapysyny açdy. Oglanlara gözi düşendenem daşaryk çykdy. - Gurt akga daşary çykyp durma, gyzyň üşär – diýip, Mälik seslendi. - Üşemez. Men muňa diňe pereň (fransuz) eşiklerini geýdirýän! Ýaponlaňkam erbet däl welin Pereňler nähilem bolsa öz kowumlarymyzdan... Pereňli men. - Çakym çak bolsa şujagaz eşik Maryň «Ýeňiş» tikin fabriginde tikilen bolmaly – diýip, Mälik Saparmyradyň häsiýetnamasyndan soň Gurda bolan garaýşyny üýtgedip ters jogap berdi. - Aý ýoga? Dogrudanam şeýlemaýt? Ol aýt, bu satyjy aýallaryň ýaramazdyklaryny... Özümiziňkini daşary ýurduňky diýip satýarlar. Haý, päliýamanlar diýsänim. Bibisoltana aýdarynda... - Gözüň bar-a, hatyny okap alarlar. Biz-ä gijirägem welin bir habary ýetir diýensoňlar geldik, bagyşlarsyň-da! Sen ertir ir bilen işe barmaly. Maryň gök bazarynyň ýanyndaky duralgadan ulag gidýär. - Bä, şeýle habar bilen geldim diýsene. Onda gidäýjekmisiňiz? Men size 1917-nji ýyldan bäri çykarylýan pullary görkezäýjekdim... Ýöne ony beýle gyssagarada görüp hem bolmaz... - Gurt akga, ony soň bir gün göräýeris! – diýip, Mälik onuň bilen hoşlaşdy. Şol wagt gapy açyldy-da, egni çowdary köýnekli, galamgaş gelin Gurduň elindäki çagany aldy. - Wah, waheý, çagajygym sowuklandyr! Idäp gelen bolsalar ýeke özüň çykyp bilmediňmi? – diýip hüňürdedi. Şu günä senden dişim yşramady. Ol soňam nämedir bir zatlar diýdi, ýöne Mälik eýýäm maşina atlanansoň hiç zat eşitmedi... Ertesi heniz daň atmanka ejesi ony turuzdy. - Köşek, uzak ýola gitmelisiň, çaýyňy iç, nanyňy iý! - Eje, maňa bir käse süýt bolar. - Gowy naharlan, ýoluň uzakdyr... bukjaňa iýer ýaly zatlaňňy salandyryn... işiňde häzir bol, gyssanma, gyssanyp zat alyp bolmaz, maňlaýa ýazylan gyssan-gyssanma bolar, ýazylmadyk näçe ylgasaňam bolmaz... Diňe adyllyk ýolundan ýöregin, adyllyk ýykylmaýan diwardyr. - Eje, men kazy däl, beýle maslahat diňlär ýaly. - Maslahat alsaň gowudyr, diýip ejesi oglunyň azykly bukjasyny Ýene birlaý gözden geçirdi, işe ugranda bolsa, «ony etme, muny etme, oňa barma, muňa barma» diýip maşynyna mündürip goýberdi. Maşyn ýag guýmak üçin Şatlygyň üstünden aýlanyp gitmelidi. Garybata demir ýolundan geçen ýeriňde ol polisiýasy durdy. Olara gözi düşen Möjek: - Hydyr han hany ýenede bir keramatly dogaňy okap goýber, arkaýyn geçeli! – diýdi. Emma Hydyr bilen Saparmyrat oturan ýerlerinde irkilip galypdylar. «Doga okalmady» onam sakladylar. Möjek aga ýol kagyzlaryny alyp haýallyk bilen maşyndan düşdi. Onýança nobatçylaryň biri «Şagal Tilkiýew» diýip özüni tanatdy-da: - Işgär alyp barýaňyzmy? – diýip, Möjek aganyň uzadan kagyzlaryny aldy. - Hawa, Bäşgyzyla barýas! - Içinde başga adam barmy? - Başga adam ýok! - Men seni günde barlajak! Eger başga ýekeje adam mündüreniňi biläýsem hezil bermen! - Onda bir zat sorajak! Men-ä gelsem, senem ornuňda bolmasaň seni nireden gözlemeli – diýip, Möjek aga sorady. - Adyň näme? - Adym Möjek Yzadönmezow! - O-how! Möjek diýdiňmi! – Men adamlar bile niş salyşýan! Arkaýyn gidiber – diýip, nobatçy alan kagyzlaryna seretmän yzyna uzatdy. - Akyl iş edýärsiň, han ogul! – diýip, Möjek mylaýym ýylgyryp kagyzlary kisesine saldy. Bolmanda-da Oguzhan etrabynyň ýol polisiýasynyň Şagal Tilki atly işgäri Möjegi tutupdyr diýseler ynanmazlar, ýöne Ginnesiň rekordlar kitabyna girjek bolsaň-a bilemok! - Mojugyndan mojugyny tapýan, gideweri! – diýip, nobatçy ony çaltrak ugradanyny kem görmedi. Mälik dagy günorta golaýlaberende Üçajy demir ýol duralgasyna ýetdiler. Iş ýerine baranlarynda Kaka Rejep ähli hünärmenleri daşyna ýygnap kebşirleýji agregadyň kemçiligini gözleýärdiler. Bu ýerdede «Balkannebitgazgurluşyk» trestiniň gurluşyk bölüminiň başlygy Gurbanbaý Mätýakup, «Daşoguznebitgazgurluşyk» trestiniň gurluşyk bölüminiň başlygy Gurbanbaý Mätýakup, «Daşoguznebitgazgurluşyk» trestiniň başlygy Allanazar Tirkiş, ministrligiň gurluşyga gözegçilik edýän ýörüte wekili, «Marynebitgazgurluşyk» trestiniň ähli hünärmenleri bardy. Agregat bir kem tapsa üç trestiň işini saklaýardy. Bu bolsa öňde goýlan wezipeleri çözmekde uly howp döredýärdi. Ähli zada ätiýaçlygy gowy görýän ministr kebşirleýji agregadyň ýene-de birini ýigrimini günde ýygnap işe goýbermegi Gurbanbaýa tabşyrypdy. Getirilen agregat könedi. Ony nurbatma nurbat täzeden ýygnamalydy, ýetmeýän gurallaryny demir stanoklarda ýasamalydy, galyberse-de, Mäligiň guran agregadyndan galan gaçan şaýlary ulanmalydy. Iň esasan öň gurnalan agregada seredip bir ýandan ýygnabermelidi, edil tarpdan ýygnanyňdan bu aňsatdy. Däliň diline enesi düşer diýipdirler – diýip, buýra saçly daýaw pökgerip duran garny köýneginden çykan Gurbanbaý Mäligiň arkasyna kakdy. Bir zat edäýmeseň-ä, inim baş çykýan däldir. Ýogsam Daşkendiň gaz gurluşyk institutyny gutaryp 1988-nji ýyldan bäri gazyň gurluşygynda işleýän. Şundan welin başym çykanok. Bopba başarmadye bolsa onda men-ä... Hany, soraly. Mälik awtomat nokatlaryny bir ýandan barlaşdyryp ýören Bopbanyň ýanyna bardy. – Salawmaleýkim, Bopba kaka! O ýanam alaň, bu ýanam alaň, ortasynda Bopba peleň diýleni boldy öýdýän. - Inim saglykmydyr how! – diýip Bopba onuň bilen gadyrly görüşdi. – Gidişim-gelişime düşünmedim diýsene! Kaka Rejebe çagyrma, özüm oňararyn, diýsemem etmedi. Ýüklüje gelensiň-ä? - Ýüküm ýetikdir, Bopba kaka! Şu zalywat işlese bolýar. «Ýeri, nämesindendir öýdýärsiň? - Nämesi bolmaz oň... Kemçiligini basym taparys... Orsuň ýasan guraly-da... Ol sagatda ýedi mil tizlik bilen aýlanýar. Menem yzyndan iňlisleriň mili bilen kowalapdyryn, ýetjek gümanyň barmy? Ýüklüje gelen bolsaň indi muny zorlabam işlederis... Ilki kebşirlemesi bozuldy, bejerdim welin tokurtgany deşip başlady, indem gymyldy ýok! Nokatlaryny barlap durşum... - Belki ätiýaçlyk garşylygy ýanandyr? - Olam ahmal... Häzir barlap göräýeris. Ýeke otlynyň çaky çykmaz diýleni, geleniň gowy boldy. Kemçilik hut şol ýerden tapyldy. Asyl garşylygyň bäşisi hem bir wagtda ýanan ekeni. - Wah, seniň bir – diýip, Bopba batnyksyzyny atdy. Men muny ilki barladym ahyr. Şonda gowudy. Bopba garşylyklary çalşyran badyna agregat hazlap herekede geldi. - Men aýtdym-a! – diýip, Gurbanbaý Mäligiň arkasyna kakdy. Demir diýjeksiň şolam eýesini tanaýar... Aýalym jaýyň içinde her dürli gül saklaýar. Ol iki günlük atasy öýüne gidende men gülleri suwladym... Ikisi gurady. Suwy bilip guýmaly ekeni! Bir günem äpişgäniň agzynda duran güli aýryp başga ýere göçürdim, gurady! Ýerine öwrenişen güli göçürseň bolmaz ekeni! Şoňa geň galyp ýördüm welin demirde hem beýle häsiýet bar ekeni. Sen-de inim, hünär bar!... Heniz başyň ýaş, Ýene-de hünär edingin! Iki ogul, iki gyzym bar. Olara häzirden köwüş tikmäni, ýamamany, agaç ýonmany, orak dişemäni öwredýän. Hünär munuň özi eklenç çeşmesi. Bir sebäp bile işden küşdümi berseler ýa-da häzir ýoň bolan, adam sanyny kemeltmeli diýen karara gabat getirseler öýümden ädik ussahanasyny açjak-da äklenç etjek... Köpümizde diňe bir hünär bar, onsoň aljyraşyp ýörüs! - Gurbanbaý, zyýada sakyrdyňy bes et! – Bopba elini süpürdi. – Çaý içmeli wagtym boldy. Iliň şowurgasyny kisäme salyp çigit çigitleýän ýaly agzyma atyp, nahar iýesim gelenok, dok, ýa işdäm ýok diýjeklerden däl!... Älhepus, oň geň adamdygyny... Bir aý, iki aý, bile ýaşaýan, ýekeje manat harç etmän iliň üstünden garnyny doýrup bilýä! Şoň-a ýüzi görkiň /kerk/ hamyndanam galyňmyka diýýän. - Sen kimiň gürrüňini edýäň? – diýip, Gurbanbaý gozgalaň tapdy. – Düşnükliräk pyşgyrsana, how! Zährämi ýarýaň. - Aý bar-da şolar ýaly ýürekbulanjyň biri... Arada işe bile gaýtdyk, ol meniň tok ugrundan başlygym-da men-ä gök bazardan azyga ýüklenýän, bu ýerde eneň saçagy ýok, ol bolsa gawun aljakdym, içine gurt düşüpdir, kartoşka aljakdym çüýrük, pomidor aljakdym azotly, ak köke aljakdym gaty diýip iki elini burnuna sokup bazardan çykdy. Gelýärkäk: Zähmediň gabatlarynda bedresini 9 müňden pomidor satyp durlar. Ol maşyndan düşdi-de bäş müňüni uzadyp, «şuňa baryny ber» diýýär, satyjy: «Boljak ýeri sekiz müň» diýýär, olam bäşe dileýär, gymmat diýip almady... garbanalyň diýip ýoluň gyrasynda düşledik. Bir görsem ýaňky näkes meniň satyn alan göktorlymy maşyndan çykaryp «Muň içine gurt düşýär! Çarlak diýip ýerde böküp ýören garaja möjek – anna şol düşürýär ekeni, geliň şuny barlap göreliň» diýip kisesinden pyçak çykaryp kesip dur. Adama hödür etmän goltugyndan çykaran el ýaly nany bilen ýeke özi lak-luk atdy... Ine, biziň içimizdäki Çarlak, nähili... - Bäh, kim aýt ol? – diýip Gurbanbaý ýene sorady. - Dura-bara senem ony tanarsyň. Bopba çaý içmäge gidip barýarkalar sözüni dowam etdi. – Bir gezek onuň aýaly «Bir halta undan togsan çörek çykdy» diýip dükança azar beripdir. Olam her çöregiňi degirmeniň daşy ýaly edip ýapsaň men günäkärmi? – diýipdir. Hudaý saklasyn, deň etmän duş etmez diýenleri, aýalam ediljek özü-dä. Mälik onuň kim barada gürrüň edýänligine bada-bat düşündi. Özüň-ä gürrüňini edýäň, ýene-de öýüne myhmançylyga barýarsyň... - Wah, hünärim boýunça gerek boldy-da, baraýdym. Bir zat sorajakdym. Barsam öýünde injir iýip otyr! Meni görüp injiri donunyň arasynda gizledi-de «Kelläm agyrjak bolýa!» diýip ýatyberdi. Gaýtmazmyň onsoň ýüzüňe osurlan ýaly bolup... Edil şoňa meňzemese-de dolandyryjynyň orunbasary Begmyrat hem şeýleräk adam. Ilden galan gaty-guty çörekleri çöpläp suw bilen iýip gününi görýär, onsoň oňa aşgazan çydamaz. Inim Mustapa diýjek bolma-da ýör, garypja oraça baraly, baryndan bazar eýläris – diýip, Gurbanbaý Bopbanyň sözüni boldy. - Ýüz gram bolarmy? Zährimary doýmasam işdä ýok! - Ýüz gramam bolar, iki ýüzem, suwa düşseňem bolar. - Men-ä işlemeli! Içip biljek däl! – Mälik garşy çykdy. - Içmeseň nahar iý! Barym bar, zarym ýok! – diýip, Gurbanbaý popbuş ýüzüne gelşik berýän buýra saçyny sypady. - Gaýtam ýüz gram içmeli. Bopba Mälige maslahat berdi. – Kebşirlemeden çykýan tüssä zäherlenip ýörsüň! Arak zäherleri endamyňdan çykarýar. - Aý, ýok, men içmäýin! – diýip, Mälik göwnemedi. Gurbanbaý oglanlary çebşegiň tagamly çorbasy bilen naharlady... * * * «Däliň diline enesi düşer» diýlişi ýaly, Mälik gelenden soň kebşirleýji enjam dyngysyz işledi, nobatda 24, jemi 72 adam bir gije-gündiziň dowamynda depgini gowşatman zähmet çekdi. Bu bir tötänlikde ýa-da hakykatdanam demir adama öwrenişýärmi? Ony bilip boljak däldi, ýöne bu waka Mäligiň mertebesini artdyryp, paýtagtdan žurnalistleriň gelmegine sebäp bolupdy. Olara häzirki döwrüň wakalary, şol wakalarda hereket edýän gahrymanlar gerekdi, Bäşgyzyla barýan ilkinji duralga Üçajy duralgasy bolansoň, bu ýerde hem – Mäligiň kebşirleýji toparynyň zähmet çekýänligi üçin habarçylar şu ýere gelýärdiler. - Näme, how, döküläýdiňiz? Mälik olaryň birine ýüzlendi. – Bäşgyzylyň diregi diňe men däl ahyryn. - Zähmet gahrymany barada ýazsam meni her taraplaýyn sylaýarlar, abraýym, şöhradym artýar – diýip, habarçy boýnuna aldy. - Ajaýyp taryhy wakalar paýtagtdan başlanýar, sizem şolaryň şaýady hem halka ýetirijisi bolup durýarsyňyz. Ýöne paýtagtda ýaşamak bagty hemme habarçylara miýesser edenok ahyr... Iň çetki obalarda ýaşaýanlar nätmeli? - Men siziň aýtjak bolýan zadyňyza düşünemok? – diýip, habarçy boýnuna aldy. - Düşnükliräk aýtsam şeýle. men bir garamaýak çopan barada makala ýazyp, merkezi gazetlere ugratdym, maňa «Makalada etrap häkiminiň keşbi doly açylyp görkezilmändir, onuň syýasaty kyn güne düşende garamaýak çopana goldawy barada hiç zat agzalmandyr» diýip jogap geldi. Men obada ýaşap, şol etrap häkimini aýda-ýylda görmesem, edýän işleri bilen doly tanyş bolmasam nädip tanamaýan adamym barada ýazaýyn? Tanaýan adamym bolan şol çopan barada ýazmak maňa ýeňil ahyryn. Men şulary aýtjak boldum. - Indii düşündim! – diýip habarçy boýnuna aldy. – Meniň häzirki herekedim hut şeýle pikirlerden ugur alýar, ýönekeý bir kebşirleýji barada makala ýazjak bolmagym şunuň şaýady. Onsoňam merkezi gazetlerde oturan işgärleriň içinde döwlediň alyp barýan syýasatyna doly düşünmeýänleri, SSSR-den galan köne endikden el çekip bilmeýänleri bar. Süri agsaksyz bolanok ahyryn... - Eýle bolsa, ýörüň, oglanlaryň ýanyna baralyň, olaryň içinde işçi ýa-da gaz gurluşykçy bolup dünýä ineni ýok, hemmesi daýhan maşgalasyndan, hünäri şu ýerde alan başarjaň hünärmenler – diýip Mälik habarçyny çäge belentliginiň çür depesine çykyp çaý içip oturanlaryň ýanyna alyp bardy-da oglanlar bilen tanyş etdi. - Habar ýazmaga gelen bolsa gowy iş edýärsiň han ogul! – diýip, Mämmet aga oňa bir käse çaý hödürledi. – Men buý ere Bäşgyzyldan ýüz kilometri geçip maşynyma ýag guýmaga geldim. Şol bolýan zatmy? Bolanok! Nämemişin, ýag çekýän maşyn döwülenmişin. - Mämmet aga, siz diňe ýag üçin gelmediňiz ahyr. Size çüý gerek bolupdyr – diýip Saparmyrat söze goşuldy. - Bäşgyzyldaky oglanlara çüý gerek! Ine, sereet, han ogul, bular heniz çüň däl, ýöne çüý etseň çüý bolýar – diýip, Mämmet aga haltasynyň agzyny açdy. - Kileň sim bölejikleri! Habarçy Mämmet agaň ýüzüne soragly nazaryny dikdi. - Dogry, bular kebşirlemekde ulanylýan simlerden galýan bölejikler, eliňe çekiç alyp kakyş-kukuş etseň çüý bolýar. Her zady isripsiz ulanmany, eýeçilik gözi bilen garamany başaramzok. Eliňe bir zat ilende şony saklamak üçin akyl gerek. Şeýtana goluňdan yssy ýer berseň, işiň beýleki atyza geçdi biläý... Dogrudanam kebşirlemeden galýan dört barmak simler, nirä barsaň dagap ýatyrdy, hasam tokurtgalaň ýygnalýan ýerinde köpdi. Olar çüýüň poladyndan has berkdi, islendik uzynlykda hiç kime degişli däl, zyňylan zatdy. Iş edinip irginsiz ýygnap çekiç bilen bir ujuny çowlap, beýleki ujuny tömleseň hut kiçeňräjik çüý zawodyny açsa boljakdy. Mämmet aga oglanlaryň aladasyny etse edýändir welin hut öz şahsy bähbidinden ugur alýandygyny gizläp duranokdy. Şol sebäplem Gurt «Ýaňy olary öýe äkitjek diýip durduň?» diýen soragy ýönelige berenokdy. - Gerek bolsa öýe äkitjek, bir bölegini oglanlara paýlajak! Bu seniň dollaryň ýaly gündiz eliň çyraly gözläp ýörmeli zat däl! Nirä barsaň çägä garylyp ýatyr! «Garyp adam ýamanar, ýamanarda gubanar» diýipdirler, men muňa guwanýan. - Ine, seniň ýazmaly adamyň! – diýip Gurt Mämmet agany görkezdi. Habarçy bir zatlary belleşdirdi. - Alla her kimi bir küýe salypdyr, Mämmet akgam şeýdip simden çüý ýasaýar, Gurt zikgelenen teňňeleri, pullary ýygnaýar, men bolsam türkmeniň gadymylygyndan habar berýän daşlary ýygnaýan, haýranlar galaýmaly – diýip, Hydyr haýran çaýyny hopurdatdy. - Eýle zada gyzygýan bolsaň Haýran han, men saňa bir gowy zady salgy bereýin! – diýip Mämmet kel Hydyra jerreldi. – Bäşgyzyl gaz käniniň ses ýetim golaýynda günorta gündogardan gaýdýan tüm demirgazyga, ondanam Maryň aýagy bilen günbatara uzalyp gidýär. Bu köne Tüni derýanyň ugry bolmaly. Bilýän bolsaňyz türkmen derýasy öz gözbaşyny Tüni derýanyň hanasyndan alyp gaýdýar, otuz kilometrlikde bolsa ol hana demirgazyga sowulýar. Tüm diýlende Tüni derýaň günorta gyrasy, gyrzaw diýlende demirgazyk gyrasy bolýar. Tüni derýanyň boýunda gaty köp şäherler ýerleşipdirler, «Şasenem Garyp» dessanyna bilýänsiň. Ine, şol şäherleriň yzlary Bäşgyzyl gaz käniniň golaýyndan geçýän tümde tapdyrýar, barsaň özüň göz ýetirersiň. Gurt han yhlas etseň senem o taýda zikgelenen gadym teňňelere duş gelmegiň mümkin... - Mämmet akga, men şu gün traktorym bilen şol töwereklere geçmeli! Aýdanyň gowy boldy – diýip, Gurt mylaýym ýylgyrdy. - Tapan zadyňyzy öýüňize çekip ýörmäňde muzee tabşyryň how! Diýip Mälik Gurda seretdi. - Biz, ýörüte gazuw – agtaryş işlerini geçiremzok ahyr! Tapanymyzy alýas – diýip Gurt özüni aklajak boldy. - Gurt dok süri abat ýöne ol haýsy ýurtda görlen zat – diýip, Mämmet aga başyny ýaýkady. - Ýaşuly Seýitliň ajysy nirräkdedir? – diýip habarçy Mämmet agadan sorady. - Inim aslyň tejenli bolsaň gerek, ony soragyň aýdyp dur. Seýitliň aňyrsy Dokma bärsi Çagyllydyr. Tejeniň Hywa ýoly gumdan baryp Tüme direýändir, ol ýerdenem guýular başlanýandyr. Atlarynam aýdaýyn Tejenden Ýolaşan, soň Harynyň gummy, Güýt, Tugulyň beýigi, Dodoryň tokaýy, Sygyr guýusy, Ýolbarsly, Ýomut gelen, Sopy, Garantgaly, Garajagulak, Gamakly, Ajyköl, Siňreldi guýulary bar. Siňreldi tümde iň süýji guýy... Şo ýerden dört ýol aýrylýar. Siňreliden gitseň Ýowe, Hanmet, Dokma, Ortakak, Minara, Akmolla Mürze gyryň üstünde ýerleşýän Böwürdeşik ýaly daş guýulary bar. Ortakak Aşgabada, Tejene, Mara, Daşoguza ortalyk ýoldur. Tejeniň aýagynda Akmollaň öňallysy, mürzäň çyrlasy diýen ýerlerem bardyr. Ýene soragyň barmy, han ogul? - Aý ýok, - diýip, habarçy sorag berenine ökündi. - Mämmet akgamyň kellesi maslahat geňeşiniň jaýydyr, soragyňa daş edip jogap berip durandyr! – diýip, Mälik ýylgyrdy. Ol-a dogry welin, onuň şerçiräkligini halanoklarda... Mämmet keliň adyny agzamaň diýip durlar – diýip Gurt gamyş gyýawy ýaly dilini çykaryp Mälige gözüni gypdy. - Tanalman duraňok-la! Senem öwenoklar! Naçardanam pul diläp ýörmüşiň! Haýranlar galaýmaly – diýip, Hydyr haýran seslendi. - Kim diýýär ony? Kim? – diýip, Gurt gozgalaň tapdy, ýöne, Ugry bolman turmak bilen boldy. – Görýän welin gürrüňimiz alyşjak däl öýdýän. Siz bilen bolsam üstümi kakyn-silkin basyp barýar. Ýalow ýaly diliňiz bar. Men garyp gowusy gideýin. «Garybyň göwni synyk, sözi döwük, ýetimiň ýüzi soluk, boýny buruk» diýipdirler. Gurt gidenden soň emele gelen dymyşlygy habarçy bozdy. - Mälik ýaňy siziň barymyz daýhan maşgalasyndan çykan hünärmenler diýdiňiz. Hünär öwrenişiňiz barada gürrüň beräýseňiz. - Ony men aýdaýyn! – diýip, Mämmet aga höwesjeň jogap berdi. – Edil alkymda Şatlyk gaz käniniň açylmagy bilen daýhan çagalary hünärli bolup gitdiler. Kakasy öz hünärini ogluna öwretdi – diýip, öňden ýoň bolan ýörelge bize degişli bolmady, her Kim ýuwaş-ýuwaşdan hünär öwrendi, ilki kömekçi işçi boldy, soň işçi, ondanam ussatlyga ýetişdi. Siz Şatlyk, Mary şäherlerinde gurlan Medeniýet öýlerine seretsiňiz oňa göz ýetirersiňiz. Bir gezek agtyklarymy şähere getirdim. Maňa beýle lezet ýetdirip hem duranok. Mydama işde, ýöne, olaryň arasynda bolup, tükeniksiz soraglaryna jogap tapmak meniň üçinem, olar üçinem uly bir sapak. Hawa, hawa agtygym: «Ata nähili gözel ymarat bu siziň işçileriň elinden gelýämi?» diýip soraýar. Menem hawa diýýän. «Näme üçin öňler beýle owadan gurup bilmändirler» diýip, soraýar, men oňa «Hünärmenler köňülleriniň bir bölegini bu jaňa siňdiripdirler, biz indi diňe özümiz üçin gurýas, olam gözel hem berk bolmaly» diýdim. Dogry, agtygym, meniň jogabyma doly düşünmedik bolmagam mümkin, ýöne, her bir adamyň öz edýän işine bolan söýgüsiniň şeýle gözelligi döredýänligine welin düşünendir. Men agtyklarymyň haýsy hünäri saýlap aljaklaryny bilemok, kim bolsalaram öz edýän işiniň ussatlary bolup ýetişmeklerini arzuw edýän. Maksatsyz adam ýok! Maksat diňe gowy adamlaryň göreldesidir. - Mämmet akga, üç ogluň üçüsem ýanyňyzda sürüji bolup işleýärler, munuň özi olaryň sizden görelde alýanlygynyň nyşany ahyryn! – diýip Mälik ara goşuldy. Mämmet aga bu soragy jogapsyz galdyrdy. Onuň doglan ýyly içýan bolansoň örän tutanýerli, özüne çekiji, irginsiz, şonuň bilen birlikde gazaply häsiýeti bardy, durmuşda üstünlik gazanmaga galagoplugy, tükeniksiz güýji ýeterlikdi, emma kiçijik bir zat üçin gaharlanyp oturmasy bolanokdy. Beýle häsiýetli adamlar garaşsyz ýaşamany ähli zatdan ýokary görýärdiler, olardan gowy sülçüler, aklawjylar, kazylar, zehinli harby işgärler, lukmanlar çykarlar. Mämmet aga welin sürüjilik hünärini saýlap alypdy, munuň özi bedeniň gowşaklygyny aňlatman, tersine artyk güýjüňi ulanmalylygyň zerurlygyny döredýär – diýip hasap edýärdi, şol sebäplem şeýle agyr iş bilen meşgul bolmak, oňa edil howa ýaly gerekdi. Ýaşy ýetmişden geçenem bolsa heniz garrylygyň alamatyny duýanokdy. Akyl huşy ýerinde bedeni sagat, çilimden azat, neşeden gözi ýanyp duran adamdy. Belki, şoň üçinem oňa «Häý, seň gözüň?» diýýändirler?! - Uruş ýyllary obalardan däne çöpläp fronta ugradýardylar diýip, Mämmet aga sözüni dowam etdi. Azyk ýükli arabalar obadan geçende deşiklerinden gaçýan däneleri ýeke-ýekeden çöplärdik. Bärde galanlaryň güni garahassalyk zerarly urşa gidenleriňkiden erbetdi, kesel doganlarymy palaç ýatyran ýaly etdi. Ejem bilen ýoldaky däneleri çöpläp ýörkäk atyny dabradyp gelen başlyk «Näme edýärsiňiz» diýip, sorady. Ejem «Şujagaz çagamy öldürmän alyp galjak bolýan» diýdi. Başlyk «Belany iýsin!» diýip ejemiň kükregine depdi. Men şonda başlygy kesekledim, işinde kemçilik goýberenini eşidip gazýede kiçijik makala ýazdym. Gelen barlagçylar kolhoz işgärleriniň, mugallymlaryň hatyny belläp aldylar. Emma hat ýazany tapmadylar. Bir gün edebiýat mugallymym sapakdan soň maňa «Gazýede makala ýazjak welin kömek et!n» diýdi. Men oňa «Habar ýazyp bilemok, men heniz kiçijik çaga ahyryn!» diýip jogap berdim. Mugallymym ýylgyrdy-da «Hawa, sen çaga, ony edip bilmersiň» diýip arkama kakdy, bu haty meniň ýazanlygymy bilip herekedimi oňladygydy. Ýogsam, başlyk hat ýazany tapsa ýok etdirjekdi ahyryn! Şojagaz maglumatlarym hem başlygyň topugyna kakyp bilipdi. Men muny näme üçin aýdýan! Goý, ýaşlar mertebeleriniň peseldilmezligi üçin göreşsin, olara sapak bolsun diýjek bolýan! - Mämmet aga, Garaşsyzlyk toýy ýetip gelýär, ýöne, siz ol barada hiç zat aýtmadyňyz? – diýip habarçy sorady. - Agzyňy dolduryp mahabatlandyranyň bilen Garaşsyzlyk beýgelenok, ol diňe edilýän peýdaly işler bilen beýgelýär. Eýsem, oglanlaryň gazanýan üstünlikleri onuň şaýady dälmi? Biz diňe Garaşsyzlykda şeýle uly üstünlikleri gazanýas. Munuň özi köre hasa ahyryn. Habarçy sesini çykarmady, her zatda bolsa alan maglumatlaryndan nähoşlyk alamaty çopur ýüzünde peýda boldy. Muny ilki Mälik aňdy. - Mahabat biziň işimiz däl! Biz baýramçylygy zähmedimiz bilen garşylaýarys, telewizor görmäge, radio diňlemäge, gazetleri okamaga elimiz degenok, biziňki diňe iş! Halal zähmedimiz yradamyz bilen ýurdumyzy gülletjek bolýandygymyz göze dürtülip durandyr – diýip, Mälik sözüni soňlady... | |
|
√ Duman daganda: Haram harama gider - 22.06.2024 |
√ Köne mülk -2: romanyň dowamy - 10.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -16: romanyň soňy - 08.06.2024 |
√ Dirilik suwy -15: romanyň dowamy - 15.05.2024 |
√ Janserek -6: romanyñ dowamy - 03.04.2024 |
√ Ak guwlary atmañ -3: romanyñ dowamy - 29.05.2024 |
√ Duman daganda: Adalatly bolýançaň güýçli bol - 11.06.2024 |
√ Dirilik suwy -14: romanyň dowamy - 13.05.2024 |
√ Dirilik suwy -2: romanyň dowamy - 24.04.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap - 28: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |