23:05 “Brawo, maestro!” / hekaýa | |
"BRAWO, MAESTRO!"
Hekaýalar
1981-nji ýyl. Moskwa Olimpiýadasyndan bir ýyl geçen hem bolsa, Olimpiýadanyň tumary—“Mişkanyň” ulyly-kiçili, dürli sport lybasyndaky heýkeljikleri, ýadygärlik sowgat satylýan dükanlarynyň aýnalaryndan ýylgyryp seredip durlar. Köp gatly jaýlaryň böwürlerine çekilen we depelerine berkidilip goýulan mahabatnamalary heniz aýyrmandyrlar. Her sapar Moskwa gelende Arbaty görüp ýetişmeýänine gynanyp, iş sapary bilen Moskwa gelen Durdymyrat myhmanhanada ýerleşip, “ertire çenli, iş saparymyň başlamagyna çenli wagtym barka, indi bir Arbaty aýlanyp göreýin” diýip, metrodan çykyp, Köne Arbatyň binalaryny synlap barşyna, gapdalyndan ýöräp geçip barýan erkek bilen aýalyň erkegi ony synlap säginjek ýaly etdide, ýoluny dowam etdirdi. Ol barýan jübütler dört-bäş ädim ädip, saklandylar. Nätanyş erkek türkmen dilinde: —Eý gardaş, hany bir minut aýak çeksene! —diýip, gygyrdy. Durdymyrat yzyndan gelýän türkmen diliindäki sese biygtyýar öwrüldi. Elini bykynyna urup, ýylgyryp duran deşli adamyny tanyşlarynyň birine meňzetjek bolup, hakydasyny “dörüp” başlany hem şoldy welin, deşli adam ýene-de türkmen dilinde: —Näm-ow, ne salam bar, ne helik!?! Özüňden ulylara salam bermänem unutdyňmy ýa?! —Oh-how! Gylyç senmi bu!?! —diýip, Durdymyart, ylgaşlap baryp, deşli adamy garsa gujaklaýar.—Sen nire, bu ýerleri bu ýerleri nire?! —Muňa sered-ä! A, sen bizň şäherimizde näme işläp ýörsüň!? Ahyry tutuldyň dälmi!? Meň gulagyma çalarak ilýärdi Moskwa gelip-gidýäniň. Sen köne dostlaryň üstüne atanak çeken-ä dälsiň-dä?! —diýip, aýalyna rusçalap ýüzlenýär—Ezizim tanyş bol, bu meň köne dostum hem gullukdaşym, Durdymyrat. Biz üç ýyl harby gämide bileje gulluk etdik. —Iki ýarym ýyl. Gämä barmankak, alty aý harby okuw merkezinde tälim öwrendik—diýip, Durdymyrat düzediş girizýär. —Hawa, sen takyklamana ökd-ä. Durdymyrat tanyş bol, bu gelnejeň, Tamara. Tamara Wasiýewna. Durdymyrat dostunyň aýalyna baş egip: —Tanyşanyma örän şat! Tamara Wasilýewna-da başyny egip, ýanýoldaşynyň dosty bilen tanyşanyna örän şatdygyny, Gylyjyň oňa dosty barada köp gürrüň berenini we bu gün myhman bolmagyny haýyş edýär. Gylyç dostunyň egnini ykjamlap gysyp durşuna: —Agşama näme meýilleşdiren bolsaň hemmesini bozýan, hiç hili bahanaňy kabul edemok. Entek men saňa Moskwa gelip, assyrynlyk bilen gaçyp gidýäniňi ýene ýatladaryn. —Ohow, Gylyç jan men seniň Moskwa göçüp geleniňi eşitdim, ýöne ýaşaýan mekanyňy bilýän däldirin! —Atamyrat, Begenç näme”?! Şolar-a her gezek gelenlerinde meni görmän gidenoklar. Bärik gaýtmankaň soraýmaly ekeniň-dä! Tapyşasyň gelýän däldir. Onsoňam meň hatlarymyň bukjasynda ýazyl-ga, ýaşaýan ýerimiň salgysy. —Gyssagarada bukjalaň birini çemodana oklamak ýatdan çykypdyr... Bagyşla dostum, günäkär... —Günäkär, günäkär... Entegem bu gün tötänden duşuşaýdyg-ow, saňa galsa...Näme diýsene şepe, biz saňa agşam sagat on sekiz nol-nolda “Praga”restoranynda garaşýas. Ýanyňda ýoldaşyň bar bolsa, ony hem alyp gel! —Ýok dost, meň ýeke özüm. Ýöne oturylyşykmy, ýa dabaramy? —Gadyrdanym, men seni çagyrýan. Dostlarym, işdeş ýoldaşlarym bilen tanyşdyraryn. Şu gezek sypaýsaň, ömür gepleşmen. —“Bolýar” diýdim-ä, how...Gyzjagazlaryňam ulalyp gidendirler. Maňa iberen suratyňda biri on, beýlekisi sekiz ýaşynda diýýädiň. —Aý, ondan bäri on ýyl geçd-ä. Meň perizatlarymy baraňda görersiň! Durdymyrat Arbaty aýlanyp, myhmanhanasyna gelip, biraz ymyzganyp, oýananda, sagat öýlän dört bolupdyr. Ol hasyr-husur geýinip, öýden getiren waharmanlarynyň birini torba salyp, ýüzugra bir desse bägül alyp, restorana girende, bosagada duran äpet sagadyň uly dili alta çärýek minudyň galanyny görkezip durdy. Restoranyň bosagynda häzir bolup duran Gylyç, aýaly bilen gelýän myhmanlaryň öňünden çykýarlar. Gylyç Durdymyrady gujakalap garşy aldy. Durdymyrat hem çemenli we gawunly ellerini gerip dostuny gujaklady. Tamara çemen üçin minnetdarlygyny bildirip: —Muny derrewjik güldana salyp geleýin—diýip, ýöneljek bolanda, gawundan gözünden aýyrman duran Gylyç, aýalyna: —Keýwany, birje sekunt aýak çek-le! Soňra Durdymyrada: —Gawun bizemi? —Hawa-la, dagy kime bolsun! —Aý, şun-a oňarypsyň-aý! Sag bol, minnetdar! —diýip, Gylyç torly torba salynan gawuny aýalynyň eline tutdyryp, —Ynha, sýurpriz! Aşpeze tabşyr, dilimlesin. Goý, hemmeler datsynlar! —diýdi. Köne dostlar gol tutuşyp, restoranyň töründe, on-on bäş adam ýerleşer ýaly, bir-birlerine sepeşdirilen, dabara üçin niýetlenen uzyn stola tarap ýöneldiler. Stoluň daşynda elemtas bolup haýdaşyp ýören ofisiantlar iň soňky etmeli işlerini—ulyly-kiçili, dürli reňkli we reňksiz çüýşeleri rejeläp goýuşdyrdylar-da, toý saçagynyň taýyndygyny Gylyja habar berdiler. Durdymyrat daş-töweregine göz aýlap: —Gyzlaň geldimi? —Hawa, häzir—diýip, zalyň burçuna bakyp gygyrdy:—Maýa, Aýna! Melemtil, tolkun-tolkun, uzyn saçlary gerdenlerine düşüp duran, bir-birinden owadan gyzlar kakalarynyň gaşynda durdylar. Topuklaryna ýetip duran, gülgüne reňkli täzeje köýnekli gyzlaryny synlap durşuna Gylyç ýylgyryp: —Ynha, bu meniň keýijegim, bu bolsa—owlajygym. Tanyş boluň gyzlar, bu meniň söwer dostum hem gullukdaşym, Durdymyrat dädeňiz. Gyzlar öz atlaryny tutup, salamlaşmak üçin ellerini Durdymyrada uzatdylar. Durdymyrat olar bilen görüşip, goltuk jübisinden çykaryp, hersine plitka şokalad berýär. Gyzlar ikisi iki ýerden: —Sag boluň, minnetdar! —Sag boluň, minnetdar! —diýişýärler. Gyzlaryň biri: — Kakam hem bizi henizem çaga hasaplaýar: günde-günaşa şokolad getirip berýär. —Entegem gurjak getirmesini goýdy—diýip, tüýs ýürekden gülýär, onuň gülkisini dogany alyp göterýär. Gylyç hem gyzlarynyň gülkisine goşulýar. —Gyzlaň türkmençe bilýärmi? —diýip, Durdymyrat dostuna türkmençe ýüzlenýär. Gyzlaryň biri daşary ýurtlylaryň türkmençe gepleýiş şiwesinde: —Men turkmençe bilýorun. Men Sizin bilen tany:ş boldum, oren şat! Ikinji gyz: —Men oren şat! Siz kyz bar? Neçe? Durdymyrat gyzlaryň türkmençe gepleýişlerine ýylgyryp durşuna, iki oglunyň we bir gyzynyň bardygyny aýdýar. Gyzlar Gylyjyň her gapdalyna baryp, onuň ýaňagyndan ogşaýarlar-da: —Папочка, поздравляю!—diýişýärler. Durdymyrat aňk-taňk bolup, soragly nazaryny dostuna öwürýär: —Nämäň baýramçlygy?! —Şu gün ýeňňeň bilen durmuş guranymyza ýigrimi ýyl. —O nä, aýadaňogam-la?! —Aý, bu bir ullakan hadysa däl-de, onda-da ýatlap geçäýeli diýişdik. Tamara gawun dilimleri rejelenip goýulan ullakan mejimäni stoluň ortarasynda goýup: —Ynha, bu bolsa torta derek. Gyzlar ikisi iki ýerden närazy äheňde ejelerine: —Почему? —Где “Птичье молоко”? Торта не будет, что ли?! Tamara gyzlaryny köşeşedirýär: —Tort hem bolar. Ýöne siz gawun diýlen miwäni entek dadyp göreňzok, oňa dagy bir agzyňyz degäýse, ne tort, ne-de buzgaýmak islärsiňiz. Muny Durdymyrat Türkmenistandan getiripdir. Gylyç dostuny stoluň başynda oturdyp, myhmanlary garşylamaga giden badyna, Durdymyradyň gözi oturgyçlaryň birinde dikligine goýulan, daşy gara gaýyş bilen örtülen dutar gutysyna gözi düşdi. “Bagşy hem çagyran ýaly-la” diýip, pikirlendi. Myhmanlar ýanlary bilen getiren sowgatlaryny gowşuranlaryndan soň, Gylyç hemmeleri bir-birleri bilen tanyşdyryp, dostlarynyň birine dabara beýemçilik etmegi tabşyrdy. Myhmanlar her kim öz gezeginde “ýaşlara” ýagşy dilegler arzuw etdiler. Kelleler gowy gyzyşansoň, olar özara gürrüňe ýatdylar. Gylyç dostuny gujaklap: —Gadyrdanym, geleniň örän gowy boldy. Görüşmänimize ýigrimi ýyl, how! Indi bir arasynda didarlaşyp duraly, ýitmäli. Sen meni serhoşdyr diýip düşünäýme. Meň wagtal-wagtal içim gysyp, Watanymy göresim gelýänini bir bilsediň! Indi üç ýyldyr ejemjany görmänime. Men zämet rugsadyna çyksam, ýeňňeňi işinden goýberenoklar, onuň rugsadynda bolsa, men işli. Ikimizem tomsuň jöwzasyna çydamzok, şeýdip bir sebäp bolup gidip bilmän galýas. Obadan biri geläýse, doganymy gören ýaly bolýan. Moskwa gezelenje gelen syýahatçylar bilen sagatlap gepleşýän, olardan ýurduma salam gönderýän. Ykbaldyr-da. Ýo-ok, durmuşdan nalamok-la... Meň bar keselim—aýraçylyk... —diýip, assyrynlyk bilen gözýaşyny süpürýär. Restoranyň bir burçundaky orkestriň aýmançasyna bagşy-sazandalar gelip saz gurallaryny gurnap, konserte taýynlyk görüp başlaýarlar. Durdymyrat dostuna: —Bagşam çagyrdyňmy? —Hawwa. —Kim? Gylyç döşüni gaýşardan bolup: —Akgaňlar çalor. —Hany sen gitara çalaňokmydyň, nä? Dutary haçan öwrenip ýörsüň? —diýip, geň galan Durdymyrat, dostunyň üstüne sorag baryny ýagdyrýar. —Aý dostum, ugruna ýykylsaň, durmuş hemme zady öwredýän ekeni. Diňlälimi?—diýip, gyzlarynyň birine ýüzlenýär. —Bar gyzym, meň dutarymy getir! Ýekesireýän wagtlam, şu meniň ýalňyz derdimi paýlaşýançy—diýip, dutarynyň kirişlerini şelpeläp düzüwini barlaýar. Tamara onuň ýeňinden ýapyşyp: —Клыч, только не кричи пожалуйста! Очень прошу, тихонько, не громко, ведь в ресторане много людей, они тоже как мы—пришли отдыхать. —Otur ejesi, özüm gowy bilýän! Dutaryň sesine ýakynrakda oturanlar kellelerini bir öwüren ýaly etdiler-de, ýene aňyrlaryna bakyp oturdylar. Gylyç saýhally, aýdyma başlady: Gökden uçan bölek durna, bölek durna, Biziň iller ýerindemi? Biri müňine baş durna Biziň iller ýerindemi? Durdymyrat dostunyň göz okarasynyň ýaşdan dolandygyny onuň başyny aşak sallanyndan duýdy. Bagşy syr bildirmejek bolup, aýdymyny ýüzüni galdyrman soňlady: Görogly aýdar öwündigim, öwündigim, Teblede Gyrat mündigim, Arka berip daýandygym, Goja daglar ýerindemi? “Arka berip söýendigim, Soňydagy ýerindemi?” —diýende, Gylyjyň stolunyň gapdalyndan geçip barýan, çypar pyýada rusçalap: —Одна палка два струна, поет моя страна —diýip, geçiberjek bolanda, Gylyç ýerinden tarsa turup, oňa: —Эй братан, подожди! Çypar pyýada säginip, göwresini ýarym aýlaw edip, Gylyja tarap öwrürýär. Gylyç oňa hetjikläp: — “Одна палка три струна, орёт твоя страна” —diýende, çypar seňrigini ýygyryp, başyny ýaýkap, yzyna seretmän gidýär. Tamara howsala düşüp: —Не связывайся с придурками! На, лучше, закусывай!—diýip, gawunyň bir dilimini adamsynyň agzynyň golaýyna eltýär. Gylyç aýalynyň elini sowup, ýerinden turýar-da, orkestre tarap ugraýar. Ol sazandalar bilen bir zatlar hakynda gürleşip bolansoň, ýolbaşçysynyň jübisine pul gysdyryp, yzyna dolanýar. Ýerine geçen badyna orkestriň ýolbaşçysy: —Для дорогого гостя из солнечного Туркменистана, Дурдымурада исполняется песня “Акджа кепдери”! Restoranyň bagşylary aýdymyny soňlamankalar, Gylyç olaryň ýakynyna eli dutarly baryp, el çarpyp, aýdymy bilelikde dynýarlar. Soň ýene-de ol sazandalara bir zatlar düşündirýär. Olar başlaryny atyşyp: “Да, да, Мурад Садыкова и Шамамеда хорошо знаем. “Туни деря” говоришь? Без проблем. Только напомни нам мелодию!” Gylyç dutarynda “Tüni derýaň” sazynyň başyny çalýar. Sazandalar “Düşündik” diýýän ýaly başlaryny atýarlar. Sazandalar “Tüni derýaň” şol döwürde meşhur bolan “rok” äheňinde çalyp başlaýarlar. Gylyç eline mikrofony alyp: “Alty aýlyk ýoldan gelip, ýol aşyp, Tüni derýa, senden Garybym ötdümi?” ¬–diýip, ýiti, arassa tenor sesi bilen aýdyma başlaýar. Haçanda ol aşaky perdä düşmeli bolanda, uludan dem alyp, iň soňky sesi bilen: “A-a-aý” diýip gygyranda sazandalaryň sesgüýçlendirijisiniň içinden ses sandyrap, jygyrdaýar. Gylyç mikrofony agzyndan uzagrakda saklap, gaýtadan “A-a-aý” diýip gygyryp başlanda, restorandakylaryň ählisiniň ýüzi orkestre tarap öwrülýär. Gylyjyň “Aý” sesi uçup barýan bürgüdiň hereketini gaýtalaýan ýaly, peselip, beýgelip, pelpelläp, emgenmän dereleriň, daglaryň üstünden uçup gidip otyr, uçup gidip otyr—hiç säginenok. Nahar daşap ýören ofisiantlar orta ýolda saklanyp, bagşyny synlaýarlar, orkestrden daşrakda oturanlaryň bilesigelijileri ýerlerinden turup, üýtgeşik bagşa seretmek üçin oňa ýakynlaşýarlar. Deprekçi taýajyklaryny ýokary galdyryp doňup galýar, solo-gitaraçyň akkordlary kesilýär, diňe bas-gitaraň güňleç, ýumşak sesi dört perdäň üstünde gezmeläp, Gylyjyň sesine ýardam berýär. Diňläp duranlar: “Невероятно!”, “Это чудо!”, “Он сейчас задохнется” diýişýärler. Ahyry, Gylyç uzaga çeken “aý-aýynyň” güýjiniň pessaýlanyny duýup, ýene uludan dem alyp: Meniň ýarym gitdi Halap-Şirwana,—diýip, gygyranda, dartgynly ýagdaýyň sowulanyna düşünen tomaşaçylaryň arasyndan: “Brawo, Brawissimo!” diýilýän sesler bilen aýdymyň: “Ygtykat etmedi ähti-peýmana” diýen setirleri billen utgaşyp gidýär. Aýdym tamamlananda, tomaşyçylar ör turup, esli wagtlap, el çarpyşyp duran ýerlerinden: “Brawo, Brawissimo!”, “На бис, маэстро!” diýişip gygyrýarlar. Gylyç tomaşaçylara baş egip, ýerine geçip oturýar. Aradan iki ýyl geçensoň, Durdymyrat ogluny öýerende, Gylyç toýa maşgalasy bilen geldi. Durdymyrat dostuna “Tüni derýany aýdyp ber” diýip, kän ýalbardy. Gylyç kes-kelläm: —Dostum, başga haýsy aýdymy aýt diýseň aýdaýyn welin, “Tüni derýa” diýme. —Hä, näme üçin? —O gün men saňa duşanyma juda begendim. Şatlygyma bäs gelip bilmän, joşmaga beýle dursun, gaýnapdyryn. Indi şolar ýaly ylham bolarmy-bolmazmy... —Bu gün nä, şatlygymyza sogan dograýan barmy? —Dostum, men hem seniň şatlygyňa şu gün bile begenýän. Ýöne, şol gün meň näçe asyrlar öçmän saýrap gelýän dutarymyň çetine degjek boldylar. Meň eziz halkym hakda, Watanym hakda kinaýaly, henek, ýomak görnüşli, tapawudy ýok, ýa ýaňzydyp aýtsalar, men şobada ot bolup tutaşýan. Kämahallar dagy gyzyl ýumruga giräýmeli pursatlaram bolýar. Şol gün şatlygym bilen gazabym bile garyşdy. Şeýle bir güýç-kuwwat geldi, hamala edil goltugymdan göterilen ýaly, orkestriň ýanyna nähili baranym ýadyma düşenok. Öýe gelenimizde gelnejeň, gyzlarym, meniň “Tüni derýany” aýdyşyma ýokary baha berip, hünär saýlanyşykda meniň ýalňyşanymy bellediler. **** sýurpriz (rusça)—garaşylmadyk sowgat. Папочка, поздравляю!—Kaka jan gutlaýaryn! Почему? (rusça)—Näme üçin? Где “Птичье молоко”? Торта не будет, что ли?! (rusça)—Hany “Guş süýdi”? Näme, tort bolmazmy indi? Клыч, только не кричи пожалуйста! Очень прошу, тихонько, не громко, ведь в ресторане много людей, они тоже как мы—пришли отдыхать (rusça)—Gylyç, ýöne, gygyrmasana! Haýyş edýän, gaty däl ýuwaşjadan. Restoana gelen köp, olar hem biz ýaly, dynç almana gelendirler. “Одна палка два струна, поет моя страна” (rusça)—Bu ýerde manysy: Bir taýak hem goşa tar, meniň watan aýdym aýdýar. Эй братан, подожди! (rusça)—Eý gardaş, aýak çek! “Одна палка три струна, орёт твоя страна” (rusça)—Bu ýerde manysy: Bir taýaga dakyp üç tar, Seniň ýurduň zorlaýar. Не связывайся с придурками! На, лучше, закусывай! (rusça)—Samsyklar bilen deň bolma! Gowusy, me iý! Для дорогого гостя из солнечного Туркменистана, Дурдымурада исполняется песня “Акджа кепдери”! (rusça)—Güneşli Türkmenistandan gelen gadyrly myhmanymyz, Durdymyrat üçin “Akja kepderi” diýen aýdymy ýerine ýetirýäris!. “Да, да, Мурад Садыкова и Шамамеда хорошо знаем. “Туни деря” говоришь? Без проблем. Только напомни нам мелодию!” (rusça)—Hawa, hawa, Myrat Sadykow bilen Şamämmedi gowy tanaýas. “Tüni derýa” diýdiňmi? Hiç bir meselesiz. Ýöne, bize heňini ýatlat! “Невероятно!”, “Это чудо!”, “Он сейчас задохнется” (rusça)—“Akyla sygjak zat däl!”, “Bu örän täsin!”, “Häzir ol demiger” “Brawo, Brawissimo!” (ital.)—“Ajaýyp, örän Ajaýyp!” “На бис, маэстро!” (rusça)—Maestro, ýene gaýtala! Kakajan Balkanow. 2021 ýyl | |
|
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Terk edilen toba / hekaýa - 12.12.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |