08:56 Çäkli çeşme | |
ÇÄKLI ÇEŞME
Publisistika
Illýustrasiýa: "The New Yorker" "The New Yorker" gazetiniñ baş redaktory Dawid Remnik Gazä ýönelen global simpatiýany "11-nji sentýabrdan" soñky ABŞ-nyñ düşen ýagdaýyna meñzedýär. Ýagny, ýakasy gaýyşly ganhoryñ sekiz aýlap şaýan bolan gündelik telbeligi bilen deñeşdirende "çäkli çeşmä" ýa-da çäkli täsire eýedigini nygtaýar. ABŞ-nyñ tanalýan jöhit raýatlaryndan Remnik käbir ygtyýarlylaryñ Netanýahuny "häkimiýetde galyp bilmek üçin Ysraýyly bilkastlaýyn ýok etmekde" aýyplaýandygyny aýdýar. Ol Ysraýylda ýaşaýan we her gün telefonynda garyndaş-doganynyñ we tanyş-bilşiniñ Gazadaky ölüm habaryny we suratyny görän iki million palestinalynyñ kyn ýagdaýynyñ üstünde durup geçýär. Remnik Ysraýylyñ umuman alanda sagçy ýurda öwrülendigini aýdýar. Her gün "diýdimzorluklar bilen doly" hökümetiñ edýän işlerini paş etmäge synanyşýan gündelik "Haaretz" gazetiniñ syýasy pozisiýasyny öwýär. Ben Gwir oña "Hamasyñ gündelik gazeti" diýýär. Gazetiñ soñky wagtlardaky iñ täsirli tarapy-da, günde diýen ýaly berýän habarlarynyñ we analizleriniñ giñligi hem-de bularda rehim-şepagatsyz harby giñelmä we syýasy telbeliklere degişli anyk kesgitlemeleriñ berilmegi. Soñky aýlarda dünýä ýaýylan simpatiýa tolkunyny kesgitlemek üçin "çäkli çeşme" sözüni ulanmak dogry bolsa gerek. Ysraýyl Günbatar jemgyýetçiliginde uzak wagt bäri eýerip gelinýän prinsipi ýykdy. Emma bu Netanýahuny - öldürme, ýok etme, ýerinden-ýurdundan kowma telbeliginden azajygam bolsa alyp galdyrmaga ýarapdy. Remnik palestinaly aýalyñ aýdan şu sözüni sitata alypdyr: "Ölüm hemme ýerde. Ölenleriñ hemmesi gömülenok we jesetleriñ hemmesini halas edip bolanok. Gaty köp adam ýumrulan jaýlaryñ astynda galdy". Netanýahunyñ Gazada edenleriniñ iñ esasy tragediýasy - köpçülikleýin gandöküşligiñ, belki-de onuñ iñ ownuk etmişi bolmagydyr. Gynamalar, açlyk, gorkuzmalar, şantaž, adamy birnäçe hepdeläp ukusyz goýmak, suwsuz goýmak, garyplaşdyrmak, çeşmeleri petiklemek, ähli umytlary ýok etmek - öldürmekden has gorkunç we ölüm howplu açyk ýaralardyr. Hamana "Holokost" hem indi şumada çenli bolup geçen wakalar gäbiazan dyrnaklary nilen söweşmek haýbatyny atýan Netanýahudan has rehim-şepagatly bolup görünýär. Belki-de, simpatiýa hakykatdanam "çäkli çeşme", emma gerekli. Resmi Günbatar ganhory Gazadan uzaklaşdyrmak üçin düýpli ädim ätmeýänem bolsa, iñ bolmanda azat halkynyñ geçen asyryñ etmişlerini ýatdan çykardan aýylganç jenaýat babatdaky tutýan pozisiýalaryny aç-açan aýtmagyna ýol berýär. Köpçülikleýin mazarlar ee beýlekiler bilen dahyllylykda ýüze çykmaga başlan wagşyýanalyk, Ysraýylda geçmişde propoganda we ony goldaýan toparlaryñ täsiri bilen ýapmagy başarýan gapylary açjakdyr. Bu kartina Ysraýylyñ özi tarapyndan orta çykaryldy. Palestinaly aýal ähli ölülerini gömüp bilmeýändiklerini aýdypdy. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Ýekşenbe, 19.05.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |