14:27 Çakyryñ zyýany | |
ÇAKYRYÑ ZYÝANY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Rowaýata görä, bir gün Bohlul Harunyñ ýanyna barýar. Görse, Harun çakyr içip oturan eken. Ol özüniñ haram işini aklamak üçin Bohluldan: - Eger biri üzüm iýse harammy? - diýip soraýar. Bohlul: - Ýok - diýip jogap berýär. Halyf: - Eger üzüm iýeniñden soñ, onuñ üstüne suw içse nähili? - diýýär. Bohlul: - Aýby ýok - diýip jogap berýär. Ýene-de halyf: - Üzüm iýip, suw içeniñden soñ, birnäçe wagt günüñ aşagynda otursa nähili? - diýýär. Bohlul: - Ýene-de aýby ýok - diýýär. Şonda halyf: - Onda näme üçin şu üzüm bilen suwy birnäçe wagtlap günüñ aşagynda goýsañ haram bolýar? - diýýär. Bohlul: - Eger bir gysym topragy adamyñ başyna dökseñ, oña zyýan ýetirýärmi? - diýip, onuñ soragyna sorag bilen jogap berýär. Halyf: - Ýok - diýýär. Bohlul: - Eger şol topragyñ üstüne biraz suw guýulsa nähili, şonda zyýan ýetirermi? - diýýär. Halyf: - Ýok - diýýär. Bohlul: - Eger edil şu toprak bilen suwy gatyşdyryp, ondan kerpiç ýasasalar we şonuñ bilen-de adamyñ kellesine ursalar, zyýan ýetirermi? - diýýär. Halyf: - Elbetde, ýetirer, adamyñ kellesi ýarylar - diýip jogap berýär. Şonda Bohlul: - Eger suw bilen topragyñ garyşdyrylmagyndan emele gelýän zat adamyñ kellesini ýaryp bilýän bolsa, oña zyýan ýetirýän bolsa, suw bilen üzümiñ garyşdyrylmagyndan emele gelýän zady şerigatyñ kanuny haram we nejis hasaplaýar, ony içmek ynsanlara köp zyýanlar ýetirýär, içýänlere şerigatyñ bellän ýörite temmisi bar. Halyf Bohlulyñ beren jogaplaryna geñ galyp, saçakdan çakyrly bulgurlary aýyrmagy buýurýar. Pars dilinden terjime eden: Aşyrpur MEREDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |