09:41 Çarh / 1-nji kitap -10 | |
• Täterimiň teýine gitsin!
Taryhy proza
Her maşgalada dürli-dürli gürrüňler edilýär, Keýmirleriňkide welin ähli başlanan gürrüňiň soňy şol aýra düşülen Watana ýazaýýar. Taryh. Geçmiş. Onuňam sebäbi kaksy Hojanepes batyr öz nökerleri bilen ata çykyp, häli-şindi köne ýurda eltýän ýollaryň, geçitleriň, köprüleriň gözlegine çykýar, kent-obalary, ýodalary öwrenýär, tanyş-bilişlerini, dostlaryny köpeldýär. Dolanyp gelbem, öz taýpadaşlaryny üýşürip, gören-eşdenlerini habar berýär. Olaryň bäş adamdan ybarat toparyna “Ilçilerem” diýäýýärler. Ilçileri ibermek kärini tekeler şol Taklamekandan gaýdanlary bäri yzygider ýöredip gelýärler. Hojanepes pälwan-a baştutanlary, Göbe diýen aňly birleri bar, bir gören ýerini ikilenç tapmaga ökde, ol hatda öň görmedik ýerinem tapaýýar diýip, tarypyny ýetirýärler. Onuň taryhy şeýle -- Taklamekanda tekelere hanlyk eden Amanşanyň dördnji arka at dakylany Amaşanyň ogullarynyň atlary Göni, Gowky, Gapan. Buharadakalar Amanşa ärsarylardan habar almaga gidende bir başyboş-dul çagaly gelni myhman hormaty hemem gatnaşyk ýitmesin diýip, aýal edip berýärler, yzyna düşüp geleniň ady Aňyrbaş, ol ärsary bolýar, ýöne şol aýaldan bärde bolan oglana Göbe diýýärler. Beýlekileriňem her haýsynyň bir hünäri bar, biri köp dilde dilmaçlyk edip bilýär, Esen diýeni mergen, biri tebip. Saýlama adamlardan düzülen ilçiler topary-da. Ilçiler köplenç ýüzlerini garaňka tutup, çola ýollardan juda alyslara gidip, çöl içindäki çopan-çoluklaryň goşlarynda düşläp, gepiň gerdişine görä aýdyşylsa, köne gürrüňem bar-a, “Ilde ýok gepi öýde oturan ulygyz bilen çölde gezen çopan biler’ diýen, hawa, çopanlardanam özlerine gerek habarlary eşdip, gerek bolsa dag-daşlara siňip, daş memleketleri söküp, maglumat toplaýarlar, käbir adam şekilli, ak ýürekli hanlar-begler bilen duşuşyp, öz matlaplary barada pikir alyşýarlar, ýagdaýlary bilişýärler. Nirelerde türkmenler bar, olar türkmeniň haýsy şahasyndan, olaryň ýaşaýşy-mydarasy niçiksi? Ýanlaryna ýörite gidip, ahwal soraşyp, pikir-hyýallaryny bilip, özleriniň Watana dolanýandyklaryny aýdyşyp, geljegiň donuny biçýärler. Hany ata mekanyň dik üstünden eltýän göni ýol barmy, bar bar eken diýeli, ýöne niredeligini bilmeseň, nijesi bir pul? Dost kaýsy, duşman kaýsy, seljerip-seçip, düşlän ýerleriňi bellik edip, nyşan goýp, mazaly ýatda bekläp, barjak menziliňi tapsaňam, zor boldugyň, Kakasy Hojanepes batyr ilçilere baş bolup, ýurt söküp, milletiniň, Aly türkmen döwletiniň geljeginiň ýoluny gözleýär, öz gaýynatasy Orazmämmet Düýegöz hanyň tabşyrygy boýunça onuň käri şol. Batyryň ogly Keýmir welin aňynda türkmen halkynyň, teke taýpasynyp pajygaly geçmişini dörýär. Ataly-ogluň biri geljege, beýlekisi geçmişe rowana. Ine, edil şu mahalam Keýmir ýene okan kitaplarynyň, eşden gürrüňleriniň üsti bilen bilýänlerini beýnisinden gaýtadan geçirip, gadymýete-taryha çümdi, tutuş boýy bilen, ummana çümen guwwaslar kibi. Ol suwdan boş çykmaz, gysymyny bibaha merjen dänelerinden dolduryp geler. Kalbyndaky Watan diýlen ertekilerdäki jadyly ymaraty merjenden diklär, göwherden beslär. Töwratda aýdylýan kyrk şähri gyzyldan doldursa-da, kowumdaşlaryna hiç zat eçilmedik syrnyh jöhit Karun ýaly bir-täk özi üçin däl, ili-milleti üçin, ýeneki nesilleri üçin. Atasy Penjeli pälwanyň öwüt berip, öwredişi ýaly geljegi geçmişden gözleýär. Hawa-hawa, hut şeýle – geçmişden-ä geljegiňi tapýaň, geljekdenem geçmişiňi. “Ýagşydan at galar, ýamandan set” diýilýär, emma ýaman kişidenem adam galýar, setem, Set diýenem ýüzlerçe etmişi bar diýildigi, set – ýüz. Ine, ýaňky Karundan Musa pygamber kowumdaşlary üçin pul soraýar, olam ýardam berenden-ä geçen, gaýta Musany zynada aýplap, töhmet atýar. Bu hyýanaty paşmanam, Musanyň bet dogasyna, gargyşyna sezewar bolýar, netijede, göyä ýer yarylyp, ony bar baylygy bilen birlikde yuwdanmyş. Töwratda ony meslekdeşleri bilen Huday oda yakypdyr diyilyär, ana, şondanam at galypdyr-a. Bar aýdaly, bu-ha rowaýat-ertekimiş, emma taryhda hakykatdanam, şol pisint gendeler gyt däl, meselem, Çingiz han. Nijeme şäherleri-obalary ýumurtdyryp, nijeme bigünä betbagt adamlary gylyçdyr-naýzanyň tygyndan-ýalawyndan geçirtdirip, uly diýmän, kiçi diýmän, aýal diýmän, erkek diýmän, oda atdyryp, derýa gark edip, ýeriň ýüzüni gyrgyna beren, gargyş siňen deýýus. Üstünden näçe asyrlar geçse-de, ony tanamaýan, adyny bilmeýän ýok. Çingiziňki ýüzüň çeni däl, ýüz müňlerçe, megerem, ondanam kändir. Onuň dökdüren gany, ýumran oba-kentleri... san ýetmez. Maru Şahy Jahanymyzy, Könürgenjimizi, Nusaýymyzy, Ýazyrymyzy nädipdir, ýer bilen ýegsan. Maryda diňe bir günde gyrdyrany ýüz müň adam. Tutuş Horasanda ot gorsapdyr. Başga-da-başga-da-başga-da... sanardan kän. Ine, şeýle-dä, bir guduzlan kelesaň haramzada sebäpli, nije nala-perýat, nijeme gargyş. Bir gurrumsaga buýrup bilmeýän bolsa, onda adamzat diýeniň juda ejizdir, şol sebäpli dünýäniň köp böleginde adamlar bir-biregini zalymlyk bilen parçaladylar. Wagtyň ýalmawuz çarhy welin bar zady düýrläp, üwäp barýar, adyňy hem, günäni hem, gargyşy hem. Adamyň bagyşlamak, unudaganlyk häsiýeti adamzada-da geçen. Aslynda, adamzada mahsus häsiýetler adama geçmeli ýaly welin, adamdan adamzada hem geçjek eken. Köp ýyllar geçensoň, ýagşy-ýaman garyşýar, bulam-bujar. Kem-kemdenem unudylma bilen ýa-da ýagşy bilen ýaman öz orunlaryny çalyşýar. Ýazyjy hökmünde öz gahrymanymyň pikirine känbir goşulybermeli däldigine aklym çatsa-da, gürrüň geçmiş taryh barada gidensoň, anyklyk üçin kä zatlary beýan edýän hekaýatymyň daşyndan öz adymdan aýtmaly bolýaryn, ilki bilen-ä, Keýmiriň ýaňky aýdýany gaty dogry, Häzir Napoleon Bonoparty hem kän bir ýamanlykda ýatlap ýörenoklar. Şu ýerde okyjy bilen bir zady şertleşeýin, mundan beýläk ýazyjy hökmünde öz adymdan berjek takyklamamy ýaý içinde alyp, kursiw-ýazmaça harplar bilen bererin. Keýmir Çingiz handan başlan oýlaryny dowam etdirdi, okan, atasyndan-babasyndan gulagy ganan zatlary. Çingiziň hakyky ady Temuzin Temuçin, (ol 1155-nji ýylda Onon derýasynyň boýundaky Delpun Bokdon mülkünde doglup, 1227-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Hytaýa ýöriş edýän mahaly ölýär). Enesiniň-atasynyň dakan adyna seretseň-ä, eger türkiçe bilen çala galtaşygy deň gelýän bolsa, “Tämiz” sözüni ýatladýar . Tämizlik küje, zat küje? Adamzat nesliniň iň bir hapa tegmili! Çingiz adam “jeňgiz” diýen sözden – “uruşparaz”, şol biçem däl, ýene birlerem “çin oguz” diýip düşündirýärler. Taryhyň garaňky töründe goş basyp ýatanlaryň, asyrlar boýy dilden düşürilmän, ýatlanyp ýörenleriň ençemesi öz ýaşan döwründe adamlaryň, halklaryň, adamzadyň agzyna zäk atyp, gan gusduranlar, dünýäniň başyna-da ahyrzaman gopduranlar. Çingiz han, Teýmirleň, Nedir şa – bulary ýüzüň çydap, dowzaha elter ýaly adamlaram däl. Hernä, Sakar dowzah bar, şolar ýalylary ýakmak üçin. Eger jisim hökmünde getirip bolsa, onda olar hili pes jisim, pos jisim, şol boluşlaryna-da dünýäniň depesine dyrjaşýarlar, misli sary çyrmaşyk ýaly. Olar taryhda ebedi ýaşap ýörler, hil bir iş bitirenler bolup. Wagt diýilýäniň bu edişinde adalat ýok. Eger Wagtda-da adalat ýok bolsa, onda ol niredekä? Geçmişde ýok bolsa, häzirde ýok bolsa, geljekde bir barmyka şol adalat? Ýa diňe o dünýäniň adalatyna garaşyp ýaşamalymyka? (Öljekmi-ýitjekmi, indi Gitleriň ýa-da dünýäniň haramzadasy diýen at alan üçüň biri Agamämmet şanyň atlary galyp, haýsydyr bir zaman etmişleri unudylsa, baryp ýatan karamçylyk dälmidir?). Taryh diýilýänem näme dogry öwrenmeseň, hakykatda näme bolanlygyny bilmeseň, kemis-kümüssiz sapak edinmeseň, hökman gaýtalangyç zatdyr öz-ä. Ýok-ýok, bir ýa iki gezek däl, tä doly düşünip, netije çykarynçaň, başyňdan sowulmaýar. Ýöne aýtmaklaryna görä “Bigünä gan ýerde ýatýan-a däldir”. Ine, bu aýtgyda welin lowurdap duran adalat bar. Keýmir içini gepledýär: “Hergiz içden çykmaz kinesini-öjüni güýçlüler bagyşlap bilýär, emma ejizler başarmaýar. Ýa-da adamzadam güýçli bolany üçin şol zalymlaryň günäsinem bagyşlaýýarmyka? Aslynda, Çingizi Çingiz han edýän onuň daşyna toplananlar, ýakynlary, meslekdeşleri, ony öňe tutup, öz gara nebsi üçin zalymlyk edýänem şolar, emma olaryň welin taryhda ady galanok, hiç yzy-sory ýok, ömrüniň keýnine deňiç ele düşmedik köpbilmiş jenaýatçylar kibi. “Üsti açylmajak günä ýokdur!” diýýärler welin, ana, şolaryňky-ha bilinmän galdy – petik. Kişiniň arkasynda bukulyp, ot gorsap, taryhy döredýänler-ä bilinmän galýar. Il içindäki bellentgilere Meleş diýilýär – şonuň ýaly söz bar, Çingiz han tetelli Meleşlerem hil bir iş bitiren kişisiräp, taryhyň gyrmyzy gana boýalan küti sahypalarynda hekgerilişip-joňkarylyşyp otyrlar”. Ine, ýene Keýmiriň häliden bäri iş edinip, süýji ukusyny ýakyp, çöşläp duran mähnet kelebiniň ujy ýitdi, pikir ýumagy çigişdi, indi sökläbilseň, sökle-dä. Çingiz han biziň ata-baba ýurdumyzam lek-lek leşgeri bilen gyryp-gyrjaşdyryp gidenden soň, toprakdan bereket göterlip, halklaryň başyna agyr gün düşüp, ýany ýerden galmaza dönýär. Marynyň, Könürgenjiň kitaphanalarynda dünýäniň tas hemme kitaplary jemdi, okalýandyr, jemlenendir, lagnat siňen Çingiz hanyň gözi gyzaran serkerdeleri Jebäniň, Subadeýiň, garadangaýtmaz ogullary Joçynyň, Çagataýyň, Ugedeýiň baştutanlygynda şol gymmatly kitaphanalar otlanyp, tütüni asmany tutýar, diýmek, bu topraklardaky nijeme ýyllaryň dowamynda toplanan ylym-bilim küle öwrülýär. Eger mundan beýläk bu jelegaýlarda okaýyn-bileýin diýseň, baryny täzeden başlamaly. Çingiz hanyň ýolbaşçylygynda mongollar adamlary, kitaphanalary, ýurtlary däl, öz ýaşan döwürlerinem, taryham otladylar. Ýöne Haýýat ümzügi öňe tarap edilip ýasalypdyr, hernäçe ýyksaňam, dikelip-turup, gowluga sary gyrbydyklaberýär. Ýene ýurtlar, döwletler döräp, ýaşaýyşyň arabasy jygyldap, batan ýerinden gozganýar. Serhetler paýlaşylýar. Horezm şalary bilen ylalaşyp, türkmenleriň teke taýpasy Garaguma dolýarlar, kespleri, esasan, çarwaçylyk, özlerine ýetesi ekerançylyk – arpa-bugdaý, gawun-garpyz..., haly dokmaçylygy. Ylalaşyga görä, öz üstlerinden duşman geçirmeli däl, emma ýüpek ýoldan barýan söwda kerwenleriniň goragyny üpjün etmeli, uç-gyraksyz sow-sölsüz çölüň içi bolansoň, düşelgelerde süýji suwly guýular gazyp, bezirgenleriň azyk-suwluklaryna delalat ýetirmeli. Bu iş tekeleriň özlerine-de bähbit, bezirgenler bilen sowda-satyk edişip, harytlaryny ýerleýärler, gerek-ýaraklaryny, däri-dermenlary satyn alýarlar. Magrypdan-maşryga nirede näme gopupdyr – dünýä ýagdaýy barada dürli habarlaram eşidişýärler. Söwda ýolunyň goragy, tertip-düzgüni berk, gorkusyz bolansoň, güler ýüzli garşy alnansoň, bejit her kim kerwenini Garagumyň üstünden sürjek. Ýol pajam üýtgeşik bir gala-gymmat däl, oňşulyberýär. Biri eýläk, biri beýläk, saga-sola gatnaw ýasaýan kerwenleriň mis jaňlarynyň içinden sallanan ujy gaňrçakly dilleriniň urulýan düňküldili sesi ýatanok. Döwletýar beg 35 ýyl tekelere baştutanlyk edýär, (dessandaky ýemreli Döwletýar däl, atdaşy), ýüpek ýoluň ugrundaky berk tertip-düzgüni ýola goýduran şol. “Ýüpek ýolunyň rahatlygy biziň milletimiziň ryskydyr, ryskymyzy depmäliň, iki-ýeke kerwen talaňçysy tapylaýsa-da, petigulysyny berip, ikini islemez ýaly ediň. Hudaý berse guluna, getirip goýar ýoluna diýýär, ýolumuz-a däl, baýguşyňky ýaly, agzymyza gelip dur! Bize tarap akyp ýatan rysgalyň gözüni bitirsek, özümiz har düşeris, ýüňümize-derimize derek Çyn-Maçndan gelýän ýüpek parçalardan lybas geýmeris, Bulgur balyny ýalamarys...” diýip, pent edipdir. Döwletýar begiň “Söz bilen halkymyň göwnüni tapyp bilmesem, saz bilen-ä taparyn” diýip, iliň öňüne çykyp, saz çalmasam bar eken. Dutaryň gyryk perdesinden başlanyp, gyryk perdesinde-de tamamlanýan sazlaryň başyny şol başlapmyş diýenem bir köne gürrüň bar. Häli-bu günlere ýetip gelen “Gyryklar” sazynyň birini onuň ady bilen baglanyşdyrýarlar – “Döwletýar gyryk”. Ol bende kazasy dolup, dünýesini başgalansoň, ogly Aman ornuna beg saýlanýar, ýogsa oglunyň beg saýlanmagyny Döwletýar begiň özi sargyt etmändi, gaýta “Oglum, Hudaý maňlaýyňa ýazmasa, öňe dyzamagyn, gerekli daş bolsaň, halkyň özi seni ýerden göterer, öňe düşüp masgara bolanyňdan, aşakda itiň art aýagyndan suw içeniň ýegdir, köpüň garamatyny götermek kyn, eýgermeseň, günäsi agyrdyr, başarsaň, bar başyna” diýip sargyt etdi. Ýogsa Döwletýar bege agyr ýaraman ýatyrka töwella edenlerem tapyldy: --Ýüwrük-çamanlyk aslyna çekermiş diýýärler, bagşynyň, alymyň, tebibiň nesil yzarlaýşy ýaly, beg-töreligem aslyna çekýän çemeli, tüweleme, ilagasy bolmak Alla tarapyn sisiňkilere berlipdir-le, uly ogluň Aly, körpäň Polat baram welin, ikinji ogluň Aman yzyňy ýöredip biljek, nirä gitseň, ýanyňda, sypatam elşip dur, geplemäni-diňlemäni başarýar, mesele çözüşiňi öwrendi, zerur ýerinde buýrubam, rehimdarlyk edibem bilýär, yzyňda goýup gitseň, ýoklugyňy bildirenok, ornuňy şoňa ynanaýsaň näder? Döwletýar beg bu ýaramsaklyk bilen teklip edýän Jumak Girjik diýilýäniň öz agzyny ysgap görýänini aňsa-da, onuň beglikden öz tamakinçiliginiň barlygyny bilse-de, öň onda-munda bu barada gep ýaýradanyny, “Döwletýar begden soň susak sapy maňa ýetýär, saňa ol wezipäni bererin, oňa pylan obanyň hanlygyny ynanaryn, seni sag golum edinerin, pylanyny pylan ýaba müşrip ederin...” diýip, eçilip bilenini eçilip, ýaýradan gepleri gulagyna degipdi, herniçikdir, sypaýçylygy elden bermän, göwnüne degäýmän, parahat äheňde jogap gaýtardy: --Agyr illi taýpa beglik etmek, külli tekäniň garamatyny öz boýnuňa almak bu kyn mesele, biriň-ikiň çeni däl, halkyň üýşüp, ara gelşip, bir çukura tüýkürip, çözmeli meselesi. Başga ýerde iliň öňüne düşsem-de, öz ogluma gezek gelende, men gyra çekilerin, goşulamok. Il-gün sag bolsun, otuz bäş ýyl meni depesinde göterdi, sözmi ýere çalmady, sylap bildi, kemi ýok. Men öz oglum Amandan has beter milletime golaý durýaryn. Halaýygyň içinde bizçeräk, bizdenem mynasyprak adam gyt däldir. Bu garamata höwes edýänem bardyr, nobat şolaryňky. Döwletýar beg “Bu garamata höwes edýänem bardyr, nobat şolaryňky” diýeninde, häzir ýanynda gürleşip duran Jumak Girjigiň özüne kakdyrdy, olam, heý, aňmazmy? Ol syrynyň açylanyna utanmadan geçen, gaýta bu söze monça boldy, öz pyglynyň amala amagyna Döwletýar begden garşylyk çykmajagyny, kakasy şeý diýip dursa, halk içinde sylanýan Aman begçeriňem bu wezipä dalaş etmejegini bilip, begenjinden her erni bir ýerde. Diňe oňa däl, şeýle tekilibi çynlakaý, halys ýürekden teklip edenlerinde-de Döwletýar beg şol jogaby berdi, keskelläm garşy çykdy, ogly Amanam kakasynyň sözüni ýykman, bu işden boýun towlady. Ýöne ilem öz diýenini gögertdi, gyk-bagyna bakman, Aman agyr illi tekäniň begi edilip saýlandy, ýöne Aman orta çykyp: --Kakama ornuňy almaryn diýip söz berdim, sözümde tapylaýyn, hötde geläýjek laýyk birini saýlaň, soň onuň özi başaramok diýip, üstüme gelse, ornuny hödürlese, şonda görübereris, ýöne şeýle bolaýanda-da, ýene il-günsüz çözmeris – diýdi. Halaýyk bu gepi dogry tapdy, Jumak girjigem bu agdaýyň çukuryny öňünden gazyp goýän, taýynlan adamlary üýşüp, gykylyk turzuberdiler “Jumak Girjigi saýlalyň” diýip. Jumak Girjigiň aşygy alçy gopdy, eline gola geldi. Ýöne pişigiň ýyndamlygy samanhana çenlem ýetmedi, wezipäni göternip bilmän, sähel salymda birgiden ýalňyşlar goýberip, beglik işini bulam-bujar etdi, uzaklaşdyrmanam, ýoknasyzlygy-süwümsizligi bilen halkyň gözünden düşüp, garşysyna baş göterildi, ony aýrybam, ýene Amana ýykyldylar. Halk Amany saýlady, olam bu gezek tykyrap durman: “Öňkim şübheli. Indi saýlanyşym halal” diýip, beg atasynyň ýoluny dürs ýöretdi. Ýurtda çarwaçylyk ösýar, günema hemme taraplaýyn ezeneginden çekilene öwrülýär. Aman han kyrk ýyl basalykly beglik edýär. Beglik etmek diýleni käbirleriniň dilini-başyny çeýnäp aýdyşy ýaly çölde kerwen talap ýörenlere baş bolmak däl, tersine ýüpek ýoldan geçýän kerwenleri goramak diýmek. Aman han atasynyň sözlerini gaýtalady: “Üstüňden kerwen geçse, heý, oňa ýetesem bir zat barmy? Artykmajyňy satýaň, zeruryňy satyn alýaň. Bir gezek-iki gezek talaň salsaň, soň üstüňden kerwen geçermi? Başga ýol gytmy? Kerwen bu göçme bazar, zerurýetiň tapylýar, heý, onam bir goraman bolarmy? Türkmenler bezirgenleri gorany üçin Gargumyň üstünden ýüpek ýoly geçen. Ýüpek ýoly – dünýäniň ýoly, asmandan aranyň ýerde gowuşýar, üstüňe gelýär”. Wah, elmydama sowda kerwenleri iki ýan gatnap ýörese, bolaýmajakmy? Emma... Başa düşýän belalaryň biri, ýagny, Çingiz han sowuldy, salan ýaralary biteňkirläp ugrady diýseň, edil garaşyp duran ýaly, ýene biri häzir, edil towugyň pyşdy kibi, biri çyksa, ýerine ýene biri, yzy hatar-hatar. Akylly adamyň biri aýdan “Şol tirkeşip gelýän dertleriň arasynda sähelçe yş bar, şol yşa ýaşaýyş diýilýär, galany görgi”. Näme üçin bu görgülikler-dertler hatar-hatarka? Ýa indi kyýamat ahyryna deňiç şu muşakgatlaryň içinden geçip ýaşamalymyka? Behiştde Adam ata bilen Howa enemiziň iýme dilen tagamdan dadyp, eden günäleri üçinmikä? Bar, aýdaly, şondan bolaýanda-da, ol günälere ýuwularça mahal geçendir-ä, kadyr Alla iň rehimdardanam rehimdar-a, öz sungundan ýaradan adamyny bagyşlap biler-ä. Ýöne bu ýerde mesele adamyň özünde bolaýmasa, dagy näme diýjek – nebsine haý diýip bilenok, dünýäni ýuwdaýsam diýýär. Pelegiň hödürleýän görgülerem ýetik, ýeri, adamyň adama tapýan gowgasyna näme diýjek? Şonda-da, şonda-da, şonda-da, ýaşaýyş süýji ýasalan – asaldan- baldan-nabatdan. Görgüleriň baryna dözýäň, aý, bu dünýä gelip, ýeke gezek tenekar howadan dem alanyň, ýeke gezek bu Ýalança gözüň düşeni, söýgüli ýary, balalaryňy bir sapar bagra basanyň... behişde barabar dälmi? “Asaldan-baldan-nabatdan” diýdik, zäkden-awydan-zakgundan, buruçdanam diýmelidik. Isleseň-islemeseň, bu şeýle. Ýaşaryn diýseň, ikisine-de werziş ol! Taryhda adamzada çökder zulum edenleriň ýene birem Demir agsakdyr, ony Çingiz hanyň nesil dowamatyna goşýanlaram bar, dürli deliller bilen ýerli halklarymyzyň içinden çykan hasaplaýanlar-da bar. Şol iki pikiriň haýsam bolsa, elbet-de, biri dogrudyr, ýöne ol nireden bolanlygynda-da onuň kylan günäleri agralyp ýa ýeňläp bilenok, ýöne taýagyň iki ujy bar, biri zelel bolsa, ikinjisi haýyr, onuň Horasanda mongol-tatarlaryň Gyzyl orda döwletiniň dikmelerini basyp-pytradyp, halklarymyza azatlyk getirmegi, elbet-de, gowy iş. Onda-da özi şolaryň neslinden bolup, öz ata-babalarynyň adam ganynyň üstünde guran döwletlerini birýanuçdan syndyrmagy, öz başlaryny özleriniň ýetmegi, öz etlerini özleriniň çigligine iýmegi gowy zat. Ýöne halk üçin bir agalygyň aýrylyp, ikinji agalygyň gelmeginde zelelden başga peýda ýok. Şonda türkmeniň bir ýaşulysy aýdypdyr – “Doňzuň agy näme, garasy näme? Hawa, ikisem seniň göz dikip oturan bakjaňy pytratjak bolsa. Haýsy bolanda näme? Teýmir leň Samarkandyň emiri Hüseýiniň goşunbaşysyka Mongol çozuşlaryna duçar bolup, gorkularyndan namartlap, emir bilen şäherden çykyp, zut gaçýarlar. Hawa-hawa, emir bilen goşunbaşy edil ýere siňen ýaly, nirä gaçanlaryny Alla bilsin. Emma hünärmenler-garyp gasarlar birnäçe aýlap baş göterip, mongollary serpikdirýärler, gozgalaňçylara pagta arassalaýjy Abubekir Kelewi bilen medrese müridi Möwlam zade baştutanlyk edýär, duşmanyň serpikdirilenini bilip, ýagdaýdan peýdalanyp, emir Hüseýin bilen Teýmir dolanyp gelip, häkimiýeti aldaw bilen eýeleýärler hem-de tiz wagtyň içinde şol gozgalaňy amala aşyranlaryň, şäheri goranlaryň öňe düşenleriniň kastyna çykyp, tutup, olary agyr jezalandyrýarlar, gaçyp ýetişenlerem şäheri terk edip, zordan başyny gutarýar. Näme üçin beýdýärler – çünki, erteki gün “Başyny orta goýup, şäheri goran-a biz, taşlap gaçanlaram oňa ýene eýe çykdylar” diýilmezligi üçin, öz günälerini busdur-ýasdyr etmek üçin. Yzarlanar gorkudan halkam ol gozgalaňa gatnaşanlygy barada hiç ýerde dil ýazdyryp bilmediler. Teýmirleň bilen Hüseýin şa Samarkandyň häkimligini gaýtadan eýelänlerinden soň mongollara gizlin hat ugradýar “Biz siziň garşyňyza çykan samarkantlylaryň baştutanlarynyň hemmesine ýeke-ýeke jeza berip, ýok etdik, bizi öz dostlaryňyz hasap edip bilersiňiz. Eger size haýrymyz degjek bolsa, onda öz hyzmatymyzy gaýgyrmaýarys, bir aýdanyňyzy iki diýdirmeris, biziň gujagymyz size tarap gerilgidir, öňüňizde başymyz aşakdyr” diýen manyda, bular ýaly ýallakçylyga olar ökde. Birden ýene yzlaryna gaýtadan dolanyp gelip, weýran edäýmesinler diýen gorkudan. Mongollar ýene geläýselerem, “Biz size dostluk hatymyzy iberipdik, biz siziň sadyk guluňyz, garaşyp otyrdyk, geleniňiz gowy bolaýdy” diýip, duşmana tarap dönmek üçin. Dönüklik welin olar üçin eşekden palan alança-da ýok. Halkyna dönüklik edenler öz bir-birlerine etmezmi? Baýam eder! 1370-nji ýylda-da Teýmir leň hojaýynyň öňünde ýedi bükülip, içen antyny ýuwdup, Hüseýini tagtyndan agdaryp, ornuna emir bolup geçýär, öz döwletiniň merkezi Samarkant diýibem, jahana yglan edýär. (1381-nji ýyl) Teýmirleň Eýranyň üstüne ýöriş edýär, öz tabynlygyna geçirmek üçin. Ýedi ýyllyk üznüksiz söweşde esli bölegini basyp alýar, özüne garşy çykanlardan zalymlyk bilen öç alýar, (1387-nji ýylda) Yspyhanda 70 müň adamyň kelleçanagyny münderledip ziňňirt ährem (piramida) ýasadýar, azgyn gurrumsak kelleçanagyň depesinden lezzet alýar eken, “Meniň üçin adamyň özünden kelleçanagy gymmatly” diýýär eken, ol tetelli ölse-de güni gelýär, hezil – öwlüýäniň içi durşuna kelleçanak-da, synlap, gönenenip ýatmaly. “Galanyny ýene bir gezekde” diýip, dolanyp, Samarkanda gaýdýar, sebäbi “Yzynda baş göterip, öz Şah-Zinde Bibi hanym atly metjit gurdurjak diýip, bellik gazyk kakdyryp gaýdan ýeriňe üýşüp, tepbediňi okap otyrlar” diýen gizlin habar gelýär. Wagtynda ýatyrmasaň, soňy nirä dirär? Basyp alanyň bilen bar zat tamamlananok, soňundan saklamada iş bar. Basyp almadan ýöretme-dolandyrma kyn. Ýuwutmasyndan çykarmasy kyn diýip, arslan iýjegini syrtyna deňäp görermiş. Teýmirleňiň götin gaýtmagynyň ýene bir sebäbi agyr ýitgä düşen ýygnynyň sapyny dolmaly. Gadymlardan bäri ähli söweşlere mahsus bir kada bar, agyr goşunyň öňünden bir bölegi ýöräp, ýol arçaýar, köpri nirede, dag ötügi nirede, ýolda kimler, nämeler bar, bilmeli, yzdan gelýän goşuna habar ýetirmeli. Teýmirleňiň Eýranda söweş edýän 70000 goşunynyň öňünden 6000 esgeri ýol arçaýjylary bar eken. Olar dagdan bärik aşanlarynda tekeleriň üstünden barýarlar, ýerli milleti äsgermezçilik edip, ony onda, muny munda edip, urup-ýenjip, gaýtawul bereni çapyp öldürip ýollaryndan sowup ugraýarlar welin, ine, bir ýerden ýaragly atly gerçekler olaryň üstüne garasar inen ýaly çozýarlar, özlerem atyň üstüne ýelimlenen ýaly, ýarag işledişleri-de özlerinden gala ökde. Olar goja Aman hanyň baştutanlygyndaky tekeleriň atarman-çaparman batyrlary. Teýmirleňiň ýol arçaýjylarynyň ýek-tüki gaçyp, yzyna gitdi, galanlary gara ýeri guçup ýatyr. Olar tekeleriň üstüne dökülip gelenlerinde-de hiç zat diýmändiler. Indi-hä olardan asylam dem-düýt çykmaz. Gaçyp yzyna baranlary welin gören-eşdenlerini dem-deme ýetmän beýan eýlediler: “Zor gördük, sütem gördük, hemmämiz ýolda weýran, sataşan garşydaşlarymyz görlen-eşdilen däl”. “O nä zormuşdyk? Bizem göreli-le şol dälije mäşleri” diýip, emir Temir agyr goşuny bilen haý-haýly tekeleriň üstüne süründi, göçi geçip barýan ýaly howlukmaç. Baryp görse, ine, at üstünde gunt düşen ýaly oturyp, ellerinde ýarag oýnadyp duran taýyn söweşijiler, onuň geçjek ýolunyň öňünde hiç teşwüşsiz keseligine at gezdirip ýörler, garaw görene meňzänok, seniň emiriňem, Temiriňem gara şaýa aljak däller. Tananoklar, tanaslaram gelenok. Baý, bularyň dogumyny-aý, bir nöker edinip, öňüňe salyp bilseň, hiç garadan gaýtjak däller. Il içinde “Nöker ölse, patyşanyň ne ...azaryna” diýen köne söz bar, ölen alty müň esgerine ýüregi dagysy kemtersinden jyz-z-zam edenok, sarsanogam, gyýlanogam. Häzir gözlerine ölenler görnenok, bäbenegi ýyldyrym ýaly uçgun syçradýan goçaklarda, owasy ulalyp, garaçygy çykyp barýar: “Päh, öň üns bermeýşimi! Eýran diýip, Hindistan diýip, ol ýurtlara goşun çekmezden owal, ilki şu taýpany basyp alyp, leşgerime goşmaly ekenim, şeýdenligiňde, döw dursun soň öňüňde”. Indi Teýmir leň kenek kibi tekeleri ölende sypdyrjakmy? Ýörite okadylan- tälim berlen ýaly batyr, gaýratly, atarman-çaparman, gaýduwsyz zeberdest ýigitleri görüp, emiriň işdäsi açyldy, maksady olary öz sapyna goşmak. Öz ýanyndan öňden edip ýören arzuwy hem şular ýaly bahadurlar. Gökden arany, ine, ýerde – alnynda. Diňe ýuwdaýmasy galan. Her hili öwüsmegem emiriň ökde zady – bir arapdan, bir şarapdan! Eselibem bilýär, peselibem. Adatça şeýle ýagdaýda işiň düşende ilki eselilýär, halys bitmejege tutsa welin, peselilýär. Teýmir tersinden başlady – peselmeden. Zerur ýerinde peselmek nämemiş? Iş bitse, bolanydyr-da. Eselesiň gelse, soňam maý tapylar. Esasy zat – Eýran söweşinde ýitgisi ýüzüň-müňüň çeni däl, sen öldürseň, olaram öldürýär, maslyk maslyga degýär, ine, şulardan öwezini dolurmaly, Hudaý ýoluna getirip goýupdyr. Atlaram bar, ýaraglaram, söweş tälimini öwretmegem gerek däl, taýyn, sür duşmanyň üstüne! Çyksyn ganymyň kastyna! Şonuň üçin ilki sypaň-sermeň bilen, höre-köşe bilen, aýlap-çöwrüp, syýasat bilen almaly. Ýoly tutup, naýza-gylyç-galkanlary bilen germew çekip, böwet basyp duran ýigitlere Teýmir emiriň özi ýüzlenýär: --How, türkmenler, men sizi özümiňki hasap edýän, siziň bilen meniň işim-dawam, paýlaşyp bilmeýän zadym ýok. Teýmir leň tekelere bir laý göz aýlady, aýdýan sözi olara täsir edýärmi-ýokmy, aslynda onuň diline düşünýärlermi beri, biljek bolýar. Gözlerinden okady – düşünýärler, dilmajyň hajaty ýok. Ol ýene sözüni dowam etdi: --Eýran bilen döwşüp gelýän, Horezm hany yzymda galanlaryma azar beripdir, meniň indiki dawam şonuň bilen. Başda aýdyşym ýaly siziň bilen dostlukdan başga şärikli-dawaly zadym ýok. Ýolumdan sowulsaňyz, parahat geçip gitjek. Tekeler eşidýänlerine ne hä berýär, ne-de ýok diýýär, ant içen deý ýüzlerini kese sowşup, perwaýsyz dymşyp durlar, atlarynyň öň aýagy bile ýer peşedip. Teýmir içinden “Bu aýdýanlaryma bularyň hiç haýsynyň pisindi oturanok, kemtersinden piňlerine-de däl, ýogsa-da meniň derdim bularyň nä gaýgysy? Hany, gel, özlerine çüýjük hödürläp, ymsyndyrybam göreýin-le, belalyja çeňňegime iläýmesmikä?” diýen karara geldi: --Goşluşsaňyz-a, olajama deň şärik kylýan, boýdan-başa engamlaýan, süýt kölüne, bala batyrýan, aşagyndan çykmaz ýaly edýän. Her haýsyňyz birden-ikiden Horezm, Buhar gözellerini atyňyzyň ardyna basyp, “Eý, ýary Horezmin” aýdymyna hiňlenip gaýdarsyňyz. Goşunymyň başynda siz durarsyňyz, her haýsyňyza bir dereje bererin, meniň serbazlarym siziň öňüňizde epilişip, lepbeýik aýdyşyp durarlar, mertebäňizi ulaldaryn. Arkaňyzda men dursam, ataňyzyň köneden galan ýetmiş ýylky arynam jaýyna salarsyňyz. Bagtyňyz üstüňize geldi, tutmagy bir başaryň, haw, tekeler. Meni arkalanyp, ganymlaryňyzyň gözleriniň uçugyny alyň, soň enualla golaýyňyza gelmez ýaly... Köpigören zaňňar bilýär-dä – gulaga ýaraýjak-ýakaýjak ýympyk-şelaýyn gürrüňleri. Diňe bir bilmek däl, onda bu pisint sözler münder-münder. Timisgenseň, horjunyňy dykala-da otur, aldyň diýmez. Bolmanda, leňkildäp, aýagyňy süýräp ýören agsak halyňa, ilki-hä goşunbaşy, soňundanam bir döwletiň emiri-şasy bolup, yzyňa ýüz müňlerçe zeberdest jigitleri tirkäp, dünýä ot berip ýörmersiň. Ýagşydan-ýamandan özgelerden üýtgeşik taraplary bardyr. Geplejek gepini bilip dur ol. Her sözi, her jümlesi agzyndan sypdyrylyp, nyşananyň orruk-ortarasyndan – göbeginden urýar. Ýeriň pestinden gepiniň arasynda Horezminiň gapdalyna Buharanam goşuşyna bakyň, “How, teke türkmenler, sizi ol söweşe-de sürerin, uruşlardan ýaňa gözüňizi açdyrmaryn” diýdigi-dä, many alyp bilseň, düşünseň, öňünden ýaňzydyp goýýar içindengetiren köpbimiş. Yrylma bilseň, yrylma. Aýdan sözi gulaga ýylyja ýag daman ýaly meýmiredýär. Engamam, jananam süýji zat, “adamam bir iýiji zat” diýleni. Emir garşydaşlarynyň her haýsynyň öňüne bir ýagly omaçany oklandyryn öýtdi, emma tekeleriň şol mahalky suhanwer baştutany goja Aman handan alan jogaby başgaça: --Biziňem gadymlardan bäri Horezm şalary bilen ähti-peýmanymyz bar, ikitaraplaýyn şertleşigimize görä, olar-a duşmany öz üstlerinden bäri geçirmeýärler, bizem duşmany öz üstümizden aňry. Birek-birek bilenem saçakly gatnaşylýan agzybir goňşy. Serheti olaram bozanok, bizem. Henize deňiç-ä oňşup, ýaşaşyp gelýäris. Seniň Emir Temirligiňiňem, jahangirligiňem, güýçlüdigiňem bilýäris. Ýöne biz öz sözümize bitin halk, ähdimizi ýuwdanymyzdan imanymyzy ýuwdanymyzy gowy görýäris, bizde iki geplilik, mekirlik ýok, oklaw ýaly göni halk, bir gep etsek, gutardygy, daga myh kakan ýaly sogurmasy müşgil. Özüňem bir emir kişi, sen ýagşy bilmeli, ähtiňde wepaly bolmak ärlere ýaraşýar, dogry gerek? Ýurt ýolbaşçylaryna ondanam beter. Hälä galman, dolan-da, biziň demimiziň düşýän ýerindenem on menzil aňrydan ýoýlup-aýlanyp geç, üstümizden ýol bermeýäs. Sen biziň bilen adam şekilli gepleşdiň, bizi sylany Alla sylasyn! Bizem size adam şekilli aýdýarys. Owalda-ahyrda biziň kylmyşymyz şü. O-ho-ho-how, Aman hanyň sypaýçylykly hem kesgin aýdan gepi Emir Temiriňkiden has agras geldi, tereziniň tekeler tarapyndaky jamy göz-görtele aşak çökdi, ýöne bu jogap nämäniň üstünden elter? Eýgiligiňmi-gyrlyşygyň? Elbet-de, ähti-peýman, lebiz diýen düşünjelere eýerip ýaşaýan mertler üçin-ä, bu jogabyň garşysyna delil tapmak mümkin däl. lebiz engamdanam, janandanam ýokarda. Lebiz merdiň pişesi.Ýöne hemmäni birýanuçdan özüňe ossaň, juda ýalňyşdygyň. Lebzini ýuwutmagy eşekden palan alança görmeýänler bar, şolaryň birem ýüzi demrew ýaly Emir Temir. Aman hanyň gönümel sadalygyna – lebiz, peýman diýen sözlerine gülküsi tutdy, emma çalarak ýylgyryp oňaýdy, ol ýylgyryşyň manysy oglan-oýunjak gürrüň edýäň diýmek. Ol ýeke ýylgyryş bilen lebziň üstünden ädip geçdi, hol beýläk – namartlyk tarapa. Çünki, namartlyk tarapda hemişe onuňky ýolly, agzyňa gelenini otaryber, dürsmi-tersmi, parhy ýok, näme diýse-de özüniňkini dogry hasaplap bilýär. Onda oýun kän, gep kän, asla ýadyňa-oýuňa düşmejek ugra-da sözüň jylawyny tutduryp bilýär. Tapýan gepleriniň, edýän hereketleriniň, göçýän göçümleriniň terzini üýtgedäýmese, utuljagyna aňan Teýmirleň bir yşarat etdi welin, ýanyndaky düşüş at tutarlary ylgap baryp, çolak hojaýynlarynyň goltugyna girip, atdan aşak düşürdiler. Onuň tekiz ýerde düzüwli durubam başarmaýanlygy köre hasa – aýaklanmadyk köşek dek entirek-tentirek, ýüp üstünde gezip-oýnaýan darbaz dek yraň-daraň. Şu halyna ýetmiş müň leşgeriň öňüne düşüp, buýrup bilşine kim ynanar? Ynan-ynanma, ýöne heňňamyň çarhy şu maýybyň aýagynyň astynda pyrlanýar, haýsy tarapa aýlaýyn diýse, şonuň... aýagynda. Eger hemişe şu tetellileriň elinde bolsa, nädeýin diýse, edip bilse, onda bu Çarhy-Pelegiň çagşap-ýykylmaýşyna haýran. Elbet, dünýäniň düýbi gaýym tutulandyr-da, ýogsam-a... Set müň serdazyň her haýsy diňe ýeke gezek ýüzüne tüýkürende, ol gurrumsak tüýkülige gark alyp gitmeli, emma ol dünýäni gana gark aldyryp ýör. Hawa, hiç kimiň kellesine gelmejek işler bu bazygäriň çep elinden gelýär, gan guýlan gözlerini alartdy welin, iki nökerei Teýmirleňi hangöter edip, atyndan düşürdiler. Düzwli aýak üstünde-de durup bilenok, entiirek-tentirek edip dur, indi şu maýypmy dünýäniň takdyryny çözjek?! Teýmirleň aňrysyny bakyp, balagyny aşak düşürip, eglip, syrtyny öwrüpdir: --Ýigitleriňiziň biri isle gylyjyny, isle naýzasyny dürtsün syrtymdan, eger çümdirip bilse, siziň ähli aýdanyňyzy edýän, müň menzil daşyňyzdan sowlup geçeýin, dagy-duwara-da siziň töwerekleriňize ýakynlaşmaýyn. Başarmasa welin, menden ikini islemäň, çamalagyňyzy çaşyraryn. Nämäniň nämedigine oňly düşünmese-de, Aman han baş atyp, pitwa berensoň, ýaşrak ýigitleriň biri atyndan syrylyp, düşüp, baryp, bu tomaşanyň oýundygynam ýa çyndygynam idili aňşyrman, bir oňa, bir muňa soragly ýalt-ýult edip, ynamsyz, äm-säm halda bolşuna görä, göwünden bärde, syrtdan aňyrda diýlişi deý, aýdylanyny berjaý etdi. Teýmirleň özüni bileli bäri çaý-suwunam, naharynam atyň üstünde iýip-içýän eken, günortanyň pinegem eýeriň üstünde, işigaýdan ýykylaýmasyn diýip, her gapdalynda çulum duran degenek deý iki pyýada iş. Ömrüne atdan düşmän ýören Teýmirleňiň goşa bukja ýaly ýylma syrty eýere süýkenip, zol düňk-düňk, loňk-loňk urlup, halys çoýun-demre dönüp, gatap, zynç bolup giden oguşýa, alla, ýumşakrak ýeridir-dä diýlip, göwünli-göwünsiz sünjülen egri gylyjyň çowly ujy ýylçyr daşa degen ýaly bir gapdala typyp gitdi, beýle ýagdaýa garaşmadyk ýaş ýigit aljyraňňylykda gylyjynyň elinden gaçanynam duýman galdy, emiriň syrty haçan gören zady, utanjyndan ýaňa müýnli aşak seredip dur. Balagyny ýokary çekip, kemerini guşanansoň, “Gözüňiz bilen ediberşimizi gördüňizmi?” diýýän dek, töwerege seretdi, üýtgeşik bir haýran galynmaýanyny bilibem, Teýmirleň janykdy, hälki mylakatyndan zerre nyşan ýok, tanar ýaly däl, hamala, bildirmän, ýerini başga bir adam bilen çalşylan kibi, ýüsugra gepiniň äheňi üýtgedi, yzgydy ajady, durşy bile gazap, sesini ýognadyp, Aman hana tarap gan guýlan garaçygyny dikip, murdar arlap ugrady: --Maňa ýöne ýere Demir diýýän däldirler, şatymy görüp, muştumy dadyp, aýdýandyrlar. Sizde sazak sykyp, suw çykarýan pälwanlar bar diýip eşidýäris, men welin aýamda daşy gysyp, süýdüni çykarýandyryn. Meniňki nagtdyr, hälä galdyrman, size-de kyýamatahyrda görmejek ezýetiňizi görkezerin. Öňümde Eýran, Turan, Rum, Hindistan, Çynma-Çyn ýaly ulug döwletler dyza çökýär, gulluk aýdyp, aman dileýär, siziň ähli oglan-uşagyňyza, gelin-gyzlaryňyza çenli tükel baryň üýşeniňizde meniň goşunymyň ondan biriçe ýa bar, ýa ýok, aýdylana gulak salyp, mugyra gelip, boýun bolmasaňyz, sizi gyraryn, galanyňy murtuňyzy tersligine syryp, urup-ýenjip, bögürdip, itiň ölen ýerine sürgün ederin. Tapdyňyz bärde oýun etjek kişiňizi! Häli abraýyňyz barka, sowulyň ýolumdan! Ýogsa jigeriňize şeýle bir awuly peýkamy sünjerin, ne aňryk, ne bärik çekip, aýryp bilmersiňiz, gorjaladygyňyzça ýürek ýaraňyz ulalar, indi dogjak nesilleriňizem sogrup bimez ýaly ederin. Aýtdy-aýtmady diýmäň, öz etiňizi özüňize çigligine iýer ýaly ederirin. Äl, peläkediň gazabyny, keýtikläp, ederem-how, şü. Ýüzi demirtiken bilen suwalan ýaly, bir agarýar, bir bozarýar, bir gögerýär, ýöne ýere sözüni ýelä-yga sowurýan däldir, etjekdir-de, diýýändir, ýogsa şu öňüne salyp barýan serbazlarynyň her kaýsy munuň bilen başma-baş tutluşsa, dem salymyň içinde hähini bermän, beýleki aýagynam döwüp taşlaýar, boýnunam oňrup bilýär, emma ol şu maýryk-maýtyk halyna ýüz müňlerçe dişinden dyrnagyna çenli ýaraglanan döw ýaly adamlary ajala sürüp barýar, heý, ynanyljak zatmydyr bu? Gepini gaýtmyşym etmänkä, henizem bir pille. Sakalyňy ezmejek soňky puşeýmandan ne peýda? Şu gyzyl jynly däliniň elli gepi telegem bolsa, ahmal bir gepi gerekdirem. Gerekli sözi bar bolsa, näme üçin alga almarsyň? Ýogsa näme, güýçli bilen, heý, oýnuň deň geljekmi? Bar, aýdaly, güýjüň deň geläýen eken-dä, onuň bilen deň gyrlyşaýjakmy? Gowumy onsoň şol? Öňünde dünýäniň aly döwletleri sandyraklap duran Emir Temiriň gaşynda keliň saçy ýaly on oýnam teke-türkmen kimmişin? Bu saňa düýnki gylyçdan geçiren alty müň esgeriň däldir, ýetmiş müň basalykly leşgere nädip garşy durjak? Öňküje mydaraňam tapman ýörme soň. Bar talabam-a “Tenha üstüňden geçip gitjek, Garagumda ýol tapman kösenýäs, ýok zady nädip tapaly? Bu günki ýol, ertir ýel tursa, ýok. Ugruny görkezseňizem razy, bu çölden siziňkilerden başga baş çykaryp bilýän barmy, hiç-ýok ýolbelediňizi goşuň öňüme?” diýýär, a, belki... Syrtyňy tanamaly. Belki, bu haraba ýol berip, başyňdan sowmalydyr, depegenden daşrak. Ine-dä, Garagumuň serseňňi gurtlary-da, sen her kes bolsaňam, howalalary basylyp, baldyrlary saňňyldajak däller. Gözleri ýanyp dur. Han agada-da omrulan ojaryňky kibi töňňeli-töňňeli sözler bar, edil Teýmirleňiňki deý arlap, sesine abaý berip, gürlemese-de, Aman hanyň sözleri tommaýly çykdy: --Aman hanyň gepini yzyna alanyny gören ýokdur, aýdylan gepi yzyna almagy türkmenler tüýküligi yzyna ýuwdana deňeýär. Häzir-ä leşgeriň etmiş müň eken, üstüne ýene ýüz ýetmiş müň serbazyň topy-tophanasyny süýräp, kömege gelse-de, biz ýoluňdan sowulmaýarys. Meýdanda san işleýän däldir, gan işleýändir, şu gelýän netijäm dilimde däl, ganymda bar. Arkamdaky goçaklarymyň haýsy birini gepletseňem, üýtgeşik gep çykmaz, şu aýdanymy gaýtalar. Muny boş haýbatdyr, gury syýasatdyr öýdäýme sen. Biziňkileriň asmana seredip, ýyldyz görüp, öz ajalyna ölýäni ýok, ýalaň okdan, tyg ýaradan ölýär. Biziňem günümiz bir bolsa, urşumyz iki. Siz ýaly ýagymyz kän. Edil häzir çapyşsaňam, gel bäri, biz taýyn, çyk Alynyň ala meýdanyna! Ýurt biziňki, şerti biz goýýarys. Bizem saňa götin gaýdyp, özüňe başga ýol tapmagy maslahat berýäris, pendimizi alsaň-almasaň, öz işiň. Halanyňy et. Ýogsa togarlanyp ýatjak kerçelen kelläň çöpden-çörden köp bolar, nokerleriň mazary çölde galar, belli bil-äý! Asla garaşylmadyk bu merdana gepe emiriň birbada pisindi oturmanam durmady, tersine gözi gitdi, garşy-garşy sülekeýini ýuwdundy, içini gepletdi: “Her ýerde-her ýerde üýşüp ýatan zatmy nä beýle batyrgaýlyk? Hany, özümde-de bolsa-da diý şeýle mert serkerdeler käşgä, ylla mermerden çapylyp, ýasalan deý, sarsanogam, özi et bilen süýekden ýasalan bolsa-da, ýüregi-hä polatdandyr munuň. Ýaýa salyp, daga atsaň, peýkam deý harsaňa çümjek, daşdan yzlygyna gaýtjak däl”. Içinden syny oturyp, göwni ýetse-de, duýgularyny daşyna çykarmady, Emir Temir garşysyndakylara hiç hili syr bermän, özüniň içki pikirini gizlemegi başarýan köpigören kişi. Ol ýene gaýnap duran gazabyna basalyk berip, bir diş götin gaýdyp, mürähet etdi: --Halkyňy gyrgyna bermäýin diýseň, çertegime gel, duz dadyşaly, ikiçäk gürleşeli. Soň puşmana galandan. Adam diýeniň köpüň öňüne çykanda bir hili gürleýär, ikiçäk galanda başga hili. Ýekekä-de içinden düýpden başga hili. Belki, dil tapyşarys. Soňky tüýkülige ýer goýmaly, ýer galsa-da, sakal ezmez. Tekeleriň hany mürähetden ýüz öwürmän, emiriň çertegine bardy hem. Duzdanam yly bolmady, dadyldy, töwir galdyryp, ýagşy dilegem edildi “Abraý bereweri, Allajan” diýlip. Ikiçäk gepleşikde-de, hälki duşuşykdakydan üýtgeşik netijä gelinmedi, dogry. Aman han Teýmir leňi ilki-hä musurmançylyk däbine görä, dadylan duz-tagamyň hormaty üçin, galberse-de, düýp pälini gorduryp görmek üçin, öz topragynyň üstünden geçirmäge razy ýaly äheňde-de çalarak gep ýaňzydyp görüpdir, ýöne birine bor diýse, Teýmirleň ikinjini – tekeleri urşa sürmäni talap etdi, onuň gaýşyşyny, guýrugyny bulaýşyny, halys bitmejege tutýanyny duýan Aman hanam arkan serpdi. Sebäp näme diýseňem, onsuna bolýar diýseň, ýene bir mojuk zadyny tapjak. Näme tapar? Meselem, ýurduňy ber, özüňem tabynlygyma geç, her ýylam şunça zekadyň, pajyň, hyrajyň, salgydyň, gazna ýarnalyk diýer, yzy tükenmez. Şeýtana topby biçen Teýmirleň düýpden başga ugurdan öwüsdi, onda pirim köp. Aman hanyň öňünde bir horjun lagly-zeberjet goýdy, şonuň bilen satyn almak isledi. Ol az zat däl, oňa eýe bolup bilseň, ýedi däl, ýetmiş arkaň ýany ýere degjek däl. Tükeniksiz baýlyk, Eýran ýaly uly bir döwletiň baýlygy. Näme bilini agyrdyp gazandymy, Eýrandan talap gelýär. Emma dünýäniň bar zeberjedini goýanyňda-da dönmejek adam bar, Aman han horjuna tarap seretmedem. Halkyň içinde şolar ýaly adamlar bar, olar hergiz satylmaýar. Bu tetelli bilen ara girip bolmajagyny duýan Aman han mundan beýläk gep nokatlamagy artykmaç hasaplap, ýerinden turarman boldy, emirem “Gözel göwnüň, halanyňy et, bileniňden galma!” diýen manyda ýüz-gözlerini çytyşdyryp, ellerini serdi, yzy düşnükli. Galýar diňe darkaş. Darkaş çözer. --Aman han, siz gaty mert adamlar ekeniňiz, edýän zadym däldir welin menem siz bilen mert döwüşjek, gije ýatyrkaňyz, gaflatda üstüňizi basyp, namartlamaýyn. Ertir goşunym bilen göni üstüňizden geçjek, bir bölek-ä Bedirkende tarap, beýleki bölegem Horezm şalygyna tarap. Juda ölşesiňiz gelse, çykyberiň, näme gaýratyňyz-gudratyňyz bolsa, görkeziň. Soňraky gün bizi gyryp gitdi diýip, gargamasaňyz, bolýar, düşündirme kemini goýmadym – diýip, Emir Temir ýeňsesine öwrüldi. Gadymlardan bäri ýöredilip gelinýän jeň dessury boýunça, oňa yzhar kylmak diýilýär, arap dilinden alnan söz, urşuň geçjek meýdany-ýeri, başlanylmaly wagty, ýene şuňa meňzeş şertleri aýdyşylyp-bellenilip durulmady. Beýdişip durmaga ýüz-gözüni çytan emir mümkinçiligem goýmady, ol iki elini serensoň, Aman hanam geplejekmi? Olam özüni Teýmirleňden pes saýanok. Sessiz dagaşylany bir tarapdan kemem däl, belki, oýlanyşmaga-pikirlenişmäge ýene biraz wagt gerekdir. Wagt diýilýäniňem öz etjegi bar, sabyr edip, garaşyp bilseň, wagt geçip, käte wakalaryň çözgüdi üýtgäýýärem, kim bilýär, belki, şu saparam şeýle bolar. Iki tarapam bir gije böwrüni diňledi, gan döküşmek hele-müçük işmi, ýedi ölçäp, bir kesmeli. Aman han ilatynyň “lowuf” edenini bir ýere üýşürip-jemläp, sala saldy, käsiplerden – taglym, aksakallardanam akyl aldy, serdarlardan goldaw, goçaklardan hümmet alyp, bir çukura tüýkürildi, tüýküligiň üstüni ädikli aýaklary bilen depip gömdüler, indi yzyna alynjak miltiň ýok: “Ýagydan gaýdanyň hatyny talak!” Düşnüki, hatyn talakdan soňky gelnen netije-de şol öňki – gyrlyşmaly! Erenler pata bersin! Ertesi Gün dogansoň, çykdylar Alyň ala meýdanyna. Tarap-tarap. Indi dil bilen däl-de, gylyç galkan bilen gepleşdi, şark-da-şurk. Gaýda-gaýmalaşyk, tut-da-bas. Ine, bir ýerde gaýratyň bar bolsa, görkezmeli ýeri geldi, topul, ur, sanç. Goç ýigidiň ýanynda altmyş nedir, ýüz nedir? Ondan daşgaram ebgarlan ýoldaşyňa-da kömek ber. Adaty durmuşda-da ejizläne ýardam berilýär-ä, jeňde-de şolar ýaly. Tekeler Görogly agalaryndan, seljuklardan galan söweş tälimleriniň baryny ulandylar, oýunlary bar bolsa, görkezdiler, soňraky gün wah armanymyz galdy diýmez ýaly. Teýmirleňiň leşgerem kän ýitgä galdy, diriler oňuşmasa-da, iki tarapyň-da jesetleri dil tapyşyp, butnaman ýatyrlar, läş-läşe çakyşsa-da, ses-üýnleri çykanok, “Geçerinem!” ýok, “Geçmersiňem!” Gelmişek duşmanyň goşuny kän, aňyrsy görnenok, çogup ýatyr, san-sajaksyz, ýaragy ýiti, üstesine onuň serbazlarynyňam ençeme ýyllar bäri göz açyp görýänleri diňe uruş-ölşük. Güýç deň däl, tekeleriň eňkamy gaçdy, üstesine Aman hanam ýaralanyp, tizarada amanady tabşyrdy, tekeler başsyz galdy, ýeňildi, göwre – läş. Teýmirden Keýmire deňiç hyýaly-göz öňüne getirmeler şu ýere ýeteninde, waklara biraz dyngy berip, bu bolan pajyga öz içinden baha bermäge synanmaly. Keýmirem şeýle etdi: “Eger özümem şolaryň içinde bolan bolsam, mendenem geňeş sorasalar, näme diýerdim? Tap kararyňy, ber jogabyňy? Aman hanyňky kibi göni ajalyň üstüne sürnerdimmi ýa başga alaç gözlärmidim? Alaç diýýänim, şol gije baryň jemlenip, çöle siňäýmeli, göçeniňi ýelem bilmesin, gonanyňam gol. Alaňlaryň aňrysyna bir aşyp bolsa, soň guýruk tutdurylasy ýok. Soňam näme syrtyndan baryp, gapdalyndan çapawullap, gaça uruş alyp barsaň, Teýmirleňi başagaýladyp bilersiň. Uruşlaryň düýp-teýkary Şeýtany-lagnadan gaýdansoň, başyňa düşse, oňa-da gol ýapmaly bolýarsyň, baş alyp, baş berilýän uruşda-jeňde hemme tärler dogrudyr. Türkmeniň dikýeňse häsiýetini bilensoň, Görogly beg öwredipdir-ä, şol tälimi nesillere wesýet edip gidipdir-ä “Gaçyşym bar kowuşyma bermenem” diýip. Gaçmagy kowmakdanam ýokarda goýýar, “Menem bu uruşy itden öwrendim” ýa-da “Iturşy” diýýär. Emma meniň bu aýdýanlarym giň ýeriň gürrüňi. Üstüňe aýylganç ýagy abanyp durka, boýnuňa gylyjy saljak bolup durka, arkaýynçylykdakyň ýalymy, dara-direde kelle işläp ýetişýärmi? A, belki-de, tekeler şonda özleriniň gaça uruşlarynam edendirler, ýöne güýçler deň dälkä, nähili uruş edeniňde-de ýanyň ýere degýär. Oýnuň deň gelenok...” Wakalaryň üstünden nijeme asyrlar geçse-de, şu sowala jogap tapmak kyn, Keýmirem serini tutup, oýlara batyp otyr. Onuň iş edinip, gadymyýeti-ata-babalaryň geçen ýollaryny dörjeläp-gorjalap oturmagynyň baş sebäbi, sen geljege diňe öz geçmişiň bilen barmaly, geçmişiňi depäňde tug edinip, baýdak edinip, pasyrdadyp, öňe gidip bilýärsiň. Saňa Geçmişiňe görä Geljek garaşýar. Geçmişi ýoguň Geljegem ýokdur! Şonuň üçin öz geçmişiňi ýadyňdan çykarman, synan jäçiň gyýçaklary kibi, gömlen küýze döwükleri kibi çöpläp, taryhyňy öwrenmeli, diklemeli! Taryň geljegiň ýoluny görkezýär. Teke-türkmenleriň bu çykaran kararyna dogry diýseň-de bor, ýalňyşam. Ol baha berýäniň özüne bagly. Eger ”Geçsin gitsin-dä, saňa azary ýetmese, bolany” diýseň-ä, bu bir. Ikinjidenem, Watan mukaddesdir, oňa hiç bir ganymyň aýagy sekmez, onsoňam, goňşy han bilen ähtimizi ýuwda bilmeris” diýseňem, onda bu pikirem mamla. Watan diýen mukaddes düşünjäni aňyňda aýlaberdigiň ol döwletlilikden nyşan, seniň eýýäm döwlet diýilýän derejä galyp ugradygyň. Tekeler Watan düşünjesini – mukaddesligi saýladylar, Aman hanyň daşyna jemlendiler. Aman hanyň nebereleri oňa Aman şa diýensoňlar, neberelerine-de amaşalar ady galdy. Henizlere çenlem şol merdana hanyň hormatyna “At gowusy – alaşa, ýigit gowusy -- amaşa” diýen nakyly ulanyp ýörler. Eger soň-soňlaram “Wah, şonda Aman han bizi ajalyň eline bermän, alyp çykanlygynda, şol gyrgynçylykdan-a kän esse gowy bolardy” diýlen netijä gelnenliginde, onda onuň tiresine ady dakylmazdy, “ýigit gowusy – amaşa”-da diýilmezdi. Güýç taýdan deň bolmadyk şol aýylganç söweşde tekeler doly ýeňildiler, gara güýç hakyňy-nähakyňy bilmeýär, hakykat seniň tarapyňda-da bolsa, güýji zor ganyma uçrasaň, tümmege öwrülip ýatyberýäň. Çöl içinde Gyzylarbatdan kän gaýrada, Uzboýyň akymyndanam ilerräkde Burgunly diýilýän ýeriň töwereklerinde Goýmat, Gyzylburun, Tekejik daglarynyň eteklerine golaý ýerde boýy bir günlük ýoly tutup ýatan, aý, otuz çakyrym-a bardyr, “Tekegyrlan” diýen täze münder-münder mazarstanlyk döredi. Şol öwlüýäniň gonambaşysam Aman han. “Ýatan bendelere dirikälerem şol başdy, ölensoňlaram, ýene şol baş bolsun!” diýdiler. Täze dörän öwlüýäde gonambaşy edilmegi oňa merdi-merdanalygy, hanlygy adalatly ýöredenligi üçin goýlan hormatdan nyşan. “Tekegyrlan” atly mazarystanlyk Balkan taraplarda Şarlawugyň töwereklerinde başga-da birküç sanysy bar diýýärler. Geçmiş taryhda Watan, ar-namys diýip, elleri ýaragly ata çykansoňlar, ol biçäreleriň gyrylmadyk, düýnelmedik ýeri barmy? Watan üçin jan berenlere-de şehit diýilýär, şehitlerimiziň ýatan ýerleri ýagty bolsun, ylaýym! Eger şol gyrlyşyklar bolmanlygynda, olardan birgiden nesiller önüp, agyr illileriň sany häzirkisinden müň esse köpelerdi. Oňlulyk bar ýerinde görünmese-de, zalymlyk meselesinde Teýmirleňem gepinde tapyldy, Horezmden garşydaşlaryny talhan edip, gaýdyp, Eýranda söweşini dowam etmäge gelýärkä, söz beren jezasyny berjaý kyldy: --Malyňyzy-garaňyzy, emlägiňizi eliňizden aljak däl, erteki gün emir Temirde adam ysy ýok eken diýip, ters gürrüň etmäň, diňe mesgeniňizden aýryp, itiň ölen ýerine sürgün etjek. Ýurduňyzam eýläk geçip, bir depelejek, beýläk geçibem, iki depelejek. Hany, eliňizden näme gelýän bolsa, görkeziň. Emma tekeler ellerinden mal-u emläklerini aldyryp, Watanlaryny özlerinde galdyran bolsa, müň esse begenerdiler. Olar üçin mal näme, gerek bolsa olar Watan üçin janlaryny orta goýýarlar. Indi bir dynaýdykmykak diýip, ýas baglap oturan tekeleriň şol mukaddes söweşde ölmän galanlarynyň bary – garry-gurty, aýal-ebtat, çaga-çugalary bilen “Oýukly, Çagyldyr... tekäniň jaýy” diýilýän ýerden Hytaýyň Taklamekan diýen welaýatyna belli bir möhletsiz sürgün edildi. Mährine Hazaryň ýylysy siňen gyşlagyny, Garagumyň ýar goýnuny ýada salýan ýazlagyny taşlap, hüwler çekip, gan ýyglap, gidiberdiler. Heý, dünýe, bir gurrumsak keýtigiň adamlary nä günlere duçar edip ýörşüne sered-ä! Bütin adamzat bagtyň gözleginde ýaşaýarka, bu bagtyýatanlary hasratyň gözlegine alyp barýarlar. Olara öz tozap ýatan çöllerinem rowa görmediler. Ýöne bir zat welin belli – Garagum türkmenleriň garaklarynyň garasynda, Watanyň nurly gündizleri gözleriniň ak ýagynda. Taklamekana ýollanmagynyň sebäbem – ol ýerde hiç zat gögermeýär, içimlik suw ýok, ýaşamak mümkin däl diýlensoň. (Hytaý Türkistanynyň Taklamekan welaýaty Gündogar Týanşan, Pamir, Kuenlun, Altyndag daglarynyň arasyndaky çöketlikde ýerleşýär). Olar muny indi görmeli däl, Maňgyşlakdan Mongolystana çenli aralyk Altaý ülkesiniň üsti bilen bu çarwa halkyň on bäş asyr bäri mal sürüp, torç eden ýollary. Ýöne mal sürüp, peýwagtyna gitmek bir başga, gamçydyr-dürrüniň aşagynda ýenjilip gitmek bir başga. Gündizlerine bir buljum ýere gabap, gijelerine tüm garaňkyda urup-ýenjip, sürüp gitdiler, gije alyp gitmelerem – gaçjagy-tezjegi yzlaryny tapmasynlar, hiç zat ýatlarynda galmasyn diýip edýärler. Ýaramaýan, kesel tapynanlaram, aýakbagy etmän, janlaryny gabz edip, ýolugra jaýlapdyrlar, Balkan daglaryndan tä Çyn-Maçyna deňiç aralygyň ugry tekeleriň mazary blen “beslenendir”. Ýolda ýolunyp, gaçyp bilenleri Gazak sähralaryna, Käbile, Hyrada, Mazaryşerife, Antguýa özlerini atdylar, beýlekilerem Täterimiň teýine gitdiler. Nyşanadan pys geçen peşeňiň seçmeleri kibi çar tarapa pytradylar. Ata-babalarymyzyň it görse gözi agarjak durmuşy başlanýar, maňlaýyňa ýazylsa, üstünden barsaň, garaz, azda-kände ondan-mundan biliberýäň, haçandan bäri Garagumyň içinde gum depelerinden sowrulan çägä gabaklary süzgekläp giden tekeleriň gözi açylyp ugrady, del ýurtlara uýgunlaşyp, başa herne gelse, çäre gözläp, baş çaraberdiler. “Dünýäniň gapagy” diýen at alan Pamir daglaryna parslar-a “pa - i - mor” – ölümiň aýak ujy diýýär, türkmenelerem “Itiň ölen ýerine barýarys” diýşipdirler. Pamir daglaryndan bärik üç derýa gaýdýar, şol mahallar at berlişine görä Kaş, Tekes, Ili. Çyn-Maçyn Türküstanyna tarap iki derýa akýar, biriniň ady Ýarkent, beýlekisi Täterim, “dat-datly” hem “ter-tereň” diýen sözlerden dakylan. Täterim Hotanderýa bilen birigip, çölde çägä siňip, Halaçy kölüne baryp guýulýär. Şol ýerde häzirem Müňteke, Şaýok diýen ýerler bar diýýärler. Täterimiň her damjasynyň eýesi bar, daşyndan gelene zat ýok, diňe beýewan ýetýär. Bir duran ýeriňde aýagyňy kak ýa güýjüňde baryny edip ylga-ýüwür, üýtgejek zat ýok, şol çomup ýatan haşdyň çägelik. Adam başynyň saç-sakgalyny çym-ak edýän matallaryň iň müşgili şü. Her kowçum bir ýerde çen-çak bilen laýykrak ýerdir-dä diýip, goş ýazdyrdy, tekeleriň bir kowçumy Kaşgar daglarynyň iň beýik seňňeri Goňur diýen ýerine, birleri Täterimiň töwereklerine. Megerem, teke taýpasynyň iň uly tireleriniň biri goňurlaryň ady şol Goňur seňňerden galandyr, “Goňurlar ýeriň ýüzün-ä bir alar, ýöne asmandan habardar boluň!” diýen aýtgam bar – olar köplük-köpelgiç diýen manyda. Sallam-sajak garöýlerini dikmesine dikdiler, ýöne ýerlär ýalymy? Ne-hä bir düzüwli suw bar, ne–de mal bakar ýaly otluk öri meýdan. Bolanjalaram eýeli, olaryň özüne ýetenok, onsoň saňa zat artjakmy? Ýogsa suw bilen öri bolsa, bular günlerini görjek-le. Hiç mahalam elpe-şelpelikde ýaşan adamlar däl, zar-zelillige, horluga öwrenişenler. Aý, bulam biri eken-dä. Has beterem ýerli halkyň diline düşüner ýaly däl, ýeke sözem gabat gelenok. Nätjek olary öz diliňe öwrenişdirip bilmersiň, özüň olaryňkyny öwrenäýmeseň, dagy etjek alajyň barmy? Kä gyrak-bujaklarda gamyş, çiňrik, gargy gögerýär, daragtlaram ak, kümüş reňk derekler, düýbünden tä depesine deňiç gurçuklap giden. Ýerli millet-ä şol gurçuklary ýygnap alyp, iýäýýärmişler diýibem eşitdiler. Aý, näme ýurtdan-ýurda sergezdanlyk edip ýörseň, her zadyň üstünden eltýär-dä. Aýal-gyzlar gurçukly gürrüňi eşidip “Daş etsin, gyz! Ondan-a aç öleniňem gowudyr, ýene bir topar zatlary aýdýarlarlar welin, gulak eşder ýaly däl, toba!” diýşip, agyzlaryny tutdular. Ýaňky sanalanlardan başga ösümlik garasy ýok. Şol bolanjalardan bir iş edip, mydar tapaýmasaň. Olardan malyňam oňmaly, özüňem. Ýagdaý-a şu görlüşi ýaly, garaz, kelläni döwmeli, alaç tapmaly-da. Aý, hawa-da, bu ýagdaýam juda ýokdan-a gowy. Şolaram bolmasa, nätjek? Nädip ýaşasaň, şeýdip ýaşa, bu muşakgata diňe öz başyna düşen adam doly düşünýär, ýogsa dokuň açdan habary ýok. Dadyňy nirä ýetirjek, ýer – gaty, gök – yrak. Sürgünlikdäki tekelere bar ýetýän paý hasrat, şol paý üçinem, ine, munça ýoly geçmäge mejbur. Ömriboýy bir ýatakdan çykarylman saklanan mal, elbet-de, dünýäni şol öz ýatagynyň içidir öýdýär, onuň aýtymy-çägi-gözýetimi dar. Başga ýerleri görmese, nätsin janawar? Bir ýamanyň bir ýagşysam bar, awara takdyry tekelere ençeme ýurtlary, milletleri-halklary, dünýäniň giňligini, dürlüligini görkezdi, gözlerini açdy, düşünjeleri barha artýar. Ýöne türkmen göçi şeýle-de çölden-çöle göçüp-gonup ýörendir welin, düýp goşy bir alaňdan aşsa-da, ýene öňki ýerini küýsegiç. Olara Watan söýgüsi çakdan aşa berlipdir. Hernäçe owadan ýerlere gözleri düşse-de, ýürekleriniň iň düýbünde Garagum ýatyr, ony hiç ýer bilen deňär ýaly däl. Ýogsa bir çöle eltip “Ine, şunuňam ady Garagurum, siziňkiden nämesi kemmiş, ikisem bir çägedir-dä, tozap ýatan?” diýip, soradylar. Alan jogaplaram: “Öz Garagumumyz biziň gözümize behiştdenem enaýy”. Bir ýerlerden jana ýakymly sergin şemal gelse, tekeler şu biziň Watanymyzdan gelýändir öýdüp pikir etdiler. Tekeler ýol däl, ýurtlary söküp: “Ýer ala-ýurt ala” diýişdiler. Aýyn bolmasa, kakabaş türkmen diýýärler, ýat ýurtda olary alyp çykan zat – agzybirlikleri, häli-şindi habar alşyp, bir-birege ýetirýän hemaýaty. Nakylda aýdylyşy ýaly, goýna gurt daranda, itleriň agyzlarynyň birigişi deý. Türkmen goňşularyny garyndaşlaryndan pes saýanok, “Kyýamat güni goňşudan” diýýär. Goňşy oturýan ýerli millet bilenem şeýle, agzybire Taňry biýr edýärler. Özüň düşünişseň, diliňem düşünişýär, özara dil tapyberdiler. Türkmenleriň dil öwrenmek ukyby güýçli, derrew hasabyny çykaraýýarlar. Beýleki meselelerde-de şonuň kibi. Zandynda görgi üçin ýaradylan betbagt millet maňlaýyny daşa urdy, “Adam başy – daşdan gaty” diýip, ýaşaýyş üçin dyrjaşyberdi, elinde-aýagynda baryny edip. Betbagty betbagtçylyk gorkuzmaýar! Bagt – kanagat, baryňa begenip, ýoguňa kemsinmezlik! Dillerinde “Hudaýa şükür!” | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |